17:52 Şeýleräk degşerdiler... | |
ŞEÝLERÄK DEGŞERDILER...
Ýatlamalar
– Nury bilen Gurbannazaryň dostlugy arassady we berkdi – diýip, olary ýayndan tanaýan mähriban dostumyz Derýa Baýramkulyýew ýatlaýar. Olaryň ikisi-de türkmeniň zehini ýiti ogullarydy. Her haýsy bir deräniň şiridi. Gurbannazar Nurynyň sazlaryna uly hormat goýardy. Onuň “Nar agajyny” has söýerdi. Nury Gurbannazaryň sözlerine ilkinji bolup saz düzüpdi. Ol şahyr dostunyň goşgularyna aşykdy. Bir-biregiň sungatyna teşneligi olary wepaly dostlara öwrüpdi. Derýa bu iki ussat bilen baglanyşykly şeýle bir wakany gürrüň berýär: - Bir gezek Gurbannazarlaryň howlusynda, sekiniň üstünde Nury Halmämmet bilen Gurbannazar küşt oýnaýardylar. Olaryň oýnuna syn etmek diýseň gyzyklydy. Gurbannazar küştde Nurudan asgynrakdy. Nury oýna ökde bolansoň, her gezek Gurbannazary utup: – Ynha, beýik kompozitoryň ediberişi – diýip, Gurbannazara degerdi. Gurbannazar bolsa: – Ine, häzir türkmeniň beýik şahyrynyň türkmeniň sada, emma ägirt kompozitorynyň petigulysyny berşine seret! – diýip, ýene oýna başlardy. Gurbannazar ýene-de utulardy welin, ol degişmesini goýman: – Bä-ä, seň küşt oýnaýşyňam saz düzüşiň ýaly güýçl-aý! Ýöne her bir güýçliniňem asgyn ýeri bardyr: küşt! – Ine, küşt bolsa şeýdäýeris, şahyr. “Item arryklygyn gurda bildirmez” diýenleri, asgyn ýerimi tapaýmarsyň, göç! – Ine, göçdüm! – Göçen bolsaň, özüňe küşt! Nätdim? Tur küştden. Sen gowusy, başarýan işiňi et – git-de ajaýyp goşgulary döret, menem olara oňat saz ýazaýyn! – Men bu utulyşym bilen goşgy goşup bilmen, düz ýene-de... Döredijiligiň ýeňil bolmadyk hysyrdylaryndan soň zehinli dostlaryň arasynda şeýleräk dynç alyşlaram bolýardy. Bu iki ägirdiň goýup giden ruhy mirasyny – Gurbannazaryň goşgularyny, Nurynyň sazlaryny türkmen halky hemişe kalbynyň töründe saklaýar. Allaýar ÇÜRIÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 28.02.2003 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |