11:09 Dowzahda kondisioner barmy? | |
DOWZAHDA KONDISIONER BARMY?
Edebi makalalar
Ýere ot düşse we ol ot heniz ýürekleri ýakmadyk bolsa, has ulurak ýangynlara taýýarlykly boluñ. Ýer ýüzüni ýakan ot dowzahdan inýär... Dowzahylyk adamlar paratýoner (молниеотвод) deý dowzah oduny ýer ýüzüne getirýärler we metafora dilinde aýdanda, ýer ýüzünden äkitjek bu otlary bilen öz dowzahlarynyñ oduny tutaşdyrýarlar. Hawa, biz edýän-u-etmedik işlerimiz bilen, aýdýan-u-aýtmadyk sözlerimiz bilen ýa-ha arkamyzda jennetden kerpiç göterýäris, ýa-da dowzahymyza tutaşdyrarlyk odun göterýäris. Biziñ bu dünýäde kondisionerlije salkyn otaglarymyz, iş ýerlerimiz, awtoulaglarymyz bar. Eýse o dünýäde dowzahda-da kondisionerimiz bolarmyka? Bu dünýädäki ýangynlary söndürmek üçin ýangyn söndüriji gullugyñ işgärleri bar, ýangyn söndüriji maşynlar bar... A dowzahyñ oduny nädip söndürerkäñiz? Üns beriñ! Bu oduñ sizi ýakmazlygy, suwuñ sizi gark etmezligini, işleriñiziñ kert gaýalara urulmazlygyny, üstüñize bela-beteriñ we erbetlikleriñ ýagmazlygyny isleýän bolsañyz, TOBA EDELIÑ, jahyllyk etmäliñ, ZALYMLARDAN BOLMALYÑ. Synamyza ýokan kişi hakynyñ hapalygyndan arassalanalyñ, haram bolan islendik zatdan saklanalyñ. Haram baýlykdan, puldan, wezipedir derejeden çetleşmezden, gözümizi ýummazdan olardan halas bolmak mümkin däl. Kuranyñ "Engam" süresiniñ 39-49-njy aýatlarynda Allatagala şeýle diýýär: "Aýatlarymyzy ýalanlaýanlar tümlükde galan kerler we lallardyr. Alla islänini ýoldan çykarar, islänini dogry ýola salar. Olara diý: "Heý, özüñiz hakda pikir etdiñizmi? Allanyñ gazaby gelende ýa-da kyýamat wagty ýakynlaşanda Alladan başgasyna ýalbararyn öýdýäñizmi? Eger dogruçyl bolýan bolsañyz jogap beriñ". Ýok, diñe Allaha ýalbararsynyz. Ol eger islese başyñyzdan dep bolmagyny isleýän belañyzy dep eder we siz şonda şirk goşan zatlaryñyzy ýatdan çykararsyñyz. Şübhesiz, sizden öñki ymmatlara-da pygamberler ugratdyk. Bize ýalbarsynlar diýip olary darlyga we kynçylyga uçradyp jezalandyrdyk. Olar iñ bolmanda özleriniñ başyna bela inende ýalbarmaly dälmidiler? Emma kalplary gatylaşdy we şeýtan edýän işlerini gözlerine gowy edip görkezdi. Özlerine ýatladylanlary undanlarynda, olara hemme zadyñ gapysyny açdyk. Haçanda özlerine berlen nygmatlara buýsanyp, zowky-sapalara çümenlerinde olary azabymyz bilen duýdansyzlykda ebşitläp tutduk. Şobada unytsyzlyga düşüp näderlerini bilmän galdylar. Şeýdip sütemkär kowmuñ köki kesildi. Älemleriñ Rebbi bolan Allaha hamdy-sena bolsun. Olara diý: "Aýdyñ bakaly, eger Alla gulagyñyzy we gözüñizi alyp, kalbyñyzy möhürlese, Alladan başga olary öñküsi ýaly edip biljek tañry barmy?" Üns ber, aýatlarymyzy her dürli edip düşündirýäris, soñra olar ýüz öwürýärler? Olara diý: "Maña aýdyñ! Size duýdansyzlykda ýa görnetin Allanyñ azaby inse, zalym köpçülikden başgasy heläk bolar öýdýäñizmi?" Biz pygamberleri diñe rahmetimiziñ buşlukçtsy we azabymyzyñ habarçysy hökmünde ugradýarys. Bes, kim iman edip ýagdaýyny düzelden bolsa, olara hiç gorky bolmaz. Olar elem-de çekmez. Aýatlarymyzy ýalanlanlar barada aýdanda bolsa, edýän erbetlikleri sebäpli olara azap injekdir." Ýangyny diñe ýangyn söndüriji maşyn bilen söndürip bilmersiñiz. Onuñ maddy, ruhy, göze görünýän we görünmeýän sebäplerini mazaly seljermek gerek. Şuny ýatdan çykarmalyñ, şol ýangynlaryñ maddy we göze görünýän sebäpleri Starlinkler ýa-da PKK bolsun, kim bolanda-da, bu zatlaryñ bary Allanyñ eradasynyñ çäginde bolup geçýär. Onuñ eradasynyñ we ygtyýarynyñ daşynda hiç zat ýokdur. Haýyram, şerem Allanyñ eradasynyñ içindedir. Biz Onuñ edenine kaýyl. Dogrusy, men ýangyn döwründe mediýada, syýasatda we jemgyýetde o diýen bir dini çemeleşme görmedim. Meselem, hiç kimiñ öz gezeginde toba we doga-dileg edip ýörenini göremok. Şuny ýatdan çykarmalyñ, aramyzdaky beýinsizleriñ edýän erbetlikleri sebäpli, eger bizem olara ýakyndan-daşdan goldaw berýän bolsak ýa-da olaryñ zulumlarynyñ garşysynda dymýan bolsak, bizem heläk bolanlardan bolup bileris. Biz özümiz hakdaky hökümi üýtgetmezden Alla biz hakdaky hökümi üýtgetmeýär. Adalatsyzlyklaryñ garşysynda dymsak, dilsiz şeýtana öwrüleris. Şeýtan bolansoñ, azabam gerek. Beýleki bir tarapdan, biz maşgalamyzda, beýnimizde, kalbymyzda tutaşan oda tokaý ýangynlaryna üns berşimiz ýaly üns beremzok öýdýän. Bi tokaý ýangynlaryny söndüräýenimizde-de, biz bu bolşumyza dowam etsek, täze-täze ýangynlaryñ bolaryna garaşmaly bolarys. Ýatladyp durýan, erte akylly sistemalar, global torlar ýa-da Starlink emeli hemralary, 5G, WIFI we el telefonlaryñyz arkaly öýleriñizi, awtoulaglaryñyzy, transformatorlaryñyzy partladyp bilerler. Biohakerler erte kelläñize çip dakandan soñ adamlaram, haýwanlaram blokirläp bilerler. Bioterrorizmiñ pidasy bolup bileris. Kiber diktatorlaryñ kiber gullaryna öwrülibem bileris. Olar size jenneti wada berýär. Size ölümi ýatdan çykarmaga synanyşýarlar. Size şatlyk, hyjuw wada edýärler. Nebsiñize ýarajak zatlary aýdýarlar. A men bolsa "agzyñyzyñ tagamyny gaçyrýan ölümden" söz açýaryn. "Gussadan", "çilleden" söz açýaryn. Rafting edýän ýaly akyma garşy kürek urmakdan söz açamok. Sabyrdan, hak ýolunda göreşden söz açýaryn. Olar buýruklaryna "Lepbeý!" diýilmegini isleýär, men "Lä" diýmekden söz açýaryn. Lä ilähä, illallah! Dinimizi Allaha has kylalyñ, Oña şirk goşmalyñ. Takdyra, ryzka, ajala, gaýyplar älemi we kyýamat güni bilen ahyret ýurduna ümzügimizi dikeliñ. Imanymyzy bolgusyz işler bilen ýaralamalyñ. Bu bolýan zatlaryñ barsy öz elimiz bilen eden işlerimiziñ netijesidir. Ýa-da kimdir biri käbir ýalñyşlary edende, daş-töweregi betonlaşdyranda, olara goldaw berendigimiz ýa-da olaryñ önüni aljak bolman sesimizi çykarmandygymyz üçin bolýar. Bu dünýäde otluçöp bilen oýnajak bolup, onuñ añyrsyndaky tokaýy elden gidermäliñ. Tokaý ýangynlary we siller bularyñ añyrsyndaky jenneti hem-de dowzahy görmäge päsgelçilik bermesin. Dünýä ýaşaýşy wagtlaýyndyr. Alla (j.j.) biziñ baýlygymyzy, janymyzy, hossarlarymyzy käwagt artdyryp, käwagt kemeldip synap görýär. Netijede iman edenler we iman içre ýaşaýanlar dert çekmez. Bu dünýäde bolup geçýän hemme zat bu synagyñ alamatydyr. Bizi elmydama görýän, eşidýän, bilýän, hemme zada Kadyr, "bol" diýende bolduran, "öl" diýende öldüren ýeke-täk Allatagala bar! Barçamyzyñ ýagşy-ýaman eden işlerimiziñ miwesini datjak bir günümiz bar. Salam we doga bilen. Abdyrahman DILIPAK. "Yeni Akit" gazeti, 05.08.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |