23:14 Güýz ýagşy | |
GÜÝZ ÝAGŞY
Goşgular
![]() Öýleden soň ýüzün garaňka tutup, Başlady güýz ýagşy ýagmaga ýene. Kalbyňa çen aralaşýar jümşüldi, Sowuk damja degeninde bedene. Saralan ýapraklar ýatyr paýraşyp, Şahada galanam taýyn tänmäge. Duýgularym saralsa-da, solsa-da, Mejbur etmez õz söýgimden dänmäge. Guran ýapraklarda döwülýär damja, Ses edýär güýz ýagşy şybyr-şybyrdap. Hem: “Ol indi hiç wagt dolanmaz” diýip, Gulagyma çawuş çakýar pyşyrdap. Tänmesin arzuwyň. Güýzüň bir güni Dömmesin islegiň yza gaýtmaga. Bagtly bolsaň bolýar. ...Aý, menem näme... Maňa-da Güýz bar-a arzym aýtmaga. Çemen ANNABERDIÝEWA. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |