22:33 Şir hudanyñ penjesi -13: Söýün erkejiñ ömründe duşan geñ zatlary | |
SÖÝÜN ERKEJIŇ ÖMRÜNDE DUŞAN GEŇ ZATLARY
Taryhy proza
Ol döwürde näme sebäpdendigi anyk bolmasa-da, obalar- da ogurlyk köpelip başlan wagtam bolýan eken. «Il ogrusyz bolmaz, dag börüsiz» diýlenid-ä. Özem ogurlyk edýänleriň tutulmaýanlygy gaty geň zatdy. Göreş ýönekeýräkmi nämemi. Ogurlyk edilen ýerlerde ýa-ha yz-toz galmandyr ýa-da yzçylar yzarlamaga ogrulardan üýşenipdirler. Ýogsa, bir ören yzyny telim ýyldan soňam tanaýan ökde yzçylaram bolan eken. Şonda-da ogrularyň tutulman galmagy, oba adamlaryny ynjalykdan düşürip ugrapdyr. Bu mesele aýratynam Söýün erkeji otursa-tursa gününe goýmandyr. Ol öz ýanyndan: «Könelerimiz il ogrusyz bolmaz, dag börüsiz» diýipdirler. Ýöne beýle möçberde bolmagy çydap bolmajak ýagdaý ahyryn. Halkyň içinde «serdardyrys» diýip güberilişibem ýörüs. Mundan beýläk bu ýagdaý bilen oňşup bolmaz. Ýöne beýle kynçylykdan çykmak üçin nätmeli?» diýip, beýnisine agram salyp, pikir edipdir. * * * Köne donly, ütülen gyzyl telpekli, dolak ýerine köne esgi dolanyp, ýyrtyk çarykly bir gerdenlek daýaw ýigit göçülip, taşlanyp gidilen obanyň harabaçylygynyň ýanyndan ýary gijeden agyberende geçip barýarka bir köne jaýyň içinde yşyk gördi. Ol yşyga baryp görse üç sany pyýada neşe çekip oturan eken. Gelen ýigit işikden ätläp, ätlemän: – Essalawmaleýkum, giç ýagşy – diýdi. Garaşylmadyk myhmanyň salamy tirýek tüssesini sorup oturan üç adamyň zähresini ýardy. «Täh» diýlen ýaly boldy. Oturanlaryň biri: – Waleýkim. Haý biçüwiň gursun, ýüregimiz-ä ýardyň. Ýary gije bu ýerlerde näme işleýäň? Şeýdip gelseň kim saňa «gelen ýagşy» diýer öýdýäň? – diýdi. – Aý adamlar, günämi öteweriň, şeýle giç wagt adamlary biynjalyk etmäň külli günädiginem bilýän. Gapydan ätjek bolamda-da ýaýdandym. Sizden ötünç soraýan. Bagyşlaweriň. Öýde durarlygym bolmansoň, näme-de bolsa «töwekgel işini Hudaý oňarar» diýip bir etir-tütür zat aňtap çykdym. Bäş sany göz monjugy ýalyjak çagajyklarymyň, aýalymyň, garry ejemiň ertirligi bolmansoň, öýden çykdym-da gaýdyberdim. Harabalygyň gapdalyndan geçip barýarkam siziň yşygyňyza gözüm düşdi. Yşyga golaýlap gelemden soň: «Barsammykam, barmasammykam» diýip gaty ýaýdandym. Hudaý tutan kem maňlaý bolsaň, çala bir ýykylara çukur tapsaň ýykylynaýýan eken. Musulman bolsaňyz, maňa ynanyň, biziň ertirlik urbamyzam ýok. Irden çagalarymyň öňünde durar ýaly heý bir zat ele düşmezmi diýdim-de çykyberdim. Bagyşlaweriň, bagyşlaweriň, ýene bir gezek ötünç soraýaryn! Ol ýigit öz-özüne: «Ýalan sözlemek beýle kyn eken» diýip, içini gepletdi. – Bagyşlaýas. Sen özüň nireli? Kimlerden bolarsyň? Adyň näme? – Men şeýtangalaly, Möwlüler tiresinden. Adyma-da Kyşuw diýýärler – diýenden oturanlar wakyrda beräýdiler. – Haý gowy adyňa bar eken. Adyň şol bolsa hiç wagt garnyň doýmaz. Çörek atly sen pyýada bolarsyň. Ýöne eger ýalan sözleýän bolaýsaň ine şu ak saplyny görýämiň? – diýip, oturanlaryň biri gapdalyndaky pyçagyny çykardy, – Şunuň ýaglawyna barýança böwrüňden sokaryn. Seniň kimdigiňi, nirede ýaşaýandygyňy bilmek biziň üçin kyn zat däl. Biziň her obada öz adamlarymyz bardyr. Onsoňam ýere girseň gulagyňdan, asmana çyksaň aýagyňdan tartyp düşürerin – diýip, ol haýbat atdy. Kyşuw mysapyrsyrap: – Adamlar, men bir garyplykdan tarap kellesi çişip ýören hudaý tutan bende. Meni nätseňiz şeýdiň. Meniň ganymy sorajak hossarym ýok. Galanynam özüňiz biliň. Zarym bar-da, zorum ýok. – Bolýar ynandyk. Bir baş sorjakmy? – Aňyrsy bar bolsa, soraýarys. – Me tüýdügi al, ýöne tirek gaty gowudyr. Owal çekmeýän bolsaň, artyk sorup, gusup-syçyp ýatma. Onsoň bize iş bolarsyň. Sen onsoňam Şeýtangaladandyryn diýýäň. Şeýtan gala çenli bu ýerden bir menzil ýol bar, öýüňden haçan çykdyň? – Öýden-ä süýr günortanlar çykdym. Ýolda bir sahawatly kişiniň öýünde dem-dynjymy alyp, garnymy doldurdym – diýip, gelen ýigit mülhütsiredi. Kyşuw üç baş sorandan soň: – Bä munyňyza gaty güýçli öýdýän. Eýýäm başymy aýlap ugrady. Eger gaty görmeseňiz-ä, boldum edäýjek – diýdi. – Hiç zat bolmaz. Ýene birki sor. Onsoň biziň yzymyza eýerersiň. Biz bir uly işiň başyny tutduk. Hudaý jan bizden bolup, işimiz oňsa, senem garyplykdan çykarsyň. Onsoňam seni biziň sulhumyz aldy. Seniň bilen bukuldym oýnap oturjak däl. Maňa-ha Burkaz, bu murtlak ýigide-de Sapa, oňa-da Eşe diýýärler. Biz Atmaýrandan. Ynha şu «mele ýorgadan» doýsak, şu welaýatyň hazynasyny ýarjak. Biziň her haýsymyz bir käriň ussady – Sapa jadygöý, elini degirdigi gapynyň gulpy nähili berkem bolsa açylýar-da duruberýär. Eşe haýwanyň diline-de düşünýär. Men gije görenem bolsam bir gören adamymy ýene 20 ýyldan görsemem tanaýan. Seniňem-ä göwräň her kimiňkiçe bar. Sen nämäni başararsyň? – Meniň başarjak zadym eger biz etmişimiziň üstünde ele düşsek bir ýylgyrsam, dünýäde iň birehim adamam eden günämizi bagyşlar. – Seniň-ä zor käriň bar eken. Bize tüýs gerek adam ekeniň – diýip, Burkaz çyny bilen begendi. – Enşalla, biziň şu işimiz şowuna düşse gerek. Hany boluň. Indi ugramasak gijä galaýmagymyz mümkin – diýip, Sapa gyssandy. Dört kişi nirdesiň «patyşalyk hazynasy» diýip Ahal-ilatynyň sekiz ýan böleginden ýygnalan bir ýylky pajyň saklanýan ýerini urmaga ugrady. Hazynanyň saklanýan obasynyň çetinden girýän ýoluň ugrunda bir ýeke öýli bardy. Şol öýüň gapdalyndan bir it üýrüp çykdy-da, dört pyýadanyň üstüne topuldy. Olar itiň sesine il öräýmesin diýip, oňa hiç hili gaýtawulam bermän, öz ugurlaryna gidiberdiler. Onsoňam olar: «It ýarjak bolup näçe üýrse-de, ýapyşaýmasa, ony urjak bolup, daş gözläp wagtyňy güýmemän, öz hakyky ýetjek bolýan maksadyňa ymtyl» diýen akyla gulluk edýärdiler. Şol pursat Eşe pyşyrdap: – Burkaz, hany aýak çekle – diýip, onuň egnine kakdy. Burkaz bir zadyň bardygyny aňyp, aýak çekdi-de; – Sapa, siz gidiberiň, Eşe ikimiz häzir ýeteris. – diýip, beýleki ikisini ugratdy. – Burkaz diýýän-ä – diýip, Eşe dildendi. – Bu ganjyg-a: – Siziň urjak hazynaňyzyň eýesi özüňiz bilen barýa diýýär. Onda Burkaz: – Ha Eşe dil bilişiň şol bolsa ýalňyş düşündiň öýdýän. Şu ganjyk öten agşamam men şu ýoldan geçemde edil şeýdip jabjynyp üýrdi. Özüň gör-dä, ynha biziň-ä üçümiz indi ýigrimi ýyldanam gowurak şu kär bilen meşgul. Biri-birimizi tanaýas. Hiçimizem hazynaň eýesi däl. Bu Kyşuwam-a bir gedaý, hazynaň eýesine meňzänok. – Özüň görd-ä, meniň düşünişimçe-hä şeýle. Ýöne itiň şeýle jabjynmagynda: «Siziň ýanyňyz bilen işiňiziň şowly bolmagyna goltgy berip ýol görkezýän keramatly eýe barýar» diýilýän ýaly bolup dur. Belkäm şeýle bolsun-da. «Töwekgel işini hudaý oňarar» diýipdirler. Indi näme bolsa maňlaýymyzdan. Ýör, bahymrak, olaryň yzyndan ýeteli. Dördüsem hazyna saklanylýan jaýyň daşyndaky howludan ýel ýaly bolup geçip, az salym diňşirgenip durdy. Hemmeler imi-salalyk, ses-seda ýokdy. Howlynyň gaýra çetinden süýji ukudaky adamyň horrullysy eşidilýärdi. Hany, Sapa bisimilla diý-de başla. Biz azajykdan bararys. Sen gapyny aç-da, jaýyň içi bilen tanyş bol, onýança bizem ýetişeris – diýip, Burkaz Sapaň egnine kakdy. Azajyk salymdan barsalar, diňe gapy däl, eýýäm dört sandygyň dördüsiniňem agzy açyk eken. Her kim öz torbasyna şaý-sepden, gymmat bahaly zatdan, kümüş-gyrandan dykyp bilenini dykdy. Burkaz hiç zat almak bilen bolman, hazynaly jaýyň içine aýlanyp ýörkä, bir gutujyk tapyp, açyp görse, içinde her hili gymmat bahaly daşlar, lagly-merjen, gyzyl şaýlar bar ekeni. Burkaz gutyny elinde mazamlap: – Hemmäňiz alan zatlaryňyzy taşlaň. Ine, şu gutujygyz, içinde biziň hemmämiziň maşgalamyza bolmanda ýarym ýyllyk bol-elin eňgamlyk bar. «Ynsap dine ýarpy» diýipdirler. Gahar bilen nebsiň adamy ýegre duşmanydygyny ýatda saklaň. Olaryň hemmesi Burkazyň diýşi ýaly edip, alan zatlaryny ýerinde goýup, sandyklary öňküsi ýaly ýapdylar. Obadan mazaly saýlananlaryndan soň, Burkaz aýak çekip durdy, beýlekileriň üçüsem onuň buýrugyna garaşyp, töweregine aýlandylar. Burkaz ýuwaşlyk bilen: – Kyşuw, ine häzirlikçe seniň paýyň – diýip, oňa bir goşawuç gyran berdi. – Eklençden horlansaň bizi Atmaýrandan taparsyň. Biziň adymyzy tutup sorasaň, Atmaýranda bizi uludan-kiçä tanamaýan bolmaz. Hoş, sag bol. Eger sen bize gerek bolsaň biz seni Şeýtangaladan taparys. * * * Ertesi irden Söýün ertir namazyny okap durka daşardan «öten agşam hazynany urupdyrlar» diýen ses eşidildi. Daşarda iki parraç aýaklary bişen ýaly bir ýerde durup bilmän byzbanaklaşýardy. Garşy-garşy: «Hallygözel eje, Serdar namazyny okap bolmadymyka, görseňizläň» diýýärdider. Gelenleriň habary Söýün üçin geň däldi. Söýün namazyny okap bolup howlukman daş çykdy. Gelenleriň habaryny ýalandan diňlän boldy: – Be, ol-a bolmandyr. Eger şeýdip agzyňa siňek gonduryp, saklamaly jaýyňyzyň gapysyny saklaman, howlyň beýle çetinde uklap ýatsaňyz hazyna-ha däl, asyl bütin maşgala gyzam ogurladarsyňyz. Olaram göterip giden tapylar – diýip, Söýün gelen hazyna sakçylaryny gaharly dalady. – Yzyndanam özüňize ynanylan işe çemeleşişiňiz şol bolsa, «heleýleriňizem ogurladarsyňyz» diýjek boldy-da, dilini dişläp saklandy. Söýün näçe gaharlansa- da, bir adama-da çykgynsyzyny edip, paýyş söz aýtmazdy. – Indi siziň etmeli zadyňyz, gidiň-de Balla aýdyň: Ol on atly parraç bilen gidip Atmaýrandan Burkazy, Eşäni we Sapany tutup, atyň öňüne salyp alyp gaýtsyn. Näme üçin alyp gaýdýanyny olara aýtmasyn. Gösgöni meniň ýanyma alyp gelsin – diýip, Söýün, berk tabşyrdy. Şol günüň ertesi däl-de birigüni öýlänler Burkazy, Eşäni, we Sapany tirkeşdirip, atyň öňüne salyp getirdiler. Olary Söýün serdaryň kabul ediş jaýynyň eýwanyna eltdiler. Olar bilen Söýüniň ýanyna girmeli diňe Ballydy. Ine birdenem Söýüniň ýanyna ilki Eşäni çagyrdylar, soň Sapany, iň soňundan bolsa Burkazy. Söýün her haýsy bilen aýratynlykda gürleşip, ilki ikisiniň içini dökdürdi. Burkazyň beýlekilere görä mekirräkdigini, tangyrlygyny bilip, ony iň soňundan çagyrdy. Burkaz girende Söýün ýüzüni agraslandyryp otyrdy. Söýüniň egninde ezýaka köýnek, garma don, kellesinde gara silkme telpek bardy. Söýün burunlagrak, gözi ullakan, bugdaý reňk eginlek syratly ýigitdi. Burkaz beýle zatlara garaşmany üçin ilki bu äpet adamdan sussy basylyp, ilkibada hiç zat gümanam etmedi. Soňabaka sesinden, gep atyşyndan bir tanşyna meňzedip ugrady. Ýöne Söýün özüniň agraslygy bilen Burkaza onuň garaşmadyk soraglaryny ýagdyryp, oňa pikirlenmäge wagt bermän, özüne gerek bolan maglumatlaryny gürrüňi gorduryp sagyp aldy. Obalarda ogurlyk edýänleriň esasyraklarynyň adyny aýtdyrdy. Indiden beýläk Burkazyň özem, ýaňky adyny tutan adamlaram ogurlyga baş goşaýsa, olara hezil bermejekdigini duýdurdy. Birdenem Burkazyň ýüzi ýagtylyp: «Kyşuw-han aga, biziň şu sapar günämizi geç. Özüňem bize «etmişde tutulaýsaňyzam bir saparlykça sypdyraryn» diýipdiň ahyryn. Bu sözden soň Sapanyňam, Eşäniňem geçileri ýaýrady. Öňki bolup oturyşlary gaty naýynjardy. Söýüniň «başyňyz ölümde, ýurduňyz talaňda» diýen sözlerine gaty ynanypdylar. Müzzerip otyrdylar. Söýünem birneme köşeşdi: – Geliň mertlerçe gepleşeliň. Men sizi şu sapar bagyşlaýyn. Ýöne gep-gep bolsun. Eger şu etmişiňizi ýene gaýtalasaňyz, atdyryn, asdyryn-a diýjek däl welin, maşgalaňyz bilen dagdan aňryk geçirerin. Eýranlylara-da sizi öz ýurdumyzdan kowýanlygymyzyň sebäbini gös-göni aýdaryn. Tohumyňyz bilen, geljekki nesliňizem Kese arkaja aýaklary basmaz ýaly ederin. Sözüm sözdür. Eger-de indiden beýläk aýagyňyzy dogry basmasaňyz, halk sizi düýt-müýt eder. Özüňizem haýsy baýyň ýanyna barsaňyzam size iş bermez. Iş tapmaga ýeke men kömek ederin. Gepiň gysgasy, Burkazyň ülpetleri ile äşgär bolanlaryndan soň welaýatda köp wagtlap ogurlyk bolmandyr. Ilimizde bolýan ogurlyklara, talaňçylyklara, başga şoňa meňzeş erbetliklere ýolbaşçylyk edip, şeýle etmişleri edýänleri ruhlandyrýanam Burkaz eken. Ol bolaýmaly zadam. Haýsy jemgyýetde howply etmişleriň garşysyna göreş gowşasa, şeýle etmişleriň öňüni almak çäreleri amala aşyrmaly guramalaryň abraýy döwlet tarapyndan oňat goralmasa, etmiş edýän adamlara etmişleri üçin etmişine görä adalatly çäre görülmese jenaýatyňam, jenaýatçyňam sany gün-günden köpeler. Şonuň bilen baglylykda tertip-düzgünler gowşar, döwletiň apparatlarynyň işem öz öňki bitirýän işlerini bitirip bilmez. Döwlet emeldarlary para ýatar. Jogapkärli işleri para berip, para alýanlar eýelär. Bir ýola köpi gören, döwrüniň aňly-düşünjeli, pähim-paýhasly adamy bolan Söýün serdardan: «Siz bir köp ýerleri gezip, köp zatlary gören adam, dünýäde başga nähili geň-enaýy zat gördüňiz» diýip, gürrüňçilikde soranlarynda: – Biz Eýrana alamançylaryň serdary Agamämmedi gola salmaga gidenimizde dagyň içinde bukuda otyrkak Muhammetberdi ýegen birden tapylmady duruberdi – diýip gürrüň berdi. – Ýigitlerimiz ony hars urup gözlediler. Howa-da sowuk, dagyň howasy-da. Neresse ýitenden dört gün geçenden soň töweregi uçut, gaýaly dagyň çürbaşyndan onuň meýdini tapyp, maňa habar etdiler. Menem şol ýere gitdim, ýöne Muhammet ýegeniň ýanyna barar ýaly däldi. Näme-de bolsa ýegeniň-dä. Ejesi Gözel pahyr göz öňümden gidenok. Uçut gaýa dyrmaşyp, zordan çykdym. Barsam ýatyr, edil diri ýaly. Baryp ýüzüni sypaşdyrdym, elini elledim. Edil diri adam bilen elleşip görşen ýaly elini gysymlasam, elleriniň gyzgynam gitmändir, ýup-ýumşak. Aýaklaryny elledim, aýaklaram şeýle. Alkymyny ýaglyk bilen daňdym. Äňem edil ýaňy ölen adamyňky ýaly. Men-ä haýranlar galdym. Beýik dagyň çürdepesi jybarlap dur. Dag howasyny özüňiz bilýänsiňiz. Onuň üstesine-de neresse öleli dört gün geçen hem bolsa endamynyň synalarynyň ýumşak bolşy men-ä geň galdyrdy. Ýöne dogrusy, ýarag ujundan ölen adam golaý hossary ýanyna baranda, ölenden soň näçe gün geçenem bolsa tyg urlan ýerlerinden gan çykarmyş diýip eşidipdik. Indi hossaryny gören ölüniň endamyna ýyly geljekligine men-ä şübhelenemok. Sebäbi jan çykandan 5-6 sagat geçenden soň merhumyň endamy gatamaly ahyryn. Indi Muhammetberdi neressäni «Bäşdag» diýilýän dagyň çür depesinden düşürmekde gep bardy. Neressäň ýatan ýeri «edil bolsady» diýlen düzje ýer. Ýöne ol ýere münüp, düşjek bolsaň welin uçut gaýa. Eliň ýüklä asylam düşer ýaly däl. Onsoň maslahat edip, şol ölenje ýerinde-de jaýlamaly bolduk. Sebäbi başga hiç hili ugur tapmadyk. Ýigitlerimiz näçe synanyşsalaram, düşürmäň ugruny tapmadylar. Muhammetberdi neressäniň jaýlanmaly ýerinde-de, golaý-goltumynda-da suw bolmany üçin Bally oňa teýim etdirdi. Men-ä beýle zatlary Bally bilýändirem öýtmändim. Tüweleme ol bilýän eken. Bally iki elini gury ýere urdy-da, iki elinem tirsekleri bilen syldy. Neressäni gömmezden öň Berdi ýegen, Öwläguly, Çaryguly, Aman her birimiz adam başyna bir gysym toprak alyp, kimimiz-ä misli suraýy fatiha, gurhan okap, kimimizem elham kulhuallahuahad okap, çüfläp dem salyp, hemmesini bir ýaglyga ýygnap, jaýyň içki öýünde Muhammetberdiniň aşagyna, üstüne sepeleşdirdik. Şeýle edilse, Allatagala kabul etse, merhuma peýdasy köp bolmaly. Jaýlananda her haýsymyz üç ýola: «Aguzybillähi minnet şeýtanrejim, «We minha nuhrijikum tara-eteň uhra» okap gum sürdük. Boluşyna, ýagdaýyna görä kemini goýmadykmyka-ga diýýäris. Galanyny ýaradanyň özi oňarsyn-da. Şindi «adam topragy çeken ýerinde galmalydyr» diýýändirler. Şaňa çynym bilen ynanýan. Muhammetberdi ýegen, Bäş dagyň1 çür depesinde ýatandyr. Imanly bolsun, neressäm. Maňa kä adamlar: «Söýün sen nähililik bilen serdar bolduň?» diýýärler. Onda men olara: «Adamlar, men nebsizalym, betnebis bolup talaňçylyk edip gazanç etmek üçin Eýrana goşun sürüp gitmedim. Ilimiň aryny almak üçin ata çykdym. Aý onsoň birden «serdar» lakamynam goýaýdylar» diýýärin. Dünýäde her hili geň zatlara duşulýar, Alamançylyk döwri gutardy, ruslaryňam ahal-tekelerini 1840-njy ýylda içki dönükler bilen bileleşip Şarlawukda, Gökdepede we ýene birnäçe ýerde gyrjagyny gyryp boldum edenden soň arly-namysly bolsagam, az salym parahatlyk başlady. Ahaldan Hywa, Buhara okamaga gidişlik başlady. Maryda Töre ahunyň elinde-de okadylar. Gökdepe amaşalaryndan Baba ahun, Kakadan Muhammetmyrat ahun, Änewden Mämmetşerip ahun, Bäherden hojalaryndan Ymam Baky ahun, ýene-ýeneler ahunlyk mertebesine mynasyp bolup geldiler. Kesearkaçda olardan başga-da ahunlar köpdi. Begenjaly ahun – Gyzylarbatly Zawda, Goçda Annamyrat ahun, Bamyda-da Annamyrat ahun, Azal ahun Ýarajydan, Gökdepe Körsagryndan Begenjaly ahun, Babarapdan Çary ahun we ýene-eneler bar diýip, türkmenleriň- içinde okumyş bolmandyr diýlip köp wagtlap aldawçylyk bilen meşgul bolanlary ýalana çykarýar. Şol wagt Erkeçlerdenem Abdylla diýen biri bolup oňa Abdylla guşbegem diýer ekenler. Abdyllanyň guşbegi adynyň eýesi bolmagyna ahal tekeleriniň ynanylan wekili bolup Eýran bilen aragatnaşyk guramaga işjeň gatnaşmagy sebäp bolan. Abdylla guşbeginiň gürrüňçilikde «Adamyň ykbaly öweý ene bolmasyn» ýa-da «Onuň ykbaly öweý enedir» diýmeginiňem bir taryhy bardyr. Abdylla guşbegi Buharada okap, öz döwrüniň okumyş adamsy bolupdyr. Ol bir barly söwdagäriň ogly bolup Stambuldan sapardan gelende öýünde onuň deň-duşy ýygnanypdyr, daş ýerden sag-aman geleni mynasybetli diňe öz obalarynyň adamlary däl, asyl başga ýerlerden gelen abraýly adamlaram üýşüp otyrka öweý ejesi gapydan gelip: «Abdylla sen-ä adamlary üýşüripsiň welin, öýüňde äberer ýaly bir atasy çaýyňyzam-a ýok» diýenmiş. Onda Abdylla gaty utanyp: «Gelneje, öýünde halta-halta tüwüsi, ahyrynda ýüzläp goýny bolan öýüňem bir atasy çaýy bolmazmy?» diýen. Ol başga hiç zat diýmän, bir salym dymyp oturyp, soňam syr bildirmän güleh-ýalah edip, adamlara Stambulda görüp-eşiden zatlaryndan gürrüň beren. Oglanka soň-soňlaram ol özüniň dostlarynyň arasynda çagalykdan ýetim ösüşinden zeýrenip barşyna: «Ynha, muny görüň-le heý hödür etmäge gaýnatma etli palaw tapan adam bir atasy çaýyňam gürrüňini edermi? Şol öweý ejäň ýerine öz ejeň bolan bolsa ýeri gazardy welin çaýam, süýjem tapardy. Öweý, öweýdä» diýip, şol bolan wakany ýatlap öweý ejäň gürrüňini ederdi. Abdylla guşbegi diýilýän adam örän paýhasly adam eken. Elbetde öweý ejeli çaga bir ýerde kemsinmese, ýene bir ýerde kemsinýän bolara çemeli. Şonuň üçinem öz ykbalyndan närazyrak adam: «Meniň ykbalym öweý enedir» ýa-da ykbalyndan göwni hoş adam: «Meniň ykbalym öweý ene däldir» diýer eken. Abdylla guşbegi döwründe yslam dinine ýykgyn edýänleriň sany örän köp eken. Şeýle-de bolmaly-da, yslam dinine uýýanlaryň sany şol wagtlaram dünýä ýüzünde bir milliarda golaý eken. Ýöne ruslar türkmenleri we gaýry Orta Aziýa musulmanlarynyň ýurduna göz gyzdyryp, basyp almagy ýüreklerine düwýärler. Edil şol döwürem teke türkmenleriniň yslam dininiň ylmyna ýykgyn edýän döwri bolupdyr. 1800-nji ýyllarda ahunlyk derejesini alanlaryň sany köpelipdir. Kesearkaçda ýaňky sanan ahunlarymdan başga-da, okumyş adamlar örän köp ekeni. Ynha Gökdepäniň Körsagryndan Kerim işan, Baba işan, Rahymberdi işan, Ganjyk-gagşaldan Gurbanmyrat Işan, Isbirdenden Pirguly işan we başga-başgalar. Diňe özüniň ylymlylygy bilen däl-de, şolaryň içinden Ak işan ýaly, Gurbanmyrat işan ýaly keramatlylygy bilen saýlananlar-da bardy. Şol döwürde Yslam dininiň çylşyrymly meselelerini gutarnykly çözmekde bütin Kesearkajam, Mary etraplaram Töre ahuna ýüz tutardylar. Töre ahunyň ylmynyň güýçlüligi barada halk arasynda şeýle bir nama bar. Özbek ulamalarynyň arasynda Yslam dininden iň ylymly adamlar barada gürrüň bolanda: «Yslam dininiň okuwynyň özenini Kör teke (Töre ahunyň bir gözi kör eken) alyp gitdi öýdýän» diýenmişler. Töre ahun diňe ylymlam bolman, gaty akylly-paýhasly adam bolupdyr. Ruslaryň Gökdepede eden gyrylyşygyndan soň ruslar tarapyndan bütin türkmenleriň häkimdary edilip goýulan A.N.Kuropatkiniň Töre ahuna: «Biz ruslar siziň ýurduňyzdan haçan göterileris?» diýende Töre ahun: «Siz ynsabyňyzy iýen günüňiz türkmen topragyndan göterilersiňiz» diýip jogap beren. Ýöne bir wagtlar Gökdepe etrabynda bir jedelli hadysa bolan. Bir ýaş ýigit öz gelni gaýtarmaka onuň yzyndan «giýewçilige» gelende gelniniň hemişeki ýatýan düşeginde gaýtarmanyň ejesi ýatan eken. Ine birden gyýykbak gopan. Ýigit zordan gaçyp gutulypdyr. Emma dawa ula giden. Ýigidiňem, gaýtarmanyňam köp sanly güýçli hossarlary bolan. Gepiň gysgasy, dawagärler dawalarynyň gutarnykly çözülmegini haýyş edip, Gurbanmyrat işanyň ýanyna baranlar. Ol ýagdaýyň bolşuny jikme-jik diňläp: «Bu bir ýalňyşlyk bilen bolan zat. Şu meselede ýigidiň günäsi ýok» diýipdir. Gurbanmyrat işanyň bu çözgüdinden gyzyň närazy hossarlary ýigidiň hossarlarynyň wekili bilen Mara, gidýärler. Töre ahun olara: «Ýigit günäkär. Oňa jeza bermeli» diýen. Bu hadysa gudalaryň arasynda uly jedel döredýär. Bu jedel olaryň ýene Gurbanmyrat işanyň ýanyna gitmeklerine eltýär. Bu gezek Gurbanmyrat işan bularyň ýene-de gelenini oňlaman: «Men size owal düşündirip aýdypdym-a» diýende olar: «Töre ahun bu jedeli başgaça çözmegi dogry diýip hasap edýär» diýenler. Onda Gurbanmyrat işan gaharlanybrak: «Baryň şol ýazgarylýan ýigidiňizi meniň ýanyma alyp geliň» diýen. Ýigidi derrew alyp gelýärler. Gurbanmyrat işan ýigide ýüzlenip: «ýigit, Allanyň haky üçin dogryňdan gel. Sen gaýyn eneňi bimaza edeniňde «atyň agzy açylyp, täretiň bozuldymy?» diýen. Onda ýigit: «Işan aga, mende şol zatlaryň hiçisem bolmady» diýenden, Gurbanmyrat işan: «Şu ýigide azar bermäň. Şunuň günäsi ýok» diýip, bir kagyzjyga bir zatlar belläp: «Eger meniň diýenim sizi kanagatlandyrmasa, onda baryň şujagaz kagyzy Töre ahuna eltip görkeziň» diýen. Dawagärleriň wekilleri Töre ahuna Gurbanmyrat işanyň beren hatjagazyny eltip berenlerinde, ol öz kitaphanasyndan bir uly kitaby tapyp, şonuň sahypalaryny agtaryp, bir ýerinde säginýär. Bir zatlary gaýtalap-gaýtalap içinden okaýar-da birden: «Haý, Gurbanmyrat işan, arşa çykaýypsyň-ow. Muňa okaba ýeten dälsiň. Saňa hudaý beripdir» diýýär. Şondan soň tarapdarlaryň dawasy parahatlyk bilen çözülipdir. Dogrudanam, Gurbanmyrat işanyňam, Ak işanyňam keramaty bolaýmaly. Her bir gynanyp-gyssanan ahally tekeler bularyň ikisiniňem atlaryny tutup, kömege çagyrýarlar. Eger bularyň gudraty bolmasa, bütin bir uly il olara sygynyp ýörmezdi» diýdi-de, Gurbanmyrat işan bilen Ak işanyň görkezen gudratlaryny oturanlara aýdyp berip, Söýün erkeç: «Bularyň ikisiniňem gurbany gideýin. Olar bizem köp howplardan gutarypdylar» diýip sözüni jemledi. Ýene bir gürrüňçilikde Söýün serdar: «Biziň türkmen halkymyz sada, parahat, geçirimli halkdyr. Bular öz diýaryna wepaly, ar-namysly, paýhaslydyr. Görüp otursaň türkmenlerden batyr ýigitlerem, akylly, dana adamlaram çykypdyr. Türkmenler gadymy hem baý taryhly halkdyr. Ine mundan müň dört ýüz ýyl ozal, ýagny, altynjy asyrda bir uly Ahamenitler döwletiniň Nowşirwan Adyl patyşanyň maslahatçy weziri Buzrugmähri diýen adam türkmen bolanmyş. Ol ýazyjy şahyram bolupdyr. Öz döwründe «Zafarnama» («Aklyň, paýhasyň ýeňiş kitaby») diýen bir kitabam ýazypdyr. Maňa şol kitap barada bir okumyş adam gürrüň berdi. Ýöne men şol gürrüňiň esasynda, kitabyň manysyndan ugur alyp Buzruw barada bir goşgujygam ýazan boldum. Şonuň men size gysgajyk manysyny aýdyp bereýin. Buzrugmähriň kitaby «Zafarnama» bolupdyr. «Akyl-paýhas ýeňişi» uly ile dolupdyr. Aklyň öýi kitaby ýazanam türkmen eken. Ýoksullukdan weziriň tagtyna çykan eken. Müň dört ýüz ýyl mundan ozal ýazýan eken gazaly. Meniň türkmen halkymyň bar eken-ä ozaly? Patyşa ondan soran: «Beýiklik näme? diýip. «Geçirimlilikdir» hanym beýikligiň özeni». Bu jogap patyşanyň maňzyna oturypdyr. Dana jogap gerçegmize abraý getiripdir. Patyşa ondan ýene: «Dünýäň ähli zadyny, Nätseň gola salyp bor? Diýip beren soragna: «Eger başyň dik bolsa, saglyk ýanynda hemra. Dünýä parahatlygy bolaýsa oň üstüne. Hiç bir zat garşy bolup, çykmaz seniň kasdyňa. Ine şonda dünýäniň bar zadyny aldygyň. Bagtyň çüwer patyşam şol aýdanlarym bolsa. Dünýäň zady goluňda seniň döwletiň gelse. Ine meniň bu aýdanja hadysam türkmenler bir wagt başy bütin uly döwlet bolup, soň bir güýçli basybalyjy şularyň agzyny alardyp, dünýäniň her künjegine dagadypdyr. Görüp otursaň şeýledirem. Häzir türkmen halkynyň wekillerine Russiýada, Hindistanda, Pakistanda, Eýranda, Owganystanda, Türkiýede, Hytaýda, arap illerinde we başga bir näçe ýurtlarda duşulýar. Diýmek türkmen halky bir wagtlar merkezleşen özbaşdak uly döwlet bolup uly medeniýetli, baý taryhly halk bolan. Bularyň belli bir derejede yzagalak bolmagyna sebäp bolan basybalyjylardyr. Nesip bolsa ýene, bir wagtlar bütin türkmen halkynyň başy birigip özbaşdak döwlet bolmaly diýip, türkmen halkynyň uly gelejegi barlygyna buýsanç bilen ägirt umyt bildirdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |