ŞAHYR
Şahyr gadymlardan iliñ kemaly,
Parhlylykda bu döwletli ýere deñ.
Onda keramat bar ~ dili dogaly
Biziñ ilde şahyr pygambere deñ!
Ölüme barabar ýalan gepleriñ,
Ikilik edäýseñ, ýapylar işik.
Goşgularyñ arasynda epdegiñ
Saklanýarmy - diýmek rowaçdyr işiñ.
Başyñ dikliginde güzeran üçin
Parhy ýok; zergär bol ýa-da kilwan bol.
Pyragyñ şygryny okan il üçin ~
Ynsabyñ öñünde diñe Gurhan bol!
Onsoñ şagladyber agras türkmeniñ
Geçen, geljek ykbalyna giripler,
Güýzleri ~ çuñ, ýazy-sermest türkmeniñ
Saçagynda halal duza şäriksiñ.
Ojagyñda ömür gül-gül açylar,
Syrgynyñ uzalar, artar hatarlar.
Türkmen diwananam töre geçirer ~
Ýöne göýdük şahyrlary götermez...
▶ ÝÖNEKEÝ SÖZLER
Ýönekeý sözlerden aýdym döreýär
Ýürekden gaýdanda güwledip kelläñ.
Söýülen gözeller gar dek ereýär,
Onuñ jadysyndan sowulyp bilmän.
Olar ~ öwrenşilen köne dostlar dek,
Ýylpyldap ýörmäni galp bilýärler.
Kyn pursatda, toýlarda hem ýaslarda,
Dik durup bilýärler,
ýanyp bilýärler.
Ganym üste zyñlyp düşen kementdir,
Asyrlaryñ aýasynda durlanyp,
Owal-başda halkyñ göwsün emendir,
Suwlaryna ýetip gadym dürleriñ.
Görseñ, öz-özünden nurlanar dünýäñ,
Goşulyp-garyşyp gidenlerinde.
Gülüñ ýagy ýaly ereýär, siñýär,
Gyzlaryñ ýüzüne,
bedenlerine.
Işigimi açyp, säheri-şamy
Garaşýan. Göwnümde baryn eçilýän.
Çörege çagyrlan ýaş gelin ýaly,
Men olary mydam töre geçirýän!
Tolgunmaýan ýürek, gülmeýän göz ýok,
Yñdarylyp ýol salanda damardan.
Meñ ene dilimde ýanmaýan söz ýok,
Lowlar durar özüñ ýanyp oñarsañ!
Baýram JÜTDIÝEW.
Goşgular