18:52 Mugallyma ugratmajak hatym | |
MUGALLYMA UGRATMAJAK HATYM
Mugallymym, eşit sesimi! Gynansamam, öň size sesimi eşitdirip bilmedim. Bu gün bolsa sesimiň eşidilmesi üçin ýekeje pursatym bar ýaly. Salam diýip başlaýyn sözlerime… Aslynda, salamy bizden öň siz beriň, salam berenok diýibem gaharlanmaň, haýyş. Salamy öwrediň. Ony haýsy dilde, nädip aýtmalydygyny däl-de, manysyny öwrediň. Bir zadyň ýalňyşdygyny däl-de, ýalňyşyň netijesini öwrediň. Urşan wagtymyz gaharlanmaň. Hiç wagt uruşmadyk barmy eýsem? Goýberiň, adalatsyzlyga, zuluma garşy söweşeýin, söweşmegi öwrediň. Maňa adam bolmagy öwrediň. Ýaşamagy öwrediň. Bu dünýä näme üçin gelendigimi düşündiriň. Biz hem, edil siz ýaly, öz durmuşymyzy ýaşap ýörüs. Köp ýyllaryň tejribesine eýe bolmasak-da, biziňem soňy görünmeýän, gutarmaýan aladadyr dertlerimiz bardyr. Şolardan dogry baş alyp çykmagy öwrediň. Nädip öwrenişmelidigini däl-de, köpçülikde “ýedi ölçäp, bir kesip”, özüňi dogry alyp barmagy öwrediň. Meni roman ýa-da hekaýa ýazmaga mejbur etmäň. Romanlardan, hekaýalardan ybrat alyp ýaşamagy, hatda ýaşatmagy öwrediň. Döwlet senasyny nähili tonda aýtmalydygyny däl, senamyzyň manysyny, ony özümizde duýup ýaşamagy, oňa wepaly bolup galmagy öwrediň. Ýaramaz endikli okuwçylara-da gaharlanmaň, okuwçylaryň ýaramaz endikli bolmagyna sebäp bolan derdi öwreniň. Maňa Jennete nädip mynasyp bolmalydygyny däl, dünýämizi nädip Jennet ýaly gözelleşdirip biljekdigimizi öwrediň. Maňa medal almagy däl-de, adamlaň göwnüni almagy öwrediň. Nesihat bermegi goýuň indi, bizi hemme zat babatda bilimli ediň. Goý, biz öz ýolumyzy özümiz çyzaly. Wagtlaýyn haý-höwes bolan yşky gadagan etmeden öňürti rowaýatlardaky ýaly yşka düşüp, hakyky söýgini araçy edinenleriň ýollaryny düşündiriň… Eýsem men düşünenleriňize däl-de, diýýänlerime jogapkär dälmi näme? Hem siz dälmi ählimiziň sallançakdanmazara çenli öwrenýän okuwçylardygymyzy aýdan?! Şonuň üçin menem size “öwrenýän mugallymym” diýýärin. Bizi tanamagy dowam ediň! Meniň sözlerimiň tersligi gödekligim üçin däl, “bizi” size düşündirmek üçindir. Bilýän, sözlerimde ne öwgi bar, ne-de ýazgarma. Ýöne ýürekden ýazdym sözlerimi. Ýene-de bilýän, gaty görmersiňiz. Sebäbi siz bary-ýogy tema gürrüň berýän hem synag alýan kişi dälsiňiz biziň üçin. Ýol görkezijimiz, doganymyz, hatda enemiz hem atamyzsyňyz! Bizi biz edýäniň sizdigini bilýäris! Salamlarym we hormatlarym bilen… Haknazar HALJANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |