08:37 Saragt Babaýew | |
SARAGT BABAÝEW
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Saragt Babaýew 1948-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-ine Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda eneden dogulýar. 1970-1974-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň heýkeltaraşlyk bölüminde Baýram Atdaýewiň ussahanasynda okaýar. 1974-nji 1980-nji ýyllarda Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky Çeperçilik institutyň heýkeltaraşlyk bölüminde Fýodor Baburiniň ussahanasynda okaýar. 1976-njy ýyldan bäri döwlet we halkara döredijilik sergilerine gatnaşyp gelýär. Saragt Babaýew granitden, agaçdan, bürünçden hem-de mermerden ýagty keşpleri dörediji monumental we stanok heýkeltaraşydyr. Ol dürli žanrda işleýär. Oňa tematik eserler, relýef, allegorik ýadygärlikler, seýilbaglar üçin haşam taslamalary degişlidir. Şol eserlere esasy pikiriň anyklygy, mazmunynyň ynandyryjylygy ýaly umumy wajyp häsiýetler mahsusdyr. Saragt Babaýewiň döredijiliginiň stanok heýkeltaraşlygyna ýiti we köptaraply gözlegler häsiýetlidir. Beýleki ençeme suratkeşler ýaly, S.Babaýew irki eserlerini portret žanryna bagyşlaýar. Onuň “Ene”, “Türkmen gyzy”, “Ýaş ýigidiň portreti” we birnäçe beýleki heýkellerinde milli häsiýetleri teswirlemekde ussatlygyny ýüze çykarýar. Heýkeltaraş anyk realistik görnüşlerde ýerine ýetiren portretlerinde idealy ideallaşdyrmazdan, hakyky gözelligi owadanlaşdyrmazdan tassyklamaga çalyşýar. Suratkeş üçin her bir adamyň çuň psihologiýasyna aralaşmak däl-de, eýsem, modeliň şahsyny häsiýetlendirýän tebigy keşpleri döretmek wajypdyr. Heýkelde adama mahsus daşky sypatlary - onuň özüni alyp barşyny, tutuş durmuşyna häsiýetli özboluşly ýitiligini görmek we ýüze çykarmak ukyby S.Babaýewiň güýçli tarapydyr. 1990-njy ýyllaryň naýbaşy portretlerinde heýkeltaraş wajyp bolan umumylaşdyrmalary gazanýar, şonda bütewi, ynandyryjy, ýiti keşpleri döredýär. Talyp gyz Sonanyň keşbi ýa-da bolmasa, ogly Myradyň, obadaşy Myratgeldiniň psihologiki portretleri inçeden işlenen. 1990-2000-nji ýyllaryň ähmiýetli eserleri “Alty Garlyýew”, “Çary Amangeldiýew”, “Yzzat Gylyjow”, “Babasary Annamyradow” ýaly eserleri ussadyň adatça adamy, onuň akyl we duýgy güýjüniň nähili hem bolsa bir dartgynlylygynda şekillendirmäge ýykgyn edýändigini şöhlelendirýär. Şol bir wagtyň özünde, suratkeş portretde görkezilýän adamlaryň içki güýçlerini we daşky hereketlerini ýörite ösdürip, oňa aýratyn üns berýär. Sebäbi, hut şol aýratynlyklar şekillendirilýäniň häsiýetine gabat gelip, onuň ýüze çykmagyna itergi berýär. “Bagşy Orazgeldi Ylýasowyň hatyrasyna”, “Göç”, “Ejemiň ýatlamasy” atly heýkellerde eserleriň uly bolmadyk gabarasy monumentallygyň beýik derejesine ýetirilýär. Birinji işde biwagt aradan çykan bagşy O. Ylýasowyň syraty başy eglen eneleriň görnüşindäki göwrümleriň ýerliginde şekillendirilipdir. Olar çuňňur hem-de ýagty gynanjyň, gam çekýän zenanlaryň keşbi hökmünde kabul edilýär. Geljekde bu şekiller heýkeltaraşyň monumental ýadygärliklerinde hem täze çeper söze eýe bolýar. Saragt Babaýewiň kämil döredijilik ýyllary, 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistanyň jemgyýetiniň düýpli özgerişleri bilen gabat gelýär. Bu ýyllarda heýkeltaraşyň jemgyýetçilik joşguny has doly durmuşa geçýär. Ol dessine ýurduň çeperçilik durmuşyna girişip, täze güýç bilen diňe bir döwletiň çeperçilik mekdeplerinde däl, eýsem, ussahanalarynda hem özüni mugallymçylyk işine berýär. S. Babaýew häzirki döwürde ýurduň monumental haşam ýadygärlikleriniň döredilmegine gatnaşyp, gaýtalanmajak döredijilik şahsylygyny erkin ýüze çykarýan zehinli heýkeltaraşlaryň ýaş neslini terbiýeleýär. Saragt Babaýewiň soňky ýyllaryň içinde döreden has ähmiýetli işleriniň esasy meýilleri beýik döwlet işgärleriniň, geçmişiň akyldarlarynyň, milli gahrymanlarynyň taryhy ýatlamasydyr. Ussat eserlerini döredende, olaryň üst ýüzüniň gözelligini ökdelik bilen paýdalanyp, has janly keşpleri gazanýar. Onuň ýerine ýetiren işleriniň fakturasy elmydama täsirlidir, hemişe ýagtylyk bilen kölegäniň biri-birine garşylykly oýnunda gurlandyr (“Ykbal”, “Gökdepe söweşinde gurban bolanlaryň ýadygärliginiň taslamasy”, “Asyrlaryň ýaňy”). Olarda göwrümiň umumy gurluşynyň berkligi we monumentallygy göwrüm ýasamanyň kaşaňlygy bilen utgaşýar. Göwrümleriň monolitligi onuň üst ýüzüniň duýgurlygy bilen deň gelýär. Şol bir wagtda, keşpler modeliň içki dünýäsiniň baýlygyny goramak bilen dartgynlygy we romantik bitewiligi gazanýar. Heýkeltaraşyň eseleriniň tematikasynyň ähmiýetlileriniň ýene-de biri, ýurduň täzeden dikelýän ruhy güýjüni aňladýan, namysjaň türkmen ýaşlarynyň umumylaşdyrylan keşpleridir. “Galkynyş”, “Aziada 2017”, “Aşgabat 2017” atly eserlerde gahrymanlaryň rahat mertebe, täsirli ynam duýgusy göwrüm teswirlemäniň aýratynlyklarynda, ýagny aýdyň hem-de berk alyn taslamada, şekilleriň düýpli işläp bejerilişinde, gutarnykly takyk sudurda ýüze çykýar. Saragt Babaýewiň döredijilik güýji “men” diýen wagtynda. Onuň ýanbermez, täzeligi agtarýan häsiýeti oňa işden elini sowatmaga maý bermän, döwürdeşleriniň aňyna işjeň aralaşmaga mümkinçilik berýän täze çeper serişdeleri gözlemäge iterýär. Türkmen şekillendiriş sungaty äleminde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Saragt Babaýew “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Gaýrat”, “Magtymguly Pyragy”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna” medallary, “Galkynyş” ordeni, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragy bilen sylaglanýar, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiuň birnäçe gezek ýeňijisi, “Türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli üçin” bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, Türkmenistanyň halk suratkeşi hormatly adyna eýe bolýar. Hormatly Arkadagymyz ussat halypamyzyň 70 ýaş toýunynyň şanyna Türkmenistan Döwletimiziň çeperçilik sungatyna goşanatlaryny nazara alyp, Saragt Babaýewe “Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy” diýen hormatly at bilen Şa serpaýy bilen serpaýlady. © Altyn BAÝLYÝEWA Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/art-world/157. 06.09.2022ý. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |