14:42 Seniñ dünýäñe | |
SENIÑ DÜNÝÄÑE
Goşgular
Ýaşyl yşyk ýaksa söýgi ýodasy, Munça gussalardan dynyp gitmäne. Umyt bilen uzaklardan bakýaryn, Seniñ dünýäñe. Ejizlän gerdene güýç berÿän umyt - Sebäp bolÿar arzuwlary etmäne, Ynansañ, päk söýgüm hökman ýaraşar, Seniñ dünýäñe. Dünýäñ sadalykdan döredilipdir, Sada keşbiñ goýýar meni haÿrana. Şonda-da bir zatlar ýetmeýän ýaly, Seniñ dünýäñe. Edep bar, päklik bar, asyllylyk bar, Uýady bar, ýanna hem kämillik bar, Emma bir kem zady, ýekeje ýogy, Meniñ ýürekdäki söýgüniñ ody, Ýetmez zat şu ýaly - Seniñ dünýäñe. Ýetmeziñi doldurmaga bararyn, Eger razy bolsañ meniñ söýgüme - Öz dünýämi soñsuza çen baglaryn, Seniñ dünýäñe. Isa HOJAMERDANOW. | |
|
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Takdyr / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Uzak gije / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Şepelere häsiýetnama / Goşgular - 13.07.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |