11:02 Sere gelen setirler | |
SERE GELEN SETIRLER
Sözler
■ Neşe söwdasy bilen meşgullanmak hem edil ajal bilen gizlenpeçek oýnan ýalydyr. ■ Alara hiç zady bolmadygyñ hem ýüzüni alýarlar. ■ Garynja ýaly jepakeş bolsañam, iliñkini daşamaly däl. ■ Ýalançy dünýä çynyñy öleñsoñ aýdýar. ■ Aýagyna dyrmaşdyrsañ, başyña-da çykarlar. ■ Sözüñ güýji ~ äheñinde. ■ "Garnym doýsa-da, gözüm doýanok" diýýäniñ gözüni doýurmak hökman däl. ■ Nebsi agyrýana derman içirenoklar. ■ Hojaýynlyk satmak üçin ilki ony satyn alýan bar. ■ Ogrudan ogurlañda ädim ogurlamaly. Kejebesi daralýany düýeden düşürseñ näder?! ■ Gülki ~ gül, agy ~ tiken. ■ Eli sowanyñ ýüregem sowaýar. ■ Eli uzadan ýerine ýetýäne: "Eliñden gelse asmany çek" diýenoklar. Atajan ANNABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||