09:53 Salaheddin Eýýuby | |
TÜRKMEN SERKERDESI SALAHEDDIN
Taryhy şahslar
• Türkmenleriň haç göterijilere garşy alyp baran uruşlary hakynda XI-XIII asyrlar musulman dünýäsi üçin uly synaglaryň döwri boldy. Sebäbi içki garşylyklar zerarly tapdan düşen Abbasy halyflygy yslam dünýäsini dolandyrmakdan, musulmançylygy berkitmekden we onuň abraýyny dikeltmekden ejiz gelýärdi. Türkmenleriň Gündogara ýaýramagy we halkara gatnaşyklaryna girişmegi bilen olar yslam dinine hossar çykdylar, ony içki agzalalyklardan, haçparazlaryň zor salmagyndan, ahyr netijede bolsa inçelip, üzülere gelen yslamy ýoly giňeldip, oňa bagtyýarlyk badalgasyny berdiler. Bu işlerde türkmeniň beýik-beýik gerçekleri ägirt uly iş bitirip, yslam taryhynda öçmejek yz galdyrdylar. Şeýle gerçekleriň biri-de soltan Salaheddindir. Salaheddin öz döwründe Ýakyn Gündogaryň iň ýiti paýhasly we başarjaň hökümdary bolupdy. Ol XI asyryň ahyrlarynda başlan haçparazlaryň ýörüşlerine degerli gaýtawul berip bilen, olary keramatly toprakdan kowup çykaran hökümdarydy. Şonuň üçin hem yslam dünýäsi onuň özüne we eden işine mynasyp at berdi: «Salah-ed-Din» - «diniň goragçysy». Elbetde, Salaheddine bu derejä ýetmek aňsat düşmedi. Haçparazlar bilen bolan uruşlarda ol hemişe goşunyň we serişdeleriň ýetmezçiliginden ejir çekýärdi. Haçly haçly ýörüşler barada ýewropalylar tarapyndan ýazylan kitaplarda Salaheddin (ony Saladin diýip atlandyrýardylar) hakyky esger, ynsanperwer we paýhasly hökümdar hökmünde häsiýetlendirýärdiler. Elbetde, ol öz döwrüniň oglydy: kähalatlar ynsanperwer, kähalatlarda bolsa rehimsiz hem ýowuzdy. Şeýtmeseň ýaşap bolanokdy. Eger-de, haçparazlaryň baronlarydyr graflary öz bähbitlerini aran bolsalar, Salaheddin döwletiň we diniň bähbitlerinden ugur alýardy. Salaheddin 1138-nji ýylda Yrakda dogulýar. Onuň ata-babalary Ermenistanyň Dwin welaýatynda ýaşapdyrlar. Salahaddiniň atasy Şady beg özüniň ogullary Nejimeddin Eýýub we Asadeddin Şirkuh bilen Bagdada göçüpdir we Yrakdaky türkmen seljuk döwletiniň soltany Kyýaseddin Masuda (1133-1152 ýý) gulluga durupdyr. Masud ony Tigr derýasynyň boýundaky Tikrit galasyna häkim edip beläpdir. Şady beg ölenden soň, onuň wezipesi ogly Eýýuba geçipdir. Ýöne 1138-nji ýylda Eýýub çaknyşyklaryň birinde belli seljuk begini öldüripdir. Şonuň üçin hem doganlar Eýýub bilen Şirkuh Tikritden gaçmaga mejbur bolupdyrlar. Çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, doganlaryň Tikritden gaçyp giden gijesi Salaheddin dünýä inipdir. Täze doglan oglanjyga Ýusup Nasyr diýip at dakypdyrlar. Yrakdan gaçan doganlar Mosulyň we Halabyň türkmen atabegi Ymadeddin Zeňňiniň (1127-1146) gullugyna durýarlar. Döwründe Eýub Ymadeddini ölümden halas eden eken. Atabeg öz halasgärini gujak açyp garşylapdyr we ony Baalbek şäheriniň häkimi edip belläpdir. 1154-nji ýylda Eýub Ymadeddiniň ogly Nureddine (1146-1174) Damask şaherini almaga-da ýardam edipdir. Nureddin Zeňňi haçparazlardan Siriýanyň Edessa şäherini alypdyr. Şonda Eýubyň inisi Şirkuh hem özüni meşhur serkerde hökmünde tanadypdyr. Nureddin Siriýadan soň Müsüri eýelemegi ýüregine düwýär. Sebäbi Müsüriň hökümdarlary bolan Fatimi halypalary (olar özlerini Muhammet pugamberiň gyzy Patmanyň – Alynyň nesilleri hasap edipdirler) ýurtdaky dolandyryşy bulaşdyrypdyrlar. Müsürde weziriň wezipesiniň üstünde iki sany dalaşgär dawa edipdirler. Olaryň biri Şawer ýeňlip, Nureddiniň köşgüne gelipdir we ondan kömek sorapdyr. Ýagdaýdan Nureddin peýdalanypdyr we ol Müsüre Şirkuh bilen Salaheddini iberipdir. Şirkuh Şawere wezirligi alyp beripdir. Emma Müsüre gelen türkmen goşunlary näme üçindir yzyna gitmeýärdiler. Şonuň üçin hem Şawer Iýerusalimiň haçparaz patyşasy Amori I türkmenleri Müsürden kowmaga kömek bermegini sorapdyr. Haçparazlaryň kömegi bilen Şawer Şirkuhy Müsürden gitmäge mejbur edipdir. Ýöne birnäçe wagtdan soň Şirkuh ýene-de dolanyp gelipdir we 1167-nji ýylda Aleksandriýany eýeläpdir. Ýene-de uruşlar başlapdyr. Haçparazlar müsürlilere kömek berýändikleri üçin her ýylda on müň altyn dinar alýan ekenler. Ýöne Müsüriň gowşaklygyna göz ýetirip, haçparazlar ýurdy basyp almagy we onuň hazynasyna eýe bolmagy ýüreklerine düwýärler. 1168-nji ýylda haçparazlar müsür goşunlarynyň ýeňsesinden zarba urupdyrlar we ýurdy talamaga girişipdirler. Gorkusyndan zähresi ýarylan Fatimi halyfy Nureddine çapar gönderipdir we ondan ýurdy haçparazlardan goramaga kömek bermegini sorapdyr. Atabege iberilen hatyň içine halypa öz aýallarynyň saç böleklerini salypdyr. Hatyň soňunda:» Saçlaryny iberýän aýallarym seni pereňler (Gündogarda ýewropalylary şeýle atlandyrypdyrlar.) tarapyndan geljek betbagytçylyklardan goramaga çagyrýarlar» diýlip ýazylypdyr. 1169-njy ýylda atabegiň serkerdesi Şirkuh haçparazlary Müsürden kowupdyr. Şundan soň Şirkuh satlyk we gorkak weziri ýok edipdir we ol Fatimi halyfynyň baş wezirine öwrülipdir. Emma şol ýyl Şirkuh aradan çykypdyr we Salaheddin onuň ornuna geçipdir. Ýaş wezir haýal etmän döwletiň içinde tertip-düzgüni ýola goýmaga girişipdir. Ol Bagdatda oturan sünni halypasyny ykrar edipdir we şaýylaryň hökümdary bolan Fatimi halyfyny agdaryp, ähli häkimýeti öz eline alypdyr. Öňler Müsüriň goşunlary berberilerden, sudanlylardan we ermenilerden durýan bolsa, indi Salaheddin olary türkmen atlylary bilen çalşyrypdyr. Özbaşdak dolandyryşyň ilkinji ýyllarynda Salaheddin öz döwletine täze-täze ýerleri birikdiripdir. 1172-1173-nji ýyllarda Salaheddiniň serkerdesi Garaguş Demirgazyk Afrikanyň kenarýaka ýerlerini, 1174-nji ýylda bolsa onuň inisi Turanşah Ýemeni eýeleýär. Şeýlelikde, XII asyryň 80-nji ýyllaryna çenli Salaheddin musulman dünýäsinde iň kuwwatly hökümdara öwrülýär. 1174-nji ýylda Nureddin ölenden soň Salaheddin Damasky eýeläpdir we Müsür bilen Siriýany öz içine alýan uly döwleti – Eýýubiler döwletini esaslandyrypdyr. 1175-nji ýylda Bagdat halyfy ony soltan hökmünde ykrar edipdir. Salaheddiniň hökümdarlyga gelen wagtlary Ýakyn Gündogaryň uly synaglary başdan geçirýän döwürleridi. Sebäbi indi ýüz ýyla golaý wagt bäri ýewropaly haçparazlar bu ýerlere yzygiderli hüjüm edýärdiler we onuň iň gowy ýerlerini eýeleýärdiler. Rim Papasy bolsa olary has-da öjükdirýärdi, ýewropalylary musulmanlaryň elinden «Isanyň tabydyny» gaýtaryp almaga çagyrýardy Munuň üçin yzly-yzyna haçly ýörişler geçirilýärdi. 1096-1099-njy, 1147-1149-nji ýyllarda geçirilen 1-2-nji ýörişleriň netijesinde haçparazlar Kiçi Aziýadan tä Müsüre çenli aralykdaky baý kenarýaka şäherleri eýelemegi başardylar. Basybalyşlaryň netijesinde bu ýerlerde haçparazlaryň dört sany döwleti – Edessa we Tripoli graflyklary, Antiohiýa begligi we Iýerusalim karollygy döredildi. Bularyň iň güýçlisi Iýerusalim korollygy bolup, bu döwlet beýleki üç haçparaz döwletine-de diýenini etdirip bilýärdi. XII asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyrlarynda Salaheddin musulmanlaryň gideren ýerlerini gaýtaryp almak üçin haçparaz döwletleri bilen uzaga çeken uruşlara başlady. Bu döwürler haçparaz döwletleri üçin hem ýeňil ýyllar bolmandy. Sebäbi türkmen Soltany olary ýuwaş-ýuwaşdan gysyp, ellerinden şäherleridir galalaryny alýardy. Iýerusalimiň koroly Balduine ýurduny goramak iş bolýardy. Balduin Salaheddiniň iru-giç haçparazlary derbi-dagyn etmese ynjalmajagyny bilýärdi. Şonuň üçin hem karollykda adatdan daşary salgyt girizildi, Ýewropa bolsa täze haçly ýörişi wagyz etmek we kömek soramak maksady bilen döwletiň baş ruhanysy Irakliniň baştutanlygynda uly topar ugradyldy. Korol Balduiniň ýagdaýy gözgynydy. 80-nji ýyllaryň başlarynda ýyl-ýyldan beterleýän heýwere keseli ony aldym-berdime salýardy. Ol öz köşgünde gün-günden çüýräp barýardy. Şonuň üçin hem ol öz tagtyny aýal doganynyň ogly, ýaşajyk Balduine bermegi we Balduinjik kämillik ýaşyna ýetýänçe kakasy Gwido Luzinýany onuň atabegligine bellemegi karar etdi. Emma Gwidonyň haçparazlaryň arasynda abraýy pesdi. Ýöne, tötänleýin, Gwidonyň abraýyny galdyryp biljek ýagdaý ýüze çykdy. Salaheddiniň uly bolmadyk goşuny korollygyň iň baý etraplarynyň biri bolan Galileýa çozup girdi. Balduin haýal etmän rysarlardan we haçparaz ordenlerinden (guramalar) uly goşun ýygnady. Ol goşun 1300 sany rysardan we 20 müňden gowrak pyýada goşundan ybarat boldy. Bu goşunyň serkerdeligine patyşa Gwidony belledi. Balduin şeýtmek bilen Salaheddini ýurtdan kowmak., şeýle hem Gwidonyň abraýyny galdyrmak isledi. Gwido Luzinýan haýal-ýagallyk edip ýeňişi elden giderdi. Işini bitiren Salaheddin bolsa arkaýyn ýurduna dolandy. Gazaba münen korol Gwidony haçparazlaryň suduna berdi. Emma Gwido gaçmak we Askalon şäherinde gizlenmek başartdy. 1185-nji ýylda Salaheddin Iýerusalimiň koroly bilen uruşlary bes etmek barada şertnama baglaşdy. Emma parahatçylyk haçparazlaryň günäsi bilen uzaga çekmedi. Haçparaz rysarlar häli-şindi Müsüriň we Siriýanyň ýerlerine çozuşlary gurap, galtamançylyk edýärdiler, söwda kerwenlerini talaýardylar. Bu işde aýratyn hem Karak galasynyň haçparaz häkimi Reno (Redžinald) Şatilýonly talaňçylykda ýakasyny tanadanlaryň biridi. Reno kähalatlarda öz dindeşlerini talamakdanam gaýtmaýardy. 1186-njy ýylda Iýerusalimde tagta çykan Gwidonyňam bu näkes galtamana edip bilen çäresi bolmady. Gwido Salaheddin bilen gatnaşyklaryň ýitileşmeginden öler ýaly gorkýardy. Oňa parahatçylyk diýseň zerurdy. Emma Reno Salaheddin bilen haçparaz döwletlerini çaknyşdyryp biljek has mojuk işlere baş urýardy. 1187-nji ýylda Reno Karak galasynyň töwereginden Damaska barýan uly söwda kerwenini talady. Kerwen Arabystandan we Müsürden haryt alyp barýan eken. Reno kerweni talap, söwdagärleri we sakçylary öldüripdir. Kerwende Salaheddiniň söýgüli uýasy hem bar eken. Renonyň bu hereketi diňe bir haçparazlar üçin zerur bolan parahatçylykly şertnamanyň bozulmagy bolman, eýsem şol döwürlerde aýratyn sarpa goýulan mertebe kanunynyň hem äsgerilmezligidi. Salaheddin ur-tut Gwido Luzinýana gahar-gazaba ýugrulan nama gönderdi. Müsürli soltan hatynda Gwidodan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy we bihaýa Renonyň jezalandyrylmagyny talap edýärdi. Gwido iki oduň arasynda galdy. Sebäbi islendik pursat baronlaryň ony tagtyndan agdarmaklary mümkindi. Üstesinede, Gwido korol hökmünde haçparaz esgerleriň serkerdesidi. Salaheddin bolsa dini başga döwletiň hökümdarydy. Şonuň üçin hem, haçanda, Iýerusalimiň ilçileri ýewropaly hökümdarlardan Salaheddine garşy kömek sorap ýören wagtlary haýsydyr bir musulmanyň hatyrasyna «gözsüz batyr haçparaz rysaryny» jezalandyrmaklyk Gwido üçin ýolbermesiz ýalňyşlyk boljakdy. Gwido Salaheddine jogaby gijikdirýärdi, ýitgileriň öwezini dolmakdan boýun gaçyrýardy, ylalaşyp boljak ýollary gözleýärdi. Sabyr käsesi püre-pür bolan Salaheddin Gwidonyň talaňçyny jezalandyrmaga bognunyň ysmaýandygyny duýdy we haçparazlara garşy mukaddes uruş yglan etdi. Reno barada aýdylanda bolsa, Salaheddin «ony öz elim bilen öldürerin» diýip ant içdi. 1187-nji ýylyň baharynda Salaheddiniň goşunlary haçparazlaryň ýurduna çozup girdi. Nazaretiň ýanynda haçparaz goşunlary derbi-dagyn edildi. Haçparaz ýerlerine ýöriş geçirmek bilen Salaheddin döwletiň obalaryny tozdurýardy. Bu bolsa ýurdy açlyga sezewar edip, onsuzam ilatdan doly şäherleriň ýagdaýyny kynlaşdyrýardy. Iýun aýynda türkmen goşunlary Tiwerýada şäheriniň etegine süýşip geldi we ony gabady. Bu wagtlar haçparazlar hem içki oňuşyksyzlyklary bes edip, öz güýçlerini bir ýere jemleýärdiler. Haçparazlar Tiwerýadanyň goragçylaryna 30 müňlik goşuny kömege iberdiler. Goşunlar Ýakyn Gündaogaryň haçparaz döwletleriniň hemmesinden ýygnanyp, olara patyşalary serkerdelik edýärdiler. Diňe haçparazlaryň dini hökümdary Irakliý ýokdy. Ol bu ýere keramatly Haç iberip oňdy. 1187-nji ýylyň 3-nji iýýulynda haçparaz goşunlary Tiwerýada tarap ugrady. Ýöne eýýam şäheriň merkezi galasyndan başga ýerleriniň türkmenler tarapyndan eýýelenendigi baradaky habar kömege gelýän goşuna gelip ýetdi. Agşamara graflar we baronlar Iýerusalimiň hökümdary Gwidonyň çadyryna ýygnandylar. Ilkinji bolup Tripoliliň grafy Raýmund çykyş etdi. - Men Tiwerýadany gaýdyp almagyň tarapdary däl – diýip ol söze başlady. – Ýogsam meniň ýitirýän zadym örän köp: meniň maşgalam şäher merkeziniň galasyndaky gabawda we onuň islendik wagt duşmanyň eline düşmegi mümkin. Tiwerýada çenli ýekejede çeşme ýok, geçiljek ýolam alaň-açyklyk. Ýakyp-ýandyryp barýan güniň aşagynda bitiren işimiz bolmaz. Biz diňe köp adamlarymyzy we atlarymyzy ýitireris. Salaheddine şu ýerde – çeşmäniň boýunda garaşmak gerek. Baronlar uly gopgyn turuzyp Raýmundy goldadylar. Onuň bilen käbir haçparaz ordenleriniň beýik magistrlerem ylalaşdylar. Diňe tampliýerler (ybabathanaçylar) ordeniniň beýik magistri sesini çykarman otyrdy. Gwido köpçüligiň pikirine goşuldy. Ol mundan aňryk gitmeli däl we türkmen goşunlary gelýänçä goranyşy berkitmeli diýip buýruk berdi. Agşamlyk naharyndan soň patyşanyň çadyryna tampliýerleriň beýik magistri geldi. Ol çadyryň içine girip-girmän: - Raýmundyň meýilnamasy barypýatan dönüklik, ol Iýerusalim tagtyna gözüni dikýär we seniň ýok edilmegiňi isleýär – diýip Gwidony ynandyrmaga başlady. Soňam: - Entäk hiç haçan Iýerusalim korolynda munça köp goşun bolmandy. Haýal etmän Tiweriýada tarap gitmeli, türkmenleriň üstüne çozup, olardan üstün çykmaly. Şonda sen ýeňşiň ähli şöhradynyň eýesi bolarsyň – diýdi. Gwido tampliýerleriň dikmesi diýseňem boljakdy, sebäbi olar koroly pul we serişdeler bilen üpjin edýärdiler. Ýeri gelende aýtsak, şu ýörişi maliýeleşdirip ýörenlerem şolardy. Säher bilen baronlary we rysarlary geň galdyryp, Gwido egni tampliýerleriň gyzyl hajy çekilen ýapynjaly, sowutly, başy tuwalgaly we bili gylyçly çadyrdan çykdy. Şeýlelikde, agyr goşun tozap ýatan gury jülgäniň içi bilen ýola düşdi. Günortana golaý adamlary gün urup başlady. Basym Salaheddiniň goşunynyň çalt hereket edýän ownuk toparlary haçparaz goşunyny bimaza edip ugrady. Gysga wagtlyk çaknyşyklarda köp rysarlar we esgerler heläk boldy. Agşama golaý Gwidonyň goşunlary kiçijik çeşmäniň istünden bardy. Emma onuň suwy atlary suwa ýakmaga-da ýetmedi. Graf Raýmundyň yza çekilmek gerek diýip edýän talaplaryna garamazdan, 4-nji iýyunda ýöriş ýene-de dowam etdirildi. Günortana golaý goşunlar Lubil obasynyň alkymyna geldi. Bu gün howa düýnkidenem yssydy. Esgerler yssynyň derdinden söweşmek islemeýärdiler. Emele gelen ýagdaýyň agyrlygyna göz ýetiren Gwido Raýmundy gözläp tapdy. Gwido ondan «näme ederis?» diýip sorady. Sebäbi korol indi tampliýerlere ynanmaýardy. - Aman galmagyň ýekeje ýoly bar: giç dälkä yza çekilmeli – diýip Raýmund kesgitli aýtdy. Haýal etmän goşunlara patyşanyň yza çekilmek hakyndaky hökümi ýaýrady. Haçparaz goşunlary, hüjüme geçen türkmen goşunlaryndan gaçyp, Hattin obasynyň eteginde ýerleşdiler. Suw ýokdy. Obanyň içindäki guýynyň suwyny esgerler sokga sordylar. Suw ýetmedikler çygly çägäni sorýardylar. Garaňky gatlyşandan soň haçparaz esgerler türkmenleriňkä gaçyp başlady. Gijäniň bir mahaly Salaheddiniňkä Raýmundyň bäş sany rysaram gaçyp geldi. Olar haçparazlaryň ýagdaýynyň ýaramazdygyny, Salaheddin ýene-de bir gezek hüjüm etse olaryň gürrüňsiz boýun egjekdigini habar berdiler. Salaheddin onsuzam haçparazlaryň ýagdaýyny gowy bilýärdi. Hökümdar rysarlary suwdan doýurmagy buýurdy we olara aýratyn çadyr bölünip berildi. Säher bilen Reno Şatilýonlynyň rysarlary aýaga galdylar. Olar türkmenleriň gabawundan çykmak isleýärdiler. Emma Reno gijä galypdy. Sebäbi Salaheddin eýýäm aýak üstündedi. Türkmen esgerleri ir bilen haçparazlaryň ýerleşen ýeri bolan alaňyň öňünde çöp otlaýardylar. Burugsap galýan goýy tüsse haçparazlaryň lagerinde uly aljyraňňylyk döredýärdi. Alaň türkmen goşunlary tarapyndan gabawa salnyp ugrady. Renonyň rysarlary olaryň hüjümine sezewar boldular we yza gaçdylar. Salaheddin gylyjyny ýokary galdyryp hüjüme başlamaga yşarat etdi. Gabaw halkasyny gysyp, türkmen atlylary alanyň üstüne – Iýerusalim patyşasynyň çadyryna tarap okgunly hüjüme geçdiler. Patyşanyň çadyrynyň töweregi haçparaz baýdaklaryndan dolydy: ioannitleriň ak haçly gara baýdaklary, tampleýerleriň gyzyl haçly ak baýdaklary. Çadyryň ýanynda haçparazlaryň simwoly keramatly haç hem dikilgidi. Söweşiň gyzgalaňly gidýän wagty gabawyň bir ýeri az wagtlyk açyldy. Gabawyň açylan ýerinden graf Raýmundyň rysarlary Tripolýa tarap çykyp gitdiler. Soňra Raýmundy Salaheddin bilen dilleşikde aýypladylar. Bolup biljek zat. Sebäbi şol günüň ertesi Tiweriýada şäheriniň goragçylary boýun egdi we Salaheddin bu ýerde gabawyň içinde galan Raýmundyň maşgalasyny gaýtaryp berdi. Alaňyň üstünde we onuň töweregindäki söweşler gyzyşýardy. Patyşa Gwido pyýada esgerleri we rysarlary öz çadyrynyň we keramatly Haçyň goragyna iberýärdi. Emma pyýada goşunlary yzly-yzyna türkmenlere ýesir düşüp ugradylar. Ahyr Iýerusalim patyşasynyň özem ýesir düşdi. Şeýlelikde, heňiz gün gyzmanka, ähli haçparaz goşunlary boýun egdi. Wakany gözi bilen gören taryhçylaryň biri «ýesirleriň ellerini daňmak üçün musulmanlaryň ýüpi ýetmedi» diýip ýazmak bilen ýesirleriň örän köp bolandygyny belläpdir. Bazarda guluň bahasy birnäçe esse aşaklapdyr. Bir türkmen özüniň ýesir rysaryny bir jüp ädige çalşypdyr. Hattin gabawyndan graf Raýmunddan başga-da, baron Ibeline hem sypmak başardypdyr. Aýtmaklaryna görä, ol hem Raýmund ýaly Salaheddin bilen gatnaşykda bolupdyr. Günortana golaý üstlerini çaň- tozan basan ýesirleri Salaheddiniň çadyrynyň öňüne getirdiler. Soltan olary ýassyga tirsegini berip ýatan ýerinden garşylady. Ol halynyň üstünde duran rysarlary üns berip synlaýardy. Iň öňde Iýerusalim patyşasy Gwido Luzinýan, tampliýerleriň beýik magistri, Iýerusalimiň marşaly, ioannitleriň komandory, köşk adamlary, graflar, baronlar – bütün Ýakyn Gündogaryň tanymal haçparaz rysarlary ýüzlerini aşak salyp durdylar. Salaheddin ýeňiş buýsanjyny ýüzüne çykarmaýardy. Ol şerbet getirilmegini buýurdy. Patyşa höküminde şerbetli bulgury öňürti Gwido berdiler. Gwido şerbetden içip, galanyny ýanynda duran Reno Şatilýonla geçirdi. Renonyň şerbet içip duranyny gören Salaheddin oňa: - Içiber, bu seniň ömründe iň soňky içen şerbetiň bolar – diýdi. Reno tisginip gitdi, ýöne derrew özüni tutup şerbetli bulgury tampliýerleriň beýik magistrine geçirdi. - Bir gyra çekil - diýip Salaheddin aýtdy. Reno ýerinden butnaman durdy. Renonyň ýanynda duran ýesirler gorkularyna jyn dagan ýaly bolup onuň töwereginden gaçdylar. Salaheddin gylyjyny çykardy: - Eger-de, toba edip, musulmançylygy kabul etseň, men seniň günäňi geçýärin – diýip Salaheddin Reno tarap ugrady. Reno ep-esli aralykda duran ýesirlere tarap göz aýlady. Ýüzlerini aşak salyp duran haçparazlaryň biri hem Reno seretmedi. Şundan soň Reno «ýok» diýýän äheňde başyny ýaýkady. Salaheddin gylyjyny Renonyň boýnunyň çykan ýerinden saldy. Şundan soň Salaheddin ähli ýesirleri zyndana salmagy we olar üçin töleg tölenýänçä birinem boşatmazlygy boýurdy. Ýöne Soltanyň buýrugy tampliýerlere we ioannitlere degişli däldi. «Monah-rysarlar edil musulmanlaryň ysmaýilitleri ýaly rehimsiz hem nejis» diýip Salaheddin aýdypdyr. Sebäbi 1099-nji ýylyň 15-nji iýýulynda haçparazlar tarapyndan mukaddes şäher Iýerusalim eýelenende monah-rysarlar şäheriň musulman ilatyny rehimsizlik bilen gyrypdyrlar. Şondan bäri bu monah – rysarlar musulman adamsyny gören ýerlerinde öldürýärdiler. «Rehim – şepagatyň we mertebäniň nämedigini bilmeýän beýle adamlaryň ýer üstünde ýaşamaga-da haky ýokdur» diýip Salaheddin Soltan aýdypdyr. Tiweriýada ýa-da başgaça Hattiniň etegindäki söweş haçparazlar üçin matam jaňy bolup ýaňlandy, olaryň ähli ýerleri diýen ýaly ellerinden gitdi. Haçparzlarynyň elinde diňe Iýerusalim, Askalon we Tripoli şäherleri galypdy. 1187-nji ýylyň güýzünde türkmen goşunlary Ýakyn Gündogardaky haçparaz dünýäsiniň merkezi Iýerusalimiň etegine süýşüp geldi. Şäherde goranyş işleri geçirilip ugrady. Baron Ibelin Salaheddinden gabawa düşen Iýerusalimden maşgalasyny çykarmaga rugsat sorady. Salaheddin tarapyndan oňa şeýle rugsat berildi. Ýöne Soltan oňa Iýerusalimde diňe bir gije boljakdygyna söz berdirdi. Haçan-da, baron Iýerusalime gelende Patriarhyň baştutanlygynda şäher ilaty onuň öýüne üýşup geldiler. Olar Ibeline «şäheriň goragyna ýolbaşçylyk et» diýip ýalbarýardylar. Ibelin Salaheddine erkek ýaly söz berendigini aýdyp boýun gaçyrdy. Emma patriarh Irakliý kese dinliniň öňünde kasam etmegiň günäsi, mukaddes iş üçin ony bozmakdan has ýamandyr diýip gazaply jogap berdi. Ibeline ylalaşmakdan başga çäre galmady. Şäher gabawynyň başlanan wagty Salaheddin zyndandan Iýerusalimiň patyşasy Gwidony getirtdi. Soltan oňa eger-de, Askalony boýun egmäge mejbur etse, erkinlik berjekdigini aýtdy. Gwido Askalondan öz erkinligini öňe tutdy we Soltanyň teklibini kabul etdi. Ýöne ol gabawa düşen Iýerusalimden aýalyny çykarmaga rugsat sorady. Askalon öz derwezesini türkmen goşunlary üçin açan badyna Salaheddin Gwido bilen aýalyna islän ýerlerine gitmäge ygtyýar berdi. Iýerusalimiň zabt edilmeginiň we nähak gan dökülmeginiň öňüni almak maksady bilen Salaheddin şäher goragçylaryna talapnama iberdi. Soltan, eger-de, şäherliler boýun egseler, otuz müň dinar berjekdigini, haçparazlara şäheriň eteginde ýaşamaga rugsat etjekdigini aýdýady. Göçüp gitmäge isleg bildirýänleri bolsa, Salaheddin öz hasabyna Ýewropa ugratmaklyga söz berdi. Soltanyň talapnamasy kabul edilmedi. Haçparazlar Iýerusalimiň diwarlarynyň berkligine, esasan hem – öz dinleriniň Keramatyna we hudaýlarynyň howandarlygyna bil baglaýardylar. Emma hiç bir güýç sil ýoly bolup gelen türkmen goşunlarynyň öňünde durup bilmedi. Birnäçe güne çeken hüjümden soň şäher galasy bir ýerde ýumruldy we başa–baş söweş başlady. Patriarh Irakliý Ibeline we şäherililere Salaheddin bilen gepleşiklere başlamagy teklip etdi. Ol öz gelen kararyny, eger-de söweşler dowam etdirilse, musulmanlar ybadathanalary we aýallary masgaralarlar diýip düşündirýärdi. Şol günüň özünde Ibelin Salaheddiniňkä ugrady, soltan ony sowuk garşylady. Ol Ibeline haçan-da şäherliler talapnamany ret edenlerinde öz goşunlarynyň şäher diwarlaryny ýumurmaga we haçparazlary ýok etmäge kasam edendiklerini aýtdy. Soltan gepleşikleri bes edip, Ibeline ertir gelmegini buýurdy. Şundan soň Salaheddin ulamalary çagyryp, ýagdaýy düşündirdi. Kasam edildi, ony indi ýerine ýetirmek gerek. Ýöne gabawyň uzaga çekdirilmegi gymmatly wagtyň ýitirilmegine, nähak gan dökülmegine we şäherde täze weýrançylyklaryň bolmagyna getirjekdi. Näme etmeli? Edil Irakliniň Ibelini kasamyň günäsinden azat edişi ýaly, ulamalar hem Salaheddini eden kasamynyň günäsinden azat etmäge howlukdylar. Olaram öz gelen kararlaryny şäheriň alynmagynyň özi, eýýäm onuň diwarlarynyň ruhy taýdan ýykylmagynyň we onuň ýaşaýjylarynyň ruhy taýdan ýok edilmeginiň alamatydyr diýip delillendirýärdiler. Ertesi ir bilen Ibelin Salaheddiniňkä geldi. Ol ähli haçparazlara şäherden erkin çykyp gitmäge rugsat berilmegini sorady. Emma soltan onuň bilen ylalaşmady. Ol kim şäherden çykyp gitmek islese, töleg tölemelidigini aýtdy. Soltanyň bu talaby örän ýeňil hem ýumşak talapdy, sebäbi wagtynda Iýerusalimi alan haçparazlar şäheriň musulmanlaryny aýal diýmän, çaga diýmän uçdantutma diýen ýaly gyrypdylar, galanlarynam gulçylyga satypdylar. Ahyrsoňy belli karara gelindi: 40 güniň dowamynda Salaheddiniň şäheriň haçparaz ybadathanalarynda galmaga rugsat beren az sanly adamlaryndan beýlekileri şaherden çykyp gitmeli edildi. Ýöne munuň üçin erkek adam 10, aýallar bolsa 5 tylla tölemelidi. Şundan soň mukaddes şäheriň derwezesi açyldy. Soltan beren sözünde tapyldy. Adam öldürmek, talaňçylyk etmek düýbünden bolmady. Şäheriň her köçesinde tertip-düzgüne gözegçilik etmek üçin Salaheddin 10 esger we 2 sany serkerde belledi. Ol ogurlykda we talaňçylykda tutulan, ol musulmanmy, haçparazmy tapawudy ýok, öldüriler diýip buýruk çykardy. Käbir esgerler şähere girenem bolsalar, olar bazara aýlanýardylar. Sebäbi arzan bahadan almaga şäherde zat köpdi. 1187-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda, anna güni, Iýerusalim 88 ýyllyk haçparaz agalygyndan soň, dabaraly ýagdaýda türkmenlere gaýtarylyp berildi. Şäherlileriň tölegini üstünde Salaheddiniň sary baýdagy parlaýan Dawudyň diňiniň öňünde ýygnamak karar edildi. Şäheriň gurply adamlary uzyn hatar bolup Dawudyň diňiniň öňünden töleg töläp, şäherden çykyp gidýärdiler. Ýöne garyplar üçin pul ýetmeýärdi. Baron Ibelin bilen Irakliý tampiliýerlerden hazynany açmagy talap etdiler. Emma olar öz dindeşleri üçin pul bermek islemediler. Gazaba münen ilat tampiliýerleriň beýik magistriniň öýüni gabadylar. Ahyrsoňy olar gapjyklaryny açmaga we garyplar üçin pul bermäge mejbur boldylar. Töleg tölän haçparazlar şäherden çykyp, onuň diwarlarynyň öňündäki jülgede ýygnanýardylar. Emma Iýerusalimde töleg töläp bilmedik müňlerçe adamlar galypdy. Olar şäherden çykyp gidýänleri gözýaş edip ugradýardylar. Salaheddiniň inisi Mälik Adyl agasynyň ýanyna gelip, özüne müň sany haçparazy bagş etmegini sorady. Soltan ylalaşdy. Adyl olary Allanyň hatyrasyna erkinlige goýberdi. Muny eşidip Irakliý Salaheddinden özine müň adamy bagş etmegini sorady. Soltan ýedi ýüz sanysyny bagyşlady. Bäş ýüz sany garyby Salaheddin Ibeline bagş etdi. Iň soňunda türkmen soltany ähli garrylary, aýallary, çagalary we şäheri batyrlyk bilen goran haçparaz esgerleri mugt erkinlige goýberdi. Şäherden iň soňky bolup Irakliý çykyp ugranda onuň yzyna üsti ýükli uzyn kerwen düzüldi. Haçparaz garyplarynyň gününe gam-gussa batan bolup, gözýaş eden Irakliniň sandyklarynda iki ýüz müňdenem gowrak tyllanyň bardygyny Salaheddine habar berdiler. Patriýarhyň yzyndan adam iberdiler. Salaheddiniň öňünde sandyraklap duran Irakliý aldawçylygyň üsti açylar we din özüniň uly baýlygyndan mahrum bolar öýdüp öler ýaly gorkýardy. Salaheddin esli wagtlap patriýarhyň ýüzüne seredip durandan soň: - Jenap Irakliý siz özüňiz üçin ýigrimi tylla tölemediňiz – diýdi. Howlukmaçlyk bilen gapjygyndan altyn teňňeleri çykaryp duran patriýarh aljyraýardy. Sandyrap duran barmaklary bilen Irakliý pullaryny sanady we ony Soltanyň öňündäki mejimäniň içinde üýsüp duran altyn teňňeleriň üstüne oklap goýberdi. Iýerusalimden çykan bosgunlar dürli taraplara pytrady. Kim Tire, kim Tripolidir Aleksandriýa tarap gitdi. Bosgunlar Müsüre gelenlerinde Aleksandriýanyň portunda kyrkdan gowrak italian söwdegärleriniň gämileri durdy. Gämiçiler kireýi berilse bosgunlary Ýewropa äkitmäge razy boldular. Emma müňden gowrak adam kenarda galdy. Bu ýagdaýy gören Salaheddiniň ýerli häkimi gämiçileri ýanyna çagyryp: - Siz näme üçin garyplaryň bu ýerde gulçulyga sezewar ediljegini bilseňizem öz dindeşleriňize rehim etmeýärsiňiz? – diýdi. Italýanlar azygyň we suwyň ýetmezçiliginden zeýrenen boldular. Salaheddiniň häkimi gämilere azyk we suw iberdi. Ýöne «garyplary mündirmeseňiz ýelkeniňizi gopararyn» diýip haýbat atdy. Soňam «eger-de ýolda garyplary gämiden zyňaýsaňyz, dagy-duwara Müsür bilen söwda etmersiňiz» diýibem berk tabşyrdy. Iýerusalimiň musulmanlar tarapyndan eýelenendigi hakyndaky habar bütin Ýewropany sarsdyrdy. Rim papasy howlukmaçlyk bilen Ýewropa ýurtlaryna ilçileri iberip, hökümdarlardan Palestinanyň haçparazlaryna kömek etmäge gitmegi talap edýärdi. Papa ýewropalylary musulmanlara garşy täze haçly ýörişe çagyrýardy. 1189-nji ýylda Ýewropadan ýene-de ägirt uly goşunlar Ýakyn Gündogara ugrady. Goşunlara mukaddes Rim imperiýasynyň (Germaniýa) hökümdary Fridrih Barbarossa, Angliýanyň koroly Riçard Şirýürek, Fransiýanyň karoly Filip Awgust we Awstriýanyň patyşasy Leopold serkerdelik edýärdiler. Bularyň içinde iň güýçlisi Fridrih hasap edilip, onuň ygtyýarynda ýüz müň töweregi gowy ýaraglandyrylan goşun bardy. Ýörişden öňürti Barborossa Salaheddine talapnama bilen ýüz tutdi. Fridrih Soltandan Iýerusalimden gitmegi, haçparazlara Tiweriýada söweşinde ýitirilen Keramatly Haçy gaýtaryp bermegi we ýetirilen zyýanynyň öwezini dolmaklyklygy talap edýardi. Eger-de, hormatly Soltan talaplary ýerine ýetirmese haçparaz dünýäsi ýörişe başlar diýip duýdurýardy. Salaheddin öz gezeginde imperatordan Siriýanyň haçparaz şäherlerini tabşyrmagy talap etdi. Şondan soň ol keramatly haçy gaýtaryp berjekdigini we ýewropaly zyýaratçylara islän wagtlary Iýerusalime gelip-gitmäge ygtyýar etjekdigini aýtdy. Şundan soň haçly ýöriş başlady. Emma Fridrihiň ýörişi pajygaly talamamlandy. Bütün Ýewropanyň we Wizantiýanyň içi bilen ýöriş geçiren german goşunlary 1190-nji ýylyň 10-njy iýýunynda Siriýanyň Selewkiýa şäheriniň etegine geldiler. Barbarossa kiçijik, ýöne gaty akýan Salef derýasynyň boýunda düşlemegi buýurdy. Taryhçylaryň ýazmagyna görä, imperator suwa düşmek isläpdir. Emma çalt akýan däli derýajyk Fridrihi öz gurbabyna alypdyr. Hökümdarlarynyň gark bolýanyny gören rysarlar suwa böküp, ony kenara çykarypdyrlar. Emma Barbarossa eýýäm amanadyny tabşyran eken. Barbarossanyňky tüýs «çammalagy çaşdy» diýleni boldy. Fridrihiň egindeşleriniň biri Şwably gersog öz hökümdarynyň iç goşlaryny jaýlamagy buýrup, onuň süňklerini bir halta salyp, ony hemişe öz ýanynda göteripdir. Soňra ol bu «gymmatly haltajygy» Tir şäherinde goýup, Akkanyň gabawyna gidipdir. Bir ýyldan soň Şwably gersog ölenden soň, içi süňkli haltajygam ýitipdir. Haçly ýörişe Ýakyn Gündogaryň haçparazlaram taýarlyk görüp başladylar. Salaheddin tarapyndan erkinlige goýberilen Gwido sözünde tapylmady. Iýerusalimiň goşunsyz patyşasy şindi haçparazlarynyň elinde galan şäherlerden özüne goşun ýygnap ugrady. 1189-njy ýylyň ýazyna çenli Gwido on müňdenem gowrak goşun ýygnamak başartdy. Bu döwürler Ýewropa tarapdanam yzy üzülmän goşunlar gelip başlady. Gwido ýagdaýdan peýdalanmagy we musulmanlaryň eline geçen şäherleriň iň bolmanda birini eýelemegi ýüregine düwdi. Onuň nazary iki ýyl mundan ozal türkmenleriň eline geçen Akkada eglendi. Gwido şäheri gabady we ony zabt edip almaga synandy. Emma bu oňa başartmady. Akkanyň goragçylaryna Salaheddiniň özi uly goşun bilen kömege geldi. Ýöne oňa-da Gwidonyň haçparaz goşunlaryny ýeňmek başartmady. Soltana diňe şäheriň içine girmek we onuň ýadow goragçylaryny täze esgerler bilen çalyşmak başartdy. Soltan soňam iki gezek dagyn Akkanyň içine girmegi başardy. Ýöne haçparaz goşunlarynyň sany çalt köpelýärdi. Umuman Akkanyň gabawy iki ýyllap dowam etdi. Ýewropadan gelýän haçparaz goşunlary kiçijik Akkanyň üstünden sil ýaly bolup inýärdiler. Emma bu kiçijik gala Ýewropanyň haçly ýorişiniň bar abraýyny dökdi. Gowy ýaraglandyrylan ägirt uly goşun türkmenleriniň elinden bu galany alyp bilmeýärdi. Haçly ýöriş «haçly duralga» öwrüldi. Salaheddin Soltanyň ýagdaýam öwerlikli däldi. Ol Akkany kynlyk bilen elinde saklaýardy. Üstesine-de, haçparazlar bilen alynyp barylýan üznüksiz urşlar Soltanyň hazynasyny gowzadypdy, goşunynyň sanyny üzül-kesil azaldypdy. Şonuň üçin hem Salaheddin Bagdatly halyfa we goňşy musulman hökümdarlaryna hat ýazýardy. «Meniň çagyryşyma seslenip biljek iň bolmanda ýekeje musulman berin barmyka? – diýip, ol Bagdatly halyfa igenýärdi. – Haçparazlaryň oda-köze düşüşlerine seret. Gör, olar nähili biri-birini goldaýarlar, hak iş üçin baýlyklaryndan juda düşýärler, görülmedik kynçylyklary başdan geçirýärler. Olaryň bu urşa öz adamlaryny ibermedik ýekeje hökümdaram, adasydyr şäherem ýok … Musulmanlar biparh. Olarda gaýrat ýok. Dinlerine biwepa». Salaheddiniň bu aýdýan zatlary hakykatdy. Haçparazlaryň yzy üzülmeýän çozuşlaryna indi ol kynlyk bilen gaýtawul berip bilýärdi. Daşy gabalan Akkany bolsa Soltan kynlyk bilen elinde saklaýardy. 1190-nji ýylyň ýaz aýlary haçparazlar Italiýadan getirilen pürslerden we tagtalardan üç sany äpet gabaw maşynyny gurdular. Olaryň her biriniň belentligi 30 metirden hem beýik bolup, şäher diwarlarynyň beýikligindenem ýokarda durýardy. Gabaw maşynlary şeýle äpet bolansoň, onuň depesinde ýaýçylaryň uly toparyny we daş atýan katapultlary ýerleşdirmäge mümkinçilik berýärdi. Haçparazlar diňe bir galanyň diwarlaryna däl, eýsem şäheriň içinem oka tutup bilýärdiler. Aprel aýynyň ahyrlarynda haçparazlar Akka aýgytly hüjüm etdiler. Salaheddin bolsa haçparaz goşunlarynyň hüjümini tögtamak üçin olaryň ýeňsesinden zarba urdy. Emma haçparazlara türkmenleriň hüjümini yzyna serpikdirmek başartdy. Bu üstünlik haçparazlarda Akkany almaga ynam döretdi. Ýöne Akkanyň goragçylary haçparazlaryň gabaw maşynlarynyň üçüsinem otlamagy başardylar. Ençeme wagt bäri netijesiz gabawdan ýadan haçparaz esgerleri topalaň turuzdylar. Ellerindäki ýasama haçlaryny we gylyçlaryny bulaýlap, olar guduzlan ýaly, serkerdeleriň we rusarlaryň höre-köşesine garaman golaýdaky depelerde ornaşýan Salaheddiniň goşunyna tarap eňdiler. Haçparazlaryň çozuşy şeýle bir duýdansyz boldy welin on müňlik topalaňçy haçparazlara türkmen goşunlarynyň ortasyna aralaşmak we hatda Salaheddiniň inisi Mälik Adylyň çadyryny eýelemek hem başartdy. Golaýda ýerleşen Soltan haýal etmän atly goşuny olaryň üstüne sürdi we göz açyp ýumasy salymda başyna giden haçparazlaryň hemmesi gylyçdan geçirildi. Wakany gözi bilen gören arap taryhçysy: « Maslyklaryň on hatary depeler bilen deňziň aralygyndaky düzlügiň içini dolduryp, her hatarda müň esgeriň jesedi ýatyrdy» diýip ýazypdyr. 1190-njy ýylyň bütin tomsy hem haçparazlar bilen türkmenleriň arasyndaky ownukly-irili çaknyşyklar bilen geçdi. Basym güýz, onuň yzyndanam Palestina üçin häsiýetli bolmadyk sowuk gyş geldi. Haçparazlar Akka yzy üzülmeýän hüjümlerini togtatmaýardylar. Munuň üçin beýik gabaw maşynlaryny gurýardylar. Emma her gezek olary galanyň goraýjylary otlaýardylar. Uzaga çeken uruşlardan galanyň goraýjylary bolan türkmen esgerleriniňem peteň-bizary çykypdy. Olar özlerine dynç berilmegini isleýärdiler. Ahyrsoňy Salaheddin haçparazlara garşy uly söweş etmek kararyna geldi. Oňa Akkanyň gabawuna böwüsmek we galanyň goragçylaryny täze goşunlar bilen çalyşmak başartdy. 1191-nji ýylyň iýýun aýynda Akkanyň etegine Angliýanyň patyşasy Riçard Şirýüregiň gelmegi bilen ýagdaý az-kem haçparazlaryň peýdasyna üýtgäp başlady. Riçard täze gabaw maşynlaryny gurdurdy we hüjüme geçdi. Hüjüm birnäçe günläp dowam etdi. Salaheddin indi iki ýyl bäri gabawda duran Akkany saklamak üçin elinde baryny edýärdi. Onuň goşunlary her gün diýen ýaly haçparazlaryň üstüne çozýardy, ýöne gabalan şäheriň içine aralaşmak oňa başartmaýardy. Galanyň iki ýyllap üznüksiz zabt edilmegi onuň diwaryny halys gowşadypdy. Üstesine-de, şäherde açlyk başlady. Ahyrsoňy Akkanyň komendanty haçparazlara şäheri dört ýyl mundan ozal haçparazlaryň türkmenlere tabşyryşy ýaly şertlerde gaýtaryp bermäge razydygyny aýtdy, ýagny türkmen esgerleri şäherden erkin çykyp gitmelidi. Gepleşiklerde haçparaz tarapa başlyklyk eden Fransiýanyň patyşasy Filip Awgust bu şerti ýeňil gördi we eger-de, türkmenler Iýerusalimi gaýtaryp bermeseler we ähli haçparaz ýesirler goýberilmese, galanyň goragçylaryny uçdantutma gyraryn diýip haýbat atdy. Fransuz korolynyň komendant bilen gepleşigi ylalaşyk bilen tamamlandy. Ylalaşyk boýunça türkmenler haçparazlaryň Hattin söweşinde aldyran Keramatly haçyny, 1600 sany ýesir haçparazy gaýtaryp bermelidi we 200 müň altyn teňňe tölemelidi. Şundan soň Akkanyň goragçylary şäherden erkin çykyp gidip bilýärdiler. Emma baglaşylan ylalaşyk kagyz ýüzünde galdy. Akkany goran 3000 türkmen esgeri şäheriň eteginde biri galdyrylman öldürildi. Salaheddin Gündogaryň beýleki musulman hökümdarlaryna haçparazlar mertebe, ynsamperwerlik diýilýän mukaddes zatlary bilmeýän wagşylar diýip düşündirýärdi. Akkanyň goragçylarynyň öldürilmegi munuň aýdyň subutnamasydy. Salaheddine ahyr düşündiler. Bagdatly halyfyň çagyryşy boýunça musulman hökümdarlary Soltana goşun we pul kömegini eberdiler. Akkany eýelän haçparazlar iňlis koroly Riçardyň baştutanlygynda Iýerusalime tarap ýörişe başladylar. Emma Riçardyň goşuny dargady. Ony ilki fransuzlar, germanlar, soňam awstraliýalar taşlap gitdiler. Salaheddin bilen uruşlarda Riçard ummasyz köp goşunyny ýitirdi. 1192-nji ýylyň tomsunda Riçardyň goşunlary Wifleýema geldi. Mundan aňryk süýşmäge iňlis korolynyň bogny ysmady. Ol yzyna dolandy. Haçly ýörişler barada eser ýazan iňlis ýazarlary şeýleräk gürrüň beripdirler. Bir ýaş iňlis rysary korolyň yzyndan ýetip: - Siziň Aly hezretleriňiz, hol depäniň üstüne çyksaň Iýerusalimi görüp bolýar – diýip aýdypdyr. Gussa batyp gelýän Riçard oňa: - Mukaddes şäheri ýeňip almaga mynasyp bolmadyk adamlar, oňa seretmäge-de mynasyp däldirler – diýip jogap beripdir. Şeýlelikde, 3-nji haçly ýörişi hem şowsuz tamamlandy. Iýerusalimi ýarag güýji bilen alyp bilmänsoň, Riçard gepleşiklere başlady. Munuň üçin ol Salaheddiniň inisi Mälik Adyl bilen duşuşdy. Şonda Riçard oňa «Eger-de, Salaheddin maňa Iýerusalimi berse, men saňa uýam Ioannany bereýin, Iýerusalim musulman-hristian şäheri bolar» diýip aýtdy. Emma muňa ne haçparazlar, ne-de musulmanlar razy boldy. Riçard Şirýürek Iýerusalimi almak umydyndan el üzüp, Salaheddiniňkä ilçiler toparyny ugratdy. Şertnama boýunça haçparazlara Tirden Ýaffa çenli kenarýaka zolajygy galdy. Haçparazlar bilen alnyp barylan uruşlar Soltan Salaheddini surnukdyrypdy. Onuň saglygam gowy däldi. 1193-nji ýylda merdana soltan Salaheddin Damaska geldi we şol ýerde-de ysytma keselinden aradan çykdy. Onuň ölümine diňe bir musulmanlar däl, eýsem, haçparaz ýazarlarynyň şaýatlyk etmegine görä, Salaheddin bilen ýüzbe-ýüz bolan haçparaz hökümdarlaram gözýaş edipdirler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |