22:07 Şir hudanyñ penjesi -8: Söýün erkejiñ dünýä inişi | |
SÖÝÜN ERKEJIŇ DÜNÝÄ INIŞI
Taryhy proza
Öweziň hemme bellenmeli günleri geçenden soň Myrat baýdyr aýalyna we Öweze bagyşlap, Atamyrat erkejiň tagallasy bilen olaryň aşyny-hudaýýolusyny berdiler. Şondan 5-10 gün geçenden soň Atamyrat aga Hallygözele: «Gyzym öleniň yzynda ölýän ýokdur... Allatagalaň edenine şükür etmeli. Küpür bolman, Taňra ten bermeli. Şükür Hudaýa geljegiňize umydyňyz bar. Myrat baýyň yzy ýitmeli däldir. Myrat baýyň mirasyna öz nesli eýe bolar» diýip, uludan demini aldy. «Umydyňyz bar» diýmegi «Seniň göwräňde Myrat baýyň perzendi bar, şolam onuň mirasyna eýe bolar» diýdigidi. Öz ýeke gyzyna şeýle aç-açan diýmäge ejap etdi. Ýöne Atamyrat aga Hallygözele üm bilen düşündirip, göwünlik berdi. – Indi gyzym ejeňem seniň ýanyňda saňa ýoldaş bolup ýaşap ýöreli gaty köp wagt geçdi. Maňa-da ýeke özüm sallah bolup ýaşap ýörmek gaty kyn. Şonuň üçin hemmämiz bir ýerik ýygnanyşalyň, soňunam Hudaý oňarsyn. – Kaka, seniň ýagdaýyňa-da gowy düşünýän. Sen näme diýseň şonuň bilenem bolaryn, kaka jan. Ýöne «Myrat baýyň ýurduny bolşundan beter edip, gelinlerem atasy öýüne gidäýipdir» diýdirmejek bolýan. – Gyzym, onyň gaty dogry. Ýöne akyly-paýhasy bar adam seniň bu düşen ýagdaýyňa düşünerem. Seni meniň öz ýanyma ýygnanymy makullaram. Akyly kelte gybatçylaram näme diýesi gelse, şony diýsinler. Biziň şu niýetimiz öz göwnümize laýyk. Onsoňam, gyzym adamzadyň edýän hereketleriniň hemmesiniň kölege tarapyny gözläp «ders içinden monjuk gözleýänleriň» agzyny ýygyp bolmaz. Ýöne meniň diýenimi etdejik, ertirem sähetli gün, hut özüňe degişlije goşuňy ýygnaşdyryp goý. Goşjagazlaryňy ýüklär ýaly ulag ibererin. Galanyny Hudaý oňarsyn... Gepiň gysgasy şol günüň ertesi Hallygözel diňe özüne degişlije goşlary bilen atasy öýüne bardy. * * * Hallygözeliň göwreliliginiň aýy güni birigip, Atamyrat agaň bütin maşgalasyny biynjalyklandyryp ugrady. Atamyrat aga Hallygözeliň ejesini ýanyna çagyryp: – Keýwany, hany maslahatlaşaly, gyzyň näçe gündür ile-güne çykman öýde busurylyp ýatyr. Indi nätmeli? Öýümizde çagalatdyrsagam bir topar akylsyz ýaňralara gürrüň bolarys – diýdi. – Kakasy, men öňräkden bäri biynjalyk bolup, Hallygözel bilen maslahatlaşyp ýörün, ol ile birigýänçä ilerki daýzasynyň öýüne eltmäni özümize makul bildik. Göwresinde çaga mesemälim bildirip ugraly Hallygözel jan utanjyndan arkaýyn daş çykyp bilenok. Elmydama gaýgy-hasratda. Çagajygymyň kem maňlaý doganyna dünýäde özüme ýer tapyp bilemok. – Eger şeýle bolsa şu gün iňrik garalyp, göz baglanar welin doganyň ýanyna eltip gaýdaly. Olam-a meseläň gutarnykly çözlüşi däl welin, dagy başga çykalga ýok. – Wah, kakasy, ýeke özüň äkidäýmesiň, meniň gymyldarlygym ýokdugyn-a görüp dursuň. Meniň galmaga-da mejalym ýok. – Bolýar, men özüm äkiderin. Ýöne doganlaň öýüniň ýanyna eltip gaýdaryn. Men doganyň maşgalalaryna-da görünmäge utanýaryn. – Olaryň öýleriniň ýanyna eltseň bolýar. Sen onda barşyň ýaly yzyňa dolanaý. Doganym Hallygözel janyň şeýle günlere düşenini bilýändir. Aýy-güni golaýlanda öýlerine eltiljeginem aýdypdyk. Garaşýandyram. Edil gepleşilişi ýaly, Atamyrat aga Hallygezele: «Hanha gyzym daýzaňlaň öýi, galanynam Hudaý oňarsyn, saglykda görşeli» diýdi-de öz obasyna tarap dolanyp gaýdyberdi. Atamyrat aga bilen hoşlaşyp aýrylyşandan soň, Hallygözel kakasynyň garasy ýitýänçä diňşirgenip az salym pikirlenip durdy-da, daýzalaryna nädip barjagyny bilmän, olaň öýüne girmedi-de näme üçündir, ileriligine daga tarap tutduryberdi. Ol ýagdaýyndan utandy, şeýle bimahal çag daýzalaryna barmakdan çekindi, ejap etdi. Hally şol gidişine ýarygijeler çemesi dagyň jülgesinde Ýagmyryň çeşmesi diýilýän çeşmäniň ýakajygyna bardy. Ol ýerleri Hallynyň ömründe gören ýeri däldi, ýöne ýodajygyň şyp-şyrjalygy köp gatnawly ýodadygyny görkezýärdi. Hally gowakda oturyp, demini dürsedi. Owal beýle ýollary pyýada geçmedik aýaklar syzlaşýardy. Gaty ýadan näzik beden azajyk ynjalyp, endamynda agraslyk duýuldy, çalaja ymyzganyp ugrady. Birdenem Hallyň gulagyna bir äpet haýwanyň arryldysy eşidildi. Hally ýalpa gözüni açyp seretse, çeşmäniň edil gözbaşynda kiçiräk öküze meňzeş, ýöne ondan inçeräk hem it pisint bir gara zat «şalp-şalp-şalp» edip suw içip başlady. Hally gaty gorkup, demini-de alyp bilmedi. Ol gowagyň diwaryna gysylyp, gymyldaman, çeşmäň başyndaky gara zatdan gözüni aýyrman seredip otyrdy. Edil şol wagtam göwresinde bir zat müňňül-müňňül edip gymyldap başlady. Az salymdan soňam içinde awy tutup ugrady, Eger suw içip duran şu gorkunç haýwan bolmadyk bolsa, Hally içiniň awusyna çydaman: «Waý eje jan» diýip, bokurdagyna sygdygyndan gygyrardy. Ýöne çydam edip, dilini dişläp gara der boldy. Bir haýukdan soňam eýýäm iki bolan haýwanlar birden diýen ýaly kellelerini galdyrdylar. Çeşmeden Halla tarap ýönelip, azajyk sagyndylar. Burunlaryny ýokaryk tutup, kellelerini eýläk-beýläk ýaýkadylar. Şol garalaryň ulusy ýene bir ädim öňe ätledi-de, ýer peşäp, arlap başlady. Bu elhenç arryldy ýary gijäniň ümsümligini bozup, bütin deräni sesden doldurdy. Hallynyň göwnüne bolmasa gowagyň depesine abanyp duran äpet gara daşlaram sandyraşýan ýaly boldy. Ömrüne beýle arryldy eşitmedik Hallynyň on iki synasy titreýärdi. «Alla jan, gaýtarmyş ata özüňiz ýetişiň» diýip pyşyrdaýardy. Gaty aňşyryp bilmese-de Hally bu haýwanlaryň öý haýwanlary däldiklerine göz ýetirdi. Ol öz içinden: «Daglarda käwagt gaplaň-ýolbars duş gelýär» diýýärdiler welin, megerem şolardyr. Bu haýwanlaryň elhenç arryldysy, içinden tutýan burgusy Hallyny tas özünden gideripdi. Ýöne bedeni her näçe näzigem bolsa, gaýratly erkek adamdan gaýra durmajak edenli türkmen gyzy bu garaşylmadyk ýagdaýa mertlerçe döz geldi. Ýaňky garanyň ulusy Halla bakyp, ýene bir sapar elhenç arlady-da, ýuwaşlyk bilen yzyna dolandy. Dünýäde hiç zat piňine-de däl ýaly bolup, apaň-apaň basyp, gaýralygyna ýuwaşlyk bilen ýöräp ugrady. Beýleki kiçirägi sesini çykarman ulusynyň yzyna tirkeşip ugrady. Hallynyň göwnüne bolmasa, olar aňyrrak baryp, oňa tarap seredip sägindiler. Şonda Hallynyň göwnüne olar: «Eý, näzenin gyz, biz meýdan ýyrtyjysy bolsak hem, seniň towguňa tok diýmeris. Ýöne seni adamzadyň ýyrtyjysyndan Allatagala öz penasynda saklasyn. Bilip goý, adamzadyň ýyrtyjysy haýwanyň ýyrtyjysyndan elhençdir» diýip hoşlaşyp giden ýaly boldy. Hallynyň içiniň awusam birneme kiparlap başlady. Gaty ýadan ýaş göwre birden irkilipdir. Düýşünde onuň ýanyna ak sakgally, eginleri ýektaýly, kelleleri selleli iki sany perişde sypat nurana adam gelip, mylaýymlyk bilen: «Eziz balam, bujagaz kynçylyklar seniň maňlaýyňda bar. Ýöne ýoluň açykdyr. Indi biziň saňa berjek maslahatymyz. Seniň häzirki oturan gowagyň maňlaýynda kese dag seňrigi bardyr. Şondan geçseň giň giden derede kiçiräjik tokaý bardyr. Tokaýyň günbatar çeträginde biziň guzujygymyzy taşlada durman ataň öýüňize ugra. Guzujygy özümiz hor etmeris. Bu oturan ýeriňde saňa ynjalyk bolmaz» diýenlerem şody welin, Hally gözlerini ýalpa açsa, daň çyzylyp, howa ýagtylyp barýar eken. Hally ýerinden turup görse, töwereginde iňlär siňek ýok. Çeşmäniň başyndan iki sany towşan çebşejigi gaçyp gitdi, bäş-alty sany käkilik ilki ýorgul-ýorgul edip, azajyk ýöredi-de, güsürdäp-uçup gitdi. Hally ilerisine seretse, edil düýşündäki selleli adamlaryň aýdyşy ýaly kese dag seňrigi bar. Hally derrew şol seňrige dyrmaşyp ugrady, Azajyk ýokarrak çykdy welin, dabanynyň aşagyna ylla ýörite dökülen ýaly daş jyglymy düşeldi. Hally agyr göwre bilen ilki emedekläp, soňam bagry bilen süýşüp, gara der boldy, dag seňriginiň ortaragyna ýetdi, yzyna seredip howsala düşdi: «Men indi ýokaryk çykaýmasam aşaga düşüp biljek däl – diýip, içini gepletdi. «ýene gaýrat edip, ýokaryk dyrmaşmaly» diýen netijä geldi. Ýöne ýene içinden bir zat tutup, Hallyny aldym-berdime salyp başlady. Gymyldamaga mejaly ýokdy, gözi garaňkyrap aşak togalanaýmagy mümkindi. «Ýa biri bar, özüň rehim etmeseň, indi mende mejal galmady» diýip pyşyrdady. Az wagtdan içiniň burgusy ýene gowşady. Indi howa mazaly ýagtyldy. Golaýdaky çarwa obajykdan horazlar gygyryp, itleriň sesi eşidilip başlady. Göwnüne bolmasa Hallynyň gulagyna azan sesem degip başlady. Bu ýagdaý ony hasam howlukdyrdy. Bagry bilen süýşüp, ýene-de dyrmaşyp ugrady. Şol wagt ýadyna ejesi duşüp: «Eý, Eje jan, meniň şu ýagdaýymy gözüň bilen görseň, maňa rehim edip aglardyň. Kakam jan, sen meni gapyp alardyň, şu beladan halas ederdiň. Bu çola ýerde maňa Erenler kömek edäýmese, siziň maňa kömegiňiz ýetmez. Meniň ezizlerim, ine siziň ýelden-günden gorap, ese-boýa getiren ýalňyz gyzyňyzyň düşen ýagdaýy» diýip, bokurdagyny dolduryp horkuldap aglady. Ýene öz-özüne göwünlik berip: «Içimden ýene burgy tutmanka bir gymyldajak bolaýyn» diýip ýokaryk ymtylyp ugrady. Ýene ep-esli ýokaryk süýşdi. Göwnüne bolmasa goýun-geçiler mäleşip, çeşmä eňip gelýän ýaly boldy. Hallynyň elleri gabaryp, dyzlary syzlaşyp ugrady. Elindäkije düwünçegini ýeňsesine daňdy-da, yzyndan goýnuny sürüp çopan ýetip gelýän ýaly bolup, bar güýjüni jemläp, ýene-de dyrmaşyp ugrady. Ýöne has howlugandan boldumy ýa özi ämärdiräk hereket etdimi sag aýagynyň aşagyndan garadaş gopup, şapyrdap togalanyp gitdi. Onýança Hallynyň çep eline bir borjak düýbi gabat geldi. Onuň bagtyna hernä borjak gopmady. Eger gopaýan bolsa, onda Hally togalanyp aşak gaýtjakdy. Bu ýagdaý ony üstünden gyzgyn suw guýlan ýaly hopukdyrdy. Hally seňrigiň ýokarsyna ýetip barýanyna göz ýetirdi, sebäbi Hallyň janyna ýetişen borjagyň ýokary ýanynda ýapyda çar tarapa goluny uzadyp giň ýazylyp ýatan göýül, onuň gapdalynda bozagan düýbi, guran gyrtyçlar peýda boldy. Ine-de dag seňriginiň depesi. Hally şeýle bir derläpdir welin, derden ýaňa täzeje şaýly çabdynyň arkasyna der çykyp, sykaýmaly bolupdyr. Dagyň salkyn şemaly Hallynyň ýüzüni sypap geçdi. Hally dag seňriginiň depesine çykyp, aşak seretse bir bölejik goýun-geçi çekenesi öten agşamky haýwanlaryň arlaşan çeşmejiginiň başyna ýetip gelýär. Hally ullakan bir gara daşyň aňyrsyna öwrülip çeşmä tarap seredip otyrdy. Çal kelek geçiniň ýolbaşçylygynda çeşmä ylgaşyp gelen on-on bäş geçiniň yzy bilen mäleşip goýunlaram eňdiler. Aňyrrakda bir kelteräk adam peýda boldy. Aşakdan seredende özüniň görünmejekdigine gözi ýeten Hally uzalyp giden kese dagyň aňyrsyna göz aýlasa, gije düýşünde gören selleli adamlarynyň aýdan tokaýyny görüp, haýranlar galdy. «Olaryň «Eziz balam, bujagaz kynçylyklar seniň maňlaýyňda bar. Ýöne ýoluň açykdyr. Indi biziň saňa berjek maslahatymyz. Seniň häzirki oturan gowagyň maňlaýynda kese dag seňrigi bardyr. Şondan geçseň birgiden uly derede kiçiräk tokaý bardyr» diýenler-ä dogry geldi. Bular maňa kömege gelen perişdelerdir» – diýip, içini gepletdi. Hally çeşmä ýene göz aýlady. Görse dowarlaryň hemmesi çeşmä inipdir. Dowarlaryň çopany kellesi çöwürmelije ýetginjek oglan eli taýakly pessaýja hiňlenip ýör, käwagtam «häýt şahy döwülen, geç» diýip hemleli gygyrýar. Bir salymdan soň geçiler suwdan doýan bolara çemeli, gelen ýoljagazlary bilen yzlaryna öwrülip başladylar. Goýunlaram olaryň yzy bilen gitdi. Çopanam çeşmäniň başynda oturyp, elini-ýüzüni ýuwdy-da goýunlarynyň yzyna düşüp ugrady. Hally bir sellem dem-dynç alyp özüni dürsänden soň: «ýene burgy tutaýmanka aşak bir düşeýin» diýip, ýaňy üstüne zordan çykan kese dagynyň ileri tarapyndan aşak düşmäge başlady. Dagyň üstüne çykmak kyndyr welin, düşmek ondanam kyn. Ýöne hernä Hallynyň dagdan düşmesi onçakly kyn bolmady. Sebäbi dagyň ilerisi kertirägem bolsa durnuklyrak iri daşlary basgançak edip ulanyp bolýardy. Onsoňam kä ýerde dag injiri, gyrymsy agaçlar, kä ýerde bolsa käkilik oty, borjak, bozagan, göýül ýapyşmaga, daýanmaga mümkinçilik berýärdi. Ýöne derede adam gatnawy bolmandanmy nämemi, ösgün otlar, gyrymsy agaçlar aýaga çolaşyp, ýöremäni kynlaşdyrýardy. Hallynyň töwereginde iňlär siňek ýokdy. Bu boluş ony üýşendirmänem durmady. Ýöne erenleriň: «Tokaýyň günbatar çeträginde...» diýen sesleri Hallynyň gulagyna gelip duran ýalydy. Ol özüniň öň belet ýerinden barýan ýaly hut günbatara tarap ynamly barýardy. Düýşünde bolsa-da ol ak sellelileriň ýöne adamlar däldigine ynanýanlygyndanmy ýa-da özüniň arslan ýürek edenli zenanlygyndanmy, gür tokaýyň içinde ýalňyzdygyny duýmaýardy. Ine birden topbak ösen borjagyň düýbünden bir zat çykyp gaçdy weli, Hally tisginip bir gapdala gyşardy. Burgy başlady. Çydar dagy eder ýaly däldi. Birinjije çagasy. Ine birdenem bir ýerinden öl duýuldy. Içki geýmiň çykarylmagyna mähetdel ýaly waý ejejan diýenem şoldy weli: «iňňä-iňňä» diýen bäbek sesi eşidildi. Hallyň ysgyny gidip, essi aýylyp barýardy. Gulaklaryna waňgyldap ses gelýän ýaly, gözleriniň önünden gara tegmiller geçýärdi. Gözüniň öňi ümezläp başlady welin: «Be men şu ýerde öläýjekmikäm?» diýip içini gepledip bir ymyzganan ýaly boldy. Gözüni açsa özüniň ýagty dünýä inen ýerinde däbişäpjik bir çagajyk ýatyr. Hally dikelibräk seretse, çagajygyň sag aýajygyna içege ýaly bir zat çolaşypdyr. Sermenip düwünçegini tapdy. Onuň içinden: «Adamyň başynda nähili oýunlar bardygy näbellidir. Bilip bolmaz...» diýip alan dokma keserini çykardy-da, çagaň aýajygyna çolaşan ýeriniň bäş barmak iki tarapyny bogup, ýokary ýanyndan şarpa kesdi. «Adamyň başynda gör nämeler bar eken. Öz göbegini özi kesenem-ä bolduk». Hally ýene düwünçeginiň içini sermäp, ýarty çöregiň ujundan bir bölejik döwüp agzyna saldy. Çöregiň gudraty ýetişdimi ýa-da başga bir keramatyň güýjümi ol özüni birneme dürsedi. Hally çagajygy ýaglyga dolap, bagryna basdy-da, emdirip başlady. Hallyň gar ýaly ak göwsüniň ujy syzlap, endam jany jümmüldäp gitdi. Ol adaty zat, şeýle hem bolmaly. Ol göwse adamzadyň deminiň birinji düşüşidi. Birden Hallyň düýşünde gören erenleriniň: «...Biziň guzujygymyzy taşla-da, ataň öýüňize ugra» diýenleri ýadyna düşüp, ylla ukudan oýanan ýaly boldy. «Heý-de adamzat öz göwresinden önen ynsany taşlap gidip bilermi. «Ilki gözümiň göreni, eziz balajygym, men seni bu tokaýyň içinde ýeke taşlap gitsem, bu ýagty jahanda ýüregim karar taparmyka? Seniň maňlaýyňa nämeler ýazyldyka? Haýwanlaram öz balasyny taşlap gidenok. Men seni neneň taşlaryn?» diýip bagryna basdy welin, iki gözündenem dökülen ýaş çagajygyň ýüzüne damdy. «Eger men muny taşlap gitmesem, hudaýyň garşysyna gitdigim bolarmyka?» Ýene onuň kalbyna: «Tokaýyň günbatar çeträginde biziň guzujygymyzy taşla-da...» diýlen sözler geldi. Tolgundy. «Hany günbatarraga-da gidip göreýin» diýdi-de çagajyk bilen düwünçegini eline alyp: «Ýa özüňden medet» diýip zordan ýerinden galdy. Gözi garaňkyrady. «Içine gor guýlan ýaly» diýleni boldy. Näme-de bolsa, Hally ýüzüni günbatara tutup, ýuwaşjadan ädimläp ugrady. Az salym ýörände ysgynsyzlykdan gara der boldy. Agzy kepedi. Ine birden çalaja şildiräp, akyp duran ýapjagaza duş gelip, küren obaň çetinden giren ýaly begendi. Suwuň akýanja ýerlerini çaýyr basypdyr. Hallam suwuň ugry bilen günbatarlyga gidiberdi. Ýene az wagt ýöränden soň, göwnüne bolmasa ýer gitdigiçe birneme beýgelýän ýaly boldy. Ine-de çeşmejigiň gözbaşy. Çeşmäniň edil çykýan ýerinde ep-eslije suw ýygnanypdyr. Çeşmäniň gözbaşynyň töweregi her hili haýwan yzlaryndan çygyr bolupdyr. Keýik toýnajyklarynyň yzy, itiň yzyna görä ulurak penjeler, ownukly-irili guşlaryň dyrnajyklarynyň yzy. Bir arassaja ýerde bäbegi bilen düwünçegi goýdy-da, suwa eňegini berip: «Suwdan bir ganaýyn» diýip, aýagyny uzyn salyp, ýüzün düşdi. Birdenem: «Çaga dogran aýal çig suw içmeli däldir» diýilýän sözler ýadyna düşdi. Eýsem-de bolsa Hally kepän dodaklaryny suwa basyp, owurdyny doldurdy. «Çig suw içip, ýene bir derde uçraýmaýyn» diýdi-de, agzyny çaýkap döküp goýberdi. Ýüzün ýatandanmy ýa başga sebäpdenmi bütin içine sanjy aýlandy, çydap bilmän dik oturdy, arkan ýatdy. Onda-da ynjalyk tapman, çagajygyň, ýanyna baryp, ýanyn ýatdy-da emdirmäge başlady. Çagajygyň dodajygyny şapbyldadyp emişine guwanyp ünsi bölündi, içiniň sanjysy birneme kiparlan ýaly boldy. Azajyk ynjalyp irkildi, ýene düýşünde selleli adam geldi-de: «Saňa balajygy goý, biz göz bolarys diýdik ahyryn» diýip Hallynyň gözüne çalynyp gitdi. Gözüni ýalpa açsa, töwereginde hiç kim ýok. Çagajyk uklapjyk ýatyr. «Aý indi men özüme gelip, balajygymy goýup gitmeli boljak, ykbalynda näme bolsa gerer-dä. Alla jana ynanmazlyk, taňra ten bermezlik gowulygyň nyşany däldir. Her ýerde bolsa-da, ony öz penasynda saklajak özüdir» diýdi-de çagajygyň ýanyndan gyl sogrulan ýaly bolup turup gitdi. «Näme bar, näme ýok» bilmek üçin töwereklere aýlanyp ugrady. Tokaýjyk beýik-beýik toraňňydan, garagaçdan, ownugrak arçadan we başga-da gyrymsyrak ösümdikden bürenip otyr. Deräniň gündogar tarapy has beýik güri agaçly, aňyrsyny äpet dag gerşi ýapypdyr. Ol tarapa gitmäge Hallynyň bogny ysmady, sebäbi beýle gür tokaýa girmäge üýşendi. Göwnüne bolmasa deräň günbatar tarapy açyk ýaly. Hally ysgynsyzragam bolsa ýüzüni günbatara tutup, ep-esli ýöredi. Şol ugur bilen gitdigiçe tokaý selçeňläp, deräň gaýra gerşi peselýän ýaly. Hallynyň göwnüne bolmasa şol ýerlerden gorkman geçip boljak. Bir haýukdan soň yzyna dolanyp gelse, çeşmäniň göz başynda öňki ýatyran ýerinde çagajyk ýok. Ýeke çagajygam däl, ýanyndaky düwünçege çenli ýok. Hallynyň depe saçy üýşdi. Ennam jany lerzana gelip, ysgynsyz aýaklary sandyrady. Töwerege ylgaşlap diýen ýaly aýlanyp çykdy. Ep-esli aýlanandan soň diňşirgense, deräniň günbatarragyndan çaga sesi eşidildi. Hally ses çykýan ýere ylgajak boldy. Emma aýaklarynyň ysgyny gidip, ylgamaga mejaly galmandyr. Näme-de bolsa ilki gözüniň görenjesiniň ejesine garaşýandygyny bilýärdi. Gurbuna görä gatyrak ýöräp, bir uly toraňňynyň ýanyna baryp, töweregine seretse, deräň ilerki ýapgydynda bir gowajyk bar eken. Şol gowakdan ýene çagaň sesi eşidildi. Hally hasyrdap baryp gowagyň agzyndan seretse, çagajyk gymyldapjyk ýatyr. Ol bäbegi garsa gujaklap, bagryna basdy. Töweregine seretse özüniň düwünçegem, şaýly çabdam çagaň ýany bilen gelipdir. Aşajygyna-da Hallyň öz ýazyşy ýaly edilip ýaglyk ýazylypdyr. Hally öz içinden: «Çaganyň menden başga-da eýesi bar bolara çemeli» diýdi. Ol çagany ýene öňki ýerinde ýatyryp töwerege göz aýlady. Töwerekde yns-jyns ýokdy. Yz-tozam ýokdy. «Eý eziz allam, erenler, çaga baradaky aladaňyza indi kemsiz ynandym. Ýöne huşumda ýanyma gelip, özüňizi tanadaýsaňyz hasam ynjalaýjak» diýip pyşyrdady. Emma ses-seda çykanokdy, görünýänem ýokdy. «Men-ä indi bir zat tamşanmasam ajymdanam öljek. Ilki çagany bir emdireýin» diýip, baryp çagasyny emdirdi, ýetişibildigindenem «balam, aýrylyşmaly boljak, ykbalyňa döneýin» diýip samrady. Çaga doýan bolara çemeli, emmesinden agzyny aýyrdy, Hally düwünçekden galanja çöregini alyp, iýmäge başlady, aňyrsy çekip barýardy. Ýöne dodaklary kepäp, agzynda tüýküligem gurapdyr. «Gel näme-de bolsa, çig ýa gaýnan suw diýip durman, çeşmäniň başyna baryp, şujagaz çöregi suw bilen ölläp iýeýin. Onsoňam heleýligimi edip, diýleni etmän, erenleriň kejine gaýdyp, çagamyň daşynda aýlanyp ýörmäýin-de, atam öýüme gideýin». | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |