16:34 Siz pikir edýäñiz!.. | |
SIZ PIKIR EDÝÄÑIZ!...
Edebi makalalar
Hawa, siz käbirleri bular ýaly rehim-şepagatsyz, bular ýaly wagşy bolup bilmez diýip pikir edýärsiñiz. Eger hüşgär bolmasak, düýnki edenlerini ýene-de gaýtalarlar. Taryh gaýtalanyp duran zat. Adamlar ýaradylyş maksadyndan daşlaşdygyça şeýtanlaşýar, onsoñ “Belhum adal” bolýar-da, hatda şeýtandanam ozdurýar duruberýär. Akýagyzlar ähli indeýleri ýok etdi, garaýagyzlary gul etdi, saryýagyzlary eksplutatirledi. Bu mirasy bölüşip bilmänem öz aralarynda ýüz ýyllap uruşdylar. Ulus döwletleriñ başyny başlan buthana bilen feodallaryñ arasyndaky kolonial mirasyñ bölüşik şertnamasy bolan Westfaliýa şeýdip durmuşa geçirildi. Muny edenlerinde görlüp-eşdilmedik zulumlary etdiler. Rehimsizlik bilen haýwanlary gyrdylar, ekin meýdanlaryny taladylar. Düýn şeýdipdiler, häzirem ederler, özem gaşlaryny çytman ederler. Häzirki döwrüñ Stalinleri, Gitlerleri, Mussolinileri az däl. Biziñ diktatorlarymyzyñ köpüsi şolaryñ çöpdüýbi çagalarydyr. Uruşlar, terrorizm, agdarlyşyklar şolañ işi. Her ýurtda, her jemgyýetde olara meñzeş adamlar bar we olar hökman biri-birlerini tapýarlar. Netijede zulumyñ milleti birdir. Ýadyñyza salyñ, Nagasaki we Hirosima şäherlerine atom bombasyny oklanlar ol ýerlerdäki ösümlikleri, haýwanlary adamlar bilen birlikde öldürmedilermi? Hytaýda bir fransuz missioner öldürilenmiş diýip başladylan gandöküşlik garşylyklaýyn goranyş häsiýetine geçdi welin, bir milliona golaý adamy öldürenler şular dälmi? Ruandada ýañy-ýakynda sanlyja ýyl mundan öñ bolup geçen huti-tutsi urşuny kim, nämüçin turuzdy! Çadda bolan kypkyp gyrgynçylygynda häkimiýeti özlerine öwürjek bolýar ýalany bilen bir ýurduñ mähellesini toplap, hemmesini bir gijede pyçakdan geçirip dogramadylarmy? CoVID, maska, waksina, tokaý ýangynlary şol bir añyýetiñ biziñ günlerimizdäki dowamyndan başga hiç zat däl. Diñe saglygymyz bilen oýun edenoklar, azyk-iýmitimiz bilenem oýun edýärler. Howany, suwy, ýeri, durmuşymyzy gara kir edip taşlanlaryñ başynda şolar bar. Şol boluşlaryna-da, "adam hukuklary, daşky gurşawy goramak, azatlyk" temasynda bize akyl berip, öñbaşçylyk etjegem bolýarlar. 1962-nji ýyla çenli haýwanat baglarynyñ ýanynda "ynsanyýet baglary-da" bardy. Indeýleri, garaýagyzlary, aborigenleri, tasmaniýalylary adamlaşma tapgyryny tamamlamadyk maýmynlar diýip köpçülige görkezýärdiler. Fransuz rewolýusiýasy şol prosesde öwrülşik sepgidi boldy. Olam az boldy, birinji we jahan uruşlary, "Sowuk uruşlary" diýibem şu günlere geldik. Modern günbataryñ taryhy, ine, şular ýaly taryh. Bilimi, sungaty, mifologiýasy - hemmesi kolonial miras. Orta asyrlarda galanlar diýibem yslam dünýäsini aýyplaýarlar. Biziñ bu günbatar kellelilerimize günbatarlylaryñ mikrop ýaýradyp, soñ derman satýandyklaryny hiç düşündirip bilmersiñiz. Daşky gurşawy we adam hukuklaryny gorap çykyş edýänleriñ aslynda adam hukuklaryny depgilemekde ýaka tanadan dildüwşükçileriñ arkasyndaky güýçlerdigine, daşky gurşawy hakyky hapalaýanlaryñ olaryñ ýaranlarydygyna ynandyryp bilmersiñiz. Munuñam üstesine, olar üçin pozitiw ylym düşünje şekli däl-de, "imana" öwrülipdir. CoVID döwründe muny ýene bir gezek gördük. Bu kellelere waksinasiýanyñ we önelgesizleşdirmegiñ ilatyñ sanyny azaltmak syýasatyñ serişdesidigini teý düşündirip bilmersiñiz. Ýewgenika hereketinden habarlary ýokdur. Meselem, köpüsi darwinistdir, freýdkellelidir, maltusçydyr. Çaga dogluş gözegçiliginiñ syýasy manipulýasiýadygyny bilýän Erdogany-da ahyrynda köpçülikleýin sanjyma boýun etdiler! Bizden birnäçe kişi indi rasionalist, determinist we pragmatist. Din olar üçin bir ritual, seremoniýa, medeni miras we wyždan meselesi!? Şonuñ üçinem ýangynlar bilen Starlinkiñ arasyndaky ilteşigi çözüp bilmeýärler. NeuraLink we transgumanizm bilen 5G-niñ arasyndaky ilteşige-de düşünmeýärler. Spesialistligi olaryñ gönügen ugurlarynyñ daşynda körleşipdir we bilim arkaly ýat tutdurylan zatlary gaýtalap ýörmekden başga zady bilenoklar. Ýaşlar ýöne ýere deist, agnostik bolanok, ýöne ýere sekulýarlaşmaýar. CoVID we waksina meselesinde Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, FDA näme diýse, şony gaýtalaýarlar. Maska we PCR babatda-da şeýle. Tokaý ýangynlary bilen baglanyşykly "TİME" we "The Economist" žurnallarynyñ sahabyny görüp durandyklaryna garamazdan, bu üýtgeşmeler boýunça merkeziñ garaýşyna çapraz garaýyşlara komplimasiýa hökmünde baha berýärler. Manipulirlenen bilim göýäki NAS halyna geldi. Hawa, Afrikada, Latyn Amerikasynda, Aziýada geçmişde azyk we derman serişdeleriniñ üstünden geçirilen operasiýalary bilenoklar. Afrikada we Amerikada, Aziýada garşylyklaýyn goranan daýhanlary obalary, ýaşaýan ýerlerindäki tokaýlary bilen birlikde nädip ýakyşlaryny we soñam yzlaryna seretmän gaçyp gidişlerini bize okadylan okuw kitaplarynda ýazylan däldir. Suwlaryñ nähili kesilip, zäherlenşinem ýazmazlar. Häzir ekerançylyk pudagynda bolýan jenaýatlary mesaña ortada durka käbirleri muny görmediksireýär. Ýerlerimiz rak keseline uçrady, adamlar! Genetik we gormonal sanjymlar, antibiotikler haýwanlaryñ gurluşyny bozdy. Tohumlarymyz ne hala geldi. Derman-däriler, himiki dökünler howany, ýeri, suwy zaýalaýar, kimiñ piñine! Toprak düwnük boldy. Howanyñ, suwuñ, ýeriñ, guşlaryñ, arylaryñ, kebelekleriñ we senjaplaryñ başyna gelenler biziñem başymyza geljekdigi gümansyz. Şindi ýene dolanyp 1700-nji ýyllara ser salalyñ, Westfaliýa ulus prosesinden täze dünýä düzgünine çenli üç asyr geçipdir. Işiñ başynda öz aralarynda-da ýüz ýyllap urşupdylar. Şol wagt bu jenaýaty edenleriñ arkasynda buthana bardy, häzir ýok. O jenaýaty edenler - jemgyýetiñ arasyndan saýlanyp alnan, haçparaz parlañküşlüginiñ añyýet taýdan ekizegi mafiýasypat kişilerdi. Garakçylardy bular. Fransuz rewolýusiýasy, Wiktor Gýugo, Immanuel Kant we başga-da onlarça akyldar bulara garşy wyždany göreş etdi. Häzir CoVID meselesinde şeýleräk bir mümkinçiligimiz bar. Günbatarda wyždany diri ynsanlar bizden öñ herekete geçdi. Günbatarly alymlary-da biziñ "Tom daýynyñ" tüýsündäki Billiñ adamlaryndan has seresaply. Şu nukdaýnazardan alanda biziñ günbatardaky adamlardanam tarapdarymyz ýetik. Şuny göreliñ: bizi kemala getiren ene-atamyzy biz saýlap almadyk. Doglan ýerimizi, tenimiziñ reñkini, jynsyýetimizi-de biz saýlap almadyk. Bu zatlary öñe tutup, başgalardan öñde ýa yzda bolup bilmeris. Häzirki serhetleri-de ol ýerlerde ýaşaýan halklar çekmedi. Şu günki dünýäni dolandyrýan kesgitlemeler we guramalar bilen XXI asyry düşündirmek mümkin däl. BMG-niñ Howpsuzlyk geñeşi bäş uly ýurduñ diýeninden çykyp bilenok we BMG birinji, ikinji jahan uruşlaryndan soñ döredilen düzgüni goramak hem-de dowam etdirmek üçin işleýär, olaryñ statusyny goraýar. Erdogan bu gidişe “one minute” diýip we “Dünýä bäşden uludyr!” diýip häkimiýete geldi we şu gün şol pozisiýasynda durmak babatda soñky ýyllarda Erdoganyñ ýakynlarynyñ düýpli ikirjiñlenmeler geçirýändigini görýäris. Täze hijri-kamary ýylyna gadam basdyk. Hemmäñiziiñ mübärek muharram aýyny gutlaýaryn. Muharram arap sözi. Bu söz gelip çykyşy boýunça “haram”dan döräp, “haram edilen”, “gadagan edilen” manysyny berýär. Serediñ, biz ahyrzaman pygamberiniñ ymmatydyrys. Kimdir birileri Tañryny kyýamaty gopdurmaga mejbur etmekden, taryhyñ soñundan, medeniýetara çaknyşyklardan, kyýamat urşundan, kiber uruşdan, “Global reset”-den, "Transgumanizm”-den, Starlinkden, 5G we NeuraLink belasyndan, "jemgyýetçilik jynsyýetinden", biologiki uruşdan, ultra ýaraglardan, kosmos uruşlaryndan söz açýar. Añ edeñzokmy? Adamlar dowul barsyny turzup gelýär. Käbirleriniñ gözi bar - görenok, gulagy bar - eşdenok, ýüregi bar - duýanok. “Biz gowulandyryjylar” diýýärler. Şuny bek belläñ, olar hakyky bozgaklardyr”. Ýer ýüzüniñ jennetini we ebedilik ýaşaýşy wada berýärler. Şeýtanyñ Hezreti How enä wada berşi ýaly. Şeýtanyñ ýalanyna ynananlar ýer ýüzündenem, jennetdenem kowuljagy gümansyzdyr. Daşlanan kör Şeýtanyñ hilesinden we Hannasyñ was-wasyndan, nebsimiñ otukmagyndan, Şeýtanyñ dostlarynyñ ifsadyndan Eziz we Azym, Şafy, Şaýat we Hafyz bolan Allaha sygynýaryn. Salam we doga bilen. Abdyrahman DILIPAK. "Yeni Akıt" gazeti, 10.08.2021 ý. | |
|