22:14 Şir hudanyñ penjesi -10: Mamur ejäniñ kelek geçisini kim emdikä? | |
MAMUR EJÄNIŇ KELEK GEÇISINI KIM EMDIKÄ?
Taryhy proza
Ýagmyryň çeşmesiniň golaýyndaky çaklaňja obanyň goýun-geçi çekenesini Hanmyrat bakýardy. Hanmyrat çagalykdan ýetim galyp, daýylarynda ýaşaýardy. Ol işe gabyldy, hoşgylaw, dogumly, söze çeper ýetginjekdi. Daýy-daýzalary onuň egin-eşigine, iýip-içimine üns bermänem duranokdylar. Näme-de bolsa, onuň öz deň-duşlarynyň arasynda kemsinýän wagtlary bolýardy. Heý-de ejesiz, kakasyz ösýän çaga kemsinmezmi. Çaga egin-eşik, garnynyň doklugyndan başga-da ene-ata, has hem eje mähri gerekdi. Şeýle mähriň bolmadyk ýerinde çaga hökman kemsiner. Özi ýaljak çagalaryň «Bu köýnegi ejem dikdi», «Kakam bazardan halwa getirdi...» diýen ýaly sözleri ýetim çagalary gaty kemsindirýär. Şeýle kemsinmäni her ädimde başdan geçirip, ýetginjeklige ýetenleriň birem Hanmyratdy. Çagajykka oba adamlary onuň diline guwanyp, oňa degerdiler, käwagtlar aýdymam aýtdyrardylar. Onuň gaty labyzlyja sesi bardy. Käwagt ýeke gezip ýörkä hiňlenerdi. Köplenç aýdýan aýdymy: «Ejesiz oglan oýnamaz-ow, oýnasa nä oýnyşy bar. Gapaksyz gazan gaýnamaz-ow, gaýnasa nä gaýnaşy bar» diýip, aýdardy. Paýhasly, adamkärçilikli adamlar oňa duşanlarynda: «Tüweleme, Hanmyrat ýegen-ä gün-günden ulalyp barýar. Bahym jahyl çykyp uly adam bolar» diýip kellesinden sypap, mylaýym söz aýdyp göwnünini göterseler, «ulalyp-oňarman geçen» diýilýän adamsumaklar: «ýetimi ýetip ur, ýetibilmeseň salyp ur» diýipdirler» diýen bolup lok-lok edip gülen bolup, özüniň nadanlygy bilen Hanmyradyň ýürek ýarasyna duz basýanlaram bardy. Ana, şonda welin Hanmyrat gaty närazy bolup, ýetimligine kemsinýärdi. Hanmyradyň başyndan geçirýänlerine ýetimligi öz egni bilen çekenler oňat düşünýärler. Ol kanuny zat, kimde-kim öz egni bilen çekmedik ýüki barada näçe janygyp gürrüň etse-de oňa geregiçe düşünilmez. Gowy düşünilýän ýaly «hä-de» berler. Ýöne çyndan düşünilýän däldir. Hanmyrat çagaka-da bir eýjejikdi. Indem bir surajyk görnükli ýigdekçe bolup ýetişdi. Emma bu ýigdekçäň toýda-ýasda bir geýýän eşigidi. «Oda salsaň tütemez» diýenleridi. Onuň bir wagtlar kellesine suwluja düwürtijekler çykdy, onuň kellesine derman diýip çalynmadyk zat galmady. Käbir zady köplüginden dilini-başyny çeýnäp ýören suwjuklar onuň Hanmyrat adyny taşlap, «Hanty kel» diýip at dakdylar. Ol düwürtijikler bir wagt gutulyp gidenem bolsa, onda Hanty kel ady galyberdi. Ine ýetim bolsaň iň bärkije aýdylýan zat. Hanmyradyň bakýan çekenesinde ogulsyz-gyzsyz bir ýeke özi galan Mamur ejäniňem bir kelek çal geçisi bardy. Mamur eje gaty garypdy. Onuň bar hurşy kelek geçiniň süýdüdi. Onsoň Hanmyrat onuň geçisini bakany üçin, ondan hiç hili hak-heşdek almazdy. Günleriň birinde Mamur eje agşamara Hanmyradyň ýaşaýan öýüne gelip: «Hanmyrat, täzeden bäri meniň geçimden süýt çykmasyny goýdy. Geçimiň emjegi bir hepdeden bäri boş gelýär. Men muny gaty geň görýän. Geçim gaty süýtlüdi ahyryn. Il günde bir sagsa, men ony iki gezek sagýadym. Muňa nä döw çaldy – diýip, iňirdeýän ýaly edip zeýrendi. – Mamur eje, men-ä bilmedim. Meniň bakýan ýerlerimde ownuk mal üçin ot-a köp. Bu günler tomus bolany üçin, otuň gurulygy üçin ertir ir bilenem, günortanam, agşamam üç gezek Ýagmyryň çeşmesiniň gözbaşyndan suwa ýakýaryn. – Sen, kel doňuz özüň emäýýän bolma? Siz ýetimlerden her haýsy çykar. «ýetimi ýetip ur, ýetip bilmeseň salyp ur» diýip ýöne ýerden aýdylan däldir – diýen bolup, Mamur eje ýarym bälçiklige saldy. Muňa Hanmyradyň birneme gahary gelse-de saklanyp: – Mamur eje, maňa onuň ýaly sözleri diýmäweri. Men ýetimem bolsam seniň ýeke geçiň, süýdüne zar däl. Men gaýta geçiňi bakanym üçin rehim edip onuň annasynam alamak. Öň ünsem bermändirin, indi meýdana äkidip olary ýaýradamda seň geçiňi göz astyna alaryn. Geçini zemzen emäýmesem bolýar. Mamur ejäň Hanmyradyň ýanyna «Geçimiň emjegi bir hepde bäri boş gelýär» diýen gününiň ertesinden başlap Hanmyrat kelek geçini aňtap başlady. Irden çeşmä çekene golaýlap golaýlamanka, ýene-de birki geçä baş bolup kelek geçi çeşmä tarap ylgap gitdi. Çekenäniň hemmesi çeşmä gelip ýetişip-ýetişmänkä kelek geçi eýýäm maňlaýdaky Kese gerişden düşüp gelýär. Hanmyrat öz içinden: «Be, kelek baý eýýäm suw içip, başga bir ýerik gidip geläýdimikä? Hany entek görüberýäs-dä – diýdi. Suwdan soňky günortana çenli aňtaw hiç netije bermedi. Onuň sürüden çykyp giden ýeri ýokdy. Günortan çeşmä barlanda ýene-de ýapydan düşüp gelýärdi. Agşamam şol hereket gaýtalandy. Bu gün şeýlelik bilen geçdi. Şol günüň agşamy Hanmyrat Mamur ejäň ýanyna geldi: – Mamur eje, salawmäleýkim. – Waleýkim, geleweri Hanmyrat jan. – Kelegiň süýdi köpeldimi? – Köpel nirde. Edil iki gözem boş halta. – Mamur eje, sen çeşmä baryp-gelibilermiň? – Baryp-gelmän näme. – Onda men irden şol çeşmä tarap giderin. Baryp çeşmäň ýanyndaky gowakda bukulyp ýataryn. Senem çekenäň yzyndan ýuwaş-ýuwaş baryber. Şeýle hem etdiler. Kelek geçi ýene birnäçe geçi bilen suwa eňdi. Kelek az-owlak suw içdi-de, edil yzyndan ýagy gelýän ýaly bolup, maňlaýdaky gerşe dyrmaşyp ugrady. Gerşe zordan çykdy-da, gözden ýitip gitdi. Hanmyrat öz ýanyndan çaklady: «Hä näme-de bolsa Kelek baý aňyrky derä baryp gaýdýar». Az salymdan soň çekenäň yzam çeşmä baryp ýetişdi. Mamur ejäň gelenem şoldy welin, geçisi maňlaýdaky gerişden ylgaşlap düşüp gelýärdi. Hanmyrat barmagyny çommaltdy: – Mamur eje, seniň geçiň emjegini boşadýan zat maňlaýdaky derede. Hanha geçiňem etjegini edip, dolanyp gelýär. Gözüň bilen gördüň dälmi? – Bä, Hanmyrat jan, bu näme boldugyka? Toba-toba. Indi biz näderkäk? Mamur eje, näderkägi ýok. Oba ýaşululary bilen maslahatlaş, şolar näme diýseler edäý. Men-ä ol deräň içine girme-gä däl, asyl golaýyna-da baryp bilmen. Owalam çeşmä sähel gijä galyp gelsem şol tarapdan bir zat geläýjek ýaly. Dogrusyny aýtsam gorkýaryn. Şol dere ýöne dere däl. Men ony köp adamdan eşidýän. – Hanmyrat jan, entäk hiç kime aýtmasak nädýä? Ýene-de bäş-on gün garaşaly. Bilip bolmaz, ol derede bir uly gudrat ýa-da bir nägehan bar bolaýmasyn, birden heläkçilige eltäýmesin – diýip, Mamur eje gözlerini mölerdip, Hanmyrada golaýlap, haraý isleýäne meňzedi. Şol günden iki hepdeden soň Hanmyrat Mamur ejäň ýanyna bardy-da: – Mamur eje, hiç hili üýtgeşiklik ýok. Her gün üç wagtyna seniň kelegiň şol derä baryp gaýdýar. Indi näme etseň özüň bil. Geçiň şol ýerik gidip-gelýänlig-ä çyn – diýdi. Bu ýagdaýy Mamur eje obanyň hormatlaýan adamsy Garly aga bolşy ýaly edip aýtdy. – Mamur, men özümi bilelim şu ýerde oturýas. Meniň enem-atam Wasdan göçüp gelipdir. Biz çagakagam «şol derede bir zat barmyş» diýip gürrüň ederdiler. Ýöne näme bardygynyň aňyrsyna ýeten-ä ýok. Özümizem ýaşkak çeşmäň maňlaýyndaky gerşe köp çykypdyk. Gerşiň aňyrsy tokaýly dere bolmaly. Şol derede-de bärki Ýagmyryň çeşmesi ýaly birnäçe çeşme bolmaly. Ol belli zat, daglarda bölejik-bölejik ululy-kiçili derejikler, şol ýerlerde-de çeşmeler bolýar. Çeşmäniň bolan ýerinde-de keýik, towşan, ýekegapan, käkilik we başga guşlar ýaşaýar, äpet-äpet ýylanlaram duşýar. Ýöne keýik bar ýerinde gaplaňam bolaýmaly. Gaplaňa-ha özümizem duşýardyk. Birini-ikisini tutupdygam. Özüňe, ýaragyňa göwnüň ýetmese, gaplaň bir erşiberer ýaly haýwan däldir. Gaplaň Ýagmyryň çeşmesinde-de, Gara gowakda-da, Gylgylawda-da, Germawyň golaýynda-da, Çäş- depe sebitlerinde-de, gepiň gysgasy, çeşme bar ýerinde duş gelýär. Ýöne ol zat diýmeseň zat diýmez. Gaplaňyň gowy görýän awunyň biri gylýal, sygyram bolsa awlaman durmaz. Ýöne: «güýjüm ökde-le» diýip aw üçin oba gelip durmaz. Gaplaňyň-a arlaýan sesini özümizem günde-günaşa eşidýäris. Adam şoň sesini eşitse, ennam-jany tikenekläberýär. – Garly aga, heý daglarda ýolbars görüpmidiň? – Ýolbars göremizok. Daglarda gaty selçeň duşýarmyş-a diýýärdiler. Janaweriň öwlüýälere aýlanýanam barmyş. – Meniň kelek geçimi emýänem-ä ýöne zat däldir. Bir çemçe süýt üçin ol derä barylmasa nädýär. – Aý, Mamur, ynha adamlar bilen maslahatlaşyp göreliň. Gep ýeke seniň kelek geçiň bir çemçe süýdünde däl. Biziň halkymyz haýwan bolsun, ynsan bolsun özüň ýaly ejiziň hakynyň iýilýän ýerinde kesesinden seredip durup bilmez. – Garly aga, men-ä ol geçimi satyp, başgasyny alaýsamam boljak welin, birinjiden-ä, men ol kelegi owlajyklygyndan elimde ulaltdym. Olam owarram diýsem, ikinjiden, ol meniň çöregime ýetne. – Bolýar, Mamur, men Babaguly aga dagy bilenem maslahatlaşaýyn. Garly aga hem-de onuň ogullarynyň tagallasy bilen bäş adam bolup gürrüň edilýän derä gitmekçi boldular. Olaryň ikisi gylyç, biri naýza, ýene ikisi hyrly tüpeň bilen ýaraglandy. – Oglanlar, ýöne siz «Garly aga biz-ä syrly derä iberýär. Özem öýünde galdy» diýäýmäň. Meni äkitseňiz size azar bolaryn. Iň bärkisi şol kese gerişe-de göterip mündürmeli, göteribem düşürmeli bolarsyňyz. Elbetde, düzje ýere ýaplanyp bilsem hyrlyn-a her kesçe işlederinem-le. – Aý, Garly aga nätdiň-aý. Seniň ýaş wagtlaryňda gyzylbaşlar bilen söweşlerde görkezen batyrlygyňy eşidýäris ahyryn. Bilibem duramzok welin, şol derä bäş adamyň ýaragly gitmegi geregem dälmikä diýýäs. – Oglanlar, ol derä syrly dere diýlip ýöne aýdylan däldir. Gitjek ýeriňiz daş ýer däl. Uly güýç, ýarag ulanmaly bolmasa-ha oňa ýetesi zat ýok. Gaty ir gitmäň. Her niçigem bolsa gündizlik bir gowy zat. Günortanlar gidäýiň. Ýöne öňünden Hanmyradyň çekenesiniň haçan suwa barjaklygyny takyklaň. Siziň şol ýerik günortan gitjekdigiňizi Hanmyrat bilen özüňizden başga hiç kim bilmesin. Eger oba adamlary eşitseler, her kim bilesigelijilik edip, çeşmäň başyna barar. Gepiň gysgasy, şolaň üýşmegi size zyýan eder welin, peýda etmez. Maslahatlaşylyşy ýaly çekene suwa barar-bararda bäş gerçek syrly derä her ýerräginden inip garaşyp otyrdy. Ine birdenem kelek geçi ýapydan aşak inip, şol uly toraňňa tarap edil yzyndan kowulýan ýaly bolup ylgap gitdi. Ýigitlerem biri-birine el bilen yşarat edip, aralaryna on-on bäş ädim salyp, toraňňyň daşyna aýlandylar. Geçi toraňňyň düýbüne barmady-da, gaýra tarapyny syryp, bir gowajyga sümülip gitdi. Ýigitler gowagyň daşyny galladylar. Ýuwaş-ýuwaş süýşüşip gowagyň agzyna baryp seretseler, geçi eglibiräk idirip duran eken. Aşagynda-da tüýlek geçiniň ýüňünden tarap gaty saýgarybam bolanok welin, onçakly uly däl bir zat gymyldaýardy. «Hany indi näme bolarka?» diýşip, ýigitler demlerini tutup durdular. Birdenem geçi dikeldi-de, gowagyň agzyna ylgap gaýtdy. Ýigitler öňünden sowulyp, kelek geçä ýol berdiler. Geçiniň töwerekde bolýan zatlar bilen işem ýokdy. Bu zatlar onuň piňine-de däldi. Ýene edil gelşi ýaly ylgaşlap gaýralygyna gerşe tarap dyrmaşyp ugrady. Ýigitleriň hemmesi birden diýen ýaly ylgaşyp barsalar, şaýly çabydyň aşagynda däbişäpjik ýatan adam çagajygy. Ýigitler biri-biriniň ýüzüne seredişip, dilleri tutulyp durdular. Az salymdan soň özlerini dürsäp: «Hany çagajygy alalyň» diýişdiler. Onda ýigitleriň biri: «Şuny ýerinden gozgamasak gowy bolaýmasyn!» diýdi. Beýleki biri: «Adamlar, aslynda bu adam çagasymyka beri?» – diýdi. Garaz eý diýdiler, beý diýdiler, ahyry ýigitleriň içinde bir ekabyrragy çaganyň üstündäki şaýly çabydy galdyrdy. Görseler, çuw ýalaňaçja, posalajyk çaga. Ýigitleriň beýleki biri ony ýuwaşlyk bilen goltugyna aldy. Çaganyň aşajygynda bir ýaglyk. Ol ýaglygy galdyryp görseler, onuň üstüne täretä däl, asyl öljagazam dammandyr. Bu ýagdaý ýigitleri haýran galdyrdy. «Gaty geň zat» diýşip, çagajygyň başujundaky düwünçegi açyp görseler, içi gymmat bahaly türkmen şaý-seplerinden doly. Gowakdaky zatlary, çagajygy-da Garly aganyň öýüne alyp bardylar. Çagany göterip getiren ýigit: – Garly aga, ine büýä, Mamur ejäň kelek geçisini emýänje garagoljyk. Toba-toba, «garagoljygam» diýäýdim. Garagoljyk däl-de keramatlyja balajyk, ynha bu zatlaram çagajygyň ýanyndan tapylan zatlar. Aýratynam bizi geň galdyran zat, şu çagajyk Mamur ejäniň aýtmagyna görä onuň geçisini üç hepde bäri emipdir. Diýmek, çagajyk şol gowakda ýigrimi gün çemeleri ýaşapdyr. Ýerjagazyna siýmändirem, syçmandyram. Bu adaty zat däl. Onsoň meniň «keramatlyja balajyk» diýenimi geň görmäň. – Berekella, inerler, siz-ä uly iş bitiripsiňiz. Meýdanda galan çagany «möjek sürenine äkidip idedipdir» diýip, eşidipdik. Ýöne geçiň özi meýline baryp emdiripdir diýip eşidemzok. Bu-da hudaýyň gudraty bilen bolan zat. Indi baryň, Mamur ejäni Babaguly agany, Hanmyrat çopany derrew alyp geliň – diýip Garly aga agtyklarynyň birini ugratdy. Oba uly däldi. Mamur eje-de, Babaguly aga-da, Hanmyradam derrew geldiler. – Babaguly şujagaz çagajygy, ynha şu şaý-sepleri, şaýly çabydy, iki sany ýaglygy oglanlar alyp geldiler. Oglanjyk bilen şu zatlaryň ykbaly biziň elimizde. Şularyň anygyna ýetmäge sizem gatnaşyň diýjek bolup, sizi çagyrdym. Näme diýseňiz, menem siziňkä goşularyn. – Garly aga, sen özüň näme diýseň şol bolar. – Mamur, Hanmyrat, ýigitler sizem aýdyp oturyň. Olaryň hemmesi birden diýen ýaly: – Garly aga, biz seniň diýeniňe kaýyl – diýişdiler. – Eger siz razy bolsaňyz, men-ä şu oglanjygam, ýany bilen getirilen zatlaram, Mamur makul bilse, şoňa beräýeliň diýjek. Oturanlaryň hemmesi «gaty boljak zat» diýdiler. – Bolýar onda bu çagajyk nireden düşenem bolsa, öz rysgy bilen düşüpdir. Mazaly adam bolýança özüni eklär ýaly zady bilen gelipdir. Özüni eklär ýaly diýýänim Mamuram bir pukara adam. Özem ýeke. Hudaý tagala oňa ýoldaşlyk iberipdir. Mamur sen näme dymyp otyrsyň? Sen neneň görýäň? – Wah, Garly aga, men şeýle çagaň dyrnajygyna zar. Ony maňa berseňiz, ýüzüme sylyp alaryn. – Hany, onda Babaguly, oglanjyk musulman çagasy bolmagy üçin bir azan aýdyp ber. Mamuram musulman ýoluny berk tutýandyr. Babaguly aga çaganyň kellesini demirgazyga goýup, kybla bakyp: Sagyndan: «Agzybilla hümmennet şeýtan rejim bisimillarahman rrahym. Allahy ekber, Allahy ekber, Eşedi enne lä lahha ellelle, eşedi enne lälaha ellello. Eşedi, ennä Muhammedi rrasulylla, eşedi enne Muhammedi rassulylla, Haýýal essala, Haýýal essala, Haýýal essala, Haýýal essala, Haýl el pelo, haýal el pelo, Allahy ekber, Allahy ekber lä-lähi ellello – diýip, duran ýerinden bir daban ilerik süýşüp: Agzybilla hümmeniýet şeýtan rejim bisimilla rrahman rrahym. Allahy ekber, Allahy ekber, Allahy ekber. Allahy ekber eşedi enne lä laha ellello, eşedi enne lälaha ellello, eşedi enne Muhammed rrasul illa, eşedi enne Muhammedrrasul illa. Kady kamat essalaty, Kady kamat essalaty. Allahy ekber, Allahy ekber: Ýaşy uzak bolsun, musulmany bolsun, enesine rakyby bolsun – diýip, çagany Mamur ejä gowşurdy-da: – Mamur, ogluňa näme at dakjak? – diýdi. – Makul bilseňiz-ä zurýatsyz öten bendäniň adyny dakaýsak, Söýünmyrat pahyr bir tirsegine galsa gerek. Özüňiz bilýäňiz, Söýün pahyr öz halky üçin başyny goýan ýigit. Ol pahyr gyzylbaşlaryň elinden öldi. Şujagaz oglan türkmen halkynyň goragynda janyny pida eden gerçegiň adyna mynasyp bolsa meniňä şu dünýäde armanym galmaz – diýdi-de, Mamur eje çagajygy ýüzüne syldy. – Balam, bagtly bol – diýip, maňlaýyndan ogşady. Öýde oturanlaryň hemmesi: – Adyna eýe bolsun. Musulmany bolsun – diýişdiler. Garly aga gülümjiräp: – Mamur, hany indi bir üýşmejigem et – diýdi. – Enşalla, üýşmejik däl-de, uly toý ederis. – Indi ýöne Söýün kelek geçiňi emäýse «Geçimiň emjegi boşapdyr» diýip Hanmyrada igenip ýörmegin. – Ýa, Garly aga, şuna oňaraýdyň – diýdi-de, Hanmyrat jak-jak güldi. Garly aga sözüni dowam etdirip: – Adamlar ýene bir zady maslahatlaşalyň. Şujagazyň adyna «Söýünmyrat» diýmän, «Söýün erkeç» diýäýeliň. Eger-de «Söýünmyrat» diýsegem deň-duşlary, galyberse bütin halkam «Söýünmyrat» diýmez-de «Söýün» diýerler. Dili siňňildiň birem: «Aý bu oglan geçi emip ulalan oglandyr, şonuň üçinem muňa «Söýün geçi» diýäýeliň diýer welin, onsoň ýigit çykanda «Söýün geçi» diýilse gaty görer. Geliň biz ilden öňürdeliň-de «Söýün» dakalyň. Arasynda käwagt «Söýün erkejem» diýäýeliň. Onsoň «galanynam hudaý oňarsyn» – diýip, Garly aga sözüni jemledi welin, oturanlaryň hemmesi «Omyn» diýişdiler. Babaguly aga bilen Garly aga biri-biri bilen degişmäni gowy görerdiler. Şu gezegem: – Aý Garly sen «Söýün erkeç» at goýaýalyň diýen bolup, özüňem erkeç bolanyň üçin ýene bir erkejiň sany köpelsin diýen bolsaň gerek. Onsoňam bu erkeç ýöne erkeç däl. Erenleriň nazary düşen erkeç... – Haý Babaguly aga senem bir zatlar tapaýýaň. Şükür erkeçleň sany owalam az däl ahyryn. Babaguly aga çyny bilen: – Oýun edýän. Ýöne bujagaz çaga görersiňiz welin uly döwlete, abraýa eýe bolar, öz adyna eýe bolsun hudaýym – diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |