01:06 Seniñ gözlegiñde | |
SENIÑ GÖZLEGIÑDE
Goşgular
Bu uly şäherden gözleýän seni, Ýok-la, ýogsa saña aýtjak zadymam. (Tötänden duşaýmak mümkin ahyry) Bu gözlegden bizar bolm:an, ýadam:an. Geçip barýan seýilgähiñ içinden, Hol, barýan ýigid-ä meñzeşem saña. Ýöne ol sen ýaly ýylgyryp däl-de, Parhsyz bakyş bilen seredýär maña. Belki, bu ýigdiñem bir ýerde bir gyz Ýoluna bakýandyr göresi gelip. Menem senden umydymy üzýärin, Başga bir ýerlerde ýöreniñ bilip. Duşýan özgeleriñ gözleýänine, Deñlerinsen biparh ötüp barýaryn. Bu uly şäheriñ köçelerinde, Seni gözläp, özüm ýitip barýaryn. Gülnar BAÝLYÝEWA. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |