ŞEMSETDIN KERIMI
Ýadyma düşýär, uniwersitetde okan ýyllarymyz, hormatly mugallymymyz, ýurdumyzyň belli edebiýatşynasy Bäşim Şamyradow 20-nji ýyllaryň edebiýaty hakda gürrüň edende «Aýjemal« pýesasy hakda-da aýdardy. «Bu eser Sowet döwründe türkmen edebiýatynda ýazylan ilkinji pýesalaryň biridi« diýip aýdardy. Pýesanyň awtorynyň Şemsetdin Kerimidigini hem mugallymdan eşidipdik. Şol döwürden bärem onuň ady ýadymda galypdy.
Ýöne öňde-soňda men Ş.Keriminiň kim bolandygy, näme kär edendigi, haçan ýogalandygy hakda oňly bir zat eşitmändim. Doganlar Begenç bilen Guwanç, Toýly Kerimileriň Şemsetdin aganyň ogullarydygyny soň-soňlar bilip galdym. Bir-iki ýyllykda bolsa arhiw dokumentlerini agdaryşdyryp ýörkäm, onuň adyna gabat geldim.
Ýarym asyrdan gowrak mundan ozal ýazylyp, saralyp giden arhiw kagyzlaryndan «Türkmen azatlygy« atly milletçi-kontrewolision guramada duran adamlaryň arasynda Ş.Kerimi hem sorag edilipdir. Bu waka 1932-nji ýyla degişli. (Hakykatynda weli şeýle gurama hiç haçan hereket etmändir. Ýöne şeýle gurama ýok halatynda «Milletçileri paş etdik« bahanasy bilen azda-kände sowatly türkmen intelligensiýasynyň gözüniň oduny almak, ony hemişelik özüne gul etmek maksady bilen ýokary edaralaryň emri bilen döredilen bolmaly - A.Ç.)
Şonda Bekgi, Kakajan Berdiýewler, Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow we ýenede onlarça adam bilen Şemsetdin Kerimi hem azatlykdan mahrum edilýär.
■ Eýsem-de bolsa, Şemsetdin Kerimi kim bolupdyr?
Toýly Kerimi, ýaşuly fotožurnalist:
"Men Kerimberdi işanyň çowlugy. Ol Gökdepe urşuna gatnaşan, şol uruşda-da wepat bolan. Onuň on iki sany ogly bolupdyr. Işan adam gerek bolansoň her ýerden - her ýerden gelip haýyş edip duransoňlar, Kerimberdi işan öz ogullary ýetişensoň, olary soralan ýerlerine ugradypdyr. Obada medrese, mekdep açmaly. Işan atamyzyň ogullarynyň ikisi Kaka etrabyna düşýär. Biri Muhammetmyrat, beýlekisem Muhammetnazar. Olar Kakada mekdep açyp, medrese gurýarlar.
Berdi Kerbabaýew öz ýatlamalarynyň birinde iki dogan Muhammetmyrat bilen Muhammetnazary ýatlaýar. Ol Muhammetnazaryň bäş oglunyň bardygyny, olardan Samat, Allanazar ikisi bilen dostlaşandygyny ýazýar. Özüniň ýeterlik sowat almagynda iki doganyň ýardamynyň bolandygyny hem beýik ýazyjy mähribanlyk bilen ýatlaýar. Ol Kakada okan döwri meniň kakam Şemsetdin bilen hem ýakyndan dost bolan bolmaly. Şemsetdiniň kakasyna-da Ymametdin diýýärler. Kerimberdi işanyň iki ogly, ýagny Ymammetdin bilen Helimberdi Bagyrda ýaşapdyrlar. Ýöne Şemsetdin oglan wagty Kaka medresesinde Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow dagy bilen bile okapdyr.
Munymen başgabir zatdanhem bilýän. 1958-nji ýyldady öýdýän. Berdi agany ýaňadan ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna saýladylar. Gurultaýdan soň, başga respublikalaradan gelen myhman ýazyjylary Pöwrizä äkitdiler. Menem bir sebäp bilen Berdi aganyň maşynynda gitmeli boldum. Bagyryň öwrümine ýetenimizde Berdi aga: «Ynha, Toýly, seň kakaň bilen şu taýyk gaty kän gelýädik« diýdi.
Ýaňy aýdyşym ýaly, kakam Muhammetmyrat ahunyň (öz agasynyň) medresesinde okaýar. Şol ýerde bilim alýar. Pars, arap dillerini gowy bilýän eken.
1914-nji ýyldan Birinji jahan urşy başlanýar. Şol döwürde ol Kakadan Bagyra görme-görşe gelipdir. «Şonda onuň agasy Helimberdi işan Şamsetdine ullakan kagyz (gazetdigini näbilsin!) okatdyrýardy« diýip, ejem pahyr gürrüň berýärdi. Ol öz döwrüniň gaty atly işany bolan. Toý edip, at çapdyrýan eken. Şol toýlara Türkmenistanyň ähli ýerinden myhmanlar geler eken. Onuň Bagyrda öz gurduran medresesi, metjidi bar. Medrese ýykylýar. Häzir metjidi dur. Ýer yrananda metjidiň kä ýeri jaýryk atypdyr" - diýip, Toýly aga gürrüň berýär.
On ýedinji ýylda rewolýusiýa bolýar. Şemsetdin Kakadan öz obasyna dolanyp gelýär. Ejesi «Men seni nägünlik bilen okatdym« diýip aglap-eňräpdir. Emma Şemsetdin dünýä bulaşyklygyna aňryýany bilen göz ýetiripdir. Diniň indi ýol almajakdygyny bilýär. Döwür bilen aýakdaş gitmese, «it görse gözi agarjak« günüň başyňa düşjekdigi besbellidi.
Şeýdibem olar obada täze mekdep gurup başlaýarlar. Bu barada Merýem-Ezizi Kerbabaýewanyň ýatlamasy hem bar.
- Merýem-Ezizi biziň gelnejemiz - diýip, Toýly aga aýdýar. - Ol başdan Çaly işanyň aýaly ekeni. Çaly işanam Azymberdi işanyň ogly. Olam Kerimberdi işanyň ogly. Çaly işanyňam Emin diýip bir ogly bolýar. Ol häzir Moskwada ýaşaýar, medisina ylymlarynyň doktory, altmyş alty ýaşynda, meň ýaşytdaşym. Soň MerýemEzizi Berdi Kerbabaýewiň familiýasyna geçýär. Merýem gelnejemiz öz ýatlamasyny: «Metjitde geçirilen mejlis« diýip atlandyrypdyr. Ýyly anyk ýadyma düşenok, altmyşynjy ýyllar bolsa gerek, ol «Mugallymlar gazetinde« çap edilipdi. Bu gürrüň ýigrimi üçünji ýyla degişli. Şol wagt Şemsetdiniň çagasy ýok eken. Bolup ölýän eken, garaz, ýigrimi dördünji ýylda ekiz çagalary bolupdyr: Begenç bilen Guwanç…
Hawa, şol mejlis Toýly aganyň aýdyşy ýaly, Helimberdi işanyň metjidinde geçirilýär. Şonda Şemsetdin: «Men özümde çaga ýok. Şonuň üçin hem men öz doganymyň çagalaryny okatjak. Sizem öz çagalaryňyzy täze mekdebe beriň. Sowat alsynlar, bilim alsynlar« diýýär. Öz dogany Kakanepesiň Aýjan we Sadap atly gyzlaryny täze açylan mekdebe getirýär. Soň Kakadan Nury işanyň gyzy gelýär, Ejegyz. Soň ol at gazanan mekdep mugallymasy diýen ada mynasyp bolýar. Ýatan ýeri ýagty bolsun pahyryň. Onuň dogany Ogulgeregem okap, köp ýyllap mugallymçylyk edipdir.
Kakam ýigrimi bäşinji ýylda «Aýjemal« atly pýesa ýazýar. Ony kakamyň mugallym bolup işleýän sowet-partiýa mekdebinde sahnalaşdyrýardylar. Bu şol döwürde sahnalaşdyrylan ilkinji türkmen pýesalarynyň biri. Ol tomaşaçylar tarapyndan gowam garşylanýar. Ine, şony 1927-nji ýylda aýratyn kitap görnüşinde çap edýärler. (Häzir onuň ýeke-täk ekzemplýary milli kitaphanamyzda saklanylýar. Guwanç neresse dissertasiýanyň üstünde işlände, ony soň rus elipbiýine geçirdi). Bazar Amanow pahyr şol pýesasyny kružokda ilkinji bolup oýnaýyşlary hakda soňsoňlaram ýatlardy.
«Aýjemal« pýesasy sahnalaşdyrylansoň, ony Daýhanlar öýünde hem görkezýär. Şonda oňa Gaýgysyz Atabaýew hem tomaşa edýär. «Kim munuň awtory?« diýip soraýar. Aýdýarlar. «Onda şony okuwa ibermeli« diýýär. Şeýdibem, kakamy Leningraddaky Ýenukidze adyndaky Gündogary öwreniş institutyna okuwa iberýärler. Berdi aga-da onuň bilen bile okuwa gidýär. Ýöne Berdi aga ony gutarman gaýdýar. Meň kakam pahyr şol instituty tamamlaýar. Gelibem, adyny doly bilemmok, Baýramalydaky pagtaçylyk ugrunda bir tehnikum bar eken, şol ýerde mugallymçylyk edýär. Biziň ýaşaýan ýerimize de «kyrk işik« diýilýän eken. «Kyrk işik« häzirki böwrek sanatorisy bolmaly. Ol wagt böwrek sanatorisy ýok.
1932nji ýylda kakamy «Türkmen azatlygy« guramasyna gatnaşan adam hökmünde tussag edýärler.
Gürrüň şu ýere ýetende Toýly aga uludan dem aldy. Bokurdagy doldy. Dymdy.
Şemsetdin Kerimi Özbegistanyň Zerewşan diýen ýerinde 3 ýyl tussagda bolup, Aşgabada dolanyp gelýär we neşirýada edebi terjimeçi bolup işe girýär. Ol ýerde 1937'nji ýylyň iýul aýyna çenli işleýär. Şol aýda zähmet rugsadyna çykýar we Pöwrizä dynç almaga gidýär. Wagty gutarandan soň işe gelende ony işden boşadýarlar. Sebäbi rugsada çykanda bu baradaky buýruk oňa berilmändir (pragul hasaplapdyrlar). Şeýlelik bilen ol şol ýylyň awgust aýynyň 14-ine çenli işsiz gezýär. 1937-nji ýylyň 14-nji awgustynda galp habar boýunça ony tussag edýärler. «Türkmen azatlygy« diýen milletçilik guramasynyň agzasynda durýar diýip aýyplaýarlar. Sülçiniň sorag-jogabynda ol ýokarda aýdylanlary inkär edýär. Arzada Şemsetdin Keriminiň dürli döwürde halk magaryf komissarlary bolup işlän Kümuşaly Böriýew, Bäşim Perenliýew, ýazyjylar Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, terjimeçi Musa Ismailow, Seýitjemal Gapurow bilen aragatnaşyk saklandygy hakynda ýazylypdyr. Bu adamlar «Türkmen azatlygy« diýen milletçilik guramasynda durýarlar diýip tassyklanypdyr. Şemsetdin Kerimi sülçä beren jogabynda takmynan şeýle diýýär:
«Men ýokarda agzala adamlar bilen aragatnaşyk saklaýardym, olaryň öýlerine barýardym, olar bolsa biziň öýmüze gelýärdiler. Bu duşuşyklarda biz terjime iş barada pikir alyşýardyk».
Sülçi «Bize berlen habardan ýazylşyna görä, siz kakaňyzyň dogany Muhammetmyrat ahunyň Kakada medresesiniň bolandygyny, onuň Eýrana gaçandygyny tassyklaýarmysyňyz?« diýip soraýar. Ol «Dogrudanam hem şeýle« diýip jogap berýär.
Ýene bir arzasynda töhmetçi «Men Kerime Aşgabadyň wokzalynda duş geldim. Şonda ol: «Bu döwletde ýaşar ýaly däl, Eýrana gaçaýmasak boljak däl« diýip aýdýar. Sülçiniň bu sowalyna Kerimi şeýle jogap berýär:
"Men dogurdanam hem G. bilen wokzalda duşuşdym. Onuň bilen saglyk-amanlyk soraşdyk. Şondan başga biziň aramyzda gürrüň bolmady. Soňra men maşyna münüp, öýmüze gaýtdym".
Kakam tussaglykdaka, özbek dilini öwrenýär. Ol möhleti gutaransoň, Bagyra, öýmüze geldi. Şonda bir zat meniň ýadyma düşýär: Birtopar kitapdyr kagyzy üýşürip, olary ýakdy. Näme üçin, näme sebäpden ýakdy? Ol zatlary bilemzok. Şol wagt men sekiz ýaşymdadym.
Şondan soň kakam «Döwletneşirýatynda« terjimeçi bolup işledi. N.Ostrowskiniň «Polat nähili taplandy?« atly romanyny terjime edýär. Ol 1937-nji ýylda çykan bolmaly. Ýeri gelende aýtsak, Çary Matalow öz ýatlamalarynda onuň terjimesiniň gowy çykandygyny ýatlaýar. Kakam başgada «Tyssa ýanýar« atly kitaby terjime edýär. Otuz ýedinji ýylda tutulanda, ol M.Gorkiniň «Ene« atly romanyny terjime edýän eken. Ýarsyndan gowragyny terjime edipdir.
Kakam tutulanda, onuň terjime eden kitaplaryny ýakmaly diýen buýruk berlipdir. Men muny bir zatdan bilýän, 1956-njy ýylda gumda komandirowkada boldum. Mekdep direktorynyň öýünde bolamda, ol meniň familiýama geňirgenip: «Sen planyň oglumy?« diýip sorady. Men «Hawa şonuň ogly« diýsem, ol «Mende onuň terjime eden iki sany kitaby bar. Şolary ýakmaly« diýdiler. Men şolary ýakman, gizledim. Bularam saňa berýän« diýip, latynça çap edilen "Polat nähili bişişdi" (onuň terjimesinde şeýle), «Tyssa ýanýar« atly kitaplary maňa berdi.
Ýene bir waka ýadyma düşýär. Tutulandan öň, kakam bilen bile bir gezek ors bazaryna bardyk. Gök satýan bir tanyşy, obadaşymy bilemok, gadyr-gymmat bilen kakama gök berdi. Hasaplaşjak bolanda «Gerek däl. Men seni gowy görýärin« diýdi. Ol näçe almajak bolsa-da kakam oňa pul berdi.
Men ýolda «Kaka, ol senden pul aljak däl diýdi welin, näme üçin oňa pul berdiň!« diýip, çaga bilesigelijiligi bilen soradym. Ol bolsa uly bir adama düşündirýän ýaly: «Oglum, berk ýadyňda sakla, mugtuna zat almagyn. Eger mugtuna zat alsaň, onda şol adama borçly borsuň. Ynha, şu bahasy köpük, emma saňa şeýle bir ýumuş buýrar welin soň onuň aşagyndan çykyp bilmersiň. Şoň üçin irde-giçde hiç haçan ilden mugtuna zat almagyn« diýdi. Onuň diýenleri hemişe ýadymda. Şol wagtlar kakamyň maňa tabşyran zatlaryny indi men öz çagalarymyň gulagyna guýýan.
Kakam pahyr gaty arassa, halal adamdy…
Otuz ýedinji ýylda Şemsetdin Kerimiden başga-da onuň dogan'garyndaşlarynyň birnäçesi nähak töhmetiň pidasy boldy. Samat işan, Nury işan, Seýitjemal işan; olaryň Nury işandan özgesi gelmändir. Olam özüne berlen on ýyly türmede oturyp gelipdir. Soňam hormat-sylag edip, oňa işançylyk etdirjek bolupdyrlar. Etmändir, pahyryň gözüniň ody alnypdyr. Gorkupdyr. Bir gezek Maryda oňa «Seni işan etjek« diýip, öz gününe goýmandyrlar. Olam teý ahyry bolmansoň, «Häzir geljek« diýip turup gidýär-de, dükandan bir çüýşe arak getirýär. Gelibem «Bir käse beriň« diýýär. Käse äberýärler. «Bu kiçi şa käselerden iberiň« diýýär. Jübüsinden çüýşe çykaryp, şakäse guýýar-da, içýär. Ol muny bilgeşleýin edipdir. Sebäbi şol wagt din hadymlarynyň berk yzarlanylýan döwrüdi.
«Şonda tas ölüpdim« diýip, pahyr soň'soňlaram gürrüň berýän eken. Ýogsa ol din ugrundan gaty sowatly adam bolupdyr. Öň Buharada okap, ahunlyk derejesine ýeten. Orsy, türki, arapçany suwara bilipdir. Gurhany dagy ýüziniň ugruna terjime edýän eken.
Ata terbiýesinden, ata mährinden mahrum edilen doganlar durmuşyň ýowuz mekdebini geçmeli bolupdyrlar. Juda ir ata ornuny tutup, eklenç aladasynda ýaşadylar.
«Halk duşmanynyň çagalary« diýen kemsidiji sözleriň labry gaty ýokuş degýärdi. Bimährem adamlaryň sowuk nazarlary juwan ýürekleri lerzana getirýärdi. Bolsada ilgün bir gowy zat, ýetimleriň başlaryny sypalap, «Gaýrat ediň, bu günlerem geçer. «Adam başy - daşdan gatydyr». «Geçmejek zat bolmaz« diýip, çökgün göwünlere goltgy berenlerem bolupdy.
Ýöne, aýaga badak atanlaram az bolmandy.
Kyrkynjy ýyllaryň ahyrlary bolsa-da bilemok, «Halk duşmanynyň ogly« diýip, Begenji aspirantura okuwa kabul etmändirler. Şol döwürde Atda Badaýew (Mämmet Badaýewiň agasy) «Mydam taýýar« gazetinde jogapkär sekretar bolup işleýän eken. Beki Seýtäkowyň Moskwa, edebiýat institutyna giden döwri. Beki aga «Mydam taýýar» gazetiniň redaktorydy. Begenjem Atdanyň kömegi bilen şol gazetde terjimeçi bolup işläp başlaýar. Başda «Mydam taýýarda» işleýärkä, Atdany işe alanam Begenjiň özi. Ol gumda mugallym bolup işleýärdi.
Gumdan gelende, ony korrektor edip işe aldy. Şol döwirräkde menem harby gullugy tamamlap, Aşgabada geldim. Men gelemde ýerime terjimeçi bolup Begenç işläp otyr. Men «Iş taparyn özüme, işläber» diýsem, Begenç: «Ýok, men ýerimi boşadaýyn» diýdi. Şol wagtlar harby gullukdan gelene öňki ýerini bermeli diýen görkezme-de bardy. Ol «Ýaşkoma» geçdi. Menem öňki işlän ýerim bolan «Mydam taýýarda» işe başladym.
Gürrüňi edilýän Begenç Kerimi türkmen žurnalistikasynyň ösmegine önjeýli goşant goşdy. Ol uzak ýyllaryň dowamynda «Sowet Türkmenistany», häzirki «Türkmenistan» gazetine ýolbaşçylyk etdi. Ondan tälim alan žurnalistleriň sany bir ýa iki däl. Häzir ol hormatly dynç alyşda.
Guwanç Kerimi bolsa sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory boldy. Professor G.Kerimi döredijiliginiň gülläp ösýän döwri bimahal aradan çykdy. Ol türkmen teatrynyň taryhyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak iş bitirdi.
Türkmen metbugatyny halypa fotožurnalist Toýly Kerimisiz göz öňüne getirmek kyn. Onuň uzak ýyllaryň dowamynda düşüren suratlary ýurdumyzyň ýyl ýazgysyna öwrüldi.
Hawa, Şemsetdin Keriminiň täleýi ters geldi. Ol bary-ýogy 44 ýaşynyň içinde otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlygynyň pidasy boldy. Ýöne muňa garamazdan, ol türkmen medeniýetiniň ösmegine azda-kände goşant goşmaga ýetişdi. Ol has irki döwürlerde türkmen folkloryny ýygnamaga başlapdyr. Belli rus saz öwrenijisi Uspenskiniň türkmen sazyny öwrenmegine uly hemaýat edipdir. Oňa ýoldaş bolup, obama'oba aýlanypdyr. Ilkinjileriň biri bolup dosent ylmy derejesini alan Şemsetdin Kerimi ýatlamaga mynasypdyr. Belkide, onuň adyny ebedileşdirmek gerekdir. Bu hakda degişli adamlar aladalansa-da kem bolmazdy.
Bir gezek «Mugallymlar gazetinde» işläp ýördüm. Karl Marks köçesinden Aman Kekilow bilen Baýram Welmyradow gelýän eken. Meni görüp, Aman aga gaty gadyrly salamlaşdy. Edil deň-duşy ýaly saglyk-amanlyk soraşdy. «Ýör, gideli» diýip, meni Baýram agalara äkitdi. Şol ýerde Aman aga kakamy ýatlap, gowy sözleri aýtdy. Meniň üçin bu gaty tolgundyryjydy. Ol «Biz seniň kakaň ýaly bolmaga çalyşýardyk. Ol gaty sowatly adamdy. Özem şeýle bir geýinýärdi welin, ýöne sygyryp oturmalydy. Päkize geýinýärdi. Biz ol wagtlar ýaşdyk. Oňa öýkünjek bolýardyk. Zähmetsöýerdi. Türkmen üçin az iş bitiren däldir» diýip aýdan sözlerini ýüregimde göterip ýorün.
Niçe pikirler kylsaňyz,
Ýokdur ölümge hiç alaç.
Barça dolar ölmek üçin,
Ýokdur ölümge hiç alaç.
Herne kim, janyň jan berer,
Barça oňa haýran erer,
Şah-u-geda ýogsan bolar,
Ýokdur ölümge hiç alaç.
Gat-gat demirden galasy,
Polat bolsa derwezesi.
Hemwar oňa bu barçasy,
Ýokdur ölümge hiç alaç.
Ilçi geler göçürgeli,
Jan şemgini öçürgeli,
Dünýä gamyn içirgeli,
Ýokdur ölümge hiç alaç.
Eý Şemsetdin, toba kylgyl,
Ýazyklaryňňy aňlagyl,
Gopgul, biliňňi baglagyl,
Ýokdur ölümge hiç alaç.
Bu şahyr Şemsetdin Keriminiň has irki döwürlerde ýazan goşgularynyň biri. Men şu ýyl öz neberesi tarapyndan ýüz ýaşy belleniljek Şemsetdin Keriminiň keç ykbaly hakdaky ýazgymy onuň öz goşgusy bilen jemlemegi göwne makul bildim.
1993 ý, sentýabr.
Taryhy şahslar