04:20 Sazyñ döreýşi | |
SAZYÑ DÖREÝŞI
Aýdym-saz sungaty
"Saz bilen söhbete ýaman diýmäñler, Adam, Howa dünýä inende bardyr". Mahmyt Gaýyby Saz sungatynyñ taryhy irki döwürlere uzaýar. Rowaýata görä, Allatagala Adam atany palçykdan ýaradanda, onuñ jany bedenine girmejek bolanda, saz bilen salanmyşyn diýýärler. Iññän gadymy eýýamlarda guşlaryñ jükürdisinden, suwlaryñ şirrildisinden, ýagyşyñ şybyrdysyndan, şemalyñ we kenara urulýan tolkunlaryñ sesinden täsirlenen adamlar içi boş agaja deri aýlap urup, haýwanyñ içegelerinden ýasalan ýüpleri kiriş ýaly edip dartyp, buýnuzdan, şahdan ýa-da taýakdan edilen tüýdük pisint zatlary üfläp tebigatdaky seslere öýkünmäge başlapdyrlar. Ilkibaşda yşarat bermek üçin maksady bilen ulanylan by "sesler soñabaka göwünlerine ýarajak şekilde üstünde işlenilip ilkinji saz döredildi. Gadymy zamanlardan bäri dini däp-dessurlar ýerine ýetirilende sazyñ orny uly boldy. Biziñ günlerimize çenli gelip ýeten iñ gadymy saz tekstleri Hindistandaky 3.000 ýyllyk Weda aýdymlarydyr. Saz boýunça ilkinji düzgünleri kämilleşdirenler gadymy greklerdir. Sazyñ we tansyñ adamlaryñ durmuşynda aýratyn orun tutan Gadymy Gresiýasynda şahyrlar lir saz guralyna ýanap poemalaryny okapdyrlar. Saz manysyny berýän "музыка" sözi gadymy gresiýalylaryñ ynanan ylham perileri muzalaryñ adyndan gelip çykypdyr. Şol bir wagtyñ özünde "mousike" sözi muzalaryñ penakärlik edýän her bir sungat ugry we ylmyñ şahasy üçinem ulanylypdyr. B.e.öñki VI asyrda akustikanyñ düýbüni tutan Pifagor sazy matematiki hasaplamalar arkaly işläp, sesiñ belentlugi bilen kirişiñ uzynlygynyñ arasyndaky arabaglanyşygy kesgitläpdir. Hytaýlylar hem edil gadymy grekler ýaly sazyñ şatlyk we gaýgy-gam duýgularyny oýandyrmakdaky güýjüni gowy bilipdirler. Olar sazyñ hudawy güýjüñ ýañydygyna ynanypdyrlar. Bu ynanç soñ-soñlaram dowam edipdir. Hristianlygyñ ilkinji ýyllaryndan başlap, saz täsirli dini beýan ediş serişdesine öwrüldi. Saz sözüñ ganaty hökmünde ulanyldy. Melodiýalar dini tekstleriñ has düşnükli we has täsirli bolmagynda möhüm oýnady. Martin Lýuter ýaly hristian dininiñ öñdebaryjy wekilleri sazy dindarlygyñ güýçlenmeginde täsirli serişde hasaplapdyrlar. Sazyñ ösüşi taryhyñ dürli döwürlerinde kän-kän üýtgeşmeleri başdan geçirdi. Orta asyrlarda saz häzir tonallyk diýilýän major we minor ses yzygiderliliginden daşgaryn ses yzygiderliligine görä ýazylypdyr. Tonallyk we oktawa (birinji sesden sekizinji sese çenli aralyk) XVII asyrda kämilleşdirildi. @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |