22:39 Şeýtan bu işiñ niresinde? | |
ŞEÝTAN BU IŞIÑ NIRESINDE?
Geň-taňsy wakalar
Kanada! Demirgazyk Amerikanyñ bir ýurdy. 10 ştatdan we 3 oblastdan ybarat. Ýurt Ýuwaş okeanyñ kenarlaryndan Atlantik okeanyñ, demirgazykda Demirgazyk Buzly okeanyñ kenarlaryna çenli ümmülmez aralykda 9.98 million km² meýdany tutýar. Ululygy boýunça dünýäniñ iñ uly ikinji ýurdy. Ilaty 19 million. Etniki gelip çykyşy boýunça 76.7 %-i akýagyz, 14.2 %-i aziýaly, 4.3 %-i ýerli, 2.9 %-i garaýagyz, 1.2 %-i Latyn Amerikaly, 0.58 %-i garym-gatym we ş.m. Kanada günbatar siwilizasiýasynyñ üç uly merkeziniñ garym-gatym medeni gurluşyna eýe: iñlis, fransuz, amerikan... Şindi size gürrüñ berjeklerim, Günbataryñ ikinji ýüzüni gözlerimiziñ öñüne dikýär. Gürrüñi Hristofor Kolumbdan başlamakçy däl. Ýüzýyllyk uruşyndanam, dünýäniñ gury ýer meýdany boýunça üçden bir bölegini tutýan yklymda ýaşaýan dört milletiñ biri bolan indeýleriñ ýok edilşindenem, "täze geografiki açyşlar" ady bilen biziñ gulagymyza guýlan jypdyrmalardan doly döwürdenem, Afrikanyñ basylyp alnyp, garaýagyz ilatynyñ gul edilmegindenem, Hytaýyñ we Hindistanyñ basylyp alnyp, saryýagyz ilata ýuwtdurylan hunabalardanam söz açmakçy däl. Magna Hartiýadan (Вели́кая ха́ртия во́льностей лат. Magna Carta, также Magna Charta Libertatum) ýa-da Westfaliýadan-da söz ýarjak däl. Adam hukuklarynyñ umumy jarnamasy (Всеобщая декларация прав человека - İnsan Hakları Evrensel Bildirgesi) mundan tegelek 73 ýyl owal, 1948-nji ýylyñ 10-njy dekabrynda BMG-nyñ Baş Assambleýasynyñ ýygnagynda kabul edilmänmidi? Meniñ dogulmagymdan bir ýyl öñ. Ýagny "adam hukuklary" hukugynyñ döreýşi bir adamyñ ömrüne barabar diýerlik derejede täze. Fransuz rewolýusiýasy diýr bolsañyz, olam 1789-njy ýylyñ 5-nji maýyndan 1799-njy ýylyñ 9-njy awgustyna çenli aralyga diýilýär. Gul eýeçiligi ABŞ-da 1862-nji ýylyñ 19-njy iýunynda Linkoln ýatyrdy. Aýdyñlanma döwrem XVIII asyrda jana girdi. Renessans - Täzeden dogulmak, direlmek, janlanmak manylaryny berýär. "Renessans" adalgasyny 1860-njy ýylda - Çanakkale söweşinden 54 ýyl öñ birinji gezek Ýakob Burkhardtyñ “Italiýada Renessans medeniýeti” atly kitabynda dini adalga hökmünde ulanylýar. Italýan dilinde “Rinascita-Rinascimento”, fransuzça “Renessans” ýagny, hemmämiziñ telwas eden “WE BA’SU, ABDEL MEWT”-iñ Günbatar medeniýetindäki añladylyşy bolan "Täzeden dogluş" manysyny berýär. Buthana muny hakyky manysyndaky "ölüp täzeden direlmek" manysynda däl-de, has köp ýerde "günälerden saplanmak" manysynda düşündirýär. Täzelenme "regeneration" sözi bilenem manydaşdyr. Sungatyñ taryhyny öwreniji Jorjo Wazari "Renessansyñ taryhyna we sungatyna baha berende “rinascita” sözüni ulanypdy. Siwilizlenen Günbatar şol iki aralykda iki "gyzgyn" jahan urşuny, bir "sowuk urşuny" dünýä peşgeş berdi. Onam az görýän ýaly, şindi dördünjisini turuzjak bolup, kynçylykly CoVID döwrüni ulanmak arkaly bar güýji bilen haýdaýar. Bulary bir gapdala goýalyñ. 1945-nji ýylyñ 24-nji oktýabrynda BMG guruldy, 1949-njy ýylyñ 4-nji aprelinde NATO guruldy. 1957-nji ýylyñ 25-nji martynda AET, ýagny, Ýewropa Bileleşigi (ÝB) guruldy. Eý-ho, eretseñizläñ: 1962-nji ýyla çenli Günbatarda Haýwanat baglarynyñ ýanynda "adamlaşma müddetini tamamlamadyk haýwanlar" diýip, "Ewolýusion parklarda" indeýler, garaýagyzlar, tasmaniýalylar, aýal-erkekler, çagalar we garrylar çuw ýalañaç halda görkezilýärdi. Häzir Ýewropany dolandyrýanlaryñ agramly bölegi şol wagtlar demir kapasalarda saklanýan bu bendelere çigit oklan çagalardy. Şol wagt ýañy ýedi ýaşanlar. Olar häzir altmyş alty ýaşady. Şol ene-atalar has soñky nesli terbiýeläp ýetişdirdiler. Eýse siz Günbatar şondan soñ akyllanandyr, has ylalaşykçy, adam hukuklaryna hormat goýýan ýurda öwrülendir öýdýäñizmi? 1994-nji ýylda Ruanda gyrgynçylygy bolup geçdi. Liwiýada, Alžirde... bolan zatlary-ha agzajagam däl. Çanakkalede Hindistandan, Senegaldan sürüp getiren adamlarynyñ başyna gelenleri hem bir gapdala goýýan. Günorta Afrikany aýdyp oturmaga hajat barmy? Ýa-da Malide, Nigerde, Çadda, Somalide bolup geçenleri!. Haýsysyny sanaýyn, Yragymy, Owganystanymy! Hä, şol sanda Günbatar biziñ ýaly ýurtlara DEMOKRATIÝA getirmek üçin 1950-nji ýyldan bäri 475 gezek harby döwlet agdarlyşygyny geçiripdir. Günbatar nähili zamanabap, siwilizlenen, adam hukuklaryna sarpa goýýan modern döwlet, şeýle dälmi? A biz nämüçin onda olaryñ deñine ýetip bilemzok? Musulmanlyk muña päsgel berýärmi! Ah, bi gündogar kellesi, ah! Häzir size gürrüñ berjeklerim buthananyñ garamagyndaky ýatymlaýyn Mariwal indeý mekdebinde (Marieval Indian Residential School) bolup geçen zatlar bilen baglanyşykly. Mekdep 1899-njy ýyldan 1997-nji ýyla çenli ştatyñ merkezi Rejaýna şäheriniñ 140 km gündogarynda ýerli kowesses (Cowessess First Nation) taýpasynyñ ýaşaýan sebitinde bilim berdi. Britiş Kolumbiýa ştatynyñ Kamlopps şäherindäki ýatymlaýyn buthana mekdebiniñ howlusynda 29-njy maý güni 215 çaganyñ (euronews.com saýty soñra bu mekdepde okaýan çagalaryñ öldürilip zyñlan jesetleriniñ 751-e ýetendigini habar berýär. -t.b.) jeset galyndylarynyñ taşlanan mazarlarynyñ tapylmagy ýurtdaky 139 mekdepde düýpli barlaglaryñ geçirilmegine sebäp boldy we netijede täze-täze mazarlaryñ üstünden baryldy. 150 müñden gowrak ýerli çaganyñ ene-atadan zor bilen alnyp ýerleşdirilen buthanalaryñ garamagyndaky ýatymlaýyn okuwlarynda bu çagalaryñ agramly bölegi monahlaryñ we beýleki mugallymlaryñ fiziki, jynsy, psihologiki zorluklaryna sezewar edildi. Ýurtda 2010-njy ýylda gurlan Hakykat we ylalaşyk komissiýasynyñ resmi maglumatlaryna düşen zorlukly hereketler bilen bile käbir çagalaryñ medisina synaglarynda eksperiment hökmünde ulanylandygy-da mälim boldy. Federal hökümet müñlerçe çaganyñ açlykdan, sowukdan we medisina synaglarynyñ netijesinden ömür tanapynyñ üzülen ýatymlaýyn buthana mekdeplerinde bolup geçen masgaraçylykly wakalar üçin 2008-nji ýylda jebir çekenleriñ hossarlaryndan ötünç sorady. Bu wakanyñ häzir Kanadada bir tarapdan katolik buthanasynyñ şahsynda hristianlyga, hristianlygyñ şahsynda ähli ynanç sistemalaryna LGBT binýatly pedofil ekspansiýanyñ serişdesine öwürmäge jan edýär diýibem jedel başlady. Ýöne katolik buthanalarynda jynsy zorlukly eden-etdilikleriñ yzy üzüljege meñzemeýär. Protestant buthanalaryñ käbiri bolsa indi bular ýaly meselelere pitiwa-da edenok, geñem görenok. Galyberse-de, Rim papasynyñ Täze ýyl baýramy mynasybetli gutlagynda LGBT-lere birhili etdi-de “Tañrynyñ çagalary” diýläýdi! Wiý, ýogsa-da, sanjymyñyzy almagy ýatdan çykarañzok dälmi! Belkäm, maska, howpsuz aralyk, akýagyz jenap we oña hyzmatkärlik etmegi özüne dereje bilýän "Tom daýymyz" Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ (BSGG) penjiresinden näme diýýändigini diñläsiñiz gelýändir. Ýogsa aýyp bolar, aýyp. Serediñ, Din işleri ministrligem fetwasyny berdi. Isleseñiz "halal" sertifikatynam alarlar. Ýöne FDA (управление по санитарному надзору за качеством пищевых продуктов и медикаментов. (англ. Food and Drug Administration, FDA, USFDA, букв. «Управление еды и лекарств») bökdençsiz işläp dursa bolýar. Saglygym BSGG-na sowgat bolsun! (Toba estagpyrylla! Auzu billahi mineşşeýtanirrajim, Bismillahirrahmanirrahim) Salam we doga bilen. Abdyrahman DILIPAK. "YENI AKIT" gazeti. 27.07.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |