22:43 Şir hudanyñ penjesi: Hallygözel okumyş türkmen gözeli | |
HALLYGÖZEL OKUMYŞ TÜRKMEN GÖZELI
Taryhy proza
Türkmen halky örän gadymy sada halk. Türkmenleriň elinden dür dökülýän paýhasly gözelleri, arly-namysly gerçek ýigitleri bolandyram bardyram. Halkymyň zenanlarynyň el hünärlerem gadymydyr. Onuň subutnamasy hökmünde ýady-ýakynda arheologlarymyz Aşgabadyň Bagyr obasyndaky Nusaý galasynda agtaryş geçirenlerinde biziň eramyzdan öňki VIII asyrda dokalan teke halysynyň böleginiň tapylandygyny ýatlamagam ýerlikli. Ýöne parahatlygy söýýän, öz ýurduna wepaly türkmen halkymyzy kimler talamady. Biziň eramyzdan öň Aleksandr Makedonskiniň (Isgender Zülkarneýin) ordasam türkmenleri talap gitdi. Talaňçynyň ordasy türkmen halkynyň diňe maddy baýlyklaryny däl, eýsem medeni baýlyklarynam, taryhy ýazgylarynam ýygnap, öz ýurduna alyp giden. Türkmen halkynyň öz Watanyny goramakda görkezen edermenligini taryplap: «Men kiçiräk döwletli türkmen ýigitleriniň meniň bilen söweşde beren gaýtawulyna barabar gaýtawuly ägirt döwletli Eýran patyşasy Dariýanyň goşunyndan görmedim» diýip, türkmen ýigitleriniň gaýduwsyz göreşlerine Isgender Zülkarneýin haýran galan. VII–VIII asyrlarda türkmen halkyny ýarag bilen boýun egdiren Muhammet pygamberiň öwlatlary sada halkymyzyň arasynda musulman dinini ýaýradan. Araplar elbetde beýleki basybalyjylar ýaly maddy baýlygymyza zyýan ýetiren däldir diýsek, ýalňyşaýmagymyz mümkin. Ýöne araplaryň bize goýup giden Yslam dini türkmen halkyna, beýleki Orta Aziýa we Gazak halklaryna ahlak baýlygyny, adamkärçiligiň ýokary basgançaklaryna galmaklygy, sahawatly bolmalydygyny, beden hem ruhy päk bolmalydygyny öwretdi. Musulman dini (yslam dini) VII asyryň başlarynda Arabystanda arap taýpalarynyň arasynda ýüze çykyp, dünýäde iň köp ýaýran dinleriň biri bolupdyr. Arabystanyň, Siriýanyň, Müsüriň, Yragyň, Demirgazyk hem Merkezi Afrikanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Owganystanyň halklarynyň aglaba bölegi, Hindistanyň, Indoneziýanyň, Pakistanyň, Günbatar Hytaýyň halklarynyň bir bölegi, öňki SSSR-iň käbir respublikalarynyň halklarynyň bir bölegi yslam dinine uýýarlar. Orta Aziýada yslam dini VII asyryň ahyrlarynda hem-de VIII asyryň başlarynda araplaryň basyp almagy bilen ýaýrap başlapdyr. Yslam dinini Muhammet1 esaslandyrypdyr. Onuň milleti arap, özi hem milady ýyl hasabyndan 570-nji ýylyň 20-nji aprelinde Mekgede (Saud Arabystanynda) doglup, 632-nji ýylyň 8-nji iýunynda Ýatryb-Medine şäherinde aradan çykypdyr. Medine şäheri Muhammet barmazyndan ozal Ýatryb diýlip atlandyrylýan eken. Muhammet pygamber musulman aýynyň dört tirkişleriniň ilkisi rebbigilowwalyň 12-sine 632-nji ýylyň duşenbe güni dünýä inip, edil şol aýyň 12-ne 570-nji ýylyň duşenbe güni dünýä inip, edil şol aýyň 12-ne 632-nji ýylyň duşenbe günem wepat bolýar. Arap taryhçylarynyň hasaplamalaryna görä Pygamber 570-nji ýylyň 29-njy awgustynda, Mekgäniň bir çetinde Käbe ybadathanasyndan üç ýüz netrlikde özüniň enesiniň öýünde dogulypdyram diýilýär. Şu görýän suratyňyzda Muhammet pygamberiň sag elinde Gurhan, depesinde «Alladan başga hudaý ýokdur, sahabatly boluň!» diýlen ýazgy bar. Muhammet pygamberiň kakasy Abdylla Siriýadan sapardan gaýdyp gelýärkä, Muhammet entek iki aýlyjakka ýolda aradan çykypdyr. Ol Muhammedi görmändir. Muhammet alty ýaşyna ýetende ejesi Amine onuň bilen bilelikde Ýasreb jülgesinden garyndaşlaryndan gezelençden gelýärkä ýolda aradan çykypdyr. Ony Arwa posýologyndan daş bolmadyk ýerde, ýoluň golaýynda jaýlapdyrlar. Doly ýetim galan Muhammedi atasy Abu al Muttalib terbiýelemeli bolupdyr. Bu suratda Muhammet pygamberiň doganoglany, ogullygy, Pygamberiň gyzy Patmanyň adamsy Hezreti Aly şekillendirilen. Aly dört çaryýarlaryň biri – ymam. Aly «Alla ýaramly», «Allanyň peleňi», «Keramatlylaryň şasy» we ş.m. diýlip atlandyrylypdyr. Allanyň ýerdäki nusgasy hasaplanylýar eken. Ýöne ýene bir aýtmaly zadymyzyň biri, olam bolsa, türkmen halkynyň arasynda ýaýran: «Alyny Hudada bilmäň, Hudadan jydada diýmäň», diýlen rowaýat bar. Hezreti Ala «Hudaýyň şiri», «Şir Huda-da» diýer ekenler. «Belkäm Söýün Serdaryň arkasyndaky Mamur ejäniň kelek geçisini emipjik otyrka görnüp duran bäş barmagyň yzy «Şir Hudanyň» barmaklarynyň yzlarydyr?» diýen soragyma 95 ýaşly Garly Muham erkejiň ogly (1984-nji ýylyň başlarynda Gökdepäniň Körsagyr obasynda ölüpdi). «Atamyz Söýüniň arkasynda bäş barmagyň» yzy barmyş-a diýerdiler. Ata özümiziňkem bolsa «Bäş barmagy» gördük diýsek ýalançy. Ýöne Söýün atamyň maňlaýynda çapyk ýara yzy bardy: «Ata, ata bu ýaraň yzy näme?» diýsek, «Aý balalarym munuň, taryhy uzakdyr. Şu ýerde belläp geçmeli zadyň birem musulman halklarynyň arasynda janly jandaryň şekilini çekmek gadaganam diýilse, Gurhanda-da, hadyslarda-da janly jandaryň suratyny çekmeli ýa-da almaly däl diýlen ýeri ýok. Araplaryň Müsür döwletinde çykarylýan «At-taliýa» diýen žurnalda «Yslamda janly-jandaryň suratyny almagy gadagan edilenok, gadagan edilýän zat butparazlyk (idolopoklonstwo)» (Nauka i religiýa», 1980, № 4, 42-nji sahypa). Soňky wagtlarda Golaý gündogar, Orta gündogar ýurtlarynda aýratynam Eýranda Muhammet Pygamberiň, onuň halyfy Alynyň we beýleki Yslam dininiň gerçekleriniň suratlary giňden ýaýradylýar. «Janly-jandaryň suratyny çekmeli dälmiş» diýen yrym Yslamda suratçy-hudožnikleriniň az bolmagyna sebäp bolan bolaýmasyn? Hany biziň gahryman gerçeklerimiz Göroglynyň, Keýmir Körüň, Nurberdi hanyň, Gökdepe urşunda batyrlykda özüni tanadanlaryň suratlary? Şeýle gerçeklerimiziň hakyky suratlaryny görsek biz nähili buýsanardyk, şolara guwanardyk. Şolaryň şekilleri biziň ýaş ösdürimlerimizi oňat terbiýelemeklige ýardam ederdi. Goý biziň ýaş neslimiz türkmen halky onçakly köp halk bolmasa-da, bu halkyň arly-namysly batyr gerçekleriniň bardygyny, öz Watanlary üçin hiç bir zady, hatda süýji janlarynam gaýgyrmaýandyklaryny bilsinler. Şolara guwansynlar, şeýle gerçeklerimize menzejegem bolsunlar. Bu ýara maňa «Şäher urşundan» ýadygärlikdir diýerdi. Onsoňam türkmen halkynyň bir ýazylmadyk kanuny bar. Olam bolsa öten bendäniň meýdini ýuwanlarynda onuň «pylan ýerinde bir üýtgeşik belligi bar ekeni» diýmekligi gaty aýp, hatda günä hasabam edýärler. Ine şeýle dessuram Söýün erkejiň arkasyndaky bäş barmagyň yzynyň barlygynyň açyk aýan bolman galmagynyň sebäbi bolmagam mümkin. Bu türkmen halkynyň berk gollanylyp gizlin saklanylýan dessury ahyryn. XIII–XIV asyrlarda eziz halkymyň üstüne çekirtge ýaly dökülen mor sakal Çingiz bütin ýurdumyzy ýakyp ýandyrypdyr. Onuň wagşylygynyň çägi bolmandyr. Ýöne türkmen gerçekliginiň nusgasy bolan Jelaletdin ganhor Çingiz hana berk gaýtawul bermekden çekinmedi. Ol Çingiz hany köp wagtlap ynjalykdan gaçyrypdyr. Çingiz han bilen Jelaletdiniň çaknyşygynyň birinde mor sakgalyň oňa göwni ýetip: «Jelaletdin ýöne adam däl, bu bir dag bürgüdi. Şeýle gerçek ýigidi öndüren atanyň şu dünýäde ahmyry ýokdur» diýip. Jelaletdiniň gahrymanlygyna gerçege mynasyp adalatly baha beripdir. Eýse basybalyjylaryň serkerdeleriniň türkmen halkyna beren bahasy örän adalatlydyr. Türkmen halkynyň üstüne näçe güýçli ýagy gelse-de, ol öz almytyny alandyr. Türkmen halky basybalyjylar haýsy perdä bukulyp gelseler-de, olaryň pygyllarynyň ýamandygyny anyklap, olaryň öňünde öz erkini aldyran wagty ýok. Her bir türkmen gerçegi öz ýurdy üçin gaýduwsyz göreşip, özüniň arynyň-namysynyň bardygyny görkezip, mertlerçe jan berýär ekenler. Hany Teýmir agsagyň basybalyjylykly, talaňçylykly sypatlary parahat halkyň başyna ne günler saldy? Türkmen halkynyň gaýratyny gözüne gan inen generalsumak rus basybalyjysy Skobelewem görüpdi. Ýöne arman, rus patyşasynyň güýji bilen ahally teke-türkmenleriniň güýji deň däldi. Ol gerçekler güýçleriniň deň däldigini, olardan ýeňiljekdiklerini bilselerem ar üçin, namys üçin, öz Watanlary üçin janlaryny gaýgyrman, iň soňky demlerine çenli göreşdiler. Aleksandr II öz wekilini iberip: «Biz türkmen halky bilen uruşjak däl, biziň parahatçylykly maksadymyz bar. Olam bolsa Şagadamdan (Krasnowodskiden) Daşkende çenli demir ýol çekjek. Şeýdip türkmen halkyna-da kömek etjek» diýip, tilkiniň sapalagyny saljak bolan. Emma tekeler rus basybalyjylarynyň hakyky matlabyna düşünenler. Basybalyjylaryň hijisem basyp alan halkyna kömek edeýin diýip gelenok. Ýerli halkyň medeniýetini, ylmyny yza tesdirip, onuň çig malyna göz gyzdyrýar. Ýerli halklaryň ýaşlarynyň öz taryhlaryny bilmezligi ugrunda her hili çäre görýärler. Mysal üçin, biziň halkymyz ilki arap elipbiýinde ýazyp okaýardy, soň arap elipbiýiniň harplarynyň käbir astyn üstün nokatlaryny aýryp jezitçä öwürdiler, soň latyn elipbiýine, latyndan soň rus elipbiýine geçirildi. Elipbiýiň beýle tiz-tizden üýtgedilmegi türkmen halkyna peýda berdimi? Ýok, beýle däl. Ol diňe türkmen ýaşlary arap-pars elipbiýinde ýazylan öz taryhlaryny okap bilmesinler diýlip görlen çäreler bolsa gerek. Biziň elipbiýimiziň arapçadan jezitçä, jezitçeden latynça, latynçadan rus elipbiýine geçirilmegi biziň akylly ata-babalarymyzyň ýazyp giden «manylary çuň, paýhasly kitaplaryny okap bilmesinler», «Bularyň aslynda medeniýetem taryham ýok diýilsin» diýlip edilen zat. Ynha mysal üçin, iň bärkijesi Keýkowusyň «Kowusnamasynda» ýaşlar üçin ýazylan akylly maslahatlaryň ýerine ýaňy-ýakyna çenli A.S.Makarenkonyň, Suhamlinskiniň we ş.m-leriň ýazan zatlaryny okap şolara salgylanyp geldik. Ine biziň elipbiýimizi tiz-tizden, yzygiderli üýtgedip bize ýetirilen zyýanyň iň bärkijesi. Türkmen halkynyň, XVIII asyryň ikinji ýarymyndan öň ýazylyp çykarylan eserleri ynha Mihail Gorbaçewyň üýtgedip gurmagynyň miwesi bolan özbaşdaklygyň, aýanlygyň netijesinde ýüze çykyp ugrady. Bütin türkmen halky we beýleki respublikalar öz dilleri, dinleri we garaşsyzlyklary üçin M.Gorbaçewa minnetdarlyk bildirseler adalatly bolar. Sebäbi her bir halk öz milli özbaşdaklygyny gazanyp, öz milli mertebesini duýsa oňa ýetesi zat ýokdur. Allanyň emri bilen ahlagymyzyň, bedenimiziň päkligine, rehimli, sahawatly, adamkärçilikli bolmagymyza uly ýol açylmagyna yslam dini ýardam eder. Ine şol diniň talabyny, türkmen halkynyň edim-gylymlaryny oňat bilýänleriň birem türkmen halkynyň wekili Hallygözel ejedi. Hallygözel ejäň ukyby okumyşlygy adamlary haýran galdyrýardy. Iş salyşan adamyna, töweregine kiçi göwünlilik, mylaýymlyk bilen özüni aldyran zenandy. Ol öz iliniň içinde uly hormata eýedi. Şäher urşy mahalynda Söýün çagalaryny çölüň jümmüşine göçüripdi. Ynha, bir gün Hallygözel eje obalaryndan demirgazykda Garagumuň jümmüşinde uly Garadöň diýilýän ýerde agtyklaryny daşyna üýşürip, bir waka barada gürrüň berýärdi. Agtyklary Hallygözel ejäň gürrüňini üns bilen diňleýärdiler. – Balalarym, adamzadyň başynda ertir näme bardygy gumanadyr. Ýöne başa nähili kynçylyklar düşse-de, hudaýa şükür edip, beterinden sakla diýip mert boljak bolmaly. Size bir erteki ýaly hakyky bolan hadysany gürrüň bereýin. Biz Ýaranjan bilen Bagaja ýaýlasyna barýardyk. Biziň ýolumyz sekiz agyzly öwlüýäň ýanyndan geçýärdi. Ine öwlüýäniň günbatar çetinden geçip barýarys. Bizem diňşirgenip aýak çekdik. Görsek edil golaýjagymyzda şindi topragynyň reňki solmadyk mazar ýatyr. Oňa golaýlaşdygymyzça ses açyk eşidilip başlady. Şol täze mazaryň daşyna aýlanyberdik. Sesiň eşidilişi mazaryň günbataryna geçdigiňçe güýçlenýär. Görsek mazaryň başujuragynda bir uly alaka hini bar eken. Şondan ses alyşaýmak mümkinçiligi bar diýip, şol hiniň agzyna agzymy tutup: «Sen kim?» diýip gaty gygyrdym. Ol: «Men Köşek baýyň ýekeje ogly Italmaz. Daýza jan başyňa-gözüňe döneýin, kakama bir habar ýetirewer» diýdi. «Bolýar, ondan arkaýyn bolaý balam» diýdim. Dogrusy, bir hili endamymam jümşüldäp gitdi. Onýança üns berip diňläp oturan agtyjagy Nonuk: «Ene, neneň gorkman gürleşip bildiň?» diýip, enesine gysmyljyrady. Hallygözel eje dogrudanam, üýşenenini aýtdy. Özüniňem başyndan geçiren howply gowgalaryny ýatlady. Soň alaka hininiň agzynda başymy galdyryp: «Ýaranjan, tiz git-de kakaňa aýt! Eli pilli 5-6 adam alyp gelsin, birlaý erkek adam eşiginem alsyn. Ýöne gidişiň bilen gelşiň deň bolsun» diýip berk tabşyrdym. Edil az salymdan on adamy yzyna tirkäp, Söýün jan geldi. Ýöne olar gelýänçä şol hiniň agzynda oturyp, bilýän dogalarymy okadym» diýende agtygy Totuk: «Ene, seniňem bilmeýän dogaň barmy?» diýdi. «Balam, doga köpdür, olaryň hemmesini bilmek aňsat däldir» diýip Hallygözel eje gürrüňini dowam etdi. Haýdaşyp işläp başlan daýaw adamlar «häh» diýmäkäň eýýäm gabryň içki öýüne ýetipdirler, içki öýüň agzyna goýlan kerpiçler edil goýluşy ýaly birjigem döwülmändir. Indi oglanyň zaryn sesi anyk eşidilýärdi. Ýuwaşjadan içki öýüň kerpiçlerini aýryp başladylar. Gaty tiz aýryşdyryp, kepenli oglany gabryň daşyna çykaryp, geýim geýdirdiler. Neresse Italmazyň jaýlananyna näçe wagt geçenini özem bilenok eken. Ýöne näme-de bolsa içki öýünden tä daşaryk çykýan alaka hininden gelýän howa onuň janyna ýetişip, öldürmän saklan bolmaga çemeli. Indi nätmeli, oglany alaga-da öýlerine eltip bolarmy?» diýen soraga Söýün: «Eltib-ä asla bolmaz, ýöne ýigidiň ene-atasyna-da habary birden morta aýdaýmagam howply» diýip, çürt-kesik etdi. «Men Köşek baýy gaty oňat tanaýandyryn. Özüm oňa ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişdirip aýdaryn» diýdi-de Söýün «Niredesiň Köşek baýlar» diýip at goýaýdy. Söýünjan Köşek baýlara barsa, olar Italmazyň üçüni edip oturan ekenler. Adamlar köp üýşüpdir. Ýas tutýarlar. Neneň ýas tutmasynlar? Italmaz olaryň ýeke dikrarlarydy. Söýünem baryp törde oturan Köşek baý bilen Kerimberdi işanyň ýanynda oturyp, işanyň gulagyna çabyş çykyp, Italmazyň diriligini aýdan. Söýüniň aýdanyna ilki işanam ynanman, ondan gaýtalap sorapdyr: ine birdenem ýerinden turup: «Eý jemagat, Söýün serdaryň aýtmagyna görä, biziň hemmämiz Köşek baýyň gözüni aýdyňlamaly!» diýenem şolmuş welin, Köşek baý işana gaharlanjagynam, begenjeginem bilenokmyş. Ýöne agzyny öweldip sömelip dur diýýä. Şol pursatda-da Söýün ýerinden turupdyr-da: «Adamlar, şol habar dogry. Ýöne şu hoş habary Dürjemal ejä ugry bilen öwrenişdiribräk aýdaweriň» diýýär. Söýün sözüni aýaklap-aýaklamanka Köşek baý bokurdagyna sygdygyndan: «Söýün serdar, şu gepiň çyn bolsa meniň bütin baýlygym seniňki. Şony şeýle etjekdigim şübhesizdir. Halaýyklar, hemmämiz Söýün serdara taňyrýalkasyn aýdalyň» diýip gygyran. «Köşek baý, aýdanyň gelsin, ýöne maňa seniň baýlygyň gerek däl, hudaýyň bar eken, zatlaryňy garyp-gasara, ýetim çagalara, maýyp-müjrüplere ber. Maňa joşjak zatlaryňy men mysapyr musulmanlara bagyşlaýaryn. Hany, gowy bir jaýdar araba tapyň, Italmaz jany alyp gaýdalyň» diýýär. Ine görseňiz-le, balalarym, dünýäde nähili geň zatlar bolýar eken. Biz musulmanlarda giňden ýaýran bir däp bar, olam ölüsini tiz jaýlamagy, beýle gyssanmaç jaýlamak onçakly gowy zat dälmikä diýýärin. Bolmanda öli bir gün «myhman alynsa» göwnejaý bolar diýip, Hallygözel eje sözüni gutaryp-gutarmanka daşardan Söýün erkejiň; «Adamlar, heý bu ýerlerde Körsagyrly ýesirlerden bary barmyka?» diýen sesi eşildi. Hallygözel ejäň daşyna egrilişip oturanlar birden aňk-taňk boldular. Ep-eslije Nonuk gyz kakasynyň sesini eşidip, tanapdyr-da: «Kaka, kaka jan, biz bärde, geleweri» diýip, kakasy Söýün erkeje tarap at salan. Söýüni Hallygözel eje garsa gujaklapdyr. Çagajyklary kakasynyň daşyndady. Bahargülem 14 ýaşly baýry ogly Muhamy gujaklap: «Sag-amanja geldiňmi, balam» diýip ony şapba-şupba ogşady. Söýün erkeç demini dürsäp sözledi: – Sag-aman-a geldik welin, güýçli käpir şäheri aldy-da. Bizem Muham jan bilen beýleki gerçeklerden kem galman, käpirleriň birenteginiň janyny jähendeme ugratdyk. Ýöne näme, zalymlaryň aňyrsy gaty köp. Geçen ýylky it ýaly ýeňilip, masgara bolanlaryny bu ýyl üzüldiler öýdýän. Bizem şol ýeňşimiz ýaly ýeňiş gazanarmykak diýip, elimiz-de baryny etdik. Ýöne bolmady. Hallygözel eje Söýüniň gürrüňini bölüp: – Kelläňi daňypsyň-la, näme boldy? – diýdi. – Haý, eje, ýöne kelläni goýup gelmedigimize şükür edäýiň. Galanyň ep-esli ýerini ýardylar. Sany-saçagy ýok duşmanyň öňüni alyp bilmejegimize gözümiz ýetenden soň, Tümde oturan aýal oglan-uşaklary öňümize salyp daşyny gorap, bärik tutduryp ugradyk. Ol haramlar tä Gaýyp ata janyň öwlüýäsiniň deňinden mazaly geçýänçäk yzymyzdan galmadylar. Bizem gaça uruş edip, ejizlerimiziň daşyny gorap geldik. Şonda öz ordasyndan mazaly saýlanyp, ýetip gelýän edenli bir käpir bilen başa-baş uruşmaly boldum. Atdan bahym agdardymam welin, kellämi gylyjynyň ujy gyltyzrak ýalap geçdi. – Aý uly gorkuly zat bolmasa bolýar-la. Beýle uruşda onça-onça ýara bilen sypsaň hudaýa ýüz müň şükür etmelidir. – Eje, tüweleme, agtygyňam ogluňdan pes söweş eden däldir. Ilki-ilkiler-ä orslaryň ordasynyň üstüne uly adamlar bilen bile çozan wagtlaram boldy. Ömri uzak bolsun, Muham jan öz iliniň hakyky gerçegi bolup ýetişer. – Oglum Söýünjan, şeýdip ýalaň gylyçlaşyp ýörmeli bolarmyka? – Eje, aryňy-namysyňy haram basybalyjylara basgylatmajak bolsaň, ömrüňi uruş bilen geçirmeli bolar. – Hany, oglum, kelläňi göreýin! Bä, balam, ýaraň kiçigirim-ä däl, men bir melhem edeýin. Ine, şu ýassyga gyşar. Söýnüň ýarasy agyr eken, uzyn gije gyzgyny galyp, ýanar oduň içinde samrap ýatdy. «Bally, ahmalyňy aradaýmaweri!» «Ýigitler, mert boluň!», «Ynha görersiňiz, bu käpirleri ýene geçen ýylky ýaly ýeňip, öz hinlerine dykyp gaýdarys», «Berdimyrat han nähak öldi-dä. Oka dözer ýaly gerçek däldi» diýýärdi. Muhamam gara basan ýaly bolup telim sapar ýerinden tarsa turup: «Hanha, ýene çozdular», «Kömege geliň!»–diýip gygyrdy. * * * Pany alyp gidendir, gowy hem myrdartny Aýaman gerçekleriň, geçi emen serdaryny. 1910-njy ýylgyň güýz aýlarydy. Söýün erkeç eline çäýnegini aldy-da Hallygözel ejäň oturýan öýüne gelip: – Eje, sag-aman ördüňmi? – diýdi. – Hawa balam. Özüňizem sag-salamat turduňyzmy? – Eje, men ir namaz wagtlary bir düýş görüpdirin. – Pygamberler ýorgudy bolsun. Aýt Söýün jan. – Aýtsam, eje, kelleleri ak selleli, jowur ýaly ak geýimli iki sany adam salam berip girdiler-de, şeýle diýdiler: «Bizi ejeň tanaýandyr. Ilki dünýä injek bolaňda-da Ýagmyryň çeşmesiniň ýanyndaky gowakda duşuşypdyk. Biz şu wagta çenli seniň yzyňa düşüp gezýäris. Indi biz seni ýene üç günden ol dünýä äkitjek. Ýöne ejeňe berk tabşyr, biz barada hiç kime hiç zat aýtmasyn. Seniň, tüweleme, uly döwletiň bar, ýedi ogluň (Muham, Ýaran, Gurban, Rejep, Bäşim, Alty, Aman), üç sany-da gyzyň (Nonuk, Ýazjahan, Totuk) bar. Olar döwletli bolarlar». Ine şu sözleri aýdyp, gaýyp boldular. – Şol erenleriň ikimiziň yzymyza düşüp ýörenlerine altmyş ýyldanam geçdi. Mundan ozal saňa aýtman ýördüm. Ýagmyryň çeşmesiniň ýanyndaky gowakda irkilenimde: «...Seniň häzirki oturan gowagyň maňlaýynda kese dag seňrigi bardyr. Şondan geçseň, bir giden uly derede kiçiräk tokaý bardyr» diýip, maňa ýol görkezenlerem şolardy. «...Biziň guzujygymyzy taşla-da, öýüňize ugra» diýenlerem şolardy. Olar ikimiziň penakärlerimizdir. Erenlerimizdir. Ýöne meniň bir gynanjak zadym, senden soňa galjaklygym. Dünýäde meniň başga kemim ýok, oglum. – Indi, eje jan, meniň saňa etjek sargytlarym bar. Birinjiden-ä, men jan beremde, ugradylamda-da senem, Bahargülem, gyzlaram sesli aglamaweriň. Onsoňam türkmenleriň käbiriniň nysak edilen zady merhumyň tabydyny öýünden çykaran batlaryna «Waý kaka ýa-da waý dogan» diýip, sesli aglaýarlar-da, şol bada-da goýýarlar. Ol agyny «şeýle etmelimişin» diýip düşünýärler. Şeýle agyda bolmawersin. Men öňünden tabşyryp ýörmäýin, özüň oňararsyň. Ikinjiden, meni öýünden ölüsi çykmadyk adam ýuwsun. Üçünjiden, meni kepene salanlarynda çep elimi kepeniň daşynda, aýamy açyk goýup, iliň içinden göterip gitsinler. Dördünjiden gölegçiler meni jaýlap gelenlerinden az wagt soň sen meniň mazarymyň baş ujunda oturyp: «Erenleriň zurýady, nebsinden ynsaby ýokary, duşmana gazaply, ejize rehimdar, gahar-gazabyna erk edip bilýän eziz balam Söýün serdar» diýip gygyrsaň ses alşarys. Ondan soň kyýamat – ahyr bolýança duşuşybam, ses alşybam bilmeris. – Bolýar, Söýün jan, men seniň sargytlaryňy aýdyşyň ýaly berjaý etjek bolaryn. Enşalla, ölüň sargydy özi bilen gidermiş etmerin. – Eje, ýene bir zat. Meniň pirlerim çagalaryň döwletli bolar diýipdiler. Men çagalarymdan arkaýyn. Erkeçler taýpasy asylam sada, öz işleri bilen gezip ýören pukara adamlar bolupdyrlar. Meniň çagalarymam öz haklaryna kaýyl ynsaply adamlar bolup öterler. Oglanlarymyň içinde edenlirägi Muham. On dört ýaşly oglanka-da şäher urşunda özüniň gaýratyny görkezipdi. Ýöne ýaramaz ýola düşüp zaýalanaýmasa agtygymyz Garamdanam tamam bar. Garajan, Gara erkeç ady bilen Gökdepe iliniň arasynda batyrlykda, paýhaslylykda özüni tanadar. Erkeçlerden her ýarym bir edenli gerçegiň döräýmesi bar eken. Ynha erkeçlerden Gökdepäniň Gökdepe bolup aýaga galyp gülläp ugran wagtlarynda, kiçiräk döwlet hasap edilip, özüniň iki müň töweregi atly goşuny bolupdyr. Olar her obada on adamdan, ýigrimi adamdan ybarat aňtaýjy ýol belet goraýjy atlylara dag eteklerinde, Gökdepäniň hut özünde şerigatyň talabyny berjaý edijiler we içki tertip-düzgüni goraýjy 100 atly töweregi parrajam (milisiýasam) bolan. Şolaryň hemmesiniň işini gurap, ýola goýýan bir adam bolup, şolam erkeçlerden ekeni. Ol gerçege Abdylla guşbegi diýer ekenler. Guşbegi diýmegiň özi gadym wagtlarda döwletiň bir uly işgäri bolup, döwrüniň iň hormatly emeldary hasaplanýar ekeni. Erkeçleriň asyl mekany Gökdepäniň Körsagyr obasydyr. Ýöne olaryň Tejene, Baýramala düşenleri-de bar. Şol ýerlerde dewürdeşleri uly iliň sarpa goýan Durdy ussanyň, Atabally ussanyň Mossa Orazyň Tejende, Agajan erkejiň Baýramalyda häzirem nebereleri ýaşap ýör. * * * Söýün erkeç özüniň sargydyny Hallygözel ejä aýdanyndan üç gün geçenden soň hepdäniň sişenbe güni ertir namazyny okap otyrka amanadyny tabşyrypdyr. Ertesi çarşenbe güni öýlänler jaýlanjakmyş diýen habar Gökdepe iline ýyldyrym çaltlygynda ýaýran. Käbiri: «Bu näme, gije-gündizdenem köp myhman alypdyrlar-la?» diýse, başga biri: «Aý ýaýrawy köp adam. Söýün erkeç diňe Gökdepe ilaty däl, asyl Eýranda-da tanalýan serdar ahyryn» diýdiler. Ölen-ä ölüp ýatyr. Öleniň hossarlary gaýgy-gussaly, aladaly. Hallygözel eje üçin Söýüniň tarpa-taýyn ölmegi garaşylmadyk ýagdaý däldi. Onsoňam Hallygözel eje «ölmek hak, dirilmek hak» diýen uly manyly dünýewi gürrüňiň manysyna düşünip, taňra ten berýän akyl-paýhasly aýaldy. Olaryň ykbaly çylşyrymlam bolsa hudaýyň nazar salan adamlarydy. Hallygözel ejäni uly alada goýýan zat merhumy ýuwmak üçin öýünden öli çykmadyk adamy tapmakdy. «Şeýle öý barmyka beri» diýen sorag ony uly ünjä goýupdy. Köp obalara aýlanyp, öýünden öli çykmadyk adam tapyp bilmediler. Ýöne Hallygözel eje Söýüniň edil jany sogrulaýmanka namazlygynyň üstünde ýykylan badyna ýetişipdi. Bahargüliň Muhamyň we beýleki agtyklarynyň kömegi bilen Hallygözel eje Söýüni sag ýanyna ýatyryp, ýüzüni kybla bakdyrdy-da: «Muham jan doga oka» diýenem şoldy welin Muham: «Awuzibillähimnet şeýtan režžim Bisiillähirahman rahym eşedi enne ilä illähi illala we eşedi enne Muhammet abduhu werasuly» diýip okap başlady. Onsoň süre ýasin okady-da: «Haý kakam jan-a amanady tabşyraýdy öýdýän» – diýdi, Hallygözel eje sowukganlylyk bilen Söýüniň eňeklerini daňdy, gözlerini sypalap ýumdurdy. Hyrly tüpeňinem, ömür diýen ýaly ýoldaşy, iň soňky gezek rus esgerini çapan gyljynam garny ýellenäýmesin diýip, üstünde goýuşdyrdy. Hallygözel eje Söýüniň sargydyny ýerine saljak bolup, ony ýuwar ýaly öýünden öli çykmadyk adamy tapdyrjak bolup, birnäçe adamyny heläk etdi. Öz obalaryndan-a däl, asyl goňşy obalaryndanam öýünden öli çykmadyk adam tapmadylar. Ahyr soňy: «Haý balam, seniň bu sargydyň maňa göwünlik berdigiň bolsa gerek. Şu wagt diri bolsaň maňa: «Eje sen gaty düşbümikäň diýýädim welin, seniňem düşünmeýän zatlaryň bar eken. Heý-de öýünden öli ugradylmadygam adam tapylarmy?» diýip loh-loh edip gülerdiň» diýen pikir kalbyna geldi-de: «Allaha ýüz müň şükür. Muham jan, nesip bolsa, kakaň ýanyna Ýaran jan bilen giriň. Indi biz üstümizden güldürip: «Öýünden öli ugradylmadyk» adam gözläp ýörmäliň. Şerigat boýunça-da merhumy ýuwmaklyk öteniň iň golaý hossaryna buýrulýar. Söýün janyň sizden golaýy ýok. Siz ýuwuň balamy» – diýdi. – Bolýar ene, özümem bir hili gördüm-le. Adamlaryň: «Bu nähili nysak, öýünden öli çykmadygam bir adam bolarmy?» diýýänem bar. – Ýok balam, Söýün jan bize: «Eje aglap, eňräp ýörmäň, ölüm hemmäň başynda bardyr. «Ölüm barabardyr şaha gedaýa» diýip pent berendir. – Ýöne, ene menem, Ýaranam şindize çenli öleniň ýanyna girip gören däldiris. – Muham jan, onuň düzgüni kyn däldir. Meýit ýuwuljak bolanynda, eger namaza akyly ýetmedik ýaş çaga bolsa, onda oňa täret gyldyrmak derkar däl. Eger dünýäden gaýdan adama namaz okamak buýrulan bolsa, onda oga täret gyldyrmaly. Täret gyldyrjak kişiň özi täretli bolup, ilki bilen merhumyň sag goluny goşary bilen üç ýola, ondan soň çep goluny üç ýola ýuwdurmaly. Ondan soň goluňa halta geýdirip ýa-da arassa esgi orap, synja gyldyrmaly. Soň ol haltany (esgini) taşlap, başga bir halta ýa esgi dolap; galan bedenini üç ýola ýuwmaly. Agzyna we burnuna suw aldyrmagyň hajaty ýokdur. Pagtany ýa-da arassaja esgini ölläp, agzyna we burnuna nem bermeli hem diýýärler. Ondan soň ýüzüni ýuwmaly, soň ilki sag goluny, onsoň çep goluny tirsekleri bilen ýuwmaly. Meýidiň başyna mesih çekmelem diýýärler. Mesih hökman däl diýýänem bar. Ondan soň meýidiň iki aýaklarynam topuklary bilen ýuwmaly. – Ene bu aýdanlaryň-a adaty täret gylynanda edilýän zatlar-la. – Wiý, dagy nämedir öýdýäň, balam? Edil şonuň özüdir. Soň meýidi tagtanyň ýa-da mylaýym ýumşak çöp-çalaň üstünde çep tarapyna ýatyryp, sag tarapyndan suw tä aşagyna ýetýänçä üç mertebe ýuwmaly. Ondan soň sag tarapyna ýatyryp, çep tarapyndan öňki ýaly ýuwmaly. Meýidi sabynly suw bilen ýuwmaly. Sabynyň, çoganyň bolmadyk ýerinde kirini aýyrmak üçin arassa suwuň özi bilen ýuwulsa-da bolýar. Onsoň ony arkasyna tekge berip dikeltmeli, garnyny ýuwaşlyk bilen sypaşdyrmaly. Eger bir ýerinden öl çyksa, şol ýerini ýuwmaly. Onuň tärete zyýany ýok. Ýaňadandan täret we gusul gyldyrmaly däl. Ondan soň kepene salnanda öl çykmazlygy üçin agzyna, burnuna we gulagyna pagta ýa-da päkize esgi dykyşdyrylýar. Soň meýidiň endamynyň ölüni arassa esgi bilen supürişdirmeli. Dyzlaryna, göbegine, maňlaýyna oňat ysly atyr sepmeli. Salynjak tabydyna-da sepişdirmeli. Ýuwulýan döwründe uýat ýerlerini ýapyp duran köp ýerinden deşilen matanyň (lüňüň) boýy bir gez, ini iki gez bolmaly. Öleniň jesedi ýuwulandan soň şol mata (lüňi) aýryp taşlanylýar. Meýidiň dyrnaklaryny almaly däl. Sakgal-saçynam daramaly däl. Ynha balalarym, indi size kepen etmäniň düzgünini aýdaýyn. Siziň, tüweleme, ýatkeşligiňiz ýitidir. Bu zatlaryň hemmesi size geljekde-de gerekdir. Onsoňam Hallygözeliň agtyklary bolup, Söýün serdaryň çagalary bolup, şu zatlary bilmeseňiz size aýyp bolar. Kepen edilende adamyň dirilikde geýen geýmine göräräk, eger onuň abraýly geými ýüz manatlyk bolsa, ýüz manatlyk, ýüz elli manatlyk bolsa kepenem ýüz elli manatlyk etmek gerek. Dirilikde geýýän eşiginden artygam, kemem bolsa şerigata laýyk däl. Kepen üç hili bolýar. Zerurat kepen, sünnet kepen we kifaýa kepen. Zerurat kepen başga hiç zat bolmadyk ýerde näme ýapsalaram ýerini tutar. Eger mümkinçilik bolan ýerde bolmalysyny etmeli. Maly köpüň mirasdüşerem köp bolsa, onda miras düşerleriň her haýsynyň hakyny berip, merhumyň hakyndan kifaýa kepeni edilse ýagşy. Erkek adamyň sünnet kepeni üç bolup, biri yzar, biri lifafa we biri kamys bolmaly. Yzar we lifafanyň boýunyň uzynlygy meýdiň depesinden dabanynyň aşagyna çenli bolup, iki ýandanam bir tutam artmaly. Ini meýidi ýapmaly. Kamysyň boýy egninden geýdirileni tä aýagynyň aşagyna çenli ini bolsa göwresini ýapsa bolar. Ýagşy we Allatagalanyň gullugyndaky adamlara selle edilse ýagşy. Selläniň uzynlygy ýedi gez (her gez 24 barmak bolmaly), ini dört barmakdan bolmaly. Selläniň guýrugyny öňünden goýbermeli. Balalarym, aýal adamyň kepeni bäş bolmaly. Olaryň kepenleriniň erkekleriňkiden tapawudy goşmaça syna bent we gyňaç (leçek) bolýar. Erkek köýnegi (kamysy) bilen aýal köýneginiň (kamysynyň) tapawudy bardyr. Erkek adamlaryň ýakasy egin tarapyna, aýal adamynyňkyny öňüne tarap açmaly. Syna bendiň boýy üç gez, ini goltugyndan tä dyzynyň aşagyna çenli bolýar. Leçek boýy iki gez we ini bir garyş bolmaly. Erkegiň kifaýa kepeni izar we lifafa bolsa, aýalyňky izar, lifafa we leçek bolmaly. Bilip goýmaly zadyň birem erkege ýüpekden kepen mekru, aýallara mekru däldir. Reňkiniň parhy ýokdur. Ýöne ak bolsa gowy. Emma täze, köneliginiňem tapawudy ýok, emma arassa bolmaly. Hudaýa gulluk edilen geýim kepen üçin örän gowy, ýöne lifafany täzeden edilýär. Ýaşlara ululyga ýetmedigem bolsa ululara edilýän kepen edilse gowy bolýar. Eger bir gat kepen edilse-de jaýly bolup, kipaýa bolar. Indi, balalarym, kepen geýdirmegiň düzgünini aýdyp bereýin. Ilki lifafany ýazmaly, onuň üstünden izara, ondan soň merhumy köýnege salyp, izaranyň üstünde arkan ýatyryp, çep tarapyndan dolap, soň sag tarapyndan dolamaly. Ondan soň lifafanyň çep tarapyndan dolamaly. Ondan soň sag tarapdan dolanýar. Aýalyň kepeni geýdirilende ilki syna bendini keseligine ýazýarlar. Üstünden lifafany, onuň üstünden izafany uzynlygyna ýazýarlar. Ondan soň köýnegini geýdirip, izaranyň üstünden arkan ýatyryp, saçlaryny örümi bilen iki bölek edip göwüsleriniň üstünden aşak goýberýärler. Onsoň başyna gyňaç orap, ilki izaranyň çep tarapyndan, soň sag tarapyndan, ondan soň lifafanyň çep ýanyndan, soň sag ýanyndan dolamaly. Kepeni ýagşy atyrlap tabydyň üstünde goýýarlar. Eger adam ölen ýerinde suw bolmasa, onda teýim etdirmeli. Teýim etdirýän adam iki elini ýere urup, merhumyň ýüzüne sylmaly we ýene bir ýola urup, iki elini tirsekleri bilen sylmaly. Merhumy erkegi erkek, aýaly aýal ýuwmalydyr. Aýal öz ärini ýuwsa bolar, ýöne erkek öz aýalyny ýuwmaly däl. Ululyga ýetmedik (12 ýaşdan bäri oglan, 9 ýaşdan bäri gyz) ýaşlary kim ýuwsa-da tapawudy ýokdur. Balalarym, bu aýdýan zatlarymy her bir adamyň bilmegi parzdyr. Oglan eneden diri doglanda oňa at goýmaly, ýuwmaly we namaz okamaly. Eger diri doglany mälim bolmasa at goýup ýuwup, mata dolap, namaz okaman jaýlamaly. Eger kapyr ölse, ony haram zat ýaly ýuwup, mata dolap, jaýlamaly. Eger merhum bölek bolsa, ýarymy kellesi bilen tapylsa ýa-da göwräň köpi başsyz tapylsa ýuwup, kepene salyp, namaz okap jaýlamaly. Ondan soň galan bölegi tapylsa, ýuwman, namaz okaman, mata dolap jaýlamaly. Eger depesinden iki ýarylyp, iki tarapam tapylsa ýuwup, kepene salyp, namaz okap, jaýlamaly. Eger ýarsy tapylsa hiç tarapynam ýuwmaýarlaram, namazam okanoklar. Ýöne mata dolap gömäýmeli. Balalarym, Söýün janyň mada sargydyna görä, ony kepene salaňyzda çep eliniň aýasyny ýokarylygyna açyp, kepene salman goýmaly. – Ene, ol näme üçin şeýle tabşyryk etdikä? – Balalarym, kakaňyz dirikäde bildiginden ile akyl-maslahat berýärdi. Indi ölenden soňam: «Adamlar nebis haltaňyzyň yzyna düşüp aljyrap ýörmäň, oda-köze düşüp haram-halal ýygnasaňyzam, näçe baýlygyňyzam bolsa, ol dünýä nesip etse imandan başga ýanyňyz bilen äkitjek zadyňyz ýokdur. Ynha men siziň serdaryňyz, zadymam köp, emma ýanym bilen kependen başga alyp barýan zadym ýok. Ine görüň, elim açyk» diýip uly iline görkezip barjak. Eziz balamyň iň soňky ýoluna gidip barýarka-da öz halkyna berýän akyly, öwüt-nesihaty şeýle. – Be, ene, kakamyň berýän akylynyň-a belli bahasy ýok. Ýöne adamlar muňa nähili düşünerkä? – Balam, akylly adamlar-a düşünerler. Käbir düşünmediklerine-de düşündirip aýdaýmaly. Özüňiz ýuwuň, özüňiz kepene salyň diýýänimem şonuň üçin-dä. Başga bir kesekä kepene salmagy tabşyrsaň, janyndan syzdyryp birnäçe gezek düşündirmeli bolar. Onda-da dogry düşünjegi düşünmejegem belli däl. Şonuň üçin meniň ýuwmak, kepen etmek baradaky aýdan zatlarymy köpem görmäň, geňem görmäň, şu zatlary ýaşlykdan bilip goýsaňyz bu siziň uly baýlygyňyzdyr. Balalarym, eziz balalarym, sizem jenaza namazyna-da gatnaşyň. Başyňyz ýaşam bolsa, bu zatlar gerek zatlardyr. Ynha dünýäden ötene jenaza namazyny okamagyňam düzgünini aýdyp bereýin. Dogalaryň köpüsin-ä siz eýýäm bilýäňiz. Bu size kyn düşmez. Bu zatlara öwrenişibermelidir. Bar, Ýaran jan, jigileriň hemmesini çagyr. – Kimi, Amanammy? – Gurbanam, Bäşim bilen Altynam, Garly bilen Garahanam çagyr. Balalarym, ilki bilen jenaza namazy okaljak merhumyň erkek ýa aýaldygyny anyklap, erkege erkek, aýala aýal diýip niýetläp okamaly. Eger ýalňyşylsa namaz nädogry düşer. Eger anyklanmasa niýet şeýle bolmaly: Şu merhumyň ymamy namazy jenaza şeýle. Şu meýide dört tekbirlik parz kömek (kifaýa) halasallähi tagala Allahu ekber. «Bismillährrahmän rahym niýet kyldym jenaza namazy we tört tekbirlik parzaly parzal kipaýa taňra sena üçin Pygambere drut üçin, bu ölene doga üçin, özümize sogap üçin ezel wagt alnym käbä, ýüzüm kybla, gullugym taňra haly salallahu tagala Allahu ekber. Subhaneke Allahümme webhendike wetebära kesmüke weteala jetdüke welläilähe gaýruk Allahu ekber. Allahümme selliala Muhammedu we ala eli Muhammediň kemäsallaýta ala ibrahima we yla eli ibrahima inneke hamidum mejit. Allahümme bärikala Muhammedu weala äli Muhammediň kemäbärikte äla ibrahima we ala ali Ibrahima innäke hamidum mejit. Allahu ekber. Allahüm magpyr lihaýýena we meýitine we şahidina we gaýibina we sagyrine we käbirine wezekerine we ünsäne allahümme men aheýtehu Minnä päahehi alalislam wemen tewefeýtehu minnä petewefawu alaliman. Allahu ekber» diýip ýuwaşjadan salam bermeli. Salamdan soň iki goluňy goýbermeli Eneden bolanda ýa kämillige ýetmezden öň däli bolsa, onda oňa jenaza okamak buýrugy edil ýaş oglana okamak buýrugy ýalydyr. Eger erkek oglan 12 ýaşyna ýetmedik bolsa, bu dogany okap: «Allahümmedigal hüllänä karatu weal ejrew we zuhrow wedgal hüllänä şapugau wemusep gan. Allahu ekber. Bismillahrrahmanrahim niýet kyldym jenaza namazy tört tekbirlik paraal kipaýa taňra sena üçin, Pygambere drut üçin, bu ölene doga üçin, özümize sogap üçin ezed wagt alnym käbä ýüzüm kybla, gullugym taňra haly sallallahi tagala. Allahu ekber. Subhan eke Allahümme webhamdike wetebarakesmike wetesla žetdike weläilähä gaýruk. Allahu ekber. Allahumme sallyala Muhammedu weala eli Muhammediň kema sallaýta ela ibrahima we alaeli ibrahima inneke hamydym mejit. Allahümme bärik ala Muhammedu we ala eli Muhammediň kella bärekte aly ibrahima we ala eli ibrahima inneke hamydum mejit. Allahu ekber. Allahümme jigal hülena naretu wejygal hüllänä ejrew wezuhrow we jigal hüllänä şapigau wemüşefgaň. Allahu ekber. Eger ýaşajyk 9 ýaşyna ýetmedik gyzjagaz bolsa bu dogany okap «Allahu ekber» diýip salam bermeli. «Bismillahrrahmänrahim niýet kyldym jenaza namazy tört tekbirlik parzal kipaýa taňra sena üçin, Pygambere drut üçin, bu ölene doga üçin özümize sogap üçin, ezel wagt alnym käbä ýüzüm kybla, gullugym taňra haly sellalähi tagala Allahu ekber. Suhan eke Allahümme webhemdike wetebara kesmike weteola jetdüke weläilähi gaýruk Allahu ekber. Allahümmie sallyala Muhammedim we ala äli Muhammediň kema sallaýta äli ibrahima inneke hamidym mejit. Allahümme bärik ala Muhammedim we ala Muhammediň kämäbärikte ala Ibra hima we ala äli Ibrahima inneke hamydymmejit, Allahu ekber. Allahümme jygal paretou wezjygal hälinä ejrew we zuhrow wezjygal häline şapygetow welin şedowetaň. Allahu ekber». Salam berlenden soň Muham jan, ýygnananlara dargamaga rugsat beräýgin. – Ene, ony başararyn. – Indiki aýtjak zadym, ertir kakaňyzyň jaýlanmagy bilen bagly zat däl, ýöne bilip goýuň. Hallygözel ejäň bu aýdýan zatlaryny oturan agtyk-çowluklary gymyldaman üns bilen diňleýärdiler. – Balalarym, durmuşda şeýle hadysa-da duşulaýmagy mümkindir. Bilip bolmaz eger merhuma jenaza okalman ýa-da bir sebäp bilen jenaza namazy nädogry okalan bolsa, merhumyň üstüne topragam dökülen bolsa, eger meýit çaşandyr gümany bolýança merhumyň gabryna namaz okamaly. Ondan soň okanoklar. Eger merhum içki öýünde goýlup, entek üstüne toprak atylmadyk bolsa, içki öýüň ýapylmak üçin hyştlaram ýa çöplerem goýlup mäkämlenmedik bolsa, onda merhumy daşyna çykarmaly. Ýuwulmadyk bolsa ýuwup, ýuwlan bolsa, şol durşuna namaz okap jaýlamaly. Jenaza namazy okalandan soň ölen bendäň adyny tutup, şu kişi ýagşy adamdy diýseler ýa-da jaýlanandan soň diýselerem merhuma peýdasy köpdür. Jenaza namazyndan dert tekbiriň biri galsa namaz bozular. Başga bir sebäpli namaz bozulmaz. Eger bir adam namaz jenazanyň bir ýa iki tekbirinden galsa, galan tekbirlerini merhum ýerden galdyrylmazyndan öň aýtsa namaz dürs bolar. Eger aýtmasa namaz hasyl bolmaz. Indi size, balalarym, ertir kakaňyzy ugratjak bolanyňyzda bilmeli zatlaryňyzy aýtjak. Söýün janyň ilki başyny, soň aýagyny çykaryň. Ýöne ilki aýak tarapyny çykaraýsaňyzam bolar. Äkidilip barylýarka welin onuň başy öň tarapa bolmalydyr. Emma sekiz agyzly öwlüýäjan gaty daş däl. Onsoňam Söýün jany öz ili öz serdarlaryny göterip äkitmegi kyn görmezler. Merhuma jaý gazylanda ýeri gaty bolsa, içki öýüni ortadan gazmak bolmaz. Eger ýer gaty ýumşak bolup gumy gorlup dursa, içki öýüni gazyp bolmasa, içki öýüni ortasyndan gazaýsaňam bolar. Içki öýüniň çuňlugy adamyň guşagyna çenli, boýy merhumyň boýuna deň we iki ýarym boýa çenli çuňlugy bolmaly. Çukur çuň boldugyça şonça-da ýagşy. Dik gazylan çukuryň kybla tarapynyň düýbünden kese gazylan içki öýüne merhumy salyp, agzyny çig hyşt (kerpiç) bilen ýa-da maýda çöp, ýa gamyş bilen mäkäm ýapylýar. Soň uly öýüni gömýärler. Söýünjanyň üstüne gum atylmanka hemmäňizem bir gysym topraga bilen dogaňyzy okap dem salyp, ýa-da elham kulhuallahuahad okap çüfläp dem salyp, hemmesini bir zada (ýaglyga) ýygnap, içki öýünde balamyň aşagyna we üstüne-de sepelense kakaňyza peýdasy köpdür. Içki öýüne-de özüňiz goýuň, sebäbi içki öýüne merhumy onuň golaý garyndaşlary goýmaly. Söýün janyň sizden golaý garyndaşy ýokdur. Aýal adamynam onuň iň golaý garyndaşlarynyňam içinde syrdaşlary (mähremleri) goýmaly. Eger mähremi bolmasa gowy päkize adam goýmaly. Günäkär we ýaramaz adamlar ol ýere salynmaýar. Aýal adam goýlan wagtynda adamlar bilen merhumyň arasynda perde goýulýar. Söýün jany içki öýünde goýjak bolanyňyzda: «Bismilla wealamilleti rasulilla» diýiň. Içki öýünde goýaňyzda sag ýanbaşyna ýatyryp, ýüzüni kybla goýuň we kepenindäki daňylan esgileri çözüp aýryşdyryň, Gum dökmekçi bolanyňyzda el bilen ýa-da pilçe bilen gum sürseňiz bolar. Gazylan ýerden çykan gumdan artyk gum üýşürilmese göwnejaý bolar. Gömlende her kim üç gezek gum sürse, üç ýola: «Aguzybillähminnet şeýtanrejim bismillähirrahman rahym min ha halakna idenküm». «We pihä noaidikum», «We Minha nuhrijikum, tareteň uhra», diýip doga okamaly Guburyň üstüni düz dört burç etmän, düýäň örküji ýaly etmeli. Düzgün boýunça merhumy gündiz jaýlamaly, gije jaýlamagam bolýar. Guburyň üstüne metjit ýa-da başga diwar salmak mekru. Emma mal-gara basgylamazlygy üçin guburyň daşyna üsti açyk aýmança salynsa bolar. Mazarçylyga ýagşy, gowy we päkize adamlar barsa, merhumy jan beren ýeriniň halklarynyň mazarçylygynda jaýlansa gowy. Öwlüýä äkidilende 2250 ädim aralyga ulaga mündürilmän, göterilip äkidilse dogry bolar. Öli jaýlanandan soň guburyň töwereginde az wagt oturyp, gurhan we doga okalýandyr. Ýöne käbir ýagdaýda howa yssy ýa-da sowuk bolanda «Hany senem oka, ýene okajagyňyz barmy» diýlip köp oturylsa, gölegçilere agyr düşmegem mümkin. Adamlaryň göwnüni ýykmak gowy däldir. Merhum mazarystana alnyp barylýarka, eger zerur bolmasa meýdiň öňünden ýörelenok. Eger ýöreläýse-de, ara daşyrak bolsa gowy. Barlandan soň merhum ýere goýulmanka oturylanok. Hossarlaryndan rugsatsyz merhumy gömmän gaýtmak bolmaz. Jaýlanandan soňam golaý hossaryndan, bijogap gaýtmagam bolar. Merhum gömlenden soň ýer eýeli çykmasa ýa-da bir musulman adamyň gabyr içinde bir zady galmasa çykarylanok. Eger merhumy içki öýünde çep tarapyna ýa-da başyny aýak tarapyna goýan bolsalaram, gabryny açanoklar. Eger üstüne toprak guýan bolmasalar açyp düzetmeli. Eger gabyr içinde bir bendäniň maly (bahasy bir teňňeden köp bolsa) galan bolsa, ondan soň bilinse gabryny açýarlar. Balalarym, men size adamlar arasyndaky gatnaşyklaryň käbir meselelerinem ýatladaýaýyn. Ine, mysal üçin, merhumyň hossarynyň halyny sorap, bir gezek gynanç bildirilse göwnejaý, ýöne ikilenji ýa-da garşy-garşy ýatladyp durmak gelşiksiz bolar. Merhum ölenden soň üç güne çenli bir ýola soralsa göwnejaý. Eger hal sorap, gynanç bildirjek adam ýa-da merhumyň hossary başga bir ýerde bolup, gaýdyp gelenden soň oňa gynanç bildirilse dürsdür. Merhumyň hossary öte bitakat bolsa, öten jaýlanandan soň ol hossaryň halyny sorap, göwünlik bermek jaýlanmanka soralandan ýerlikli bolar. Jaýlanmanka-da öliniň hossarynyň göwnüne teselli bermek üçin onuň haly soralýar. Merhum jaýlanmaga äkidilmänkä onuň ýatan jaýynda ýa-da metjitde öteniň, hossarynyň göwni üçin oturylýar. Ynha görüň, balalarym kakaňyzy görüp gidýänleriň, ýanynda oturýanlaryň sany-sajagy ýok. Dünýäden gaýdan üçin üç güne çenli oturylsa göwnejaý. Emma köp oturylmasa ýagşy. Men size kakaňyzyň ýene bir tabşyran zadynam aýdaýyn: «Men ölemde sesli aglanmasyn, ýüz ýyrtmak, başyňa toprak seçmek, el çarpmak, öz-özüňi urmak bolmawersin, bu nadanlykdyr, şermendelikdir we mekrudyr. Belki bu işler hudaýtagala bilen uruşmakdyr. Emma sessiz aglamagyň zeleli ýokdur» diýip berk tabşyrypdy. – Aman jan, bar ejeňi, Nonugy, Ýazjahany we Totugy çagyr. Muham jan sen inileriň bilen kakaň ýanyna baraý. «Gelene geliň, gidene «taňry ýalkasyn, bizi sylany hudaý sylasyn!» diý-de otur. Gerek ýerinde inileriňe ýumuş buýur. Onsoňam Söýün janyň ugradyljak wagtyny bilýändirlerle. Başga obalardan geljeklere-de habar edişdiriň. Adamlaryň geljegi gelsin. Aýdylman galanlary bolmasyn. Bahargül. Nonuk jan, Totuk jan, Ýazjahan jan geliň! Ynha ertir kakaňyzyň jaýlanjak güni. Gaýrat edip mertlik bilen, abraýly, gyýk-baksyz ugradalyň. Men bu zatlary diňe öz adymdan däl-de, kakaňyzyňam adyndan aýdýaryn. Onuň maňa beren sargydynyň birem: «Ugradylanda çarpaýa galyp, gaty ses bilen aglap, masgara bolaýmaweriň» diýipdi. «Gygyryp sesli aglamak birinjiden-ä, il ýüzüne-de gowy däl, ikinjidenem, sesli aglamak şermendelik edip, küpür bolmakdyr. Bu allatagalaň edenine kaýyl bolman, taňra ten bermezlikdir» diýipdi. Onda Totuk saklanyp bilmän, çyny bilen aglamjyrap: – Ene, heý eziz görýän adamyň-a öler, onam iň soňky ýoluna alyp gitseler, senem aglaman otursaň nähili bolar? – diýdi. – Balalarym, onyň dogry. Ýöne sesli aglap, gaty ses bilen ile göz bolmagyň gowy däldigini aýdýaryn. Ony hudaýam halamazmyş, bendesem. Sessiz, içirägiňden aglaýmaly ahyryn. Gepiň gysgasy, gaýrat ediň. Kakaňyzyň sargydyny tutjak boluň. Eger agzybirlik bilen kakaňyzyň aýdanyny tutmasak, onda ol bizden razy bolmaz. Türkmeniň gerçek ogly Söýün erkeji ugratmaly wagty ýakynlaşdy. Gökdepäniň, Bäherdeniň, Aşgabadyň obalaryndan gaty köp adam ýygnanypdyr. Ýygnanan adamlaryň ýüzünden azaly gynanjy aňmak bolýardy. Ine birdenem: «Adamlar jenaza namazyna durjagyňyz bärik ýygnanyň» diýen ses eşidildi. Jenaza namazyna ymamlyk edýän şol möwrütiniň abraýly adamsy Pirguly işandy. «Jenaza duran adamlaryň sany müňe ýetýär. Belkäm ondanam köpdür» diýişdiler. Söýün serdar göterilip ugralanda-da uly bir gyýk-bak bolup durmady. Ýene adamlary geň galdyran zat merhumyň çep eliniň kepeniniň daşyndalygydy. Oňam birek-birege çawuş çakyp diýen ýaly: «Eý Adamlar, ol dünýä hiç kim hiç zat äkidenok. Ine, meniňem elimde zat ýokdur. Hemmäňiz görüň. Nebis haltaňyz elmydama yzyňyzda bolsun diýdigidir» diýişdiler. Gölegçileriň ýüzleri gaýrak sekiz agyzly öwlüýä tarapdy. Sekiz agyzly öwlüýä Söýüniň obasyndan 3000 metrlikdedi. Adamlar Söýüni ýük bilenokdy. Onsoňam ýene geň galmaly zadyň birem gidip barýan gölegçileriň birindenem seza çykanokdy. Hemmesi dymyşyp barýardy. Içlerinden bolsa: «Bizem iru-giç, nesip bolsa, şeýle bolmaly» diýýäne meňzeýärdiler. Dünýä gürrüňini edenokdylar, eger öň ýaşlykda – beýlekide bir ýerde ýalňyşanam bolsalar, indi dogry ýola dolanmagy niýet edinip barýanlara meňzeýärdiler. Merhumy jaýlanjak ýerine eltip, ýerde goýup, kybla bakyp oturdylar. Hallygözel ejäniň aýtmagy bilen Söýün erkejiň kepenine Bismillahrrahmänrahym» diýilip ýazylypdyr. «Bu ýazgy näme» diýip, soranlara Hallygözel eje: «Bu merhumyň göwresine we kepenine «Bismillahrrahmänrahym» diýip ýazypdyrlar welin, şol merhumy düýşlerinde görüp, ol kişiniň halyny soranlarynda ol kişi: «Gabyrda ýatyrkam azap perişdeleri geldiler we meniň kepenime, göwräme ýazylanlary görüp: «Azapdan aman galdyň» diýip gitdiler diýip aýdypdyr» diýip jogap beripdir. Söýün serdary jaýlap gelen gölegçilere tagam hödürlendi. Pirguly işan doga okady. Töwür galdyrdylar. Käbir adamlar «Söýünä biwagt gitdi. Saýalaýmaly gerçek ýigitdi. «Hudaýa-da ýagşy adam gerekdir-dä» diýse, ýene birileri: «Ýagşyň-ýamanyň ýokdur wagty gelip ajaly ýetende gidip durandyr» diýdi. Hawa-da, ölüm barabardyr şaha-gedaýa diýenleridir-dä: «Iman äkiden bolsun, hudaý rehim etsin». «Ölümiň yzy kesilsin. Merhumyň yzyna abadançylyk diläliň» diýdiler. Adamlar azaldy. Gezeginde ýene-de doga okalandan soň «Söýüniň iň kiçi ogly Aman bilen Hallygözel eje paýtunly gaýralygyna ugrady» diýip, ýaşy durugşan çyrjymak sakgally bir pyýada töwür çykdyryp oturanlaryň dymyşlygyny bozdy. Pirguly işan: «Hallygözel eje giden bolsa elbetde bir parz iş ýüze çykandyr» diýdi. Hallygözel eje Aman bilen sekizagyzly öwülýäniň çetinde gol gowşuryp, hemme ýatanlara salam berip, «Essalam palhýküm ýa ählel kubur ýagpirulla hülene entümlena sabykuna wessellep wenahnu bileser» okandan soň: «Aman jan, hany kakaňy nirede goýduňyz? – diýdi. Aman: – Ene, hanha görnüp durla – diýip, baş atdy. Amanyň başyny atyp salgy bermegi «Öwlüýä tarap barmagyňy çommaltmaly dälmiş» diýen sözler onuň oglanlykdan gulagynda berk galany üçindi. Täze mazaryň ýanyna gaty golaý barman, aýak üstünde durup salam berdiler, gol göterip, doga okadylar. Ondan soň Söýün serdaryň aýak ujundan arka tarapyna geçip, ýüzlerini kybla tutup oturyp, bir mertebe älhem, bir gezek aýatil kursy we izeulzuletilarz älhäkum utkes äsirini üç mertebe, kulhuallahuahadini on mertebe okadylar. Onsoň suraýly tebärek okadylar. Soň Gurhanyň sogabynyň bir bölegini Pygamber hudanyň ruhlaryna bagyşlap, galanyny Söýün erkeje bagyşlanandan soň, jemi mübminlere bagyşladylar. Ýöne doga etmezlerinden öňem-soňam galalary üç mertebe okadylar. Aman jan, ýadyňdan çykarmagyn, zyýarat edende merhumyň daşyndan aýlanmaly däl, ýüzüňe sylmaly däldir, ogşamalam däl. Ýöne eger ata-eneň gabry bolsa posa alsaňam zeleli ýok diýipdirler» diýdi-de, Hallygözel birdenem: «Erenleriň zurýady, nebsinden ynsaby ýokary, duşmana gazaply, pukara rehimdar, gahar-gazabyna erk edip bilýän Söýün jan!» diýip, adatdakysyndan gatyrak gygyrdy welin, «Ýer astyndan alazenzele gopdy». Muňa Aman haýran galdy. Emma ol nämäň nämeligine düşünmedi. Ýöne enesi örän gaýgyly bir hala ýetdi. Azajyk salymdan soň: – Be, Aman jan, munymyza paşmady. Ýa men ýalňyşaýdymmykam janlarym? – Ene, näme paşmalydy? Men düşünmedim-le? Hallygözel eje öňki sözlerini ýene gaýtalap: Erenleriň zurýady, nebsinden ynsaby ýokary, duşmana gazaply, pukara rehimdar, gahar-gazabyna erk edip bilýän eziz balam Söýün serdar! diýdi welin, aşakdan: «Eje, ynha munyň bolýar. Ýogsa şu meniň ýanlarymda asyrlar boýy ýatan Söýün gyt däl. Häzirlikçe kyýamat ahyryna çenli aman bolut, diýen ses çykdy. «Bu ses hakykatdanam kakamyň sesidi. Şol sözleri eşidemde endam-janym dyglap, tas özümden gidipdim» diýip, Aman soň-soňlaram gürrüň ederdi. * * * Hallygözel eje mesaýy gürrüňçilikde töwereginde oturanlara haýsy otuň, haýsy keseli bejermäge kömek edýänini gürrüň edip berer eken. Ynha, mysal üçin «Ganyňyzyň basyşy pes bolsa, borjagy ezip, 2-3 aý töweregi nahar iýmezden 15 minut öň içiň» diýerdi. Ynha, balyň dermanlygy barada-da Hallygözel eje şeýle gürrüň beren. – Pygamber döwründe bir görgüliň ýeke dikrary agyr keselläpdir. Oňa hiç derman tapylmansoň ol aýal Muhammet pygambere ýüz tutan. Pygamber oňa «Ogluňa bal ber, gutular» diýen. Ýene birnäçe gün geçenden soň ol aýal pygamberiň ýanyna baryp: «Eý pygamber, huda, siz bir zat diýseňiz bolaýarmyka diýip, siziň diýeniňizi edip, oglumyza bal iýdirdik. Emma onuň derdine bal derman bolmady» diýen. Pygamber hasasyny ýere urup, baly çagyrypdyr welin, bal «lepbeý» diýip duranmyş. Onda Pygamber: «Sen näme bu kempiriň ogluna derman bolmadyň?» diýipdir. Bala dil bitip: «Ýa pygamberimiz, dogrudanam men müň keseliň dermany. Ýöne kempiriň ogly müň birinji kesel bilen kesellän. Ol kesele-de ajal diýýärler. Oňa meniňem, seniňem çärämiz ýok» diýip jogap beren. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |