17:47 Estrogen bombasy | |
ESTROGEN BOMBASY
Medisina
Her bir adamda estrogen hem-de androgen bar. Kimde estrogen has agdyklyk etse, ol aýal, androgen agdyklyk etse-de, erkek bolýar. Bu gormon ähli oñurgaly jandarlarda, şol sanda käbir mör-möjeklerde-de bar, hasam beteri olar zenanlaryñ we beýleki süýdemdirijileriñ estral (эстральный цикл, течка) dolanşygynda möhüm ähmiýete eýe bolan steriod gormonlarydyr. Genetiki çärelerde häzirki wagt biohimiki tilsimler arkaly öndürilen iýýän tüwülerimizde we birnäçe iýmitde bu gormon bar. Adam organizmi adaty şertlerde bu gormony gerekli mukdarda alyp durýar. Artykmaç alynan gormonlar bagyrda böleklenýär we peşew haltanyñ üstünden daşaryk çykarylýar. Emma spirtli içgiler temmäki önümleri bagyrda bozulmalara sebäp bolan iýip-içme endikleri sebäpli bu funksiýasyny göwnejaý ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýlarynda düýpli näsaglyklary we gormonal näsazlyklary döredip biler. Meselem, birnäçe iýmit maddasynyñ düzümindäki lesitin maddasy adamyñ süññünde has köp estrogen üýşmegine sebäp bolýar. Daşy paketlenen iýmitleriñ köpüsinde estrogen üýşmegine sebäp bolýan lesitin bardyr. Aslynda biz, göni ýa-da gyýtaklaýyn ýagdaýda gereginden artyk estrogen alýarys. Iýmit önümleri, derman-däriler, kosmetika önümleri... Bu gormonlar şol bir wagtyñ özünde göwüs ýaly jynsy synamyzyñ ulalmagyna getirýär. Üç görnüşli estrogen bar: estrodiol, estriol we estron. Bular ferment reaksiýalary we androgenler bilen sintezlenýär. Bu gormon zenanlaryñ uly agyrylara döz gelmegine kömek edýänem bolsa, beýleki bir tarapdan olarda agressiw hüý-häsiýetleri döredýär. Bedendäki zenan keşbiniñ daşky görnüşini emele getirýän esasy gormon estrogendir. Androgen aýalda-da, erkekde-de bolup biler we köpüsi böwregiñ üstündäki dokumanyñ gabyk böleginde bolýar. Tebigy jynsy gormon bolan testosteron-da bu gormon bilen baglanyşyklydyr. Ses tonunyñ galdyrylmagy aýal-gyzlarda libidonyñ (jynsy meýliñ) artmagy ýaly netijelere getirip biler. Bu gormon her iki jynsda-da estrogen işläp çykarmagy üçin gerekli maddadyr. Bu sazlaşyk bozulan ýagdaýynda erkekpisint aýallar ýa-da heleýpisint erkekler, ýa bolmasa her iki jynsa-da öz jynsy babatda çakdanaşmalar gabat gelýär. Indi gowja üns beriñ: dünýä boýunça koronawirus ýolugyp kesellän ýa-da ölrn erkekleriñ sanynyñ aýallara görä has köpdügi belli bolupdyr. Şonuñ üçinem ABŞ-da üç hassahana kowid-19 bilen ýatan erkeklere estrogendir progesteron ýaly zenan gormonlaryny geçirmäge başlapdyr. (NTV 28.04.2020) Indi şu maglumata-da gowja üns beriñ: iñlis matematigi, kriptolog, kompýuter ylmynyñ düýbüni tutujy Alan Metison Týuring (23.06.1912 - 07.06.1954) ölüminden iki ýyl öñ 1952-nji ýylda bile ýaşaýan erkek tanşynyñ zorlugyna uçrandygy sebäpli polisiýa arz edýär. Polisiýa olaryñ ikisini-de tussag edýär. Týuringe mejbury bejergi we beçebazlykdan bir ýyl önelgesizleşdirme jezasy berilýär. Onuñ tanşy bolsa, hem zorlukly haýbat atma, hem-de beçebazlykda aýyplanyp, tussag astyna alynýar. Bir ýyllap Týuringe bejergi görnüşinde himiki taýdan hadym etmek-tök edip taşlamak (biçmek) üçin estrogen sanjymy urulýar. 1954-nji ýylda alan agyr bejergisi bilen baglanyşyklylykda döräm anomaliýa netijesinde Týuring aradan çykýar. Ýagny estrogen sanjymy erkeklerde tökleşdirme-önelgesizleşdirme täsirini döredýändigi 1952-nji ýyldan bäri medisina ylmyna mälim. Onda näme etjek bolýarlar? Ýene bir habar: "Newsweek" žurnaly soñky sanynda ‘’Gormon bejergisiniñ añyrsy’’ rubrikasy astynda “Estrogen asyrynyñ soñunyñ gelendigi" baradaky makalasynda bu bejerginiñ süñkleriñ eremegine we gyzgynlygyñ basmagyna garşy iñ gowy çäre bolsa-da, göwüs ragy, ysmaz ee ýüregagyry howpuny artdyrýandygy nygtalýar. Menopoza giren aýallaryñ bejergisinde-de estrogen bir zady düzetse, birnäçe zady bozýar. Ýekebara, öz eliñ bilen ýetişdiren ekiniñden, saklan malyñdan bolmalysy ýaly saglykly iýip-içmek we maşklary (sport däl) ýerine ýetirmek sagdyn durmuşda ýaşamak üçin bular ýaly gorkuly radikal bejergilerden has arzan we has ynamlydyr. Alyñ, size ýene bir habar: Habaryñ çeşmesi amerikan metbugaty. ABŞ Hytaýda Uhandaky koronawirus öndürilen Wirusologiya institutynyñ laboratoriýasyna milllionlarça dollar maliýe kömegini edipdir. Labotatoriýany guran adamy ABŞ-daky meseler bilen dahylly ýygnaga çagyranam MRU-nyñ (CIA) özi bolsa näme! ABŞ minarany ogurlamagy makul bilensoñ, tüýsüni-de öñünden taýýarlap goýupdyr. Ýagny, günäkäriñ oturgyjyna oturtmak üçin Hytaý başdan bäri göz astyna alynan eken. Serediñ, tekrarlap aýdýaryn, koronawirusdan has howply zat, onun waksinasydyr! Koronawirusdan soñ guruljak täze dünýä sistemasyna düşünmezden ne koronawirusa düşünip bilersiñiz, ne 5G-ä, ne emeli añly robotlara, ne-de Starlinke... Ne kiber goşuna, ne Kiber NATO, ne-de Speýs Armiýa (Space Army) düşünersiñiz. Öñümize oklanan korona "iýmine" güýmenip, gyzyldan gymmatly wagtymyzy giderýäris. Bu düşünje bilen gidibersek, bizi guş deýin awlarlar! Bu işi WASP taýýarlygyndan geçip, "normalara" laýyk getirilen "ylmy şahslaryñ" akly bilen düşünmegimiz, düşündirmegimiz, çözgüt tapmagymyz mümkin däl. "Çykdajy barsyny çykaryp" ýokary bilimli bolan näçe alym bar bizde bu howpa garşy çykalga gözleýän, çäre agtarýan? Günbatar edebiýatyndan ellerine tutdurylan tekstleri okap, hamala özlerine asmandan wahyý inen ýaly “şübhesiz iman we wepalylyk” bilen wezipelerini ýerine ýetirýärler. Waksina babatdaky refleksleri-de şeýle. Şübhelenmäge hiç hili esas ýok, göýä ylym imanlarynda ýaly boluşlary. Bize-de diiñe Tebipçilik guramalarynyñ üstüne çöwje diýseñ, a beýlekileriñem köpüsiniñ syýasy, ideologik galyplaryny hasaba almanymyzda, umuman alanda refleksleri birmeñzeş. Düýn Selma Aliýe Kawafy linç edip, ony ministrlikden çetleşdirmegiñ ýoluny açanlaryñ kellesi-de Günbatara gepsiz-gürrüñsiz boýun sunmak düşünjesi bilen çañ basyp giden beýni götermeýärmi näme? Dilsiz-agyzsyz ýüregimiñ ondan nähili bizar bolşuny bir görsediñiz. Biziñ sesimiz çykanokmy, ýa-da bizi kimdir birileri eşidenokmy, ýa bolmasa eşitmek islänokmy? Muny-da bilemok. Salam we ýagşy doga-dilegler bilen; Abdyrahman DILIPAK. abdurrahmandilipak@yeniakit.com.tr 12.05.2020 ý, "Yeni Akit" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |