23:03 "Sesimiň kimdir biri ýa-da tutuş jemgyýet üçin möhümdigine buýsanýaryn" | |
"SESIMIÑ KIMDIR BIRI ÝA-DA TUTUŞ JEMGYÝET ÜÇIN MÖHÜMDIGINE BUÝSANÝARYN"
Publisistika
Men Gülendam, bu meniň hekaýam. Her bir çaga özboluşly dünýä inýär. Tebigatdan berlen ukyplar we gözellik birleşip dürli-dürli ajaýyp janlylary emele getirýär. Meniň aýratynlygym bolsa - owadan sesim. Men türkmençe labyzly goşgy we kitap okaýaryn. Meniň joralarym we mugallymlarym sesimden çykýan äheňe we duýga haýran galýarlar. Men Balkan welaýatynyň 2-nji başlangyç hünärment mekdebiniň Kitaphana arhiwi bölüminiň birinji ýyl talyby. Haçan-da beýleki talyplar sapagy depderinden okaýarka, men ýumuşlary ýatdan aýdyp berýärin. Mugallym teswir berdi: “Gürrüň berip başlaňda, özümi radioda gyzykly makala diňläp oturan ýaly duýýaryn. Sesiň juda dogumly hem mylaýym! Eger-de ses görünýän zat bolsady, onda oňa birnäçe sagatlap synlap durardym! ” Sesimiň kimdir biri ýa-da tutuş jemgyýet üçin möhümdigine diýseň buýsanýaryn. Orta mekdebi iki ýyl ozal tamamlanyma garamazdan, iň ýakyn boýdaşym Aýzada hemişe ýanymda. Mekdepdekäk bir stolda bile oturardyk, seýilgählerde gezelenç ederdik we bilelikde teatra giderdik. Ol goşgy okaýşymy lezzet alyp diňleýär, has-da gowulaşdyrmak baradaky pikirlerini meniň bilen paýlaşýar. Ejesi hem özi ýaly mähirli, köplenç biri-birimiziň öýümize baryp, bilelikde çaý içýäris. Ejesi tagamly tortlary we kökeleri bişirýär, esasan hem şokoladlysyny halaýaryn! Men özümi bilelim bäri işjeň gyz. Mugallymlar mekdepde geçirilýän milli dabaralara synpdaşlarymyň arasyndan meni saýlardylar. Mekdep okuwçysy döwrüm Balkanabat şäheriniň Çagalar we Ýaşlar döredijilik öýi maňa täze ýyl dabarasyny we 8-nji mart - Halkara zenanlar güni çäresini alyp barmagy teklip edipdiler. Eýse, menem höwes bilen kabul etdim! Men meşhur şahyr Gurbannazar Ezizizowyň doglan güni, baharyň ilkinji güni, ýagny 1-nji martda doguldym. Bu onuň poeziýasyny halamagymyň ýene-de bir sebäbi. Haçanda adamlar iň halaýan kitabymyň nämedigini soranlarynda, dessine göz öňüme halaýan goşgularym gelýär. Olary her gün, gynansam-begensem-de okaýaryn. Köplenç doglan günümi joralarym we daýzalarym bilen käte öýde käte kafelerde belleýärin. Durmuşymda görelde alýan kişim, gahrymanym – ejem. Ol dünýä inemden bäri maňa ideg edip, emosional kynçylyklardan nädip aşmalydygymy öwretdi. Durmuş ýolumy çyzmagyň ýerine, elime galam tutduryp ony nähili ulanmalydygymy öwretdi. Ejem owadan goşgylary ýazýar. Golaýda Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanan ajaýyp şygyr ýazdy, menem ony buýsanç bilen okadym. Mekdep döwri iň halaýan iki mugallymym bardy. Tylla we Mahym mugallymda meniň gowy görýän häsiýetim bar. Olar jynsymyza, güýjümize, fiziki mümkinçiliklerimize we jemgyýetçilik synpymyza garamazdan hemmelere deň garaýardylar. Olar hemmämize deň hormat goýýardylar, soraglarymyza sabyrlylyk bilen jogap berýärdiler. Möhletleýin öýde okadylýan wagtlarym, olaryň sapaklarynyň başlamagyna garaşýardym. Olara çaý hödürläp, bilelikde gyzykly wagt geçirerdik. Olar meniň aýratynlygymy duýýardylar. Häzirki okuwymy tamamlanymdan soň, Medeniýet institutynda Alyp baryjylyk sungatyny öwrenmek isleýärin. Sesi dolandyrmagyň tärleri, labyzly gürrüňdeşligiň inçe usullaryny tanap, sungat işgärleri bilen tanyşmak isleýärin. Ejemiň aýdyşy ýaly, maýyplygym arzuwlarymy amala aşyrmagyma päsgel bermeli däldir. Tersine, maňa kuwwat bermeli we üstünlikli durmuşa geçirmeli. Gülendam RAHYMOWA / Diagnoz: Serebral ysmazlygy (çaga serebral ysmazlygy). UNFPA / Türkmenistan, 20.11.2021 ý. | |
|