20:18 Adam diýilýän mahluk | |
ADAM DIÝILÝÄN MAHLUK
Publisistika
"Adam hak-hukuklary" diýip bilýän zadymyz aslynda "adam hak-hukuklary" däl. “Right” (dogry) diýmek. "Dogrulanan, dogry" manysyny berýär. Nygtalyp aýdylanda "şeýle dälmi" manysynam berýär. Häzir biri çykyp "sen dilçimi?" diýjegini bilýän. Dinden söz açýañ, "sen ylahyýetçimi?" diýýärler. Taryhdan söz açjak bolsañ "sen näme özüñe taryhçydyryn öýdýäñmi?" diýýärler. CoVID barada-ha şeýle-de dil ýaryp bolanok, CoVID-iñ peýdasyna gürlejek bolsañ gürledýärler. Bolmasa Bill Geýtsiñ adamlarynyñ agressiýasyna uçraýañ. Aslynda Günbatarda “HAK” diýlen zat ýok. Meselem, HAK we AZATLYK iki aýry ugurdyr. Hak lutfy - azatlygyñ özeni ukypdyr. Emma azatlykdan mahrum etmei Hakyñ aýak astyna alynmagydyr. Köçä çykan adam - adam hak-hukuklarynyñ adamlar üçin işlenip düzülendigine ynanýar. Emma bu şol bir wagtyñ özünde ADAMLARA GARŞY şertnamadyr. Meselem, haýwan haklary diýeniñizde, bu şertnamanyñ käbir adamlara garşy gurnalan, adam hak-hukuklaryny çäklendirýän konwensiýadygyny ýatdan çykarmañ. Aýal-ebtat, çaga-çuga, işçi-daýhan, haýwan hak-hukuklary ýa-da tebigat... näme diýseñiz şony diýiñ, her konwensiýa, her kanun, her dolandyryş ulgamy "ADAMA GARŞYDYR". Bularyñ hemmesi birnäçe zyýanlaryñ öñüniñ alynmagy we birnäçe peýdaly zatlaryñ üpjünçiligi üçin jemgyýetçiligiñ adyndan edilýänem bolsa, barybir her bir konwensiýa, her bir kanun adamy çäklendirýär. Meselem, haýwan hak-hukuklaryny haýwanlara garşy däl-de, adamlara garşy gidip goramaly bolarsyñyz. Haýwanlaryñ zyýan çekmeginden we töweregine zyýan bermegine-de adamlary jogapkär tutarsyñyz. Meselem, haýwanlaryñ berjaý etmäge borçly kanuny ýok. Size topulan haýwany haýsydyr bir kanunda görkezilen madda esaslanyp saklap bilmersiñiz. Jansyz älemde dogrulyk şertleriñ emele gelmegi bilen amala aşýar. Günäkär tebigat däl, belañ körügi tebigatyñ "tebigatyna" görä çemeleşmezlikde. Haýwanlaryñ tebigaty-da olar üçin dogry kadadyr. Uly balyk kiçi balygy ýuwudýar. Haýwanlaryñ arasynda iýmit zynjyry bar we bu aýlanşyk hökmünde dogrudyr. Ony bolmalysyndan saýrylaşdyrsañyz, tebigatyñ deñagramlylygy bozular. Şindi mesele şu: Adamyñ ewolýusion ösüş arkaly haýwandan gelip çykandygyny aýdýarsyñyz. Din, ahlak we hukuk bilen ony kadalaşdyrjak bolýarsyñyz, onda nämüçin tebigatyñ ýaramazlaşmagynyñ sebäpkäri hökmünde görýäñiz? Adamlara-da haýwanlara beren erkinligiñizi beriñ-dä onda. Bu mümkinmi beri? Ýa makulmy? Aslynda adamy we haýwany "predmet" hökmünde görýän "Neuralink" we "Chip" tehnologiýasyndan tapawudymyz ýok. Adam, maşyn, haýwan predmete öwrülip, biri-biriniñ beýnisini okap bilýän bolsa, olaryn arasynda ierarhiýanyñ hem geregi ýok. Din, ahlak, hukuk, gaýratlylyk ýaly zatlaryñam geregi bolmaýar. Bolmanda-da transgumanizm şular ýaly dünýäni wada bermeýärmi näme? Bärde "Belhum adal" (ýagny, "Gün güýçliñki, gowurga dişliñki" manysynda, eliñdäki güýji ulanyp, ejizleriñ hak-hukugyny elinden almak -t.b.) meselesi bar. "Ewolýusiýadan" söz açanymyzda, "ýabanylaşmagy" görmezlige salýarys. "Ýaradylyş maksadymyzdan" daşlaşma meselesine hiç degemzok. Bilim, mediýa, sungat, bazar aslynda adamyñ pikirleniş ugruny üýtgedýär. Bionik robota öwrülip barýarys. Din, döwlet adamlary jemgyýetiñ gözünde idollaşdyrylýar. “La Ýüs'el” derejesine beýgeldilýär. Olary hudaý yglan edýäris. "Adama" diñe "akyl" taýdan baha berip, kanunlary taýýarlaýarys, dolandyryş wezipelerinde işleýäris. Meselem, "Ruhy" we "Nebsi" görmezlige salýarys. Hawa, perişdeleri, jynlary we Şeýtany-da hasaba alamzok. Eýse "Alladan, Onuñ Resulyndan, Kitabyndan özbaşdak durmuş, dinden, ahlakdan we däp-dessurlardan, hatda jynsyýetden özbaşdak, maşgala gatnaşyklaryndan üzñeleşdirilen şahslar bilen nirä çenli ýol aşyp bilerdik! Bu ylym-bilim, tehnologiýa, syýasat, mediýa, mekdep, bazar bilen nirä çenli. XX asyrda şekillenen günbatarly düşünjesi we guramalar bilen ne-hä XXI asyry dogry düşündirip bileris, ne-de uruş ýyllarynda kapitalizmiñ, kommunizmiñ we faşizmiñ kölegesinde şekillenen ideologiýalardyr düzgünler bilen öz medeniýetimizi gurup bileris. Demokratiýa arzuwy haosa öwrüldi. Ýagdaý CoVID belasy arkaly janymyza kast etme pursatyna gelip diredi. Hawa, haýwandanam pes, aklyny şeýtana kärendesine berip insulin şeýtanyna öwrülen şekliñ önümi bolan bir akyl bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Halkara konwensiýalar we kanunlar arkaly bu täze döwürde insulin şeýtanlarynyñ erkinleşdirilmegi, oña garşy çykanlaryñ ýok edilmegi meýilleşdirilýär. Stambul konwensiýasyna, CEDAW-a, Lanzarotte-ä aslynda şonuñ üçin garşy çykýarys. Aslynda CoVID, 5G, Starlink bu oýnuñ bir bölegidir. Şol bir görnüşde şu gün CoVID boýunça Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ pikirlerine garşy öñe sürlen pikirleri gadagan edýänler erte LGBT-a garşydaş neşirleri, pikirleri gadagan edibem bilerler. Starlinke, Neuralinke, Klonoide, transgumanizme garşy çykanlaryñam ýoluny bentläp bilerler. Käbirleriniñ gözünde AKP "konserwatiw demokratiýanyñ" synanşygydy. Käbirleri "demokratiýany nämüçin liberallara we çepçilere bereliñ" diýip oýlanşan bolmaly. Humanizme karşı olanları da engelleyebilirler. Ahyrynda demokratiýanyñ "ýerlisi we millisi-de" şular ýaly boldy. Netijede "her kimiñ demokratiýasy özüne". Eýran "Yslam respublikasynda" galdy. Yslam respublikasy bolýan bolsa, demokratiýa nämüçin bolmasyn?! Bilýänsiñiz, ähli döwlet agdarlyşyklary demokratiýa perdelenip edilýär. Ähli agdarlyşyklara garşy-da oppozisiýa demokratiýa baýdagyny galdyrýar. Bu oýun şeýle gurnalypdyr. Bu demokratiýanyñ içerki gapma-garşylygydyr. Her bir agdarlyşyga daşardan goldaw berilýär. Demokratiýanyñ patenti ABŞ-dady, Ýewropadady we öñki SSSR-dedi. FETÖ "yslam demokratiýasyny" getirmäge synanyşdy. Bolmady. Ahyrynda gelip ýeten ýerimizem şu boldy... Ahyrynda adam diýilýän mahluk hemme zady özüne meñzedip barýar. Özüni özi mukaddesleşdirip, goraýandansyrap, aslynda öz-özüni gullaşdyrýar. Gaçýandyryn öýdýän zadyna tarap ylgaýar. Hem häzir adam hak-hukuklaryndan, adam merkezli dünýäden söz açyp durka, adama iñ wagşy mahluk hökmünde baha berýän akyl bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Hawa, adam hem-ä nogsansyz mahlukat, hemem iñ mertebeli mahlukatdyr, hem aklyny nebsine, egosyna gurban etse "belhum adal" bolar. Häzir Günbatar adamy nebsine ýesir edip, ony dünýewileşdirip we hyjuwlarynyñ ýesirine öwrüp götergileýär. Jemgyýetçilik jynsyýet ony dinden, ahlakdan, ýörelgeden üzñe ŞAHSA öwreni bilenem çäklenmeýär, GENDER deñliginiñ ýanynda onuñ biologik jynsyny-da inkär edip, ony "predmetleşdirýär" we transgumanizm arkaly täzeden ýugrup-ýasamakdan (daş etsin!) söz açýar. Soñky gezek Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ LGBT-ni adaty durmuş formasy hökmünde ykrar etmegi-de adamyñ gymmatlygyny saklaýan MAŞGALA gurluşyna garşy nähili pozisiýada durýandygyny görkezen bolsa gerek. Guramanyñ bu karary CoVID döwründäki karary bilen ugurdaş gopýar. Bu meýilnama Stambul konwensiýasy we Lanzarotte arkaly dile üns merkezine düşen syýasatlar bilen utgaşyklydyr. Günbataryñ adama bolan garaýşy, gumanizm syýasaty şu günki gün täze döwür bilen birlikde adamyñ dini, ahlak-moral, biologik gurluşyna garşy yglan edilen şeýtany uruşdan başga zat däl. Şeýtanyñ barlygy günä iş etmegimize tutaryk we bahana bolup bilmez. Bularyñ barsy has ýagty geljegiñ hatyrasyna diýip edilýär, emma netijesi welin - gan, ajy gözýaş we dowzaha dönen ýer togalagy... Köp dogaýy salam we ýagşy doga-dileg bilen... Abdyrahman DILIPAK. "YENI AKIT" gazeti, 28.07.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |