23:57 Şasenemiñ hekaýasy | |
ŞASENEMIŇ HEKAÝASY
Hekaýalar
Her Mejnunyň bir Leýlasy bar. Her Mejnunyň maksadyna ýetmegi üçin geçmeli bir çöli bar. Ýöne Mejnunyň gözi şol çöli we içindäki kynçylyklary görmez. Ol özüniň söýgüsiniň ululygyna sereder. Her söýýän jübütiň gowuşmasy üçin pida etmeli, el çekmeli zatlary hökman bardyr, eger hakykatdan hem söýýän bolsa. Bu waka şeýle başlandy…. 1-nji sentýabrdy. Säher bilen kim okuwa, kim işe howlugýardy. Men bolsa uniwersitete howlugýardym. Sebäbi talyp bolmak arzuwym hasyl bolupdy. Okuwymyň ilkinji güni hem begenýärdim, hem aljyraýardym… Ýüregim tolgunmakdan ýaňa karar tapmaýardy. Uniwersitete bardym. Dabaraly çäreden soň her kim öz topary bilen synplara tarap ugradylar. Bizem toparymyz bilen ilkinji sapak geçjek synpymyza bardyk. Parta geçip oturdym-da, sumkamy gapdalda goýdum. Birden gapy şarkyldap gitdi. Näme bolduka diýip seretdim. Gapydan maňlaýyny tutup, bir gyz içerik girdi. Özüniň bitagaşyklygyndan ýaňaklaryny gyzardyp, näme etjegini bilmän durdy. Yzyndan bolsa mugallym geldi-de oňa: “Gapyň agzynda durma-da, ýerleş bir ýere!” diýdi. Ol yzrak geçip oturdy. Sumkasyndan äýnegini çykaryp, gözüne dakdy. Ol gaty bir owadanam däldi, ýöne özüne maýyl ediji gözleri bardy. Umman ýaly, söýgüden we gussadan doludy. Sapak başlapdy, men bolsa oňa tarap seredesim gelýärdi. Onuň ady Şirindi. Sapak gutardy. Her kim zala çykdy, her kim bir-biri bilen tanşyp, gürrüň edişip durdular. Şirin bolsa penjireden birine garaşýan ýaly seredip durdy. Elinde gündeligi bardy. Megerem, ilkinji okuw güni hakynda ýazyp otyrdy. Soň jaň boldy, ýene täze sapak başlady. Hemme sapaklar gutaransoň men öýe gaýtdym, ejeme bolan zatlary, ilkinji okuw gününiň täsiri hakynda gürrüň berdim. Soň öz otagyma geçip, Şirin hakynda oýlanyp ýatyşyma uklap galdym. Her okuw güni oňa ýakynlaşmak isleýärdim, ýöne çekinýärdim. Ol örän agrasdy, hiç kim bilen işi bolmazdy. Iň bärkisi, maňa gözüniň gytagynam aýlanokdy. Onuň bu bolşuna haýran galýardym. “Belki halaşýany bardyr, şoň üçinem başga oglanlara seredesi gelýän däldir” diýip pikir edýärdim. Şol pikir bilenem men, oňa ýakynlaşman, bir ýylymy geçirdim. Ikinji okuw ýylynda ol eýýäm üýtgäpdi, äýnekleriniň ýerine linza dakypdy. Gözleri has-da owadanlanan ýalydy. Onuň pikirini etmän hiç oňup bilemokdym, her gezek gapdalymdan geçende sepinen atyrynyň ysyndan däliräre gelýärdim. Onda üýtgeşik görk ýokdy, ýöne gepleýşi, özüni alyp barşy meni özüne çekdi. Ol şeýle mähirli hem-de agrasdy. Bir gün ol kitaphanada kitap okap oturan eken. Menem onuň garşysyndaky parta geçip oturdym. Salam berdim. Ol ýuwaşlyk bilen “Salam” diýdi-de, kitabyny okamagyny dowam etdi. Birden gapydan bir gyz kursdaşymyz gelip: – Şirin, seni mugallym çagyrýar – diýdi. Ol howlukmaçlyk bilen partadaky zatlaryny alyşdyryp gitdi. Onuň oturan partasynda ýekeje kitap galdy. Şol kitabyň aşagynda Şiriniň gündeligini durdy. Men gündeligi alyp oňa bermek isledim, ýöne ony hiç ýerden tapmadym. Ony häli çagyryp giden kursdaşymdan soranymda, ol: “Şiriniň enesi agyr hassalanypdyr” diýip, kakasynyň rugsat alyp, öýlerine alyp gidenini aýtdy. Men Şirin okuwa gelýänçä gündeligi özümde sakladym. Öýde öz gowy görýän kitaplarymyň ýanynda goýdum, ýöne bilesigelijiligim meni öz günüme goýmady. Başgalaryň zadyny ellemegi halamokdym, ýöne bu gyz hakynda gaty bilesim geldi. Gündeligi başyndan açyp okap başladym. Gündeligiň başy örän bagtly durmuş barada aýdylýardy, her günki ýazgylarynyň iň soňunda “Alla jan, men seni söýýän, maňa beren durmuşyň üçin ŞÜKÜR EDÝÄRIN!” diýip ýazylgydy. Gündeligiň soňragyny okanyma welin, puşman boldum… Endamym sandyrap, gözýaşlarymy zordan tutdum…. Ol ýerde şeýle ýazylgydy: “Allahym, men näme günä iş etdim, näme üçin beýle zatlar meň başyma geldikä? Men oňa ynandym, ol maňa öýlenjegine söz berdi ahyry. Men oňa namysymy berdim, ol bolsa meni ulanyp taşlap gitdi. Indi men namyssyz, abraýsyz nädip ýaşamaly? Kakamyň, ejemiň ýüzüne nädip bakmaly? Men olaryň ýüzüni ýere saldym. Näme üçin men oňa ynandymkam? Beýle boljagyny bilsem ýalňyşmazdym.”, has soňragynda bolsa “Alla jan mende diňe iki ýol galdy: birinjisi Senden umydymy üzmän, bagtly bolmaga umyt edip ýaşaýyşymy dowam etmek, ikinjisi bolsa janyma kast edip ölmek, ýagty jahan bilen hoşlaşmak. Ikinji ýoly saýlasam hemme zat gowy bolar, ölsem içimdäki çekýän jebirlerimi-hä çekmerin, ýöne Allahym o dünýede Saňa ýakyn bolmaryn, Sen menden ýüz öwrersiň. Şoň üçin ahyrynda Saňa gowuşmak we bagtly bolmak umydy bilen ýaşajak. Alla jan, Sen meni unutma we menden ýüz öwürme, eden günälerimi bagyşla, hemmesi üçin ökünýän, gözýaşlarymy özüň görýänsiň, ýazmasamam”. Bu ýazgylary okap, elimi maňlaýyma goýup, biraz pikirlendim oturdym. “Meniň ilkinji gezek aşyk bolan gyzymyň birinji söýgüsi men bolmajak ekenim. Ol ýalňyşypdyr, her kim ýalňyşýar ahyry. Esasy dogry ýoly saýlanyna begendim. Her näme-de bolsa, men ony çyn ýürekden söýýän. Şiriniň gussalaryny unudyp, bagtly bolmagyna sebäp bolan erkek kişi bolsam ýeter” diýip içimi gepletdim. Köp wagtdan soň Şirin okuwa dolanyp geldi. Zalda ýeke ýöräp barýarka, ony sakladym, aýtjak zatlarymyň bardygyny aýtdym. Kafe çagyrdym, ol razylaşmady. Näme üçin razy bolmaýanyna düşünýärdim. Bir gezek hasasyny aldyransoň, ikinji gezek ýalňyşmakdan gorkýan bolmaly. Köp ýalbardym, aýtjak zatlarymyň wajypdygyny aýtdym, gelmegini haýyş etdim. “Baryp bilsem bararyn” diýdi. Bile gitmegi teklip edenimde razylaşmady, “özüm bararyn” diýip gitdi. Sapaklardan soňra öýe baryp, begenjime naharam iýmedim, derrew taýýarlyk görüp başladym, gül dükanyna baryp, bir gujak gyzyl bägülden aldym. Duşuşyk bellenen restorana baryp, iki adamlyk stol buýurdym, skripkaçy sazandany hakyna tutdum, zergärçilik dükanyndan gaşly ýüzük aldym. Hemme zat taýýardy. Duşuşyk wagty ýetip gelýärdi. Tolgunýardym, begenýärdim, aljyraýardym. Bellenen wagtdan ýarym sagat töweregi geçdi, Şirin gelmedi. Men umydymy üzmän garaşdym. Birdenkä gapydan Şirin girdi, skripkaçy ýuwaşjadan saz çalyp başlady. Men gyzy garşy aldym, gülümi sowgat berdim. Ol mähirlije ýylgyrdy, ýöne gözlerinde gussa bardy. Bu gussanyň sebäbini bilýärdim. Soň biz oturdyk, ol meniň näme niýet bilen duşuşyga çagyranymdan habarly ýaly, “Men saňa bir zat aýtmaly” diýdi. Men onuň näme aýtjagyndan habarym bolamsoň: “Sen hiç zady alada etme! Hemme zat gowy bolar. Sen maňa ynan!” diýdim-de, jübimden ýüzükli gutyny çykardym. Gutyny açyp Şirine: “Maňa durmuşa çykarmyň?!” diýdim. Bar zat birbada bolany üçinmi, aljyrady, gözünden ýaş süzülip başlady. – Men…men..men, bilýäňmi men.. saňa durmuşa çykyp bilmerin, ýok – diýdi. Demini dürsäp: – Men seniň pikir edýän gyzlaň ýaly däl, öň bir ýalňyşlyk goýberdim – diýdi. Men sözüni böldüm: – Men bar zady bilýän. Gorkma, maňa ynan! Ol maňa soragly gözleri bilen seretdi: – Sen näme bilýäň? Nireden bilýäň? – Ýadyňdamy? Kakaň rugsat alyp gitmänkä, seň bilen kitaphanada oturypdym… – Hawa?! – Sen şonda howlugyp gündeligiňi galdyrypdyň, menem ony aldym. Ilki okamajak boldum, ýöne bilesigelijiligim günüme goýmady. Men hemme zady bilýän. Bolan zat boldyn, geçdi. Men seni söýýän, seň bilen bagtly bolmak isleýärin. – Sen… sen utanoňkmy iliň zadyna el degirmäge? Iliň durmuşy bilen näme işiň? Meniň başymdan geçenlere nebsiň agyran kişi bolup, üstümden güljek bolýaňmy?! Kim näme etsin, namysy ýok gyzy? – diýip, turup gitdi. Men turup yzyndan ylgadym. Yzyndan ýetýänçäm ol taksa münüp gitdi. Özümiň samsyklygyma gaharym geldi, ilki başdan ony gowy görýänimi aýdaýmalydym. Wah, Şirin, kalby ýaraly söýgülim! Ertesi okuwa bardym. Ýöne Şirin gelmedi, utanjyndan gelmedigini bilýärdim. Sapaklar gutaransoň gyzlardan Şirini soradym. Olar Şiriniň öýüne gidendigini aýtdylar. Näme etjegimi bilmedim. Öýe gelip, kakama, ejeme Şirin hakynda aýtdym. Ony gowy görýanimi we öýlenmek isleýänimi aýtdym. Ejem begenip toý şaýyny tutup, olaryň öýleriniň salgysyny aldyrdy. Sähetli gün belläp, gudaçylyga bardylar. Gyz: “Oglany bir gezejik göreýin” diýipdir. Şeýdip, duşuşjak ýerimiz bellendi. Men irden taýýarlanyp, oňa alan ýüzügimi alyp gitdim. Öňki bolşy ýaly, ýene gijä galyp geldi. Meni görüp aljyrady, dili tutulan ýaly boldy. Men hemme zady bolşy ýaly aýtdym. Ony birinji görenimde halanymy, ýöne agraslygy sebäpli aýtmaga çekinenimi, gündeligini halaýanym üçin bilesigelijilik bilen okanymy aýtdym. Şirin ýylgyrdy. Owadan gözlerinde şatlyk peýda boldy. Özüniňem meni halaýanyny, meniň halaýanymdan habarlydygyny aýtdy. Biz, şeýdip, toýa razylyk berdik. Oňa alan ýüzügimi eline dakdym. Iki aýdan toýumyz bolmalydy, hemme zat gowudy. Biz Şirin bilen bileje okuwa barýardyk, bile-de gaýdýardyk. Ol käwagt: “Öýüňizdäkiler gyzlyk hakynda sorasalar näme?” diýip gorkýardy. Men ony “Özüm aldym” diýip aýdaryn” diýip köşeşdirýärdim. “Mundan beýläk saňa men jogapkär ahyry” diýýärdim. Biz bagtlydyk. Bir gün Şirine poçtadan hat geldi. Ol haty kimiň ugradanyny diňe Şiriniň özi bilýärdi. Hamala bu hata öňden garaşýan ýaly, “Haty soň okaryn” diýip sumkasyna saldy. Sapakdan soň umumy ýaşaýyş jaýynda ýeke galan wagty şol haty okan eken. Ertesi irden her kim okuwa geldi. Menem hemişe bolşy ýaly, Şirine umumy ýaşaýyş jaýynyň öňünde garaşyp durdum. Birden “Waý-da, waý, Şirin-de, Şirin” bolup, uly gykylyk eşidildi. Men ylgap içeri girdim. Gyzlar üýşüp durdy. “Hany, ýol beriň” diýip geçdim. Şirin bileklerinden gan akyp, ýerde ýatyrdy. Gözlerime ynanamokdym, bolýan zatlar kelläme sygman başlapdy. Onuň bir elinde “Döwrana” diýen ýazgyly hat bardy, beýleki elinde açyk duran şol poçta bilen gelen hat bardy. Şol hatda şeýle ýazylgydy: “Hawa gözel gyz, durmuşa çykýamyşyň diýip eşitdik. Barjak oglanyň gyz däldigiňi bilýärmi? Ejeň-kakaň biläýse, ýere girip bilmezler. Nowça ýaljak gyzlary eýýäm gyz däl. Beýle gyz bilen haýsy ene-ata ýaşasy geler öýdýäň?! Sen toýdan boýun gaçyrmasaň, it masgarasy ederin! Ejeň bilen kakaň ýürekleri durar ýaly ederin! Oglan, onuň ene-atasy toýy bozup, senden ýüz öwrüp giderler. Şol zatlary isleýän bolsaň, baş üstüne, ýöne ýadyňdan çykarma meniň sözlerimi! MASGARA EDERIN!” Men aglap durşuma “Wah, Şirin, sen nämeler etdiň? Näme üçin meni taşlap gitdiň? Men; näme bolsa-da, seniň ýanyňda boljagyma söz berdim ahyry” diýip, Şirini bagryma basdym. “Döwrana” diýlip ýazylan haty Şirini jaýlanymyzdan soň okadym. Ol hatda: “Döwran! Janym! Meni hijem unutma! O dünýe bu dünýe seni söýerin, ömrümi ýagtyldan güneşimsiň, ejemiň, kakamyň, seniň we eneň-ataň abraýyny gaçyrmak islemedim. Sen maňa hemmelerden gowy düşünýäň. Bu agyr ýüki artyk gerdenimde götermek kyn düşýä. Meni bagyşla! Seni ýeke goýup gidýänim üçin bagyşla!”. Haknazar HALJANOW. | |
|
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |