02:59 Saltanat Nukenowa: Syýasatçy, astrolog we Gazagystany özgerdip bilen jenaýat | |
SALTANAT NUKENOWA: SYÝASATÇY, ASTROLOG we GAZAGYSTANY ÖZGERDIP BILEN JENAÝAT
Publisistika
Gazagystanda öñki hökümet ministriniñ sud jogapkärçiligine çekilişi millionlarça raýat tarapyndan ýakyndan gyzyklanyldy we ýurduñ maşgala arasyndaky problemalaryna çyra tutdy. Bir mahallaryñ güýçli şahslaryndan bolan syýasatçynyñ öz aýalyny öldürmekde aýyplanyp tussag edilmegi, öwrülişik sepgidini döredip biljek suduñ hökümi we täze kanun beýleki jebir çekenler üçinem adalatyñ ýola goýlup-goýulmajakdygynyñ soragyny orta atdy. Suduñ orta atan hakykatlary depe saçyñy düýrükdirýärdi. Ýurduñ Ykdysadyýet ministri Saltanat Nukenowany urup öldüripdi. Onuñ bu eden-etdiligi bölekleýinem bolsa "CCTV"-niñ kameralaryna düşüpdi. Guwandyk Bişimbaýew Ýerli sagat bilen 07:15-den soñ paýtagt Astanadaky restoranlaryñ biriniñ kamerasynda Guwandyk Bişimbaýewiñ Saltanaty urýandygy, ony ýumruklaýandygy we saçyndan tutup süýreýändigi görülýär. Munyñ yzyndan gelen 12 sagadyñ dowamynda bolsa nämeleriñ bolup geçendigi belli däl. Widegörnüşleriñ bir bölegi Bişimbaýewiñ öz telefonynda alnypdyr, görnüşler suda görkezilenem bolsa, köpçülige görkezilmedi. Ýazgydaky ses Bişimbaýewiñ Saltana paýyş sögünýändigini we ony başga biri bilen gezmekde aýyplap soraga tutýandygyny görkezýär. Sudda aýaly kameralaryñ bolmadyk "VIP" otagda huşundan gidip ýatyrka, Bişimbaýewiñ haýsydyr bir palça birnäçe gezek jañ edendigi aýdyldy. Ahyrsoñy sagat 20:00-dan öñinçä "Tiz kömek" çagyryldy. Saltanat bireýýäm jan beripdi we sud-medekspertizanyñ barlagyna görä üstünden 6-8 sagat geçipdi. Sudda detallary mälim edilen sud-medekpertiza barlagynyñ jogaby urgy yzlarynyñ, sypjyryklaryñ, ýaralaryñ netijesinde Saltanatyñ beýnisine şikes ýetendigini ýazýardy: kelleçanak bilen beýniñ arasynda 230 millilitr gan üýşüpdi. Suduñ pikiriçe merhumda boglup öldürilmegiñ alamatlary bar eken. Sudda görkezilen fotosuratlar hajathananyñ gapysynyñ urlup deşilendigini görkezýär Bişimbaýewiñ garyndaşy we restoranyñ azyk bölüminiñ müdiri Bakhytzhan Baizhanow jenaýaty gizlemäge synanyşandygy üçin dört ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ol sudda Bişimbaýewiñ özünden wideokameralara düşen görnüşleri öçürmegi talap edendigini aýtdy. 13-nji maýda Astananyñ şäher sudy 44 ýaşly Guwandyk Bişimbaýewi 31 ýaşly Saltanat Nukenowany öldürmek jenaýatyndan 24 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Emma her ýyl ýüzlerçe zenanyñ partnýorlary tarapyndan öldürilýän ýurdy Gazagystanda suduñ höküminiñ çykjagyna ynanylyp durlanokdy. BMG-nyñ çaklamalaryna görä, ýurtdaky her dört maşgaladan birinde urlup-ýenjilme wakasy bilen düzgün bozujylar adalatyñ öñünde kelle ýalañaçlaýar. Köp aýal-gyz arz-şikaýat etmäge gorkýar. Saltananyñ erkek doganynyñ aýdyşy ýaly, gazak zenanlary "mundan öñem dady-perýat edýärdi, ýöne olaryñ sesini eşidýän ýokdy". Dek häzirki wagta çenli. Saltanat Nukenowa Pawlodar şäherinde (1996-1997) Saltanatyñ çagalygy Gazagystanyñ Russiýa bilen araçägine ýakyn demirgazyk-gündogardaky Pawlodar şäherinde geçdi. Mekdebi tamamlandan soñ öñki paýtagt Almata göçdi we ol ýerde agasy hem-de ýeke dogany Aýytbek Amangeldi biraz wagtlap ýaşady. Aýytbek şonda onuñ bilen öwrenişendiklerini aýtdy. Ol "Şol döwür gatnaşygymyz gowudy" diýdi. Saltanat Nukenowa jenaýat bolup geçende Guwandyk Bişimbaýew bilen bir ýyldan gowrak bäri ýaşaşyp ýördi. Habarlara görä, 2017-nji ýylda korrupsiýada aýyplanyp tussag astyna alyndy we 10 ýyl azatlykdan mahrum edildi, üç ýyldan gowrak wagt gözenegiñ añyrsynda oturandan soñ azatlyga çykdy. Dogany Saltanatyñ bu döwürde astrolog bolup işländigini, muña bolan gyzyklanmanyñ dokuz ýaşyndaka bir ýakynynyñ oña kitap sowgat bermegi bilen başlandygyny aýtdy. Doganynyñ hemişe şadyýan we güler ýüzli bolup, astrologiýa mekdebini açmagyñ arzuwynda gezendigini aýtdy. "Ha maşgalanyñ arasyndaky gatnaşyklat bolsun, ha är-aýalluk, ha-da çagalar bilen baglanyşykly meseleler bolsun, dürli formalarda agyr ýagdaýda bolan aýallara kömek edýärdi". Aýytbek Amangeldi we Saltanat Nukenowa (1996-1997) Aýytbek düşündirişinde Bişimbaýewiñ Saltanat bilen görüşjek bolandygyny, emma uýasynyñ ilkibaşda ondan ýüz öwrendigini aýtdy. Ol Bişimbaýewiñ uzak wagtlap uýasynyñ yzyna düşüp gezendigini, ahyrynda Saltanatyñ telegon belgisini almagy başarandygyny gürrüñ berdi. Uýasy Aýytbege Bişimbaýewden gelen sms-leri görkezipdir, gelen hatlarda Bişimbaýew görüşmek isleýändigini we oña özi barada ýazylanlara ynanmazlygy haýyş edipdir. Şol görüşmeden birnäçe aý geçenden soñ nikalaşypdyrlar. Oñşuksyzlyklaryñ başlamagy kän wagta çekmändir. Saltanat agasyna tenine düşen urgy yzlarynyñ fotosuratlaryny görkezipdir we birnäçe gezek ärinden aýrylyşmaga synanyşypdyr. Bişimbaýewiñ oña işlemegi "gadagan etmeginden" soñ Saltanatyñ söýýän işinden el çekmeli bolandygyny, Bişimbaýewiñ uýasyny hiç ýere çykarman saklajak bolandygyny öñe sürdi. Sudýa Bişimbaýewe jezasyny mälim edende ony zalymlarça duýgylar bilen jenaýat etmekde aýyplady. Bişimbaýew bolsa günäsini ýeñletmäge synanyşdy. Ol Saltanatyñ bedenine ölmegine sebäp boljak formada zeper ýetirendigini boýun alanam bolsa, muny bilgeşleýin etmändigini öñe sürdi. Guwandyk sudy "obýektiw we adyl" bolmaga çagyrdy. Bişimbaýewiñ aklawjysy Aýytbege Saltanatyñ gatnaşyklarda "basyş bolandygyny" ýa-da erkekleriñ sözüniñ ýöremegini saýlap alandygyny" sorady. Aýytbek "Çynyñyzmy?" diýip jogap berdi. • Batyrgaý hereket Sorag Halkara Amnistiýa guramasynyñ Gündogar Ýewropa we Orta Aziýa boýunça jogapkär direktorynyñ orunbasary Denis Kriwoşeýewi geñ galdyrmady. Ol "BBC" habarlar gullugyna beren beýanatynda: "Jebir çeken günäkäri "gylawlandyrjak" şekilde hereket etmekde günälenip bilner: maşgalany ýok etmekde, ärine ýa-da gaýynenesidir gaýynatasyny sylamazluk etmekde günälenip bilner" diýdi: "Maşgalanyñ arasynda bolýan eden-etdiligi aýtmak batyrgaýluk talap edýär we köplenç bular ýaly zatlaryñ aýdylmaýandygyny bilýäris". BMG her ýyl 400-e golaý gazak zenanynyñ maşgalanyñ arasynda urlup-ýenjilmelere sebäpli öldürilýändigini çak edýär. Gazagystanyñ Içeri işler ministrligi maşgalanyñ arasyndaky urlup-ýenjilmelerden jebir çekenler boýunça habar beriş merkezlerine edilen çagyryşlaryñ 2018-nji ýyl bilen 2022-nji ýylyñ arasynda 141,8% artandygyny habar berýär. Muña garamazdan Kriwoşeýew "maşgala agressiýasynyñ şindizem görmezlige salynýandygyny, ýöne munuñ barha azalýandygyny" aýdýar. Saltanatyñ soñky sagatlarynyñ detallary sud zalyndan gurnalan göni efir bilen berilensoñ, herekete geçmegi üçin hökümete-de basyş edildi. Sosial mediýa ulanyjylary TikTok ýaly platformalardan sud prosesi boýunça pikirlerini paýlaşdy. 150 müñden gowrak adamyñ gol çeken arzasy bolsa maşgala agressiýasy boýunça kanunda reforma geçirilmegini talap etdi. 15-nji aprelde Gazagystanyñ prezidenti Kasymjomart Tokaýew maşgala agressiýasynyñ jezasyny güýçlendirýän kanuna gol çekdi. Ýogsam bolmasa ol 2017-nji ýylda jenaýatyñ düzüminden aýrylypdy. "Saltanat kanuny" diýilýän bu täze kanun maşgala agressiýasyny jenaýat jogapkärçiligine degişli etmişleriñ hataryna goşýar, mundan öñ ol ýönekeý düzgün bozulma hasaplanýardy. Indi derñew işleri jebir çekeniñ arz etmegine garaşyp durmazdanam açylyp bilinýär. Maşgala agressiýasynyñ we zorlamalaryñ jebir çekenlerine kömek edýän "NeMolchiKZ" fonduny esaslandyryjy Dinara Smaýlowa bu üýtgeşmäniñ zerurlyk duýulýanyndan has bärden gaýdýandygyny aýdýar. Dinara Smaýlowa Mysal üçin, aýal azyndan 21 gün hassahanada ýatmasa, ýetirilen şikes "ýeñil" hasaplanýar. "Çat açmalara, burun we äñ döwülmelerine ýeñil zyýan ýetirme şekilinde seredilýär. Smaýlowa 2016-njy ýylda ýaşlygynda köpçülikleýin jynsy zorluga uçrap, mundan ölmän sypandygyny sosial mediýada paýlaşandan soñ gelen hatlar esasynda fonduny gurdy. Birnäçe günüñ içinde "aýallardan başdan geçiren horluklary, geplemegiñ nädip gadagan edilşini, erkekleriñ nähili jezasyz galşyny gürrüñ berýän 100-e golaý hat alandygyny" aýdýar. Fondunyñ "sekiz ýyllap sarsgyna salyjy urlup-ýenjilme wakalaryny" çap edip gelendigini, hökümetden haýsydyr mundan el çekme talabyny almandygyny-da sözüniñ üstüne goşdy. Ol indi ygtyyarlylar tarapyndan ýalñyş maglumat ýaýratmakda, maşgala syrlaryny aýan etmekde we kezzapçylykda aýyplanýanlaryñ sanawyna salynan ýurdy Gazagystanda ýaşamaýar. Saltanat Nukenowa Saltanat bular ýaly gynançly başdan geçirmelere-de duýgudaşlyk bilen garapdyr. Aýytbek "Ol hemişe adalatyñ ugrunda göreşipdi" diýýär: "Nämedigi möhüm däl... adalat duýgusy uçursyz güýçlidi. Haçanda biriniñ ynjandygyny we goranmaga mätäçliginiñ bardygyny bilse, şobada onuñ ýanyna ylgardy". Kanunyñ heniz ýeterlik däldigini hemmeler bilýär. Emma diñe şunuñ özem iñ ýokarda oturan güýçlilerdenem hasap sorap bolýandygyny görkezen gowy başlangyç. Suduñ hökümi adamlara şuny görkezer: Gazagystanda kanunlaryñ hemmeler üçin deñdigini we hemmeleriñ kanunyñ öñünde deñdigini! Sofiýa ABDYLLA & Aýsymbat TOKOÝEWA. "BBC", 25.05.2024 ý. | |
|