09:59 "Men sizi söýýärin, öñünden aýdýan..." | |
"MEN SIZI SÖÝÝÄRIN, ÖÑÜNDEN AÝDÝAN..."
Goşgular
Men sizi söýýärin, öňünden aýdýan, Däldirin men sizden hiç zat hantama. Siziň meni söýmegňizem hökman däl, Siz bu ahwalymy aňmaň gaýtam-a. Dogry, siziň sözleriňiz ruhuma Howa kimin ýetmeýänem dogrudyr. Neneň het edeýin, başga birine Aýdylmaly sözi eşden ogrudyr. Men däli, men akmak, men bir kelesaň, Ýogsa oýlarmydym şeýle zatlary. Hem indi düşünýän gündeligňe-de, Ýazyp bolmaýanna käbir atlary. Ýok bu syryň hiç kim üçin peýdasy, Men başga birini, bilýän, söýerin. Gadaganam bolsa sizi söýmeklik, Şonda-da kalbymdan kowup goýbermen, Men sizi ol ýerde gizläp goýaryn. Gülnar BAÝLYÝEWA. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||