22:51 Şir hudanyñ penjesi -15: Şäher urşundaky mert göreşden sözsoñy | |
ŞÄHER URŞUNDAKY MERT GÖREŞDEN SÖZSOŇY
Taryhy proza
Türkmenistanyň Prezidenti S.Nyýazowyň Hatyra Güni hakyndaky permanynda: «1991-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda türkmen halkynyň taryhynda iň pajygaly sahypalaryň birine öwrülen Gökdepe söweşine 110 ýyl dolýar. Bu heläkçilikde türkmen halkynyň-da, rus halsynyň-da, beýleki halklaryň-da günäsi ýok. Gökdepede bigünä adamlaryň gany döküldi. Basybalyjylykly uruşlaryň ulgamynda 1855-nji ýylda Saragtyň sebitindäki söweşler, 1873-nji ýylda gazawat türkmenlerine garşy jeza berijilik ekspedisiýasy we Türkmenistanda beýleki uly harby çaknyşyklar bolup, olar köp adamlaryň gurban bolmaklaryna getiripdir. Gan döküşikligiň hakyky sebäbi basybalyjylaryň harby ekspansiýasydyr» diýip, örän jaýdar hem adalatly bellenilip geçilýär. Türkmen halky şeýle permana köp garaşypdy diýesimiz gelýär. Bu perman halkymyzyň tüýs ýüreginden turan iň bir gymmatly taryhy dokumentdir diýsek ýalňyşmasak gerek. Ol halkyň ölüsiniň-dirisiniň mertbesini arşa göterdi. Göbek ganymyzyň daman topragy üçin baş goýan, her näçe zulum-sütem edilse-de, buýsançly başyny belent tutup, basybalyjylaryň öňünde dyzyna çökmedik ata-babalarymyzyň ynjan ruhuny ynjaltmaga çagyrdy. Respublikamyzyň zähmetkeşleriniň isleglerini kanagatlandyrmak bilen, Gökdepe galasyny, öz halkynyň aryny, namysyny goramak ugrunda baş goýup gurban bolanlaryň mukaddes ýadygärliginiň hatyrasyna 1991-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň çäginde 12-nji ýanwary her ýylda Hatyra Güni diýip bellemeli diýlen göwnejaý karara gelindi. 12-nji ýanwar. Hatyra güni. Bu gün halkyň öz gerçek ogullaryny unutmandygynyň, namysjaň ýigitleri baradaky ýatlamalaryny öz ýüreginiň töründe eý görüp saklandygynyň subutnamasy boldy. Halal topraga leşger tartyp gelen duşmanyň garşysyna söweşe çykyp, şehit bolanlaryň ruhuny şatlandyrmak üçin dogalar okaldy. Il-gün höwes bilen sadaka berdi. Şu ýerde beýik şahyrymyz Magtymgulynyň setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär: «Yhlas bilen alla üçin mal berseň, sansyz sowap bolup barar yzyňdan», Hawa, Watany goramak üçin söweşe girip, janyny pida eden gerçekler Nurberdi hanyň, onuň ogly Berdimyrat hanyň1, Öwezmyrat Dykma serdaryň, Gurbanmyrat Işanyň, Amangeldi Gönibegiň, Orazmämmet hanyň, Öwez baýyň, Garrygül serdaryň, Gulbatyr serdaryň Söýün serdaryň we başgalaryň ruhunyň öňünde bütin türkmen halky baş egip, tagzym etdi. Türkmeniň taryhynda bolup geçen wakalary garaňkylykdan çykarmaga, has takygy, taryhy dogruçyl beýan etmäge mümkinçilik döräp ugrady. Şoňa görä-de, eziz Watany üçin şirin janyndan geçen, onuň ar-namysyny, dinini goramak üçin baş goýan watandaşlarymyzyň görkezen gahrymançylygyny jikme-jik öwrenmegimiz zerurdyr. Şunuň bilen bir hatarda bolsa, basybalyjylaryň harby ekspansiýasynyň hakyky manysyna düşünmegimiz gerek. Watanymyzyň taryhy giňişleýin öwrenilmelidir. Taryhy wakalaryň ýoýulmagyna garşy göreşmelidigini okuwçylaryň aňyna ýetirmegiň ähmiýeti uludyr. Ýokary okuw jaýlarynyň talyplaryna, ýörite orta hem-de orta mekdepleriň okuwçylaryna Türkmenistanyň taryhy boýunça sapak berlende, Isgender Zülkarneýniň (Aleksandr Makadonskiniň), araplaryň, Çingiz hanyň, Teýmir agsagyň, Eýranyň, Hywa hanlygynyň türkmen halkyny özlerine bakna etmek üçin eden basybalyjylykly ýörüşleriniň düýp manysy sada dilde düşündirilmelidir. Türkmenistanyň taryhyna nazar salsaň, şu wagta çenli edilişi ýaly, gysgaça agzap geçmek bilen çäklenmän, eýsem, jikme-jik durlup geçilmegine mynasyp wakalaryň az däldigine göz ýetirmek bolýar. Muňa mysal hökmünde Saragt tekeleriniň Gowşut hanyň ýolbaşçylygynda 1855-nji ýylyň 12-nji martynda Hywa goşunlaryny kül-peýekun edişlerini, 1858-nji ýylda Garrygalada eýranly Japarguly hanyň goşunynyň Ahal hany Nurberdi hanyň ýolbaşçylygynda derbi-dagyn edilişini, 1861-nji ýylyň iýulynda Eýrandaky gajarlar dinastiýasynyň şasy Nasretdin Hemze Mürze Hişmet ed Döwläniň goşunynyň Mary etrabyna ýörişini we onuň mary-ahal tekeleri tarapyndan puja çykarylyşyny, Bäherden iliniň Bamy posýologyndan 25 kilometrlikdäki Näzdepe galasyna 1869-njy ýyldaky Bujnurt hökümdary Haýdarguly hanyň eden sütemini, 1873-nji ýylyň 7-24-nji iýul aralygynda tagtaly (gazawatly) türkmenleriň öz ýurtlaryny goramak ugrundaky aýgytly söweşlerini görkezmek bolar. Mundan başga-da, XIX asyryň ikinji ýarymynda Orta Aziýa halklarynyň Russiýa birikdirilişi baradaky tema geçilende, respublikamyzyň demirgazygynda, şeýle hem Gökdepe galasynda ata-babalarymyzyň görkezen edermenligini, kişi malyna göz gyzdyran garakçylaryň galanyň içindäki çaga-çugalara, garry-gurtulara, aýal-oglan-uşaklara eden sütemlerine olaryň mertlerçe döz gelendiklerini anyk mysallar bilen düşündirmelidiris. Jenaýat işleri öwrenilende bilkastlaýyn matlaply adam öldürmek, adamyň synasyna şikes ýetirmek ýaly jenaýatlaryň edilmegine heläkçilik çekenleriň käbiriniň özlerini ýaramaz alyp barmaklarynyň şol jenaýat üçin amatly ýagdaý döredendigini, käte bolsa olaryň hut özleriniň bahana arandyklaryny-da görmek bolýar. Kähalatlarda zorlukly jenaýatlardan heläkçilik çekenleriň özleri zorlugyň pidasy bolmaga meýilli ýaly bolup görünýär. Çünki, olar nädogry, biweç, ýaramaz gylyk-häsiýetleri bilen özlerine garşy jenaýatçylykly hereketiň döremegine sebäp bolýarlar. Ýeri gelende: «Ganhoruň kimdigini biljek bolsaň, heläkçilik çekeniň kimdigini bil» diýen jaýdar aýdylan pähimi ýatlap geçmek ýerlikli bolsa gerek. Gödeklik we azgynlyk zerarly gaty gazaplanyp, bilkastdan adam öldürilmegini, zerur goranyş çäklerinden çykylyp adam öldürilmegini «jenaýatçy ganhorluk» diýip atlandyrmak dogry bolýar. Eýsem olary öz ýurduny goramak üçin söweş edýän gerçekler bilen, olaryň oglan-uşaklary, garry-gurtulary bilen deňäp bolarmy? Öz il-gününi goraýan mertleri gyrgyna berenlere «basybalyjy ganhorlar» diýilse dogry bolar. Ikinji jahan urşy ýyllarynda gitler Germaniýasynyň dünýäni gana çaýkan ganhor jellatlaryny «basybalyjy ganhorlar» diýip, atlandyrman, başga nähili atlandyrjak. Olaryň birentegi şol jenaýatçylykly etmişleri üçin berk jezasyny hem aldylar. Faşistik Germaniýanyň nadistik partiýasynyň iň aktiw wekilleri Gering Ribbentrop, Kaltenbrunner, Rozenberg Frank, Borman, Frik, Zausnel, Keýtal Iodli ýaly birenteklerini atuw jezasyna höküm edilen bolsa, Gess, Funk, Reder ýalylar ömürlik türme tussaglygynda oturmaly edildi. Gitleriň nökerlerine şeýle ýyrtyjylyklary üçin Halkara harby tribunalynyň Germaniýanyň Nýurinberg şäheriniň ýustisiýa köşgünde 1946-njy ýylyň başlarynda bolup geçen sud mejlisiniň kesgitlän jeza çäreleri ýaly Skobolewiň ganhor toparam parahat oturan türkmen halkyna beren ezýeti üçin jeza jogapkärçiligine çekilen bolsa adalatly bolardy. Emma ol ganhorlar şeýle berk jezadan ujyz sypdylar. Rus patyşasyny harby naçalnikleri Markozowy, Stoletowy, Fon-Kaufmany, Golowaçýowy, Lomakini, Skobelewi, Grodekowy, Kuropatkini, Artişenskini, Petrusewiçi we ş.m. ganhorlary, parahat oturan türkmen halkyny ýowuz güne salan garakçylary hem «basybalyjy ganhorlar» diýip atlandyrsak adalatly bolardy. Gözüne gan inen basybalyjy rus patyşasynyň general sumagy M.D.Skobelewiň ordasynyň göbek gany dökülen öz ata watanynda parahat oturan Gökdepe galasyndaky teke türkmenlerine birnäçe günläp uzaga çeken gandöküşikli sütemleriniň 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndaky ajy paýawy. Elbetde, ýaňky aýdyşymyz ýaly, ikinji jahan urşunyň basybalyjy ganhorlary eden günälerine görä jeza hem aldylar. Ýagny, 1945-nji ýylyň 8-nji awgustynda Londonda döredilen Halkara harby tribunalynyň şol ýylyň 9-njy oktýabryndan başlap, 1946-njy ýylyň başlarynda tamamlanan sud prosesi tarapyndan eden günälerine laýyklykda Halkara harby tribunalynyň Ustawynyň 24-nji maddasy esasynda höküm çykarylyp, adalatly jezalandyryldylar. Ýöne nebsimiz agyrsa-da, türkmen halkyny gyrgyna beren, ýesir edip horlan rus patyşasynyň harby ekspedisiýasynyň basybalyjy ganhorlary öz wagtynda jezasyz galypdyrlar. Demirgazyk türkmenlerine öz Watanyny gorap, garşylyk görkezendikleri üçin rus generaly Golowaçýowyň: «bütinleý gyrlyp gutarylmaga mynasypdyr» diýmegi basybalyjy ganhorlarda rehim-şepagatdan nam-nyşan hem bolmandygyny ýene bir gezek subut edýär. Ganojak general Skobelewiň pälinden gaýtmajak ganhordugyny subut edýän faktlaryň hem käbirini ýatlap geçmek gerek. «Hatda ol ölüm ýassygynda janhowluna urnup ýatyrka-da Keşişiň Gökdepe galasynda hiç bir ýazyksyz 8 müň adamy gyranyňyz üçin allanyň öňünde ynsap ejirini çekýän-ä dälsiňiz-dä?» diýen sowalyna «şonuň 80 müň däldigine ahmyr edýärin» diýip jogap beripdir»2 Skobelewiň rehimsizliginiň pellesiniň ýokdugyny, onuň üçin kimi gyranlygynyň parhynyň ýokdugyny tassyklaýan ýene bir mysal: «Galanyň daşy gabalan döwründe Skobelewiň yzgydy gaçypdyr. A.N.Kuropatkine «dözümsiz polkownik» diýmekden başgaça ýüzlenmändir. Ol buýruklarynyň haýal edilmän berjaý edilmegini talap edipdir, eger özüne buýrulsa, «Rýazan mužiklerini hem edil häzir tekeleri edişi ýaly, şeýle arkaýyn atjakdygyny» aýdypdyr. Berdimuhammet Ankarowyň, Rejep Hojadurdyýewiň, Gaýypgulyýewiň, Muhammedaman Saparowyň, Hojabaý Ataberdiýewiň, Annaguly Nurmämmedowyň, Nargylyç Hojageldiýewiň we başga-da birnäçe awtorlaryň makalalaryny, eserlerini okasaň, ata-babalarymyzyň batyrlygyna, mertligine, namysjaňlygyna bolan buýsanjyň has-da artýar, Şeýle ata-babalary bolan nesliň olara guwanmaga-da, buýsanmaga-da haky bardyr, bu guwanç kanuny zatdyr. Gökdepe galasyny goramaga uly-kiçi gatnaşypdyr, hiç kim bu mukaddes göreşden çete çekilmändir. Has takygy, galany goramakda diňe uly adamlar däl-de, eýsem, 14-15 ýaşly ýetginjekler hem, aýal-gyzlar hem uly edermenlik görkezipdirler. Şol ýazgylary, eserleri okanyňda hyrçynňy dişläp, başyňy ýaýkanyňy duýman galýarsyň. Tekeleriň 15 müň öýlüsi ýerleşen Gökdepe galasynyň içine bir günde ganhor basybalyjylaryň 5830 top okunyň düşendigini göz öňüne getirseň, ýüregiň gyýym-gyýym bolýar. Gözi ganly generallara bolan ýigrenjiň has-da artýar. Ganhor basybalyjylaryň köp müňli pidalaryna nebsiň-janyň agyrýar. Ýönekeýje ýarag bilen toply-tophanaly regulýar goşunyň garşysyna çykyp, halal topragy basgylatmazlyk üçin şirin jandan geçen men-men diýen ärleriň sarpasy öňküsinden-de beýgelen ýaly, bir gez ösen ýaly bolýar. Türkmenlere edilen sütemler depe saçyňy düýrükdirýär: «Galanyň içinde diňe ruslar däl, ermeniler, hem talaňçylyk edipdirler, aýratynam wagşylyk edipdirler, maslyga gonjak gargalar ýaly, gyrgynçylygyň tamamlanaryna garaşypdyrlar. Şondan soň bolsa galanyň içine girip, eden-etdilige başlapdyrlar, talaňçylyk maksady bilen, aýallary we çagalary öldüripdirler, gulakhalkalary eti bilen goparyp alypdyrlar, bilezikleri eli bilen çapyp alypdyrlar». Sözümizi jemläp aýtsak basybalyjylygyň pidasy bolmak diýseň agyrdyr. Bu ýagdaý pidalygyň ýüküni has hem agraldýar. Birinjiden-ä, ata-babalaryň ýaşan, ekin eken, mal bakan ýerini-ýurduny kesekiniň basgylamagy, ikinjidenem, her hili jebir-süteme sezewar edilmegi, mertebäňe degilmegidir. Gözi ganly ganhor general Mihail Dmitriýewiç Skobelewiň bigünä, öz ýurdunda parahat oturan Orta Aziýa halklarynyň üstüne çozup, olary rehimsiz talaýan wagtlary, rus patyşasy Aleksandr II-niň basybalyjylygyny goldap ýören döwürleri rus rewolýusion-demokratlary A.I.Gerseniň (1812-1870ý.), N.A.Dobrolýubowyň (1836-1861ý.) we N.G.Çernyşewskiniň (1828-1889ý.) öňdebaryjy rus halkara-hukuk garaýyşlarynyň, halkara hukuklarynyň öňdebaryjy prinsipleri baradaky pikirleriniň ösen döwri bilen gabat gelýär. Has anygy, deň hukuklylyk, daşky döwletleriň içki işine gatyşmazlyk, özbaşdaklyk, jedelli meseleleri parahatçylyk ýoly bilen çözmek, barada işjeň çykyş edýän wagtlaryna gabat gelýär. Rewolýusion demokratlaryň, aýratyn-da, adalatsyz, basybalyjylykly uruşlara düýpgöter garşy bolandyklaryny hem bellemelidiris. Rus patyşasynyň harby naçalnikleri şol döwürde halkara hukugyny güýçli halkyň bähbidi üçin peýdalanypdyrlar. K.Marksyň aýtmagyna görä, «Medeniýetsiz» (kolonial) halklar halkara hukugynyň gorawyndan mahrumdylar»2. Şondan peýdalanyp, rus patyşasy öz basybalyjylykly syýasatyny amala aşyrdy, parahat ili gyrgynçylyga sezewar etdi. Bu gyrgynçylygyň sebäbi basybalyjylaryň harby ekspansiýasydyr. Bu heläkçilikde halklaryň günäsi ýokdur. Parahat oturan halkyň üstüne çozup, aýal oglan-uşak diýip gaýgyrman, öz ýurdunda gyrgynçylyga sezewar edilmegine işjeň gatnaşanlar üçin ýörite medal döredip, olaryň rus patyşasy Aleksandr-II tarapyndan hormatlanmagy diňe ýyrtyjy-basybalyjylary höweslendirmekdir. Soñy. Hojanyýaz AMANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |