19:27 Mährijemal / nowella | |
MÄHRIJEMAL
Hekaýalar
Mährijemal aýnanyñ öñünde özüne timar berip oturanam bolsa, hereketleri göwünli-göwünsizdi. Şu toýa onuñ asla gidesi gelenokdy, ýöne jorasy Jemal: "Näme boldy gyz, saña? Öñ-ä obamyzda toý bolsa, menden öñdediñ. Ýa menden bir zady gaty gördüñmi, toýa meniñ bilen gidesiñ gelenokmy?" diýip, el telefonyndan janygyp duransoñ, bialaç jorasynyñ göwni üçin şaýlanmaly boldy. "Bolýar, taýyn bolamsoñ, özüm üstüñden bararyn" diýdi-de, jorasy bilen hoşlaşdy. Toý köýneklerinden birini geýdi. Indi saçlaryna timar beribermelidi welin, ýene-de öz isleginiñ garşysyna gidip bilmän, aýnanyñ öñüne geçip esli oturdy. Içki dünýäsine berildigiçe-de, ýatlamalar, dürli hili oýlar ony gaplap aldy. ... Toýa çagyrylan bagşy-sazandalar toýuñ agşamky şowhunyny ýetjek derejesine ýetiripdi. Gelen myhmanlaryñ köpüsi tans meýdançasyndadylar. Mährijemalam joralary bilen tans edip ýördi. Birdenem gapdaldaky aýlawda oglanlar bilen tans edip ýören Döwran onuñ gaşynda peýda boldy. Döwran gyzlaryñ aýlawyna ýörite gelip goşuldymy, ýa tans edip ýörşüne, nädip gyzlara goşulanyny özem bilmän galdymy, muny hiç kimem añşyrmady. Añşyrjak bolup barýanam ýokdy. Esasy zat, şol pursatda Döwran Mährijemala ýylgyryp bakdy-da: "Küştdepdä-de çyksan-a" diýdi. Soñam ýene oglanlaryñ aýlawyna goşulyp gitdi. Mährijemal Döwranyñ haýyşyny nähili manyda kabul etmelidigini entek bilmese-de, küştdepdä joralary bilen çykdy. Döwran bilen Mährijemal obadaşdylar, deñ-duşdular. Bir mekdepde okaýardylar. Döwran Mährijemaldan bir ýyl ýokary synpda okaýardy. Döwranyñ bu ýyl mekdep bilen hoşlaşýan ýylydy. Olar mekdepde arakesme wagtynda, ýa ýolda-yzda duşýardylar, salamlaşýardylar. Ýöne henize çenli ikisiniñ arasynda şundan artyk gep-gürrüñ bolmandy. Döwran deñ-duş gyzlarynyñ köpüsiniñ höwesleýän oglanydy. Mährijemal küşt depmäni gowy görýärdi. Joralary bilen toýlarda küşt depen mahallary, kä guşlar ýaly ganatlaryny ýaýyp uçup gidiberjege meñzäp, kä topraga tagzym edýäne çalym edip, aýlanyp şeýle bir küşt deperdiler, heziller ederdiler. Bu gün bolsa Mährijemal küşt depmek hakynda pikir edip bilenokdy, şonuñ üçinem onuñ hereketleri hemişekilerinden tagaşyksyzrak gelýärdi. Ol aram-aram Döwranyñ aýlanyp-pyrlanyp ussatlyk bilen küşt depişine göz aýlap goýberýärdi. Ortadaky kiçi aýlawda küşt depip ýören Döwran dostlaryndan saýlanyp durdy. Göwnüne bolmasa, Döwran bu gün küşdi diñe Mährijemal üçin depýän ýalydy. Toý bagşylary iñ soñky küştdepdi sazynyñam çalnandygyny habar berensoñlar, myhmanlar öýlerine dagamak bilen boldular. Mährijemalam goñşy gyzlar bilen öýlerine gaýtdy. Öýlerine ýetip gelýärkäler, gyzlaryñ biri yzdan gelýän hümürdä tarap gañrylyp seretdi-de, geñ galmak bilen: — Olar nämeüçin bärik gaýtdylarka? Öýlerine añyrlygyna gitmeli ahyry - diýdi. Mährijemal kimler hakynda gürrüñ edilýändigini bilmek üçin yzyna seredeninde, yzrakdan gelýän iki oglanyñ biriniñ Döwrandygyny tanady. Gyzlar hersi öz öýüniñ deñine gelende, sowlup galdylar. Mährijemal öýlerine sowulýança, ile gep-gürrüñ bolaýjak bir wakanyñ bolaryndan çekinip, içinde jany galmady. Ýöne Döwran dagy yzrakdan ýöräp gelişlerine, gyzlar bilen aranam ýygjamlatjak bolmadylar, sözem gatmadylar. Döwran bir zat diýip söz gataýan bolsa, oña näme jogap berjegini bilmän gelýän Mährijemal: — Meniñ ýagdaýymy bilendir. Çakymdanam akylly oglan eken - diýip, Döwrandan hoşal boldy. Şonuñ ýaly toýdan öýe "ýoldaşly" gaýdylan gezekleri soñam birnäçe gezek bolupdy. Ýöne Döwran dagy gyzlaryñ hiç biriniñem adyny tutup habar gatmansoñlar, olar bu syrly "ýörişiñ" sebäpkäriniñ kimdigini bilip bilmän ýördüler. Şol ýyl mekdepde gurnalan gutardyş agşamyndan köp wagt geçmänkä, "Döwran gulluga gidipdir" diýen gürrüñi eşidip, Mährijemal birbada geñ galdy: — O nähili gulluga gidipdir? Öz-ä iki ýyllap gulluga gidip barýar, bir gezegem maksadyny anyk-aýdyñ aýtman gidiberipdir-le? Muña nähili düşünmelikä? Meni synap görjek boldumyka? Aý, ýok-la, beýle däldir-le. Ýa maña bir zatlar diýmäge çekinip, aýdybilmän gidiberdimikä?... Ol: "Men gelýänçäm, arkaýyn akuwyny okasyn, mekdebi gutarsyn. Gullukdan gelemsoñ, onsoñ gürleşerin" diýendir. Döwran gullukdan gelýänçä, Mährijemal şu pikir bilenem gezdi. Ol mekdebi tamamlap, öz obalaryndaky çagalar bagyna işe başlady. Ahyry: "Döwran gullugyny gutaryp gelipdir" diýen hoş habaram geldi. Gullukdan geleninden soñ, Döwran kämahal Mährijemalyñ işleýän çagalar bagyna gelýärdi. Bu ýerde onuñ dosty Mergenem işleýärdi. Mergeniñ ýokary okuw mekdepleriniñ birine okuwa girmek arzuwy bardy. Onsoñ ol gullukdan geleninden soñ, synag döwri gelýänçä, boş ýatmazlyk üçin çagalar bagynda işe durupdy. Ol ýerde oña etmäge iş ýeterlikdi. Şonuñ üçinem Mährijemal Mergene çagalar bagynyñ çäginde häli-şindi duşýardy. Döwran dostunyñ ýanyna gelen mahaly Mährijemala bir zatlar diýmek isleýän ýaly garaýyş bilen serederdi. Ýöne gürrüñ salam-helikden añry geçmezdi. Döwranyñ bu bolşuny Mährijemal özüniñ ile gep-gürrüñ bolmazlygy üçin edilýän alada, abraýyna goýulýan sarpa, edeplilik hasap edýärdi. Ine, bir günem Mährijemal üçin tomsuñ güni ýyldyrym çakan ýaly, garaşylmadyk bir ýagdaý boldy. Döwran gelip özüniñ öýlenýändigini aýdyp, Mergene-de, Mährijemala-da çakylyk hatyny gowşurdy. — Näme? O nähili? Mährijemalyñ añynda ýañlanyp giden şu iki sowaldan onuñ gulaklary gapylyp gitdi. Mährijemal öz ýagdaýyny Döwrana bildirmejek bolup ýere bakdy. Döwran: "Toýa baryñ" diýip, hoşlaşmak bilen boldy. Mährijemal uzakly gün içini hümledip gezdi. Ol şol günden soñ, Döwran bilen ýeke gezegem görüşmedi. Döwran çagalar bagyna dostunyñ ýanyna gelende-de, Mährijemal müýnli ýaly ondan gaçyp gezdi. Döwranyñ öýleniş toýuna gitmeg-ä onuñ hyýalynda-da ýokdy. Ine-de, toý güni geldi. Mährijemal entegem näderini bilmän, aýnanyñ öñünde otyrdy. Her hili oýlar ony ol kenardan alyp, beýleki kenara oklaýardy. Häzir bolsa íçki dünýäsinde gopýan harasada basalyk berip, joralary bilen toýa gitmelidi. Bezenip-beslenip boldum edip, Mährijemalyñ gapa ýönelenem şoldy welin, el telefonyna jañ geldi. Mährijemal: "Entegem bolañokmy, gyz?" diýen igençli gepi eşitmäge taýýarlanyp "Alo" diýdi. — Alo, Mährijemal, salam. Bu men Döwran. Döwranyñ sesini eşidip, Mährijemalyñ üstünden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Ysgyny gidip, oturgyja geçip oturdy. Ol: "Bu näme boldugy? Şu mahal, toýy gidip duran mahaly maña näme diýjek bolýarka?" diýip oýlansa-da, Döwran hiç zat hogap bermän, telefonyny saññyldaýan ellerden gaçyraýmajak bolup, mäkäm tutdy. Añyrdan ýene Döwranyñ sesi eşidildi: — Mährijemal, haýyş edýän, telefony goýman meni diñlemegiñi haýyş edýän. Men saña bir zady aýtmaly. Men muny saña birmahal aýtmalydym, ýöne wagt geler, hemme zat öz-özünden ýerbe-ýer bolar öýtdüm. Men häzir, şu pursatda meseläni özümiñ çözmelidigime düşündim - diýende, Mährijemalyñ elinden tasdanam telefony gaçypdy. Ol ýene özüni dürsäp, diñlemegini dowam etdi. — Mährijemal, ýadyña düşýärmi-düşmeýärmi bilmedim, mekdepde okaýan mahallarymyz bir toýda seniñ küştdepdä çykmagyñy haýyş edipdim. Soñam näçe gezek biz seni joralaryñ bilen öýüñize ugradypdyk. Men şu zatlaryñ hemmesini... Döwran diýjek sözlerini aýdyp gutarmanka, telefonuñ añyrsynda duran başga birine ýüzlenip aýdýan: "Dursana, şu gün bolmasa, soñ hiç mahal!" diýýän sözleri eşidildi. Soñam ýene Mährijemala ýüzlendi: — Mährijemal, menden gaty görme. Ýöne men muny saña hökman aýtmaly! Dostum Mergen seni söýýär!.. Şu çaka çenli saña söýýändigini aýdyp bilmän gezdi. Men dostumyñ saña öz ýüregini açyp bilmegi üçin mümkinçilik döretjek bolup, elimden gelenini etdim. Ýöne ol seniñ gözleriñe garap bir zatlar diýmäge çekindi. Seniñ özüñe duýduryp bilmedigem bolsa, hemişe seni görmegiñ arzuwynda gezdi. Çagalar bagyna işe ýerleşmeginiñ sebäbem şol. Şu mahalam ýanymda. Haýyş edýän, telefony goýma-da, Mergeni diñle - telefonuñ añyrsyndan Döwranyñ ýanyndaka ýüzlenip: "Indi bir aýt-da, dyn" diýýän sesi eşidildi. — Mährijemal! Telefonuñ añyrsyndan Mergeniñ sesi eşidildi. Ol ses ýuwaşja gürlänem bolsa, Mährijemalyñ beýnisinde, ýüregide ýañlayp,tutuş süññüni elendirip gitdi. Mährijemalyñ bokurdagy dykyn aldy, ullakan gözleriniñ owasy ýaşdan doldy. Mergen çalaja ardynjyrady-da, sözüni dowam etdi: — Mährijemal, men seni mekdepde okan döwrümizden bäri gowy görýän. Meniñ seniñ şu çaka çenlem halaýandygymy, ine, Döwran bilýär. Seni söýýändigimi özüñe aýdyp bilmän, Döwrana aýtdym ýördüm. Mährijemal, men senden hoş söze garaşýan. Şu gün agşam küştdepdini bile depeli. Eger sen küştdepdä çyksañ, men onda sen garşy däl diýip kabul ederin. Eger çykmasañ, onda... Mährijemal ýuwaşlyk bilen telefonuñ düwmesine basdy. Ol: "Men bu günüñ geljekdigi hakynda arzuw etmäge-de milt edip bilmändim ahyry. Mergen, biz bu gün küştdepdini bile deperis" diýip pyşyrdady-da, gözlerinden gaýdan gözýaşlaryny syldy. Çemen ANNABERDIÝEWA. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||