08:49 Kiber söweş | |
KIBER SÖWEŞ
Ylym we tehnologiýa
Biz biologiki uruşdan söz açýarys, emma şol bir wagtda häzir başga bir uruş bolup geçýär: Kiber söweş! Oýun edemok. Kiber goşunlar bireýýämden bäri kosmosda, ýer astynda, açyk deñizlerde öz orunlaryny aldylar. Siz bilýäñizmi ýa bileñzok, ony biljek däl welin, Türkiýe her minutda müñe golaý kiber hüjüme uçraýar. Bizden soñky orun Germaniýa degişli, Germaniýadan soñ Fransiýa. Germaniýa biziñ uçran hüjümimiziñ ýarsyna uçraýar, Fransiýa-da Germaniýanyñ uçran hüjüminiñ ýarsyna. Iñ köp hüjüme uçraýan ýurtlaryñ dördünjisi Azerbaýjan we Russiýa... Russiýa bilen ABŞ deñ derejede hüjüme uçraýar. Bize iñ köp hüjüm edýän ýurtlaryñ başyny Gollandiýa çekýär. Gollandiýadan minutda ýedi ýüze golaý kiber hüjüm gelýär. Onuñ yzyndan Russiýa bilen Hytaý bar. Onuñam yzyndan ABŞ, Taýlandiýa, Germaniýa, Azerbaýjan, Hindistan... Sanawy uzatsañ uzadyp oturmaly. Türkiýe iñ köp hüjümi Ýewropadan alýar. Iñ köp hüjüme uçran illerimiz Stambul, Marmara sebitleri, Ankara, Izmir, Antalýa... ABŞ-dan, Demirgazyk we Günorta Amerikadan-da hüjümler bolup dur, Aziýadanam, Russiýadanam. Hut şu aýdýan maglumatlarymyñam agramly bölegi ýalñyş bolup biler. Çünki kiber hüjümlerde hüjüm edýän tarap özüni gizlemek üçin anyk adres hökmünde başga ýurtlaryñ serwerlerini (torlaryny) ulanyp bilýär. Meselem hüjüm ediji haýsydyr bir ýurtdaky FETÖ ýa-da PKK terrorçylykly guramalaryñ tarapdary bolup, türki respublikalaryñ birindäki jemgyýetçilik edarasynyñ ýa-da hususy şereketiñ serweriniñ içine ýerleşdiren troýanynyñ üstünden Türkiýä hüjüm edip biler. Aýdaly, hüjümiñ asyl merkezi Ýewropanyñ "A" ýurdy. "A" ýurtdaky haker türki dünýäniñ "B" ýurdunda ele geçiren serwerine ýerleşdiren gizlin programmasynyñ üsti bilen Türkiýedäki bir obýekte hüjüm edip biler. Munuñ manysy şeýle: Türkiýä garşy hüjümleriñ bolýandygy hakykat, emma hüjümleriñ çykýan ýeri hakyky bolman biler. Bu anyklap bolmajak zat däl, emma inçelik, sabyr-takatlylyk gerek. Öñler syýasy jenaýatlarda hüjüm ediji tarap kim bolanda-da, hökman bir yz goýup giderdi. Aslynda bu öz kimdigini gizlemek üçin oýnalýan "Kelpeze hokgabazlygydy". Özüñiz bilýänsiñiz, kelpeze gyssaga düşende guýrugyny taşlap gidýändir, siz kelpezäni tutdum-ow diýip onuñ guýrugyna güýmenersiñiz, kelpeze welin şol ikiarada siziñ gözüñize çöp atyp gaçyp gider. 11-nji sentýabr teraktynda-da nädip bolsa boldy, uçaryñ binalara zarp bilen urulanda metaly eredip taşlan şol gyzgynlygynda hüjüm edijiniñ jesedi garaköýük bolup tüssä öwrülendigine garamazdan, onuñ jübüsindäki pasport weýran bolan binanyñ gapdalynda tozan-çañyñ içinde büs-bütewi ýagdaýda tapylypdy (!). Bular özlerini akylly, dünýäni samsyk hasaplaýarlar. Bu gün birentek ýurtda koronawirus (kowid-19) boýunça-da şoña meñzeş oýun - kelpezäniñ guýrugy bilen oýun oýnalýar. Haçan akyllanarkak, ony bilemok welin... Bir däli guýa daş oklaýar, kyrk sany akylly kyrk günläp şol daşy tapjak bolup jan edýär... Elbetde, el-aýagmyz boş däl, edýän işimizem bes-belli... Bu kiber hüjümlerde hüjümiñ üç görnüşine gabat gelýäris: 1). Şahslaryñ we şereketleriñ ulgamyna girip, blokirlemek we pul çilmek isleýän kiber garakçylar, kiber kezzaplar. 2). Ulgama girip zyýan ýetirmek ýa-da ulgamdan maglumat ogurlamak isleýänler. Bular kiber terrorçylardyr. 3). Ulgama girip, içerä troýan ýerleşdirip, açyk gapylary ýapyp, yzygiderli maglumat akymyny üpjün edýän, islendik wagt islendik operasiýany amala aşyrmaga taýýarlykly we bu salgyny bir tramplin tagtasy ýaly, islendik wagt beýleki ýurtlara ýa-da ulgamlara hüjüm etmek üçin ulanýanlar. Bular kiber urşujylat we kiber kontrrazwedkaçylardyr. Iñ howplusy-da şulardyr we aýgytlaýjy zarbany urýançalar ýetirýän zyýany belli bolmaýan topardyr. Birinji topardakylar derrew yzlaryndan ýetdirýärler. Ikinji topardakylar meýilnamalaýyn hereket edýärler, amatly wagty peýleýärler, ideologik we syýasy nukdaýnazardan çemeleşýärler. Üçünji topardakylar strategik meýilnamanyñ bir parçasydyr. Kosmosdaky mähnet skaýnerler ýeriñ üstüni we astyny "elekden geçirip" bilýärler. Kosmos teleskoplary ýaly indi kosmosdan ýer ýüzüne tiñkesini dikip duran teleskoplaram bar. Olar deñiziñ astyny we ýer gatlagynyñ astyny elli metre çenli, hatda ondanam has çuñluga tiñkesini dikip bilýär. Magdan, suw, nebit, gaz, seýmologiki hereketler, şemal, bulut, arheologik eserler... bularyñ hemmesini uzakdan görüp durlar. 360 aýna ýa-da kosmos fotografiýasynyñ kömegi bilen indi topografik kartalar düzülýär. Ýeriñ magnit meýdanynyñ kartasy taýýarlandy. Partikilasiýa, gaz kartalary çykaryldy. "HAARP" turistik gezelenje çykaýyn diýip we Egeý deñzini bir göreýin diýip gelmändi, dikilmändi biziñ garşymyza. Kiber söweşiñ elektron kartasy çykarylýar. Starlink robotlaryñ kosmosdaky gözleri bolmaly. Biziñ görüp bilmedik zatlarymyzy şolar görmeli. Biz bolsa häzirem bogazda el telefonynyñ fotoapparaty bilen öýüniñ suratyny aljak bolýan syýasatçynyñ gürrüñini edýärler. Awatarlar gelýär, awatarlar, habaryñyz ýok! Emeli añly adampisint robotlar. Biziñ bolsa muña garşy häzirem oñly kiber binýadymyz ýok. Biz gowy bazar, gowy müşderi. ABŞ we Ysraýyl kiber goşun düzüp ýörler, yslam dünýäsi häzirem piliñ gulagynda uklap ýör. Suwuk çipler bar indi. Suwa maglumat ýükläp bolýar, jansyz jisimler öz aralarynda aragatnaşyk gurnap bilýär, emma biz adam bolup düşünşip oñaramzok. Ýöne biri-birimiz bilen dawalaşmagy, gohlaşmagy welin gaty gowy oñarýarys. Starlink global aragatnaşyk tory üçin kiber gabawy tamamlap barýar. Bu täze howp ýadro howpundan has uly. Biologik we himiki ýaraglar bilen deñeşdirip bolmajak derejedäki howp bosagamyzda dur. Kosmos kinofilmlerindäki ýaly ultra ýa-da elektromagnit ýaraglar ulanyşa girizilmegiñ öñýanynda. Tizligi sekuntda 300.000 km bolan ultra bombalaryñ biri atylsa, sygynmaga bir garyş ýer tapylmaz ýeriñ ýüzünde, ýeriñ astynda we kosmosda. 5G bu senariýanyñ bir parçasy. Biziñ bolsa elimizi bykynymyza diräp şo-ol tomaşa edip durşumyz. Biziñ metbugatynyz Starlink geçişlerine tehnomagazin habarydyr öýdýär. Koronawirus belasyndan halas bolandan soñ, nobat bulara-da geler hernäme-de bolsa. Emma, şol wagt eýýäm gijä galarysmyka diýip gorkýaryn. Hernäme-de bolsa, biz - musulman, älhemdulilla! Bizi görýän, eşidýän, bilýän bir Alla bar. Takdyrymyzda dijital (sifrowoý) kyýamat bar bolsa, zalymlar we olaryñ garşysyna sesini çykarman duranlar, gözi bolup görmeýän, gulagy bolup eşitmeýän, dünýäniñ geldi-geçer haýu-höweslerine aldanan sülsatlar bilen añyrda hasaplaşarys. Salam we ýagşy doga-dilegler bilen; Abdyrahman DILIPAK. 10.05.2020 ý, "Yeni Akit" gazeti. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |