11:00 Şamda | |
ŞAMDA
Goşgular
Gara bulut şamy garaltdy hasam, Ölleýär şemaly ýagyş sepeläp. Ýuwýar ol şäheri, kalbymam bile, Tüýs meniň söýýänim! Ýörün gezmeläp. Nätanyş adamlaň sowuk seredýän biperwaý nazarnyň geçýän deňinden. Gaty göremok men, ynanýan: Olar razydyr ykbalnyň duş edeninden. Köp-le bu jaýlaryň her birinde-de Aňyrsynda çyra ýanýan penjire. Meň üçin söýginiň yşygy olar, Ýokdur onda orun gussa, ejire. Getiresim gelenok meň şu pursat Golaýma ýakymsyz oýy, hyýaly. Ýagyşdyr ol ezen kirpiklerimi, Ýatlamaň siz aglap barýan aýaly. Çemen ANNABERDIÝEWA. | |
|
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Dostluk / Goşgular - 26.05.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Seniň yşkyňda eý, nämähriban, bihanyman boldum... / Goşgular - 31.10.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 30.09.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |