19:39 Sekiz günläp Owganystanda | |
SEKIZ GÜNLÄP OWGANYSTANDA
Ýol ýazgylary
I. Üstümizdäki ýylyň maý aýynyň 6-syndan 13-i aralygynda Owganystan Respublikasynda bolmak miýesser etdi. SSSR Žurnalistler soýuzynyň delegasiýasy üç adamdan – Belorussiýa Žurnalistler soýuzynyň prawleniýesiniň başlygynyň birinji orunbasary Aleksandr Wikentýewiç Safronenko, Başgyrdystan Žurnalistler soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy, respublikanyň halk deputaty Rizwan Zakyrhanowiç Hajyýew we şu setirleriň awtoryndan ybaratdy. Ozal Owganystan hakda kompozitor Ata Esadow bilen birnäçe aýdym ýazanam bolsak, öň bu toprakda bir gezek hem bolup görmändim. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlip, hak aýdylan eken. Muňa men owgan topragyna baranymdan soň, ýene bir gezek göz ýetirdim. Bu ýurt hakda öňki okanlarym, eşidenlerim bir ýana, gören zatlarym hem bir ýana. Ilki bilen gadymy owgan ýurduna nazar salalyň. Ýurduň 16 million ilaty bar. 2384 kilometr biziň bilen araçäkdeş. Ýurt köpmilletli. Munda puştunlar, täjikler, özbekler, hazarylar, türkmenler, çaraýmaklar, nurustanlydyr buluçlar, gazak, gyrgyz, arap we başga milletler ýaşaýar. Gepiň gysgasy 20 milletiň, 100 taýpanyň wekilleri ýaşaýarlar. Ýurt 31 welaýata, 191 uýezde, 100 wolosta, 35 müňe golaý gyşlaga bölünipdir. Welaýatlara gubernatorlar (käbir welaýatda general-gubernator) ýolbaşçylyk edýär. Olar ýurduň prezidenti tarapyndan bellenilýär, şonuň üçinem olar gös-göni hut prezidentiň garamagynda. Kabulda 2 million adam ýaşaýar. Iň uly şäherleri Gandagar, Hyrat, Mazary-Şerif, Jelalabat, Gunduz. Häzir ýurtda demokratik özgerilişikler ýola goýulýar. Bu Owganystan hökümetinde-de mese-mälim duýulýar. Öň hökümet ýolbaşçylarynyň ählisi halk demokratik partiýasynyň agzalary (häzir ol Watan pariýasy diýlip atlandyrylýar – A. Ç.) bolan bolsalar, indi beýle däl. Geçen ýylyň maýynda prezident Najybulla premýer-ministrlige partiýada däl Halekýary belläpdir. Täze hökümetiň sostawynda ýolbaşçy wezipeleriň 36-syndan 12-si Watan partiýasynyň agzalary, 1-i Owganystan zähmetkeşleriniň rewolýusion guramasynyň agzasy, 23-si bolsa partiýada däl adamlardyr. On iki ýyldan bäri dowam edýän uruş ýurduň ykdysadyýetine, oba hojalygyna, magaryfyna uly zarba urupdyr. Kabulyň özünde, uly şäherlerde mugallym kadrlary ýetmezçilik edýär. Mekdep jaýlary ýeterlik däl. 15 we ondan ýokary ýaşly ilatyň sowat derejesi 18 prosent. Mekdep ýaşly çagalaryň diňe 40 prosenti okaýar. Ýurtda 1365 sany mekdep bar. Kabulda, Nangarharda, Balhda, Hyratda uniwersitetler bar. Kabulyň özünde yslam uniwersiteti ýola goýlupdyr. Mundan başga-da paýtagtda politehniki institut (SSSR-iň kömek bermegi bilen) medisina, pedagogik institutlary işleýär. Kabulda magdan-nebit, awtomehanik, oba hojalyk tehnikumlary hem bar. Oppozisiýaçylar tarapyndan ýurtda 1,8 müň mekdep weýran edilipdir, mugallymlaryň 2 müňden gowragy öldürilipdir. Ýurtda ortaça ýaşaýyş derejesi 41 ýaş. Täze doglan 1 müň çagadan 200-250-si ýogalýar. Owganystanda radiostansiýalaryň 25-si işleýär. Radio iki dilde puştu we dari dillerinde alnyp barylýar. Daşary ýurtlar üçin bolsa iňlis, rus, nemes, fransuz, arap, urdu we beýleki dillerde taýýarlanylýar. Başga ýurtlarda ýaşaýan owganlar üçin «Watan sesi» atly gepleşik berilýär. Owganystanyň milli telewideniýesi 1978-nji ýylyň martyndan bäri işleýän eken. Biz telewideniýäň jaýynda bolduk. Telemerkezine aýlanyp, studiýalaryny synladyk. Telewideniýäniň jaýy berk goralýar. Eli ýaragly esgerler, tank howla girilýän ýerde dur. Biz diňe bir Kabul şäherinde däl, eýsem birnäçe ýyllap gazaply söweşleriň geçen ýerlerinde hem bolup gördük. Harby wertolýotly Nangarhor welaýatyna degişli uýezdleri, gyşlaklary ýokardan synladyk. Welaýatyň merkezi şäheri bolan Jelalabadyň san-sajaksyz dükanlaryna aýlandyk. Dükanlarynda göwün islän zadyňy almak bolýar. Ýöne olaryň nyrhy hem göwün diýeniňden ýokary. Her niçigem bolsa eýdip-beýdip bahalaşmak bolýan eken. Biziň synlan dükanlarymyzyň eýeleriniň köpüsi hindi milletinden bolan adamlar. Olar köp döwürden bäri şu ýerde ýaşap, mekan tutupdyrlar. Olar özleriniň däp-dessuryny, egin-eşiklerini saklapdyrlar. Biz «Uazik» maşynlaryna münüp Jelalabat şäherinden 25 kilometr uzaklykda ýerleşýän harby postlaryň 2-nji liniýasyna tarap ugradyk. Birki ýyllykda-da biziň ýönelen tarapymyz majehetleriň elinde eken. Biziň ýanymyzda welaýatyň general-gubernatorynyň döwlet howpsuzlygy boýunça orunbasary, polkownik Sabyr hem bar. Orta ýolda biziň öňümizden üsti ýükli, adamly bir äpet maşyn çykdy. Birsalym olar bilen gürrüňdeş bolduk. Olar owgan söwdagärleri bolup Pakystan tarapdan gelýän ekenler. «Majehetler olara känbir degip duranok. Sebäbi olar söwdagärleriň üsti bilen ep-esli gazanýarlar. Ýolda saklap, her maşyndan 2-3 milliona çenli paç alýarlar» diýip düşündirdiler. Ikinji liniýada gurlan harby postdan biz majehetleriň eýeläp oturan ýerlerine dürbi bilen seretdik. Garnizonyň komandiri podpolkownik Seýit Zerwerjandan: «Bu ýerde majehetler bilen iň soňky söweş haçan boldy?» diýip soradym. Ol «Geçen ýyl» diýip jogap berdi. Ikinji liniýada aňyrda üçünji liniýa bar eken. Olam hökümet goşunlarynyň gözegçiliginde. «Şu duran ýerimizden Pakystanyň araçägi 60 kilometr» diýdiler. Jelalabat şäherinde öň Zahyr şanyň dynç alýan köşgüne aýlandyk. Köşk diýseň köşk. Ol bir asyrdan gowrak wagt mundan öň Abdylla han tarapyndan salnan eken. Zahyr şa gyşyna üç aýlap şu köşkde ýaşaýan eken. Sebäp diýeniňde Jelalabat subtropik ýer bolansoň, gyşyna şeýle bir sowuk bolmaýan eken. Köşgüň içindäki Zahyr şanyň dynç alýan otagyna, maşgalasy bilen gelende bolýan otagyna aýlandyk. Bular köşgüň ikinji gatynda ýerleşýär. Köşgüň içi mermer daşyndan. Ýeri gelende aýtsak, Kabulda-da köp jaýlar mermerden salnan. Çünki Owganystanda bu daşy uly harajat çykaryp başga bir ýerlerden getirmegiň geregi ýok. Şeýle daşa owgan topragy gaty baý. Welaýatyň general-gubernatory, general-polkownik Muhammet Afzal Ludin sowet, polýak, hindi we şwed žurnalistleriniň köp sowallaryna jogap berdi. Oppozisiýalar Kabula tarap barýan ýoly ýapmak üçin Jelalabada gaty köp hüjüm edipdirler. Olar käbir ýeňiş gazananam bolsalar, pirimleri başa barmandyr. Jelalabatdan 83 kilometr uzaklyga çenli täze harby postlar döredilipdir. Emma muňa garamazdan, üç ýyldan bäri olar bu gara niýetlerini amala aşyrmak üçin dek ýatanoklar. Geçen ýylyň özünde olar Jelalabadyň üstüne 12 gezek hüjüm edipdirler. Her gezegem hökümet goşunlary olary yza serpikdiripdir. Olaryň ýeňlişiniň sebäbi oppozisiýaçylaryň öz içinde agzybirlik ýok, şeýle hem olar olja alan zatlarynyň üstünde oňuşmaýarlar. Oppozisiýalardan arassalan gyşlaklarda, uýezdlerde ýykylan suw desgalary dikeldilýär. Jelalabatda zeýtun zawody işe girizilipdir. Datunta elektrik stansiýasynyň işi ýola goýlupdyr, telefon stansiýasy gurlupdyr. Oba hojalygyna aýratyn üns berilýär. Häzir welaýatda 289 müň adam hökümediň kontrollyk edýän ýerlerinde ýaşaýar. Logar welaýatynyň Bagjan jülgesinde hökümet goşunlary uly ýeňiş gazanypdyrlar. Biz söweş operasiýalaryna ýolbaşçylyk edýän general-polkownik Azym Zormäti bilenem şo jülgede tanyşdyk. Hatda az wagtyň içinde dostlaşmaga-da ýetişdik diýsem lap etdigim bolmazdy. Onuň ady ýurtda meşhur. Ol uly wezipäni eýeleýär. Azym Owganystan Içeri işler ministriniň birinji orunbasary. Ol dürli söweşlerde ýedi ýerinden ýaralanypdyr. Biz generalyň beýik dagyň üstündäki ştabyndan maşynly aşak düşüp gelýärkäk öňümizden üç-dört sany BTR bilen onlarça esgeri, owgan ýaşulularyny görüp, saklandyk. Öňümizden barýan general maşyndan düşdi. Onuň kömekçisi biziň maşynymyzyň ýanyna gelip, «Eger gaty görmeseňiz, maşyndan düşmän otursaňyz» diýdi. Ýanymda oturan sowet ilçihanasynyň 3-nji sekretary Andreý Konstantinowiç Ýuşmanowa puştu dilinde bir zatlar düşündirdi. Andreý Konstantinowiç onuň aýdanlaryny bize düşündirdi. «Bular Pakystana giden adamlar. O ýerik gitmänkäler şu jülgede ýaşaýan ekenler. Indem gelipdirler. Häzir general bilen gepleşik geçirjekler» diýdi. Töwerek-daşyň asudalygyna garamazdan, bir tegelek bolup oturan adamlary eli ýaragly esgerler gurşap aldylar. Şu ýerde maňa Andreý Konstantinowiç şeýle bir wakany gürrüň berdi. Geçen ýyl ýurduň premýer-ministri Halekýar gyşlaklaryň birinde şeýle gepleşik geçirip otyrka, prowokatorlaryň biri olary tüpeň okuna tutupdyr. Halekýaryň özi ýaralanypdyr, hökümet goşunynyň tarapyna geçen oppozisiýaçylaryň komandirleriniň biri öldürilipdir. 10-15 minut maşynyň içinde oturanymyzdan soň, bize gelip «General size rugsat berýär. Eglenmeli boljak. Barjak ştabyňyza özüm bararyn, gidiberbsinler» diýip aýtdylar. Bizi generalyň adamlary ugradyp, başga bir söweşjeň polkuň ştabyna getirdiler. O ýerde biz polk komandirleri, podpolkownik Şirhan (34 ýaşynda, rusçany oňat bilýär. Nowosibirskide okapdyr), polkownik Faruk Tupan (30 ýaşynda) polkownik Soltan Zargun (40 ýaşynda) bilen duşuşyp, söweş ýagdaýlary bilen tanyşdyk. Olar bize majehetler bilen söweşlerde ele salnan daşary ýurtly ýaraglaryň birgidenini görkezdiler. Şolaryň içinde ABŞ-da öndürilen «Sakard–30» raketasy hem az däldi. Birnäçe wagtdan soň generalyň özi hem geldi. Ol ýaşulular bilen ylalaşyga gelendiklerini aýtdy. «Pakystandan maşgalaňyzy göçürip getiriň. Biz size jaý dikeltmäge-de kömek ederis» diýip general söz beripdir. Azym Zormäti 40 ýaşandygyna garamazdan eýýäm general-polkownik harby çinine eýe bolupdyr. Bu onuň söweşlerde gaýduwsyzlyk görkezýändiginden alamat. Esgerleriň, ofiserleriň arasynda onuň abraýy uly eken. Wagjan jülgesinde Owgan telewideniýesiniň harby redaksiýasynyň baş redaktory Ýasin Hamuş hem boldy. Ol aýdymçy şahyr eken. Biziň dilmajymyz Wahyt Maksudy hem onuň redaksiýasynda işleýär. Wahyt Moskwada, Patris Lumumba adyndaky uniwersitetde okap, hukuk bilimini alypdyr. Agşam Owgan telewideniýesinde biziň Wagjan jülgesinde bolanlygymyz hakda puştu we dari dillerinde sýužet görkezdiler. Kabul şäherinde bize Babyryň bagy diýilýän ýerde bolmak miýesser etdi. Ol 50 gektar ýeri tutup otyr. Şo bagda Zahyretdin Muhammet Babyr şanyň metjidi bar. Metjit 1056-njy hijri ýylynda salnypdyr. Onuň gurluşygyna bir müň owgany harç edilipdir. Babyryň mazary hem metjidiň gapdalynda. Ol 899-njy hijri ýylynda tagta geçipdir. 937-nji ýylda, 49 ýaşynda Agra şäherinde ýogalypdyr. Aradan çykmazyndan ozal, onuň özi «Eger men öläýsem, onda meniň jesedimi Kabula äkidip jaýlaň» diýip, wesýet edipdir. Onuň wesýeti berjaý edilipdir. Babyryň guburynyň çepinde 3 sany mazar bar. 2-si uly adamynyňky, biri hem ýaş çaganyňky bolmaga çemeli. Sagynda hem bir mazar – ol Babyryň aýalynyň gubury. Şu guburlaryň ýokarsynda bolsa onuň gyzy jaýlanypdyr. Gyzyň ady Hatyja eken. Bagyň içinde ullakan bir goja çynara gözümiz düşdi. Ol köp-köp wakalaryň şaýady bolan bolmaly. Bagyň bagbany 66 ýaşly Muhammet Hüseýinden başga-da ýene-de 25 adam şu baga hyzmat edýän eken. Bagdaky uly howuzda aladasyz-gamsyz owgan çagalarynyň hezil edip suwa düşüşlerini synladyk, baga seýil etdik. Pursatdan peýdalanyp, men şu ýerde SSSR-iň Owganystandaky Baş ilçisiniň geňeşçisi Aleksandr Stepanowiç Oblow hakda birki agyz aýtmakçy. Ol ellinji ýyllaryň ahyrlaryndan bäri Owganystanda işleýär. Ol owgan topragyna, owgan adamlaryna bäş barmagy ýaly belet. Ony baran ýerinde güler ýüz bilen garşy alýarlar. Aleksandr Stepanowiç puntun diline suwara. Iki ýurduň arasyndaky goňşuçylykly gatnaşyklary, dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda onuň hyzmaty uly. Biziň delegasiýamyz sekiz günläp owgan topragynda boldy. Sekiz günläp bu topragyň nazy-nygmatlaryny, duz-çöregini iýdik. «Bir gün duza müň gün salam» diýlişi ýaly, owgan topragynda bolan günlerimiz biziň uzak wagtlap ýadymyzdan çykmaz. Owganystan bu gün agyr günleri başdan geçirýär. Indi näçe wagtdan bäri Pakystan plasdarmyndan owgana hüjüm edilýär. Biz baranymyzda majehetler Hosta hüjüm edip, ony eýelän ekenler. Hökümet goşunlary oňa jogap hökmünde Wagjan jülgesini oppozisiýaçylardan azat etdi. Bu-da uly ýeňiş. Häzir döwlet býužetiniň 65 prosenti goranyşa gidýär. Watan partiýasynyň agzalarynyň 72 prosenti bolsa söweşýär. Biziň söhbetdeş bolan adamlarymyz sowet esgerlerini, ofiserlerini uly hormat bilen ýatlaýarlar. Sowet goşunlary çykandan soň, hökümet goşunlary ýeňiler diýip, welilik satan adamlaryň pikiri ýalana çykaryldy. Owgan goşunlary oppozisiýalara berk zarba urýar. Ýerli ilat hem indi kimiň-kimligine göz ýetirip ugrapdyr. Haçanda majehetler Hosty eýelände, eden-etdilige ýüz urupdyrlar. Dükanlary talapdyrlar, ilata zorluk, sütem edipdirler. Ýurduň prezidenti Najybullanyň giň programmasy bar. Ol urşy bes edip, «tegelek stoluň» başynda ylalaşyga gelmegi öňe sürdi. Emma oppozisiýaçylaryň ýolbaşçylary muňa boýun bolanoklar. Şeýle-de bolsa halkyň aglaba bölegi Najybullanyň syýasatyny goldaýar. «Kyýamat güni goňşudan» diýen bir gowy pähim bar. Biziň bu gadymy pähimi unutmaga hakymyz ýok. Sowet Soýuzy bilen Owganystanyň dostlukly gatnaşyklary Beýik Oktýabrdan soň hasam berkäpdi. Şeýle goňşuçylykly gatnaşyklar Patyşa Russiýasy döwründe-de bolupdy. Baryp 1921-nji ýylda owgan lýotçikleri Russiýada okadylar. Owganystan sekiz ýüz müň altyn puly, galla bilen Powolžýäniň açlyk çekýän halkyna iberipdi. Haçanda faşistik Germaniýa Sowet Soýuzynyň üstüne ähtiýalanlyk bilen çozanda Owganystan hökümeti german we italýan ilçihanasyny öz ýurdundan çykarypdy. Owgan tarapyndan sowet territoriýasyna ýekeje-de ok atylmandy. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda owgan esgerleriniň birtopary sowet goşunlarynyň hatarynda söweşmek bilen Berline baryp ýetdi. Uruş gutarandan köp ýyllardan soň şol esgerleriň biri diri eken. Oňa Watançylyk urşy ordeni gowşurylypdyr. Beýik sowet alymy Nikolaý Wawilow 1927-nji ýylda «Zemledelçeskaýa Afganistan» diýen işini ýazan eken. Ol şu işini ýazmak üçin alty aýlap bütin owgan topragyny paý-pyýada aýlanyp çykypdyr. Owganystanyň sahy topragy bar. Topraga bagry badaşan janypkeş babadaýhanlary bar. Olar ýylyň bütin dowamynda gök önüm bilen ýurdy üpjün edýär. Owganystan baý ýurt. Ýöne ol häzir öz baýlygyna erk edip bilenok. Baýlyga erk etmek üçin ýurduň asudalygy gerek. Owganystana şu wagt hemme zatdan zerur zat – parahatçylyk! Biz Kabulda bolan günlerimiz Owganystan bilen SSSR Žurnalistler soýuzlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk baradaky ylalaşyga gol çekdik. Owgan tarapyndan Owganystan Žurnalistler soýuzynyň başlygynyň orunbasary Farid Şaýan gol çekdi. Oňa SSSR-iň wekili hökmünde menem öz golumy goýdum. Goňşuçylykda şeýle pähim bar: «Gel okaram, git okaram, gelmeseň, gitmeseň, ýit okaram». Hak aýdylan sözler! «... OWGANYSTAN PARÇA-PARÇA» II. Moskwadan Kabula ugramazymyzyň öň ýany SSSR Žurnalistler soýuzynyň prawleniýesiniň täze başlygy Eduard Mihaýlowiç Sagalaýew, onuň orunbasary Nuruhzar Tophadze we soýuzyň beýleki jogapkär işgärleri biziň bilen söhbetdeş boldular. Hoşlaşanymyzda Eduard Mihaýlowiç: «Siz nirä uçup barýanyňyzy özüňiz menden gowy bilýäňiz. Ýöne howsala düşer ýaly zat ýok. Ýoluňyz ak, işiňiz rowaç!» diýip, ak ýol arzuw etdi. Biziň delegasiýamyz üç adamdan ybaratdy: Belorussiýa Žurnalistler soýuzynyň prawleniýesiniň başlygynyň birinji orunbasary Aleksandr Wikentýewiç Safronenko, Başgyrdystan Žurnalistler soýuzynyň başlygy, Başgyrdystanyň halk deputaty Rizwan Zakyrhanowiç Hajyýew hemem şu setirleriň awtory. Sowet delegasiýasynyň esasy wezipesi Kabulda SSSR we Owganystan Žurnalistler soýuzynyň arasyndaky täze ylalaşygy gazanmak hem-de oňa gol çekmekdi. Kabul. 6-njy maý. Kabula baran günümiz bizi Owganystan Žurnalistler soýuzynda mähirli garşyladylar. Soýuzyň başlygy Abdylla Şadan, onuň orunbasary Farit Şaýan: «Owgan topragyna hoş geldiňiz, şuwrawy doganlar» diýip, gujaklaşyp görüşdiler. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň, täze dostumyz Şadan Owganystandaky täzelikler barada, Žurnalistler soýuzynda bolup geçen üýtgeşmeler hakynda gürrüň berdi. Milli ylalaşyk syýasatynyň netijesinde ýurtda demokratiýa şineläp ugrapdyr. Ýurduň prezidenti Najybullanyň ýolbaşçylyk edýän partiýasynyň ady üýtgedilip, indi ol Watan diýlip atlandyrylýar. Ýurduň baýdagynyň reňki hem üýtgedilipdir. Indi köp partiýalylyga ýol berilýändigi hakda respublikanyň Konstitusiýasynda üýtgeşme girizilipdir. Şonuň netijesinde häzir syýasy partiýalaryň 9-sy resmi registrirlenip, olar erkin hereket edýärler. Olaryň öz programmalary bar. Garaşsyz gazetleriň 10-sy döredilipdir. Ozal «Ýa hak» ady bilen Pakystanda çap edilen hepdelik gazetiň redaksiýasy häzir Kabulda ýerleşýär. Bu hepdelikde hökümediň adyna tankydy makalalar çap edilýär. Diňe bu hepdelikde-de däl, eýsem beýleki garaşsyz gazetlerde-de şeýle äheňdäki makalalar seýrek däl. Olar Zahyr şany goldap çykyş edýärler. Munuň üçin olar hökümet tarapyndan hiç bir hili gysaja salynmaýar. Aprel rewolýusiýasy babatda olar ony harby öwrülişik hökmünde häsiýetlendirýärler. Gepiň gerdişine görä aýtsak, Owganystanda rewolýusiýa sözi gaty seýrek ulanylýar. Köplenç ol aprel wakasy diýlip atlandyrylýar. Soňky döwürde ýurtda bolup geçýän syýasy özgerilişikleriň şemaly žurnalistlere-de öz täsirini ýetiripdir. Owganystanyň taryhynda ilkinji gezek Soýuzyň ýolbaşçylary gizlin ses bilen saýlanylypdyr. Öňler Halk Demokratik partiýasynyň çlenleri soýuza ýolbaşçy bellenýän eken. Indi beýle däl. Plenumde hem-de gurultaýda iki gezek gizlin ses bilen saýlanan Abdylla Şadanam, Farit Şaýanam hiç bir partiýanyň agzalary däl. Abdylla Şadan 43 ýaşynda. Käri boýunça ýurist. Öň ýedi ýyl Owgan telewideniýesiniň prezidenti, soň Owganystan Teleradio we kinematografiýa komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işläpdir. Eýranda, Ýaponiýada bolup, telewideniýe meselelerini öwrenipdir. Indi birki agyz söz owgan Žurnalistler soýuzy hakda. Iki aý mundan öň žurnalistleriň gurultaýy bolup geçýär. Şonda soýuzyň ýolbaşçy organlarynyň hataryna garaşsyz gazetleriň redaktorlary goşulypdyr. Soýuzyň Ustawyna düýpli üýtgeşmeler girizilipdir. «Soýuzyň baş wezipesi – söz azatlygyny goramak» diýlip ýazylypdyr. Soýuzyň diňe bir sosialistik ýurtlaryň däl, eýsem-de bolsa beýleki döwletleriň žurnalistleri bilen aragatnaşyk saklamak, žurnalistleriň halkara federal soýuzynyň çlenligine goşulmak hakda karara gelnipdi. Onuň ştaby Parižde ýerleşýär. Owgan žurnalistleriniň uly forumynda Pakystan, Eýran, Hytaý Žurnalistler soýuzlary bilen aragatnaşygy pugtalandyrmak hakda-da karara gelnipdir. Şeýle hem onda Žurnalistler soýuzynyň belli bir ideologiýanyň hyzmatkäri bolmaly däldigi hem nygtalypdyr. Häzir Owganystanda 1500 sany Žurnalistler soýuzynyň agzasy bar. Ýurtda bar bolan 29 welaýatyň 16-synda häzirlikçe, Žurnalistler jemgyýeti döredilipdir. «Galan beýleki welaýatlarda şeýle jemgyýet döredip bilemzok. Şert ýok. Çünki Konor, Host, Bamiýan ýaly welaýatlar oppozisionerleriň garamagynda» diýip, Abdylla Şadan aýtdy. Ýeri gelende aýtsak, owgan žurnalistleriniň ýagdaýy şeýle bir öwerlik däl. Soňky ýyllarda bir müň töweregi žurnalist emigrasiýada ýa-da öz kärini taşlamaga mejbur bolupdyr. Şonuň üçinem soýuzyň täze ýolbaşçylary žurnalist kadrlaryny ýetişdirmek, olaryň ýaşaýyş derejesini azda-kände gowulandyrmak hakdaky alada bilen ýaşaýar. Häzir soýuzyň ýolbaşçylary Kabul munisipaliteti bilen gürleşip, özlerine şäheriň içinden ýer bölüp bermeklerini sorapdyrlar. Mesele oňyn çözülenden soň şo ýerde alty gat jaý salmakçy. Onuň aşagy restoran, kafe, dükan bolmaly. Ýokarsy hem myhmanhana. Muny olar täjirler bilen bilelikde gurduryp, ony şolara kärendä bermekçi. Şeýtseler, soýuzyň ep-esli girdeji toplajakdygy belli. Soýuzyň ýanynda klub, fotostudiýa bar. Klubyň jaýynda durmuş toýlarydyr ýaş toýlary geçirilýär. Ondan düşýän pul soýuzyň hasabyna geçirilýär. Fotostudiýa hem halka pully hyzmat edýär. Çünki, döwlet tarapyndan soýuzyň apparatyny saklamaga goýberilýän serişde ýylyň-ýylyna azaldylýar. Döwlet býujetiniň 60 prosentden gowragy uruş hajatlary üçin goýberilýär. Abdylla Şadan «Žurnalistlerimiziň durmuş derejesi beýleki kärdäkilere garanda pes. Žurnalist öz maşgalasyny zordan ekleýär. Onuň alýan aýlygy ortaça 5 dollar. Gonorary bilen 10 dollara ýetýär» (Bir dollar bir müň owganyna barabar – A.Ç.) – diýdi. Onuň öz aýlygy 20 dollar eken. Soň biz Owganystanyň informasiýa we medeniýet ministri Ahmet Beşir Ruýgar Ryza bilen söhbetdeş bolup, onuň aýlygy bilen gyzyklananymyzda «Men aýlygym 17 müň owgany» diýdi. Ýogsam, onuň ýolbaşçylyk edýän ministrligi ozal aýry-aýry komitetleriň dördüsini özünde birleşdirýär. Örän uly ministrlik. Ministriň alýan şol aýlygynyň köpdügini ýa-da azdygyny bilmek üçin, bir mysal getireýin. Onsoň galan zat özüňize belli bolar. «Kabulda bir kilogram etiň bahasy 3 müň owgany» diýdiler. Şol 3 müň owgany hem biziň 150 manadymyza golaýrak. Ýagyň kilosy 4 müň owgany. Indi özüňiz deňeşdiriberiň. Ministr öz bir aýlygyna alty kilograma golaý et satyn alyp bilýär?! «Kakamdan az-owlak miras galdy. Şol maňlaýymdan direýýär» diýip, ministr ýylgyrdy. Sowet delegasiýasyny telewideniýe, radio we kinematografiýa komitetiniň başlygy Seýit Ýakup Basik, «Paýam» gazetiniň redaktory Hamidulla Roh kabul etdi. Olar öz işleri, kynçylyklar hakda açyk gürrüň etdiler. «Paýam» gazeti Owganystan Watan partiýasynyň gazeti. Ol geçen ýyla çenli 90 müň ekzenplýar tiraž bilen çapdan çykýan eken. Şu ýyldan başlap kagyzyň nyrhynyň ýokarlanmagy bilen gazetiň tiražy ep-esli aşak düşüpdir. Häzir onuň tiražy 40 müň töweregi. Redaksiýada 100 adam işleýär. 14 bölümi bar. Şonuň 40-sy döredijilik işgärleri. Gazet iki dilde – puştun we dillerinde çap edilýär. Gazet sahypalarynda pikir erkinligine ýazgynlyk berilýär. Roh öz söhbetinde soňky döwürde ýaragly adamlaryň 2 100 müňüsini döwletiň tarapyna geçendigini aýtdy. Oppozisiýada hereket edýän komandirleriň köpüsi urşuň dowam etdirilmegini islemeýär. Bu elbetde, milli ylalaşyk syýasatynyň netijesidir. Şeýle hem milli frontuň göreş taktikasy hem ozalkylar ýaly däl. Owganystanda parahatçylygy berkarar etmegiň hatyrasyna, soňky döwürde, hasam soňky aýlarda welaýatlarda oppozisionerleriň ýolbaşçylarynyň ençemesi bilen käbir meselelerde ylalaşyk gazanyldy. Şol opposizionerler bilen ýurduň prezidenti bilen Ženewada gepleşikler geçirilipdir. – Biz Owganystanda parahat durmuş gurarys. Öňde agyr işler ýatyr – diýip, Roh aýtdy. Biziň birimiziň «Sowet goşunlarynyň Owganystana girmegine garaýşyňyz nähili?» diýip beren sowalyna ol: – Bu sowala jogap bermek üçin 100 ýyl gerek – diýdi. Jelalabat Nengarhar welaýatynyň merkezi şäheri. Ol Kabuldan 250 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ol subtropik ýer. «Eger-de Kabulda şu gün 20 gdarus sowuk howa bolsa, Jelalabatda 20 gradus maýylganlyk bolýar» diýip aýtdylar. Oppozisionerler bu şäheri eýelemek üçin onlarça gezek ony top okuna tutupdyrlar. Emma olara şäheri eýelemek başartmandyr. Bize «Jelalabady görmekçimi?» diýenlerinde, biz ikirjiňlenmän razy bolduk. Oňa Kabul aeroportundan harby wertolýota münüp ýola düşdük. Biziň bilen Sowet ilçihanasynyň işgärlerinden birnäçesi, şwed, polýak, hindi žurnalistleri hem ýola düşdi. Wertolýotly 40 minut töweregi uçduk. Haçanda wertolýot iki tarapyny beýik daglar gurşap duran Abşerom jülgesiniň içi bilen uçanda, az howsala döretmedi. Wertolýotyň ganatlary gaýalara degäýjek-degäýjek bolýardy. Bolsa-da owgan ýigidi ökde lýotçik eken. Megerem, ol bu ýollardan gaty kän gezek uçan bolmaly. Jelalabatdan günorta-gündogarlykda ýerleşen harby postlarda bolduk. Esgerler, komandirler bilen söhbetdeş bolduk. Soň bizi şäheriň general-gubernatory, general-polkownik Muhammet Afzal Ludin kabul etdi. Žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi. – 289 müň adam hökümediň kontrollyk edýän ýerinde ýaşaýar. Geçen ýyl majehetlerden 6500 adam ýitgi çekdi. Şolaryň 190-sy komandirler, 100-si daşary ýurtly adamlar. Esasan Pakystandan, 307 adam biz tarapdan ýogaldy. 52 adam ýaralandy. Şonuň 30-sy öz minamyzdan ezýet çekdi – diýip, general aýtdy. Onuň özi ilki desant eskadrilýasynyň komandiri eken. Emin döwründe salynýar. Soň ol desant diwiziýasynyň komandiri. Moskwada okaýar. Korpusa komandirlik edýär. Prezident Najybullanyň buýrugy bilen milli gwardiýa döredýär. Kabul gornizonynyň komandiri. Bir ýyl gowrak wagt bäri Jelalabadyň general-gubernatory, Gündogar zonasynyň hem komanduýuşisi. Gündogar zona Konar, Lagman, Nengarhar, Nurystan ýaly uly welaýatlar girýär. Biz Jelalabat şäherine aýlandyk. Ol meniň mähriban salkyn saýaly Sumbar jülgämi ýatlatdy. Köçäniň ýan ýolunda gürrüň edip oturan iki sany ýaşulynyň biriniň aýdan sözleri meniň ýadymda berk galdy: «Owganystan tike-tike, Owganystan parça-parça...» Bu sözler Kabula gelenimizden soň, meni galama ýapyşmaga mejbur etdi. Şeýdibem owgan topragynda bolan günlerimizden galan ilkinji täsirleriň netijesinde täze goşgy döredi. Men onuň käbir bendini öz okyjylarymyza hödürlemegi makul bildim. «Owganystan tike-tike, Owganystan parça-parça...» Diýdiň, gamgyn baka-baka, Diýdiň, gözýaş döke-döke. Owganystanly eý, atam, Düşünýärin zaryňa seň. Ýüregiňi deňeýärin, Dagyňdaky garyňa seň. Jennet kysmy baglaryň bar, Altyň känli daglaryň bar. Ömür halal ojagyňda Sönmejek köz-çoglaryň bar. Gam çekme sen garry atam, Bilýän ajap çaglaryň bar... Tengi Wagjan ýa-da Bagjan jülgesi Logar welaýatyna degişli. Jülgä barýan ýoluň her ädiminde urşuň salan ýarasyna duşýarsyň. Nebir gözel gyşlaklar boşap galypdyr. Biz Owganystana baranymyzda oppozisiýaçylaryň Hosty eýeländiklerini, oňa derek hökümet goşunlarynyň Wagjan jülgesini majehetlerden azat edendiklerini gürrüň beripdiler. Wagjan jülgesiniň azat edilmegine Kabulda örän uly ähmiýet berilýän eken. Jülgede bizi ilkinji bolup garşylan bu uly söweş operasiýasyna ýolbaşçylyk eden general-polkownik, Owganystan Içeri işler ministriniň birinji orunbasary Azym Zormäti biziň Sowet Soýuzyndan gelendigimizi bilenden soň, öz doganlaryna duşan ýaly mähirli kabul etdi. Wagjan jülgesi 10 ýyllap majehetleriň elinde eken. Hökümet goşunlary birnäçe gezek jülgäni azat etmek üçin hüjüm etse-de, ozal başartmandyr. Generalyň aýtmagyna görä, bu söweş öz operasiýasyna öňünden uly taýýarlyk görüpdir. 48 sagadyň içinde jülge majehetlerden azat edilipdir. Olardan 900 adam ýitgi çekipdir. Hökümet goşunyndan 30 adam ýaralanypdyr. 20 adam wepat bolupdyr. Bandanyň baştutany Abubekir we onuň galan-gaçan adamlary onlarça kilometre yza çekilmäge mejbur bolupdyrlar. General-polkownik bizi majehetleriň derbi-dagyn edilen ştabyna aýlady. Onuň içinde ýakymsyz ysdan ýaňa durar ýaly däl. Megerem, ol gumuň aşagynda galan adam meýitleriniň porsan ysy bolsa gerek. General-polkownik bize ýüzlenip: – Siz Sowet Soýuzyndan Wagjana azat edilenden soň gelen ilkinji žurnalistler – diýdi. General-polkownik 40 ýaşynda eken. Söweşlerde ýedi gezek ýaralanypdyr. Uruşda iki ogluny aldyrypdyr. Uly ogly 15 ýaşly Muhammet kesel. «Onuň keselini owgan wraçlary bilip bilenoklar. «Hindistana äkitmeli» diýdiler. Men oňa garşy çykdym. Goý, ilki Sowet Soýuzyna äkidip, sowet wraçlaryna görkezjek. Şondan soň bolmasa, Hindistana äkideris» diýdim» diýip, ol gürrüň berdi. Ol Sowet Soýuzyna uly sarpa goýýan general ofiserleriň we esgerleriň arasynda uly abraýynyň bardygyny bada-bat aňmak bolýar. Hoşlaşyp, Kabula gaýtjak bolanymyzda men generala «Çynar» atly ilkinji goşgular kitabymy hem-de kompozitor Ata Esadow bilen bilelikde ýazan «Owganystan göreşýär» atly aýdymymyzyň nota ýazgysyny ýadygärlik berdim. Owganystan Žurnalistler soýuzynyň başlygynyň orunbasary Farit Şaýan trubkasyny galdyryp Owganystan hökümetiniň başlygynyň medeniýet meselelerine jogap berýän orunbasaryna til kakdy. Öz dillerinde bir zatlar – bir zatlar diýişdiler. Soňundanam trubkany ýerinde goýup, «Ýoldaş Argandiwal Muhammet Anwar Kabulda ýok. Häzir ol Hindistanda» diýdi. Biz onda başga bir orunbasarynyň kabul etmegini soradyk. Ol «Bolýa» diýip, ýene trubkany galdyrdy. Gürleşip bolandan soň, bize ýüzlenip «Sagat 12-iň ýarynda ýoldaş Inžener Selim sizi kabul edýär» diýdi. Biz sagadymyza seretdik. Diýilýän müddete çenli ýene bir sagada golaýrak wagtymyz bardy. Inžener Selim – Owganystan Ministrler Sowetiniň başlygynyň orunbasary. Ol hökümetde ykdysadyýet meselelerini alyp barýar. 67 ýaşynda. Köp ýyllap Kabul uniwersitetinde işläpdir. Professor. Zahyr şa döwründe ministr bolupdyr. 1955-nji ýylda Amerikada okuwyny tamamlapdyr. Okuwy tamamlap Kabula gelenimden on gün geçensoň meni Şebargana iberdiler. Biz şol ýyl dört ýigit bolup daşary ýurtda okap geldik. Birimiz Daşkentde okap gutardyk. Men Şebarganda üç ýyl işledim. Nebit we gaz ýataklaryny gözledik. Dag magdanlarynyň bar ýeriniň kartasyny düzdük – diýdi. Selim Abdylsetdar Owganystanda geologiýa ugrundan ilkinjileriň biri. Görüp otursak, onuň adynyň öňüne inžener sözüniň goşulyp ýörgünli bolmagy hem şonuň üçin eken. Haçanda oňa meniň Türkmenistandandygymy aýdanlarynda, onuň ýüzi birhili açylyp giden ýaly boldy. – Men birki ýyllykda Aşgabatda boldum. Ajaýyp Ylymlar akademiýaňyz, Botanika bagyňyz bar. Garagum kanalyna aýlandyk. «Gün» önümçilik birleşiginde bolduk. Akademik Rejep Baýramow bilen dostlaşdym. Ol gaty uly alym. Oňa meň adymdan gyzgyn salam gowşuryň – diýip, inžener Selim aýtdy. SSSR-iň Owganystandaky baş ilçisiniň geňeşçisi Aleksandr Stepanowiç Oblow: – Allaýaryň özi hem žurnalist, hem şahyr. Eýýäm ol Owganystan hakynda goşgy ýazmaga-da ýetişipdir – diýip, degişdi. Şonda inžener Selim maňa ýüzlenip: – Jelalabada baranyňyzda sizde nähili täsir galdyrdy? – diýdi. Menem: – Jelalabat maňa dogduk diýarym gözel Sumbar jülgesiniň tebigatyny ýatlatdy – diýip, jogap berdim. Inžener Selimiň hökümet başlygynyň orunbasary bolup işläp başlanyna üç aý geçenem bolsa, ol ýurduň ykdysadyýetiniň gowulandyrmagyň ýollary barada köp oýlanýandygy onuň gürrüňlerindenem belli. Owganystan agrar ýurt. Ilatyň 80 prosentinden gowragy daýhançylyk bilen meşgul. Ýurtda dowam edýän 12 ýyllyk uruş agrar sektora uly zarba urdy. Daýhan uruşdan öň bütin ýurdy ekleýärdi. Ýurda ortaça walýuta berýärdi. Inžener Selimiň pikiriçe, ýurtda parahatçylyk berkarar edilenden badyna oba hojalygyna üns berler. Bu babatda Orta Aziýa respublikalarynyň tejribesi öwreniler. Sebäbi Owganystan bilen Orta Aziýa respublikalarynyň howa şertleri-de, topragy-da birmeňzeş. Owganystanyň tebigy baýlygy ummasyz. Onuň nebit, gaz ýataklary bimöçber. Gepiň küle ýeri, bu ýurtda Mendeleýewiň tablisasyndaky ähli elementler bar. Gürrüň berişlerine görä, bir metalyň adyny tutup, dünýä boýunça bir ýylda onuň bir kilogramyny ýygnamak başardýar diýdiler. Emma şol metalyň owgan topragynda ýeterlik zapasy bar. SSSR Owganystandaky Baş ilçisi Boris Nikolaýewiç Pastuhow: – Siziň owgan topragyna geleniňiz gowy boldy. Munuň iki ýurduň bähbidi üçin uly ähmiýeti bar – diýip, bizi ilçihanada garşy aldy. Ol biziň Jelalabatda, Logar welaýatlarynda bolanlygymyzdan habarly eken. Biz oňa owgan täsirlerimiz hakda gürrüň berdik. Soň ol özleriniň owgan meselesini beýan etmekde käbir sowet žurnalistlerinden nägilediklerini aýtdy. Aýratynam ol Merkezi telewideniýäniň Owganystandaky habarçysy bolup işlän Mihail Leşinskiniň, şeýle hem Ion Andropowyň, Artýom Borowiçiň atlaryny tutdy. Olar bu meselede birtaraplaýynlyga ýol berýärler. Ion Andropow bu babatda hatda ýurduň prezidenti Najybullanyň adyna nähak töhmet ýapmakdanam gaýtmandyr. Ol öz makalalarynyň birinde «Najybulla öz toparyna gulluk edýär. Ugursyz adam» diýen terzde sowet metbugatynda çykyş edipdir. Şeýle äheňdäki materiallar iki goňşy ýurduň dostlukly gatnaşyklaryna uly zeper ýetirýär. – Haçanda sowet ýesir esgerlerini bendilikden boşatmak hakda gürrüň gidende, prezident Hajybullanyň alada etmegi bilen iki sany sowet bendisine derek, majehetleriň 33 bendisini çalyşdy. Andropow bolsa ony öz hyzmaty hökmünde görkezdi – diýip, Boris Nikolaýewiç Pastuhow aýtdy. Biziň söhbetdeşligimize ilçihananyň ykdysady meseleler boýunça geňeşçisi Lewon Gürgenowiç Saakýan, ilçihananyň birinji we üçünji sekretarlary Georgiý Anatolýewiç Worobýew, Andreý Konstantinowiç Ýuşmanow dagam gatnaşdylar. Lewon Gürgenowiç Owganystan bilen hyzmatdaşlyk meselesinde Owganystan hökümetiniň adyna köp öwgüli sözleri aýtdy. Men ilçihanada öz ildeşim Jora Myradow bilen hem tanyşdym. Onuň ilçihana işe gelenine ýaňy bir hepde geçen ekeni. Ol ilçihanada ikinji sekretar bolup işleýär. Hoşlaşyp gaýdanymyzda, Boris Nikolaýewiç Pastuhow: – Siziň her biriňiz öz respublikaňyzda Owganystan hakda hakykaty ýazsaňyz, onda biz sizi ýagşylyk bilen ýatlarys – diýdi. * * * Kabul göräýmäge asuda ýaly, göräýmäge-de asuda däl. Gaýtmazymyzdan bir gün öň Kabul şäheriniň bir bölegi majehetler tarapyndan snarýad okuna tutuldy. Aeroportda bir owgan samolýoty otlanypdyr, 11 adam ýaralanypdyr, bir adam wepat bolupdyr. Sowet ilçihanasynyň ýerleşýän ýeriniň golaýynda bir raketa ýarylypdyr. Hiç kime zeper ýetmändir. Onuň ýarylan ýerini ýolugra bize görkezdiler. Owganystanda graždanlyk urşy dowam edýär. Ýurt agyr ykdysady ýagdaýda. Halk uruşdan ýadapdyr. Uruş ýurdy çökerýär. Zatlar gymmat. Emma muňa garamazdan, adamlar biri-birine sataşanlarynda gaty mähirli. Gujaklaşyp görüşýärler. Göýä uzak wagtlyk aýralykdan soň duşuşýan ýaly. Iň esasy zat, göwünlerden birek-birege duýgudaşlyk, mähirlilik aýrylmandyr. Ine, şeýle duýgular bilen biz owgan dostlarymyz bilen gujaklaşyp hoşlaşdyk. Olara ýüzlenip «Aşgabatda duşuşýançak, hoş!» diýdim. Gözlerime ýaş aýlandy. Owgan dostlarymyň gözlerinde-de ýaş gördüm. Kabul–Moskwa–Aşgabat. 1991. Maý. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |