14:13 Çuññur hakykat we çuññur ýalan | |
ÇUÑÑUR HAKYKAT WE ÇUÑÑUR ÝALAN
Geň-taňsy wakalar
Deep fake. Ýasama hakykat, çişirilen hakykat. Aslynda “Hakykat” näme? Hakykat bilen çynyñ tapawudy nämede!. Meselem, Birinji Inönü urşy, Anadolynyñ eýelenmegi, Stambuluñ eýelenmegi, Çanakkale urşy giñ planda gurnalan hakykatlardan düzülen hekaýat. Bilim ulgamy ýa-da mediýa arkaly köpçülikleýin gatlaklary birgiden toslama zatlara ynandyryp bolýar. Öñler mediýa we sermaýa sistemanyñ, döwletiñ, jemgyýetçilik guramalarynyñ elindedi ýa-da bularyñ üstünden güýçler ierarhiýasyna görä jemgyýetler manipulirlenerdi. Şu usul arkaly haýynlar gahryman, gahrymanlar haýyn yglan edilip bilinýärdi. Meselem, "Sowuk uruş" döwri sözüñ doly manysynda ýörite gurnalan zatdy. Bir ýurduñ çagalaryny biri-birine gyrdyrdylar. Olaryñ ganlarynyñ we gözýaşlarynyñ üstünde häkimiýetlerini gurdular, baýlyk topladylar. Sowet Soýuzyna garşy hytaý kommunizmine ýol beren kim? Adamzat üç ýüz ýyl bäri lagnaty ýalanyñ gysajynda. Egerem şu günem oýanmasak, taryhyñ iñ uly gaflat ukusy döwrüniñ birine gadam basýarys. Täze jahan urşunyñ yzysüre kiber diktatorlykda bu gezek kiber gullar bolup däl-de, predmet hökmünde öndürilen metaya dönüştürüleceğiz. Soñky nesli sekuntda 300.000 km-lik ýagtylyk tizligi bilen aldaýarlar. Ýer ýüzünde jennet we ebedilik durmuş wada berýärler. Şeýtan "ölümsizligi" wada berýär. Allatagala bolsa "her nebsiñ ölümi datjakdygyny" aýdýar. Milli bilim ulgamynyñ nyşany nämüçin meşala (otly kesindi)! Ýa-da olimpiadalardaky meşala nämäni añladýar? Aýdyñlanma pelsepesi, güýç. Prometeý, Pandora!!. Prometeý but ýasaýan titan ahyryn. Ol ýasan butlaryna janam berýärdi. Ilkinji klonlama Klonoidler bolan Kimeralar onuñ elinden çykan zat. Hudaýlaryñ hudaýy Zews söze gulak asmaýan berebekgeý hudaýlara garşy uruşmak üçin, olardan ar almak üçin bir urşujy erkek ýaradýar, ody-da onuñ almagyna kömek edip, hudawy tejribe we danalyk bilen Prometeýi (adamy) ýer ýüzüne ugradýar. Ol ody ýagtylyk hökmünde ulanyp, duşmanlary we haýwanlary gorkuzmalydy, daşy eretmelidi... Beýleki hudaýlaram Prometeýden öç almak üçin aýal Pandorany ýaradypdyr. Aýal we erkek mundan beýläk hudaýlaryñ öç alma serişdesi boldy. Prometeý sözi "öç alma" manysyny berýän antik ellin sözi Titisden döräpdir. Milli Bilim ulgamyndaky, Olimpiadalardaky "Bilimiñ, medeniýetiñ, sportyñ" simwoly bolan ot bu şeýtany oýny alamatlandyrýar. Şeýtan we dowzah şeýle-de ot bilen baglanyşykly. "Aýdyñlanma-da" bu "şeýtany oýnuñ" yşaraty bolup orta çykýar. Bu manyda "aýdyñ" (intellektual) Prometeýiñ mirasdüşeriniñ rolundadyr. Onuñ wezipesi "ýerdäki jenneti" we "müdimilik durmuşyñ syryny" tapmakdyr. Bu senariýa laýyklykda lukmanlar, aptekarlar, ykdysatçylar, inženerler bu işiñ alhimikleridir. Indi "adam hukuklary", "demokratiýa", "ulus döwlet" diýlen zatlar ýok. XIX asyryñ ahyrynda dörän kesgitlemeler we guramalar bilen formulirlenen ideologiýalaryñ, syýasy ugurlaryñ möhleti geçdi indi? “Global Reset”-den soñ "Täze düzgünli" režimiñ kesgitlemeleri we guramalary düýbünden üýtgeşik bolar. Ylym-bilimem, tehnologiýasam, adamy-da, dini-de, ahlagy-da, ykdysadyýeti-de! “Transgumanizm” bar.. “Biz” ýok “men” bar. Dinden, ahlakdan we däp-dessurdan üzñe “ŞAHS” bar. Şertli adymyz GENDER. Jynsyýetimizem indi "köpçülikleýin. Ýagny zol üýtgäp durmaga ukyply. “Chemtrails”-e ynanmanam bilersiñiz, ýöne Elon Mask (LA) Gün söhlesini ulanyp, dünýäde aýdyñlyk ýa-da ýangyn döretmegi meýilleşdirip ýörkä, Bill Geýts (LA) Günüñ öñüne ionik gabyk döretmegiñ aladasy bilen ýatyp-turýar. Goýuñ bulary indi: size has gyzykly kompýuter oýunlaryny, wagtyñyzy güýmeýän fantastiki kinofilmleri alar ýaly internet üsti bilen söwda (интернет покупка) eder ýaly Facebook-yñ kosmosdan internet üpjünçiligi toparyny satyn alan "Amazon" kompaniýasy-da ýer togalagynyñ daş-töweregine 3236 sany emeli hemrasyny ýerleşdirdi. Emeli hemralar 500 kilometrden az uzaklykdaky tolkun hemralary arkaly 30Ghz bilen internet aragatnaşygyny üpjün eder. Hytaý bolsa 6G üçin synag hemralaryny geçen ýyl goýberipdi. Starlinkler şu aýyñ başynda işe girizildi. Bu ýangynlaryñ Starlinkler bilen baglanyşygy bolup bilermi!.. Internet we el telefonlary indi döwlet kompaniýalarynyñ elinden alnyp, halkara sistemanyñ gözegçiligine geçirilýär. Global maýlama, yklymara üýtgeşme bahanasyna duwlanyp ähli benzin bilen işleýän awtoulaglaryñ gadagan edilmegini we ähli awtoulaglaryñ elektrik togy bilen işlemegini talap ederler... Täze awtoulaglar bolsa şol emeli hemralara bagly bolar. Munuñ üçin Elon Mask bilen birlikde birnäçe emeli hemra öndüriji firmalar öñem ýazyşym ýaly rugsatnama aldylar. Aslynda bular taslamanyñ kiçijik bir bölegi, düýp maksat adamlar bilen baglanşykly zatlaryñ barsyny kosmosdan gözegçilik etmek. Her bir raýaty sanlar bilen belgilemek (şahsy maglumatlary sanly ulgama girizmek) hem bu proýektiñ bir parçasy. Maksatlary hemmäni we her bir işi bir merkezden dolandyrmak. Adamlary yzarlamak üçin ulanylýan abzallary ýörite bellenen adamyñ ulanýandygyndan arkaýyn bolmak üçin kodlary aýryp, diñe biologiki tassyklama bilen girer ýaly etjek bolýarlar. Häzir islän adamlarynyñ (kart) hasabyny nädip ýapýan bolsalar, ýakyn geljekde muny internetdir beýleki aragatnaşyk serişdelerinde-de edip bilerler. Ýewropada haosyñ ilkinji alamaty ýüze çykyp başlady. Türkiýe üçinem daş däl. Germaniýa şindi nobatda, sebäbi sentýabrda saýlawlar bar. Nemesler bir aý garaşsynlar. Çykalgany haosy döreden globalçylar tapar! Global maýlama, yklymara üýtgeşme, ýer titremeler, Gündäki partlamalar, müñ ýylda bir gezek bolup geçýän tebigy hadysalar. Käbirleri mundan peýdalanyp täze tertipli dünýäniñ düzgünlerini boýnumyza dakjak bolýar. Bi CoVID komplimasiýasy Ankaranyñ kellesini kän agyrdarmyka diýýän. "Çüýşäniñ içinde näme bar, beriñ öwrenjek" diýseñem edenoklar. Emma "bu suwuklyk sebäpli maña bir zat bolaýsa, jogapkärçilik öz boýnuma" diýip dil haty bermegimizi-de isleýärler. Beýle zat dine-de, ahlaga-da, hukuk kadalaryna-da syganok. Göwnüme bolmasa, gol çekmegi soralýan resminamanyñ ýüzünde näme ýazylandygyny okatmajak bolýan ýalylar. A men bolsa onda ýazylanlara, öz aýdýanlaryna, bü "haryt" biziñkimi ýa özgeleriñkimi bilesim gelýär. Beýle pikir bilen-ä gümrükde bir günem işläp bolmaýar, hiç hili haryt alybam, satybam bilmersiñiz. Gynansak-da, ýurdumyzda şeýle komediýa bolup geçýär. Alladan gorkuñ, bendesinden utanyñ ahyryn! Global maýlama, yklymara üýtgeşmeler, tebigaty goraýandansyraýan senariýalar, zenan hukugy, kämillik ýaşyna ýetmedikleriñ hukugy, haýwan hukuklary - bularyñ barsy olaryñ ýalan-ýaşryklaryny gizlemek üçin kosmetiki serişde. Awyny gizlemek üçin banka goşulan bal. Ýurtda bolup geçýänlere seredip, gynanýaryn. Ýurt ot içinde, bolýan zatlary goldaýan we tankyt edýän käbirleri syýasy rentanyñ kül-külüne düşüpdir. Kä kişi gurjakçylary goýup, gurjaklar bilen gidişýär. "Adamzadyñ hakydasy unudaññaçlygy bilen nogsanlydyr". "Ol mahylar derýa içre derýany bilmezler”. Taryh öwgi ýa-da döwgi kitaby däl. Taryh bir jemgyýetiniñ tejribeleriniñ, başdan geçirenleriniñ jemnamasydyr. Umumy hakydasydyr. Taryhdan ders alynmasa, şol bir zatlar gaýtalanar durar. Önümde 1993-nji ýylyñ gazetleriniñ kupýuralary bar. Siwas wakalary, yzyndan Başbaglar. Ismail Najaryñ interwýulary bar, ol wakalara başgaça göz bilen seredýär. Bular ýaly ýagdaýlarda barmak çommaldylýan kişä, jemgyýete, guramalara ünsli çemeleşmeli. Ol kişi we guramalar bu işe etmez öýtmäñ, emma hakykat diñe şundan ybarat däl. Olary öñe çykaranlar şeýdip özlerini gizleýärler. Ind-ä gizlenjegem bolanoklar. Ýene PKK kartyny ulanarlar. FETÖ diýerler, Gladio diýerler, JITEM diýerler, "Türk ar alyş batalýonlary" ("Türk İntikam Tugayları") diýerler, dini gatlaklardan birilerini taparlar ýa toslarlar. Kalkanjyny, Emiräni ýadyñyza salyñ. 28-nji fewraldan öñüni, şol wagty, soñuny ýatlañ. Kädisinde şygyrdysy bar kişi ýene şol çukura düşmejek bolar. MI6, CIA, MOSSAD ýok däl. Emma bularyñ mediýadaky, mafiýadaky, sermaýadaky, syýasatdaky, jemgyýetçilik guramalaryndaky, býurokratiýadaky, ylmy jemgyýetçiligiñ içindäki "guýruklaryndanam" seresap boluñ! Näçe PKK bardygyny bilýäñizmi? MOSSAD-yñ, CIA-nyñ, ruslaryñ, Eýranyñ PKK-sy aýry. Içimizdäki fetoçylar daşardakylardan has howply. THK-niñ adminstrasiýasyny kim kesgitledi?.. Mundan beýläk Kazyýet, Ýer, Maliýe edaralaryna, sosial mediýa iññän seresaply çemeleşiñ. Diñe tokaý ýangynlaryny görýän bolsañyz, onuñ añyrsyndaky birgiden sümme tokaýlary elden giderip bilersiñiz. Salam we doga bilen. Abdyrahman DILIPAK. "YENI AKIT" gazeti, 03.08.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |