15:01 Geçmişe sapra, geljege miras | |
GEÇMIŞE SARPA, GELJEGE MIRAS
Ýatlamalar
Söz ussatlary Çary Aşyrow, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow bilen durmuşda gabatlaşmak nesibäme çekmedigem bolsa, olar bilen bagly biziň maşgalamyzyň durmuşynda, has dogrusy, Atajan Annaberdiýewiň döredijilik ýolunda ýatdan çykmajak wakalar bolupdy. Ol mahallar men sekiz ýaşymdadym. 1971-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda «Edebiýat we sungat» gazetinde kakamyň «Keýmir kör» poemasy çap edilýär. Şondan soň bir gün Gurbannazar Ezizow obada ýaşaýan dosty Atajany Kerim Gurbannepesow bilen Çary Aşyrowyň işläp oturan otagyna alyp barýar. Saglykamanlyk soraşylandan soň, Gurbannazar Ezizow: «Ynha, «Keýmir köri» ýazan oglan şu. Atajan Annaberdiýew» diýip, ýanyndaky ýigidi olara tanyşdyrýar. — Hä, sen onsoň diňe ýazýaňmy ýa okaýaňammy? — diýip, Çary Aşyrow ýaşuly nesle mahsus agraslyk bilen Atajandan soraýar. Ol: — Aý, okaýanam — diýip, ýygralyk bilen jogap berýär. Çary Aşyrow ondan ýene soraýar: — Kimleri okaýaň? — Gazet-žurnal, kitap, elime näme düşse okaýan. Soň ondan halypa ýazyjy Kerim Gurbannepesowyň haýsy eserlerini okandygyny soraýarlar. Ol Kerim halypanyň gazetžurnallarda çap bolýan eserleriniň hemmesinem okaýandygyny aýdyp, şahyryň «Taýmaz baba» poemasyndan bir bölegi emgenmän ýatdan aýdýar. Ýazýan goşgularyna öňden hem göwünleri ýetip ýören halypalaryň şondan soň kalby çeper edebiýata teşne, seýrek gabat gelýän ýatkeşlik ukyby bolan ýaş şahyra hasam synlary oturypdyr. Olar Atajan Annaberdiýewi Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzasy bolmaga mynasyp hasaplap, ýaşlygyna, entek çapdan çykan ýeke kitabynyň hem ýokdugyna garamazdan, şol birleşmäniň agzalygyna kabul etmäge hödürläpdirler. Şol mahallar Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzalygyna kabul edilmegi üçin ýazyjynyň azyndan 2-3 kitaby çapdan çykan bolmaly eken. Şeýdip, A.Annaberdiýew Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşmesiniň taryhynda agzalyga kabul edilen iň ýaş (1974-nji ýylda, 28 ýaşyndaka) şahyr bolýar. Çemen ANNABERDIÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |