21:09 Şaýmerdan Ibragimow | |
ŞAÝMERDAN IBRAGIMOW
Taryhy şahslar
Moskwanyň Ibragimow köçesiniň 5-nji jaýynda memorial tagta peýda boldy. Onda Semýonow ploşadynyň töweregindäki kiçeňräk köçäniň haçan we kimiň hormatyna şeýle ada mynasyp bolandygy barada maglumat bar. ...Şaýmerdan Ibragimow 1899-njy ýylda Moskwada dogulýar. Ýetginjekkä slesaryň kömekçisi bolup zawoda işe girýär. Iş bilen agşamky mekdepde okuwyny dowam etdirýär. Ol mekdepde bolşewikler bilen tanyşýar. Soňra rewolýusion işe baş goşýar. Şaýmerdan Ibragimow 1916-njy ýylda tussag edilýär. Fewral rewolýusiýasy ony türmeden boşadýar. Şondan soň ol ur-tut partiýa işine goşulýar. 1917-nji ýyldan RSDI (b) P-niň Moskwa şäher Blaguşe - Leforta raýon komitetiniň sekretary, Moskwa Sowetiniň ispolkomynyň çleni bolýar. Graždanlyk urşy ýyllarynda Ibragimow ýaş proletar döwletiniň duşmanlarynyň garşysyna göreşe gatnaşýar. Ol 1926–1927-nji ýyllarda Türkmenistan Kommunistik bolşewikler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary bolýar. Ol nirede işlese-de halkyň aladasy bilen dem aldy, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda syýasy işgär hökmünde Nowgorodyň eteginde hem-de Leningrad frontunda söweş günlerini başdan geçirdi. SSKP MK-nyň ýanyndaky marksizm-leninizm institutynyň Türkmenistan filialynyň arhiwinde onuň Wladimir Iliç Lenin bilen bolan duşuşygy hakyndaky maglumatlar saklanýar. Şaýmerdan Ibragimow 1958-nji ýylda Moskwada aradan çykdy. 1915-nji ýyldan SSKP çleni Şaýmerdan Narymanowiç Ibragimow 1919-njy ýylda Gündogar halklarynyň kommunistleriniň gurultaýyna delegat saýlanýar. Soňra ol on ýyl töweregi gündogar halklarynyň-- başgyrtlaryň, tatarlaryň, türkmenleriň işlerine ýolbaşçylyk etdi. Ol milletleriň işleri boýunça halk komissariatynda şol halklaryň wekili hökmünde çykyş etdi. Şeýle hem ol gündogar halklarynyň kommunistik guramalarynyň Merkezi Býurosynyň sekretary bolup işledi. Leniniň milli syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, oňa Leniniň hut özi bilen duşuşmak, onuň bilen gürrüňdeş bolmak birnäçe gezek miýesser etdi. 1919-njy ýylyň noýabrynda gündogar halklarynyň kommunistik guramalarynyň wekilleriniň N Bütinrussiýa gurultaýyny çagyrmak hakdaky guramaçylyk komissiýasyna saýlandy. Şol gurultaýda Wladimir Iliç Lenin doklad bilen çykyş etdi. ŞAÝMERDAN IBRAGIMOWYŇ ÝATLAMASYNDAN Gurultaýyň delegatlarynyň arasynda azerbaýjan, başgyrt, gazak, tatar, özbek kommunistleri bilen bir hatarda gündogaryň beýleki milletlerinden hem kommunistler bardy. Haçan-da, gurultaýda Leniniň çykyş etjekdigi mälim bolandan soň, ýene-de ýüz delegat gurultaýa gelip goşuldy. Lenin gurultaýa geldi. Ony şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladyk. Proletariatyň beýik serdary gündogar halklarynyň imperializme garşy hem-de rewolýusion herekete gatnaşygy hakda aýdyň gürrüň etdi. Iliçiň bu ýalkymly çykyşy hemmämizde güýçli täsir galdyrdy. Soňra Lenin gurultaýyň delegatlaryny graždanlyk urşunyň frontlaryndaky ýagdaý bilen tanyşdyrdy. Biz — Gündogar halklarynyň kommunistik guramalarynyň wekilleri Iliçiň öňümizde goýan wezipelerine örän aýdyňlygy bilen düşündik. Gurultaýda Merkezi Býuronyň hasabaty, Merkezi musulman harby kollegiýasynyň doklady, Tatar-Başgyrt awtonom respublikasynyň döredilýändigi hakdaky habar diňlenildi. Käbir meseleler boýunça dürli-dürli pikir ýüze çykdy. Lenin şonda bu meseleleri öz dolulygy bilen aýdyňlaşdyrmagy tabşyrdy. 1919-njy ýylyň ahyrynda gündogar halklarynyň kommunistik guramalarynyň Merkezi Býurosynyň sekretary bolan meni, şeýle hem başga-da birnäçe ýoldaşlary Kremle, Wladimir Iliç Leniniň ýanyna çagyrdylar. Leniniň kabulhanasynda men Şamygulowy, Naryman Narymanowy, Biserowy hem-de Türkmen oblastynyň delegasiýasynyň ýolbaşçysy, meniň atdaşym Ibragimowy, başga-da tanyş-u nätanyş adamlary görüp, olar bilen salamlaşdym. Mesele gündogar halklarynyň işlerine dahyllydy. Bizi haý diýmän Iliçiň kabinetine çagyrdylar. Lenin bizi güler ýüz bilen garşylady. Onuň kabinetinde partiýanyň Merkezi Komitetiniň sekretarlary hem-de Syýasy Býuronyň çlenleri otyrdylar. Iliçiň teklibi boýunça biz gurultaýda ýüze çykan dürli pikirleri ara alyp maslahatlaşmaga girişdik. Ýoldaşlaryň köpüsi Tatar-Başgyrt Sowet Sosialistik respublikasyny döretmelimi ýa-da iki sany awtonom respublikasyny döretmelimi diýen mesele hakda gyzgyn jedele girýärdi. Gurultaýda bolsa olaryň ikisiniň hem birleşdirilmegi hakda pikirler orta atylypdy. Emma biziň köpimiz bu pikir bilen ylalaşmadyk. Iliçiň kabinetinde asuda, şol bir wagtyň özünde ýürekdeş we dostlukly gürrüň dowam edýärdi. Kommunistler çekinmän-zat etmän, öz pikirlerini aýdýardylar. Maslahatda menem çykyş etmeli boldum. Meniň şol wagtlar ýigrimi bir ýaşym bardy. Çykyşymyň başynda aljyrajak ýaly etdim. Çünki meni Leniniň hut özi diňleýärdi ahyryn! Emma Iliçiň mähirden doly gözlerine gözüm sataşandan mendäki aljyraňňylyk zym uçan ýaly boldy. Türküstan delegasiýasynyň ýolbaşçysynyň öz işleri hakdaky gulala-gullukli sözlerine garşy çykyp, işleriň hakykatdan beýle däldigi hakda aýdyp başladym. Wladimir Iliç döşüni stola berip, meni üns bilen diňleýärdi. Käwagtam kagyza bir zatlar ýazyşdyryp, ony kimdir birine geçirýärdi. Ýazgynyň jogabyny alansoň, ony ýazan adama garap başyny silkýärdi. Haçanda mejlis tamamlanandan soň, Lenin biziň her birimiz bilen aýry-aýrylykda hoşlaşdy. TÜRKMENISTANDA Şaýmerdan Ibragimow 1926-njy ýylda Türkmenistana işe iberildi. Ol indi Türkmenistan Kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretarydy. Ol türkmenistanly ýoldaşlaryň ençemesi bilen ozaldanam tanyşdy. Eýsem-de bolsa, respublikanyň öňünde durýan wezipelerine-de, onuň üstünlikleridir heniz has bärden gaýdýan işlerine-de beletdi. Medeni gurluşda käbir öňe gidişlikleriň bardygyna garamazdan, iki aýagy bilen agsaýan zatlar bardy. Şu çaka çenli mekdep ýaşly çagalaryň bary-ýogy 15 prosenti mekdebe çekilipdi. Galan 85 prosenti mekdepden daşarda galdyrylypdy. Olaryň köpüsi hem başgaça terbiýe alýardylar. Olaryň ençemesi dini mekdeplerde okaýardylar. Partiýanyň Merkezi Komitetiniň sekretary Şaýmerdan Ibragimow mekdepleriň sanyny gineltmekden ötri, bar bolan mekdepleriň işini ýola goýmaga, ony berkitmäge uly üns berip başlady. Mekdepleriň heniz obalaryň talabyndan has bärde işleýänligine, köp mugallymlaryň sowadynyň gaty gowşakdygyna jogapkär adamlaryň ünsüni çekýärdi. Mekdeplerde heniz okuw gollanmalary, okuw kitaplary ýetenokdy. Döwlet apparatynda-da entek-entek kämilleşdirmeli bir topar meseleler ýatyrdy. Şaýmerdan Ibragimow bu meselelere partiýanyň birinji derejeli wezipesi hökmünde garaýardy. – Biz häzir galagoply hem-de howsalaly döwürde ýaşaýas. Şonuň üçinem biziň partiýa guramamyzyň agzybir bolmagy, bir bitewi bolmagy zerur. Her birimiziň öňde durýan wezipelere hötde gelmegimiz üçin el-ele berip işlemegimiz zerur–diýip, Şaýmerdan Ibragimow her bir çykyşynda ündeýärdi. Ol çykyşlarynyň birinde partiýa işgärlerine şeýle maslahat bilen ýüzlenipdi: — Ýene-de bir meselä biziň hemmämiziň üns bermegimiz gerek. Olam türkmen işgäriniň öz raýonynda işlemek meselesi. Käbir guramalarda ýerli türkmenler bilen başga ýerden gelen adamlaram bar. Olary ýerli halk hem-de ýersiz halk diýip bölýärler. Bu terminleriň soňuna çykmaly. Islendik türkmen işgäri, haýsy raýonda işländigine garamazdan, ol ýerli halkdyr. Eger-de sosiýal taýdan seredende, biziň işgärlerimiziň köpüsi daýhanlardyr. Eger-de şeýle bolsa, onda olaryň hemmesi-de ýerli halk dälmi näme! Daýhanyň hem ýeriniň bardygyny, ýöne ol ýeriň başga bir raýondadygyny unutmaly däldiris. Bu düşünjäniň aramyzdan aýrylmagyny gazanmaly. Çünki ol adamyň mertebesini kemsidýär. Islendik türkmen işgäri respublikamyzyň islendik raýonynda işlemäge haklydyr. Nirä iberilýändigine garamazdan, ol ýerli halka degişlidir. Käbir ýoldaşlaryň pikiriçe, öz ýaşaýan okrugynda, ýolbaşçy işgärleriň hemmesi özli-özleri bolmalymyşyn. Bu biziň leninçilik syýasatymyza ters gelýän zatdyr. Işgärleriň bir raýondan başga bir raýona işe iberilmeginde biz başga maksatlary-da göz öňünde tutýas. Işe iberilen ýoldaşyň gözýetimi has-da giňelýär. Özüne nätanyş raýonyň adamlaryny içgin öwrenýär. Işe has-da belet bolýar. Biziň häzirki şertlerimizde şeýle iş özüni doly ödeýär–diýip pikir edýärin. Eýsem-de bolsa, ýolbaşçy wezipä çekilen ýoldaşyň kähalatlarda öz ýaşaýan ýerinde dogan-garyndaşlarynyň täsirine duşup, işi başgaça alyp barandygynyň faktlary azmy näme?.. Şaýmerdan Ibragimow Türkmenistanda uzak wagtlap işlemedik bolsa-da, özi hakynda gowy ýatlamalar galdyrdy. Ol Gaýgysyz Atabaýew, Halmyrat Sähetmyradow, Çary Wellekow, Döwlet Mämmedow, Hajy we Öwezgeldi Atabaýewler, Bäşim Gulbeşerow ýaly, türkmen halkynyň merdana ogullary bilen türkmen ülkesinde täze durmuş gurmak ugrundaky göreşde güýç-gaýratyny gaýgyrmady. Çünki ol rewolýusion göreşde polat deýin taplanypdy. Ol heniz Türkmenistana işe iberilmänkä-de, rewolýusiýa ugrundaky göreşiň, ähli kynçylyklaryny başdan geçirmeli bolupdy. 1915-nji ýyldan partiýanyň çleni bolan Şaýmerdan Ibragimow graždanlyk urşy döwründe Gündogar flotuň birinji rewolýusion armiýasynda komandirlik wezipelerinde gulluk edýär. Kronşdat wakasyna (1921) gatnaşýar. 1919–20-nji ýyllarda ol RK (b) P MK-nyň ýanyndaky gündogar halklaryň kommunistik guramasynyň Merkezi Býurosynyň sekretary, 1921-nji ýylda Bütinrussiýa Merkezi Ispolnitel Komitetiniň hem-de Russiýa Kommunistik (bolyşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Krym işleri baradaky komissiýasynyň başlygy, 1922-nji ýyldan başlap, Milletleriň işleri baradaky halk komissariatynyň ýanyndaky Gündogar bölüminiň müdiridi. 1924–1926-njy we 1928–1930-njy ýyllarda Bütinsoýuz Kommunistik (bolyşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň apparatynda işledi. 1926–1927-nji ýyllarda Türkmenistan Kommunistik (bolyşewikler) partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary. 1931–1933-nji ýyllarda Gyzyl professura institutynda okaýar. 1933–37-nji ýyllarda SSSR Halk Komissarlar Sowetiniň Leningrad oblasty boýunça ygtyýarly wekili. 1937—1938-nji ýyllarda partiýanyň Pskow okrug komitetiniň sekretary, 1938–40-njy ýyllarda Bütinsoýuz oba hojalyk sergisiniň Arhitektura-çeperçilik sergisiniň instruktory, soňra sekretary boldy. 1942–45-nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşdy. 1946-njy ýyldan ol Bütinsoýuz «Soýuzutil» kontorasynyň uprawlýaýuşisiniň orunbasarydy. Ş.Ibragimow Kominterniň II kongresiniň (1920) býurosynyň we SSSR Merkezi Ispolnitel Komitetiniň çlenidi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |