22:02 Şir hudanyñ penjesi -7: Hemze Mürzäniñ bet päli | |
HEMZE MÜRZÄNIŇ BET PÄLI
Taryhy proza
Ol döwür türkmen halky üçin gaty biynjalyk döwürdi. Özbaşdaklygy bahasyna ýetip bolmajak zatlaryň biri hasap edip, göbek ganlarynyň siňen topragyny iň bir mukaddes toprak hökmünde goramak üçin, özüniň milli mertebesini saklamak üçin, ar-namyslaryny goramak üçin hiç zady, eger gerek bolsa janynam gaýgyrmaýan türkmen halky elinde baryny edýärdi. Şol wagt türkmen halkynyň ýurduny eýeläp, milletini özlerine bakna etjek bolup, Eýranyň şasam, Buhara emirem ellerinde baryny edýärdiler. Ilerden Eýranyň, gaýradan Buhara emirliginiň talaňçylaryna degerli gaýtawul bermek üçin türkmen halky berk durýardy. Şol talaňçylardan goranmak üçin bütin türkmen halky aýaga galypdy. Ýeri gelende erkekler bilen bir hatarda türkmen zenanlaram özleriniň mertligini, batyrlygyny görkezýärdiler. Şol aldym-berdimli söweşlerde asgyn gaçyp, nalajedeýinlik görkezmejek bolup, ýigitler uruş tilsimli türgenleşigini geçirýärdiler. At üstünde gylyç urmaga, uruş tärleriniň çylşyrymly ýollaryny öwrenmek üçin, çakgan bolmak üçin werziş edýärdiler. Adam ýaly aňlakly ahal-teke atlaryna uruşda özlerini nähili alyp barmalydygyny irmän-arman öwredýärdiler. Ahal-teke atlary gerek bolsa «ýat» diýseň ýatyp, «tur» diýseň turýan ekenler. Eger ýigitler bukudan emedekläp gitmeli bolsalar, atlaram bagyrlary bilen süýşer ekenler. Ine birden serdaryň: «Atlanyň» ýa-da «Alla» diýen sesi çyksa, atlaram laňňa galyp, duşmana tarap okdurylypdyrlar. Gerçekler at üstünde, pyýada üçinem götermäge gabyl egri gylyçlaryň her ellerinde biri hereketde ekeni. Pälwanyraklary söweşde bir eline gylyç alsa, beýleki elinde naýza tutupdyr. At üstünde, inerleriň üstünde hyrly, şemhal oýnamany oňat başarýan mergenler ýeri gelende uly işler bitirýän ekenler. Türkmen ýigitleri at üstünde oýnamaklygy öwrenmek üçin köp wagt sarp edipdirler. Duşman bilen garpyşylanda birek-biregi saýgarmak üçin gyş günleri kellä ýa-da boýunlaryna ak ýaglyk daňar ekenler, tomsuna kelleleri ak ýaglykly, ak köýnek-balakly söweşipdirler. Günlerde bir gün mesliginden gözi gyzaran eýran hanlarynyň biri öz welaýatynyň ýigitlerini ýygnap, bir eli şeraply, beýlekisi kebaply: «Kimde-kim Gyzylarbatdan gözel gyz Annasoltany getirmegi boýun alsa, Häzir şeraply kebap, alyp gelensoň bir gadak gyzyl baýragy bar. Aty, ýaragy menden. Kimiň hyýaly bolsa häzir meniň ýanyma gelsin» diýip jar çekdiripdir. Az salymdan soň hanyň ýanyna boýy iki metr agramy sekiz put, gursagy gapak ýaly bolup duran murtly pyýada gelip: «Han aga, maňa ynansaňyz, men synanaýyn – diýip, güberlip duran. – Adyň kim? – Hemze Mürze. – Men sen barada köp eşidipdim, Hemze Mürze serdar-a dälsiň? – Edil özi, han aga. – Haçan ugrajak? – Haýsy güni özüňiz makul bilseňiz. * * * «Hemze Mürze Gyzylarbada çozjakmyş» diýen habar ýyldyrym çaltlygynda külli türkmen iline ýaýrady. Ol wagtlar türkmen tirelerini birikdirýän bütewi bir döwlet bolmansoň, döwlet tarapyndan eklenýän mydamalyk goşunam ýokdy. Ýöne ýerlerdäki serdarlaryň tagallalary bilen ilini, ýurduny goramaga elmydama taýyn ýigitler sähel ideg bolsa atly-ýaragly derrew ýygnanýardylar. Bu gezegem şeýle boldy. Utamyş taýpasydan Agaly serdara, herrikgalaly Annaseýit wekile, maryly Oraz hana (Oraz ýagla), Tejen sebtinden Amandöwlet, Baýramaly hana, utamyş taýpasyndan saragtly Gowşut hana, Türkmen tireleriniň beýleki hanlary Halnepes serdara, Begler hana Myrat serdara, Aýymbek hana we Ýomut hany Kyýat hana, eýranly Hemze Mürzäniň Gyzylarbada çozjaklygy habar edildi. Az wagtda Ahaldan on müň goşun Gökdepä, aňyrdan ýomut, gökleňlerden iki müň atly goşun göni Gyzylarbada toplandy. Uly goşuna Nurberdi han serkerdelik edýärdi. Gyzylarbadyň bu wakasyna goşulmak üçin Söýün erkejem öz deň-duşlarynyň kömegi bilen 500 atly ýygnady. Ýigitleriň kimsinde gylyç, kimsinde naýza bardy, käbirinde dürli görnüşli atylýan tüpeňler we 40-50-si şemhal bilen ýaraglandy. Bu 500 ýigidem Gyzylarbadyň gündogar ileri tarapyna baryp sägindi. Ýigitler Hemze Mürzäniň gelerine garaşyp ýatyrdylar. Söýün serdar özüniň has ýürekdeş dostlary bilen aýryrak düşledi. Beýleki ýigitlerem kowçum-kowçum bolup bölündiler. Gürrüňçiräkleri haýsydyr bir bolan wakany edil gözi bilen görüp, özi gatnaşan ýaly edip gyzykly gürrüň edýärdiler. Toparyň içinde käbir bälçigrägi biriniň agzyna öýkünip söweşde görkezen batyrlygy barada gürrüň edýärdi. Mazaly göz baglanypdy. Oturanlaryň biri: «Eserdeňligem ýatdan çykarmaly däldir. Talaňçy serdar Hemze Mürze mekirdir. Özüniň ordasy bilen haýsy pursat dökülse-döküläýmelidir» diýip, gaty ägä bolmaly pursatdygyny ýatladyp, ýigitlere hüşgär bolmalydygyny tabşyrýardy, Birdenem Melekör Söýün erkejiň ýanyna golaýrak süýşüp geldi-de: «Söýün, sen bir aňlakly adam. Men hiç yzymy saklap bilemok. Içimde bir uly ýelem ýok welin, ýöne pyrt-pyrt edip, tüýs ýüregime düşdi» diýip ýuwaşjadan aýtdy. Oturanlar bir habara garaşýan ýaly dymyşdylar. Onda Söýün: «Buşugyň sagmy? Balagyňy öllemän oňýaňmy? – diýdi. – Wah, gepem şonda-da. Siýip bir siýemogam welin, buşugymam saklap bilemok. Söýün çynaberimsiz degişme äheňde: – Mele han, şunuň ýaly aldym-berdimli çaknyşyga garaşylanda ol kä adamlarda bolýan zatdyr. Bu tüýs batyrlygyň nyşanydyr – diýenem şoldy welin, adamlar edil böwedi açylan suw ýaly birden wakyrda beräýdiler. Soň serdar çynyrgadyp aýtdy: – Ýöne Melehan, menden gaty görmegin. Muňa söweş meýdany diýýändirler. Bu meýdan adamlary aýyl-saýyl edýän meýdandyr. Üç dogan bolup, ýeke ýigidiň daşyna geçip horlaýan ýaly däldir. Söýün bir wagtlar Melekörüň üç dogan bolup özüni horlandyklaryny oňa ýatladyp, uludan demini aldy. Şol günüň ertesi namaz wagtlary Gyzylarbadyň ilersindäki Eşek meýdany diýilýän ýeriň «dag gädiginden Hemze Mürzäniň ordasynyň ujy göründi» diýilen habar bilen çapar gelipdir diýen gürrüň ýyldyrym çaltlygynda ýigitleriniň arasyna ýaýrady. Türkmeniň togtamyş tiresinden Döwletýar baýyň ogly Nurberdi hanyň umumy ýolbaşçylygynda gelnen karara görä, her tiräniň durmaly ýeri bellidi. Ýigitler ýerli-ýerlerinde hüşgär buýruga garaşyp durdylar. Tekeleriň gerçek ýigidi Nurberdi han türkmen taýpalarynyň agzyny birikdirmek üçin birnäçe çäreler gördi. Özüniň adalatlylygy, edermenligi bilen Marynyň çäginde ýaşaýan tekeleriň, saryklaryň, salyrlaryň agyzlaryny birikdirip, bütin Mary we Ahal türkmenleriniň hanlarynyň hany bolmaklygy başarypdyr. Ol görer göze-de han bolmazça ýigit däl eken. Onuň boýy iki metrdenem gowurak, syrdam, gursagy gapak ýaly, boýuna laýyk etli, eginlek, goşarlary ýogyn; ýüzi bugdaý reňkiräk, ýüzünden azajyk çykyp duran göni burunly, giň maňlaýly türkmen ýigididi. Sözleri mylaýym, söhbetde özüniň gürrüňdeşini ynandyryp bilýän, synçy, ýiti nazarly söze çeper adamdy. Adamzadyň ganym duşmanlarynyň biri nebsine hem gaharyna buýrup bilýän gerçek ýigitdi. Nurberdi han bütin türkmen halkyna mynasyp adamdy. Ýöne bu gerçek döwlet ýolbaşçysy hökmünde kämillik ýaşyna ýaňy ýetende Nurberdi han (1820-nji ýylyň 20-nji aprelinde dogulyp, 1880-nji ýylyň başlarynda gözüne gan inen rus general sumagy Skobelewiň buýrugy bilen pula satylan gedaý-derwüş donuny geýen selleliler awuly demsürülen çaý berip, ölmegine sebäp bolanlar) ýaňy 61 ýaşynyň içinde haýyn basybalyjylaryň jansyzlarynyň elinden awy berilip öldürilen gerçek teke türkmenlerine uly ýitgi boldy. Eşek meýdanynyň dag gädiginden ülker ýaly bolup görnen Hemze Mürzäniň bu bölejik goşuny ýa-ha ýol beledi hökmünde, ýa-da düşnüksizlikden umumy ordadan sowaşyk düşen bolaýmagam mümkindi. Ýöne şol bölejik goşunyň hemmesi dag gädiginden çykyp-çykmanka olary gökleň ýigitleri çym-pytrak etdiler. Gün mazaly guşluga galansoň Hemzäniň bütin ordasy ýere gurt düşen ýaly bolup, dökülip başlady. Bu sapar türkmenler tarapyndan entek hiç hili gymyldy bolmady. Belkäm Hemzäniň ilki görnen bölejik goşunynyň çym-pytrak edilendiginden onuň habary ýokdur diýlip hasap edilendir. Öňünden oýlanylan pikiriň üýtgedilen bolmagy-da mümkin. Ýöne entäk imi-salalykdy. Ine, birdenem bütin leşger dag eteginden mazaly saýlanyp kürtdürip durdy welin, onuň arasyndan on atly bir ak baýdaklynyň yzyna düşüp ugrady. Bu ýagdaýy görüp oturan Öwezmyrat Dykma serdar Nurberdi han bilen maslahatlaşyp: – Han aga, bu gelýän gyzyl başlaryň bir habar-a bolmaly, goý gelsinler – diýdi. – Onyň dogry welin, olar ýanymyza gelýänçäler garaşyp durman, bizem Ödek Tümeniň başlyklygynda on atlyny olary garşylap, matlaplaryny bilmek üçin ibermeli. Bilip bolmaz, ýigitlerimiz gany gyzgynlyk edip gelýänleri garga tüpeňlän ýaly edäýmesinler. Şony mazaly tabşyr. Şeýle hem edildi. Az wagtdan soň Hemze Mürzäniň Nurberdi hanyň adyna ýazan hatyny Ödek tümen hana gowşurdy. Howlukmaçlyk bilen ýazylan hat bolara çemeli, köp ýalňyşly, bulaşyk hatyň mazmuny şeýledi: «Biradar Nurberdi han! Siziň at-abraýyňyzyň we mertebäňiziň belentligi ýeke türkmenleriň arasynda däl, eýsem bütin eýranlylaryň arasynda-da arşa çykandyr. Biziň ikimizem ozal-a hudaý tagalanyň bendesi, galyberse-de Muhammet pygamber bilen Hezreti Alynyň kowmudyrys. Biziň bu ýerlere gelmegimiziň sebäbi Eýranyň merhemetli şalarynyň şasynyň ýumşudyr. Şalaryň şasy türkmen halky bilen guda bolmak isläp, bizi sawçy edip iberdi. Eger-de Eýranda – Turanda Allatagalanyň nazary düşen gyz Annasoltany biziň Merhemetli Şamyza gelinlik berseňiz, birinjiden-ä, näçe galyň isleseňiz bereris, ikinjidenem, uruşsyz-jenjelsiz parahatlyk bilen yzymyza dolanarys. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Hormatlamak bilen öz biradaryňyz Hemzy Mürze». Nurberdi han: – Hany, serdarlar Hemzä nähili jogap bereliň – diýdi. Hany töwerekläp duran serdarlaryň her haýsy bir zat diýdi: «Aý geregi bir gyz bolsa bereliň», «Gan döküşligä etmeli däl», «Gyzylbaş öz welaýaty Eýrandan özüne mynasyp gelinlik tapman gelen däldir. Ol türkmen halkyny synajak bolýandyr. Onuň dişinde et-ä galdyrmaly däl,» diýen ýaly bir topar teklipden soň Nurberdi han sowukganlylyk bilen: – Türkmenlerde Eýran şasyna berer ýaly gyz ýok diýip aýdaýsak nädýär? Gyzylbaşlar bizden gyz almak üçin büçe goşun sürmez. Şa bizi yrap görýän bolsa gerek – diýdi. – Han aga, bu pikiriňiz gaty dogry – diýişdiler. – Hany, Işan aga, ýaz. Hormatly Hamzy! Türkmenlerde eýran şasyna berer ýaly gyzymyz ýok» diý-de ýaz. – Han aga, ýazdym. – Aşagyndanam ähli türkmen hanlarynyň we serdarlarynyň razylygy bilen Nurberdi han diý-de ýazaý. Töwerekden: «Bu jogaba biz gaty razydyrys» diýen sesler eşidildi. Hemzäniň çaparlary gidenden soň ara wagt salman, olar ýene-de dolanyp geldiler. Olaryň bu sapar Hemzeden getiren hatynyň mazmuny şeýledi: «Han aga, sen gaty ýalňyşýaň, gowy pikirlen, şalaryň şasynyň gaharyny getirmejek bol. Onuň gudraty zordur». Nurberdi han: «Işan aga, şeýle ýazyň – diýdi. «Hemze serdar! Türkmen halkyny Allatagalanyň gudratyndan başga gudrat üýşendirmez». Çaparlar ýene-de atlandylar. Nurberdi hanyň ýüzi birneme aladaly göründi. – Ol haýbat atýar. Göreli bakaly. Türkmen topragynda çagyrylmadyk myhman bolup, onuňam üstüne dökülip eýesine haýbat atmak nähili bihaýalyk bolýar. Pälinden tapsyn. Hemze Mürzäniň çaparynyň üçünji gezek getiren hatynda; «Hormatly Nurberdi Han, eger makullasaňyz, hut özüňiz bilen duşuşyp, maslahatlaşmak niýetim bar. Maslahat bilseňiz, men üç atlym bilen orta çykjak». – Batyrlar, Hemzäniň haýyşyny kanagatlandyrsak nädýär, siz nähili görýärsiňiz – diýip Nurberdi han serdarlaryna ýüzlendi. Dilmaç hem kätip bolup hyzmat edýän Azym işan: – Han aga, Hemze mekirlik edip ele saljak bolýan bolaýmasyn – diýdi. – Haý işan aga, bu amanat jany bukup saklap bolmaz. Bir ýoldaşym-a sen bolarsyň, Öwezmyrat serdar, göwnese Çopan serdaram gitse, men-ä taýyn. – Hemze bilen duşuşmaga bizem taýýar, han aga – diýşip, Öwezmyradam, Çopanam özleriniň razydyklaryny duýdurdylar. – Hemze Mürze bilen biz-ä owalam birnäçe sapar duşuşypdyk. Ýöne ol duşuşyklarda men dürli-dürli ýagdaýlarda çaknyşypdym. Ýöne henize çenli Hemzäniň guran toruna düşüp asgynlan ýerim ýokdur. Bu saparam Allatagala bizden bolsa, aldatdyrmarys. – Aý men-ä çekinmänem duramak – diýip, Azym işan özüniň Hemzeden gowulykdan başga hemme zada garaşaýmalydygyny ýatlatdy. Hanyň sag tarapyndan gelen guýulan kenek ýaly orta boýly eginlek bir ýaş ýigit dillendi: – Han aga, meniň pars dilindenem habarym bar. Eger Işan aga göwnemese siziň bilen men gideýin. – Aý ýok, Ödek batyr. Işan aga oýun edýändir. Onsoňam Azym işan öwlat ahyryn. «Öwladyň itinem bihal görme» diýlip, ýöne ýerden aýdylan däldir. Yzdan biriniň: «Türkmenleriň şu üç arslany bilen ýeriň aňrujuna gitmelem bolsa biz-ä çigit ýalam ikirjiňlenmeris – diýen güňleç sesi eşidildi. Nurberdi hanyň: – Hany ýörüň, serdarlar! Hanha Hemze Mürze-de bärik saýlandy – diýenem şoldy welin, «Han aga, siziň gelen çözgüdiňize bizem razydyrys» diýen sesler hanyňam, serdarlaryňam ruhuny göterdi, olar başyny dik tutup gitdiler. Nurberdi han garşyda duran dört atlynyň öňdäkisiniň kellesi demir sopbaçly we pişge ýaly murtly, garny, eýeriň gaşynyň üstüne abanyp duran çişik pyýadany Hemze Mürzedigini aňlady. Onýança Hana ýantaşyp duran Dykma serdar: «Hanha öňdäki garynlyk ak atly Hemze Mürze. Onuň yz ýanyndaky kellesi parslaryň gotazly ýatajyny geýen pyýada Arkaçdan etmişli bolup gaçyp giden Öwelek türkmen. – Aý, şeý diýsene. Bolasy Hemze Mürze bize haty türkmençe ýazýa-la. Edil şol pursat gyzylbaşlaryň hemmesi birden atlaryndan düşdi. Ýaňky demir sopbaçly murtlak, daýaw pyýada beýleki ikisini dört atyň ýanynda goýup, Öwelek türkmeni ýanyna alyp, türkmen wekilleriniň alkymyna gelende Nurberdi hanam, serdarlaram, Azym işanam atdan düşdüler. Hemze Mürze gelip «Hoş gördük han aga» diýdi-de, Nurberdi hany garsa gujaklap, dulugyndan ogşajak boldy. Emma şowlamady. Birinjiden-ä, sada türkmen hany Hemzäniň ýasama gadyryny halamady, ony keşdi çekmedi, ikinjidenem, Nurberdi hanyň syrdam uzyn boýuna Hemzäniň boýy ýetmedi. Nurberdi han Hemzeden bir seredenem uzynlykdy. Hemzäniň üstüne abanyp durdy. Nurberdinin bu bolşuna Hemzäniň sussy basyldy. Kiçelip, ýüzi boz-ýaz boldy. Öwelegem Dykma serdaryň ýiti nazaryndan sypjak bolup, ýüzüni sapajak-supajak edýärdi. Bir amatyny gapyp, Dykma serdar: – Hä, Öwelek han, öz ata-watanyňy taşlap, kimiň hyzmatyny edýäň? – diýdi. – Aý, Serdar aga, men her ýerde bolsamam öz halkyma hyýanat etmen. Heý-de gylyç öz gynyny kesermi? Meniň ýarajak derdim bar bolsa, men siziň hyzmatyňyzdadyryn. – Öwelek, hanyňyzyň näme maksady bar sora – diýip, han Öwelege ýüzlendi. Öwelek Hemzä ýüzlenip, oňa hanyň diýenini aýtdy, Hemzäniň diýenini bolsa hana düşündirdi: «Han aga, eger şalaryň şasynyň haýyşyny etmejegiňiz çynyňyz bolsa, menem öz merhemetlimiziň öňünde müýnli bolmazym ýaly, hemem goşunymyzy çaknyşdyryp, uly gyrlyşyk etmez ýaly, her tarapdan bäş pälwany söweşdireli. Haýsy tarapyň pälwany ýeňilse, şol halkyň ýeňildigi bolar – diýýär. Nurberdi han geňeşçilerine sala saldy: – Serdarlar, biz şoňa razy bolaýsak, ýüzüňiz gara bolarmyka? – Han aga, gul tap duýan bolsa gerek. Gökleň garyndaşlaryň ilkije urgusy gyzylbaşlara sapak bolaýan ýaly. Küs murtuň bady gaçypdyr. Hemzäň diýen şertini makullalyň – Dykma serdar öz pikirini aýtdy. Nurberdi han Öwelege ýüzlenip: – Hemzä aýt – diýdi. – Biz şoň diýenine razy. Hanyň diýenini Öwelek bolşy ýaly edip aýtdy. Onuň söz ýoýmaga hetdi ýokdy, sebäbi Dykma serdar pars dilinem, kürt dilinem oňat bilýärdi. Türkmen halkynyň geçirimliligine, ejizläniň üstüne sürünmejekdigine göz ýetiren Hemze Mürzäniň ýüzi ýagtyldy. Türkmen halkynyň: «Döwüşseň mert bilen döwüş, namardy kowujy bolma» diýen nakyly berk berjaý edýänligem adamzadyň iň gowy taraplarynyň biri ahyryn. Iki tarapam özara ylalaşyga geldi. Nähak gan döküşiklik kime gerek. Hemze Mürze ýaly basybalyjy talaňçy bolýandyr. Ýöne parahat türkmen iline, onuň sadadan parasatly serdary Nurberdi hana-ha beýle zat asylam gerek däl. Şonuň üçinem Nurberdi han Hemze Mürzäniň şerti bilen razylaşdy. Eger razylaşmadyk bolsa Eýran şasyna söz berip öwnüp gaýdan Hemze türkmen ýigitlerinden ýeňiljegine gözi ýetsede urşa başlajakdygynyň ujy ýekedi. Beýle köp goşunyň çaknyşygynyň pidalary örän köp bolup, gan çaýkaljakdy. Onsoňam Eýran bir uly döwlet. Türkmenler bilen goňşy döwletiň düýpli agzalalygynyň türkmen halkyna has gymmat düşjekdigine Nurberdi hanam, Dykma-da, Çopan serdaram gowy düşünýärdiler. Türkmeniň görnükli serdarlarynyň gyzylbaşlaryň pälwanlary bilen başa-baş söweşe gatnaşmaga isleg bildirenleri köp boldy. Ýöne Nurberdi han ol görnükli serdarlaryň birinem başa-baş söweşe goýbermedi. Türkmenlerden başa-baş söweşe gatnaşanlar: Söýün erkeç, Bally, Ödek tümen, Halnepes we Aimbek bäşisi özleriniň garşydaşlaryndan üstün çykdylar. Dogrusy, Bally, Halnepes we Aimbek ýaralandylar. Ýöne ol ýaralar ölüm howply däldi. Başa-baş söweşde ýeňilen Hemze Mürze Nurberdi hanyň aýagyna çöküp, indi türkmenleriň üstüne goşun çekip gelmejegine ant içdi. Nurberdi han elmydama: «Adamlar, adamyň iki duşmany bar: biri nebis, beýlekisem gahardyr. Eger şol ikisini ýeňip, özüňize erk edip bilseňiz, onda durmuşda orun taparsyňyz. Eger erk edip bilmeseňiz olar siziň akylyňyzam alar. Ine şu saparam Hemzä gahar edip, gahara erkimizi aldyran bolsak ýa-da Hemzäni ýeňip olja almaga göz gyzdyryp, erkimizi nebse beren bolsak, onda birinjiden-ä, bigünä gerçekleriň ganlary dökülerdi, Eýran bilen türkmenleriň arasynda uly jetleşik bolardy. Şeýle agzalalygyň, jetleşigiň hiç wagt, hiç kime peýda getirmeýändigine berk düşünmelidir» diýip, käbir gyzmarak, çaknyşaýmaga döwtalap ýigitleri köşeşdirdi. Onsoňam türkmen halkynyň hormatlaýan adamsynyň diýenine gulak asmak däbi köneden gelýän däpleriniň biri. – Düzüwliräk bolsana, birden o peläket geläýmesin... – Ýeri, gelende näme? Hä, gelende näme? Mahym senem-äý. Hajy kellesine taýak bilen urlana döndi. – «Bäý-bä... Bu şol aýbygadym Mahym-ow. Ýeri, Mülliň aljagy aýal bolsa şundan başgasyny tapmadymyka?» Birhaýukdan Hajyň gulagyna ýene-de içerdäkileriň madyrdysy gelip ugrady. – Birden tentejigim gelip, goh turzubermesin. – Häk, muňňam çekinýän adamsyny. Özüň gördüň-ä o tentek arakdyr neşe puluny berenime monça boldy. Onsoň büçe-büçe zatlara kaýyldyr-la. Aý, onsoňam Müllüdirdäräý... – Aý, onda-da garaz... – Arkaýyn bolsanaý, senem ýöne... Ýarygije arak tapjak bolsa entejik selpär-le. Hajyň depe saçy üýşüp gitdi. Bu ses Garlyňkydy. Indi Hajyň göwresi durşuna saňňyldap dur. Az wagtlyk dymyşlykdan soň ýene-de hümür-sümür eşidilip ugrady. – Bu näzijek teniň gel-gel şo samsygyn nesibesi bolaýşyny... – Diňe bir oňkam däldir-le – diýip, aýal kikirdäp güldi. – Ýogsa-da, Mahym, saňa ýene bir hyrydaram tapdyk. – Nähili olam şular ýaly gedaýmy, ýa-da ýaglyja?.. – Äý nähili bolanda näme, galyňyňy öňünden alýas-a. Olar şenbä çenli puly jemlejekdirler. Ertir daňdan sagat bäşlerde köçede garaşjakdyryn. Ähli goş golamyňy, bulardanam göze ýararly zat bolsa alyp çykarsyň-da... – Bulaň hamyny sypyraýmasaň zady bamy alar ýaly? – Mahym diýýän-ä, görýän welin biziň munymyzdan netije az. Indikiňem galyňyny alaly welin, o taýda uzak eglenme. Aşgabatdaky öýüňi keýp çekilýän ýere öwreli. Käwagt bir az-owlak düşýär diýip, köp zatdan galýas. Seň jaýyňda keýp çekilýän ýer gurap bilsek... – Jelephana açaly diýsene. – Edil jelephana-da bolasy ýok-la. Oňa hemme kişini eltmeris. Diňe özüni oňarýan, gapjygy galyň, ketde kişiler geler. Ýaşajyk gyzlary tapmak seň bilen, müşderidir neşe tapmagam meň bilen. Şeýtsek birä-hä düşewündimiz mundan has gabarak bor, birem iş düzetmegi başarýan adamlary çekeris. Bize indi özbaşdaklyk gerek. Ýogsam Begjanow ýaly özümçe bara-ýoga ýapja bolup ýörmekden irdim. – Jelephana açsak, milise näme diýer? – Senem ýöne jelephana, jelephana diýip halys alyp ýatdyň. Jelephana bolmaz how, ol. Ýöne ýokary ligadaky adamlaň dynç alýan ýeri bor ol. Onsoňam birinjiden-ä syrty kädilileri çekip bilsek, olaň özi bizi otdan-suwdan gorar, milisäni dagyny golaýymyza-da getirmez. Aý, onsoňam bu görünýänje miliseler-ä özüm bir zat ederin. Olaňky hezille. Aram-aram çagyryp ýüz gram ber, ýa-da bäş baş sordur, wessalam iş tamam. – Şeýlemi? Galanyny özüň düzetseň, gyz tapmag-a şeýle bir kynam däldir-le... Hajy bu gürrüňleri eşidip öwfülläp dem aldy. – Bäý-bäý bulaň plan çeken bolaýyşlaryny. Aý, bagtyň ýatypdyr Mülli dost seňňä. Ejeň görgüliň gelnin ikiňizden içiniň ot bolmagynyň asyl düýpli sebäbi bar eken-ow... Men-ä Mahym tetelli aýallara-da haýran. Her gün diýen ýaly birine heleý bolup ýörmäge bulaň neneň keşdi çekýäkä? Edil haýwan ýaly-laý. Asyl haýwança-da ýok. Ýa-da Owganystanda perenjisini aýyrýan aýallara ruhlaň daraýşy ýaly saçyny syragada, ýüzüne kislota sepäýsemmikäm? Aý ýok, ol-a bolmaz. Ýüzüne kislota-ha sepmesem sepmäýin welin, ýöne bu heleýi ujuz sypdyrmaýyn. Gowy edip ýenjägeden, saçyny syraýyn. Soňam nirä degse şoňa degsin. Ýogsam bular tetelliler çala-çula masgaraçylyg-a ýüzüne-de alanok. Wah, bulaň edip ýören işinden beterem bir masgaraçylyk bomy? Men elimde bolsady, şular ýaly nejislik edýänleriň baryny ile göz edip asyp goýar- dym. Mes bolýarlar. Hor-homsy ýaşap, iýjek çöreklerini tapman ýören bolsalar bular ýaly haramzadalyga elleri degesi ýok-la. Şu zatlar barada pikir öwrüp duran Hajyň Owganystanda bolup geçen bir waka güpbe ýadyna düşdi. «...Uly bandaň ýolbaşçysy Seýit Ahmet soňabaka ikirjiňläp ugraýar. Ahyrynam obasyna çagalarynyň arasyna barmagy ymykly ýüregiie düwýär. Matlabyny ýoldaşlaryna-da duýdurýar. Bu barada Pakystandaky ýolbaşçylaryna-da habar ýetýär. Onsoň olar Seýit Ahmedi diri tutup bolsa diri tutmak, bolmasa-da öldürmek barada buýruk berýärler. Seýit Ahmedi diri tutmagam, öldürmegem başartmansoň, serdarlar has dergazap bolýarlar. Şondan soň olar Seýit Ahmedi diri tutana ýa-da ony öldürendigi barada nyşan getirene uly baýrak goýýarlar. Şeýlelikde, ady belli kellekeserleri iň gowy ýaraglar bilen üpjün edip Seýit Ahmediň obasyna ugradýarlar. Olar oba gelip Seýit Ahmet barada soraşdyryp başlaýarlar. Ýöne hiç-hili gördüm-bildim ýok. Onsoň olar oba talaň salyp, ilatyň ençemesini horlaýarlar, gyrýarlar. Garşylyk görkezjek bolup sähel synanyşyk edeni hemem hökümete çala raýdaşlyk bildirýändir güman eden adamlarynyň hemmesini obadaşlarynyň gözüniň alnynda atýarlar. Olar şondan soňam Seýit Ahmede üç günläp garaşýarlar. Bu bandaň wagşyçylygy baradaky habar owgan goşunlarynyň ştabyna-da gowuşýar. Eshanyň wzwodunyň esgerleridir Hajy dagy baranda bandalar obany paýhynlap içini sowadan ekenler. Uzaga çeken atyşykdan soň ruhlar ýuwaş-ýuwaşdan obadan gaçmaga mejbur bolýar. Esgerler ruhlardan bukulyp galany-dagysy bar bolaýmasyn diýip, öýme-öý aýlanyp çykýar. Hajy derwezäni açyp howla girenden ýakymsyz ys burnuna hapba urýar. Entek gün aşakda bolansoň, howlyň hemme ýeri oňly saýgardanogam. Aňyrrakdaky uzyn eýwanyň aşagy bolsa hasam garaňky. Hajy töweregine seredip barşyna birden tisginip gitdi. Ol tas jesede büdürän ekeni. Jeset on üç-on dört ýaşlaryndaky işekçer jahylyňkydy. Urulmakdan ýaňa onuň kellesi, ýüzi-gözi güp ýaly çişipdir, ýaralardan akan gan bolsa egin-eşiginde doňup galypdyr. Jahyla ýüregi awap, ýöräp ugrandan Hajyň gözi aňyrrakda ýatan aýal adama düşdi. Onuňam boljagy bolupdyr. Bu zatlara seredip durşuna onuň başy aýlanyp, aýaklary gowşap gitdi. Ol biraz durup özüni ele aldy. Hajy ozalam bandalaryň zalymlyklary barada eşidýärdi. ýöne onuň özüniň beýle ýagdaýa ilkinji duş gelşi. Ol jesetleriň üstüni ýapyşdyrdy. Aýlanyp ýörşüne eýwanyň aňyrky burçunda bir gara gözi kaklyşdy. Bada-bat awtomatynyň mäşesine elini ýetirdi-de, ýöräp ugrady. Gara zat birden çalaja gymyldan ýaly etdi. Muňa Hajyň hasam zähresi ýarylyp, tas oka tutupdy. Ol ýene-de bir-iki ädim ätdi. Gara, göze görnüp ugranja gyz ekeni. Onuň gymyldamaga-da rowgaty ýok. Ýüzi-gözi çiş, durşy bilen soýuk-synjyryk, eşikleri sal-sal. Hajy ädimini çaltlandyrdy. Gyzjagazyň tebsiräp duran dodaklary çalaja gymyldady. Onuň bir zat diýjek bolýandygyny aňmak kyn däl. Hajy ylgap diýen ýaly gidip öýden suw alyp geldi. Gyz suwdan birki gezek owurtlady-da, ýüzüni sowdy. Ol ýene-de pyşyrdady. Hajy başga sözlerine düşünmese-de «nan» diýýändigini aňdy. Jübüsinde hatda çöregiň owuntygynyň ýokdugyny bilip dursa-da, awtomatyny ýerde goýup, sermenip ugrady. Soňra çöregi öýden gözledi. Ýöne otaglaryň hiçisinde-de saçaga gözi düşmedi. Lapykeç bolup dolanyp gelip, näderini bilmänem ep-esli durdy. – Ýok-da jigim, ýok. Nan ýok. Soňra awtomatyny egninden asdy-da, emaý bilen gyzjagazy göterip ugrady. Obaň çeträginde şindizem awtomat sesleri eşidilip dur. Onsoň ol gyzjagazy howlyň daş ýüzünde arkasyny diwara ýaplap oturtdy. Hajy ilki ony özi bilen alyp gitmegiňem pikirini etdi. Ýöne ruhlaryň haýsy öwrümde çyksa çykaýmalydygyny bilip duransoň, ony şu ýerde goýup gidenini kem görmedi. Bu taýy obaň ortaragy bolansoň, o diýen howply däldi. – Azajyk sabyr et, azajyk... Men häzir nan alyp gelýän, häzir. Hajy ylgawyny ýazdyrman çörek gözlegine gitdi. Golaý-goltumda ýoldaşlaryndan görünýäni ýok. Aýlanyp ýörşüne ahyryn obaň demirgazyk çeträgine golaýlanda Eshan daga sataşdy. Hajy Eshana ýagdaýlary aýdanda, ol jübüsinden bir döwüm çöregi çykaryp uzatdy. – Bir döwüm çörek mydama ýanyňda bolsun! Hajy şobada yzyna eňdi. Eshanam ondan galmady. Olar diwara ýaplanyp oturan gyza gözleri düşensoň biraz ynjaldylar. Hajy gele-gelmäşe elindäki çöregi gyzjagaza uzatmakçy bolandan doňup galdy. Maňlaýdan täzeräk degen ok gyzjagazyň ýüzüni gara gana boýapdy. – Eý, wagşylar, muny nädäýipdirler? Hajyň gözi garaňkyrap, aýaklarynda ysgyn-mydar galman, ýuwaşlyk bilen aşak oturdy. Bir haýukdan gözüni açyp, Eshana seredende onuňam gözýaşyny süpürip duranyny gördi. Bu howly Seýit Ahmediňki ekeni... «Asyl haramlyga eli, degmez ýaly, Mahym tetelli aýallary äkidip, şol zorluklary, şol sütemleri görkezsediň...» Hajy näme bolsa şol bolsuna, urdy-da, penjiräni bat bilen itdi. Düşekdäkiler ýürekleri ýarylan ýaly syçyrap galdylar. Daýaw pyýadaň penjireden girip gelýänini görüp, ýarym-ýalaňaç duran Mahym jynssyz gygyrdy. Hajy, barşyňa Garlyň ýakasyndan ebşitläp tutup, bat bilen urandan ol gapyň agzyragyndaky çäýnek-käse salynýan şkafyň ýanyna zyňylyp düşdi. Ýerinden turup ugranyndan Hajy ony depdi. Urgy çökderräk bolara çemedi, Garly wagty bilen ýerinden galmady. Hajy soňra burça gysylyp, sandyrap duran aýala tarap ýöneldi. Üstüne abanyp gelýäniň tanyş ýüzdügini görensoň ol biraz arkaýşlaşjak ýaly etdi, şelaýynlyga ýüz urdy. – Wiý, Hajy bu, asyl senmi? Ýöne Hajyň ýüzünde, eýgilikden nam-nyşan görmänsoň, ol ýene-de çirkin sesi bilen gygyrmaga durdy. Hajy haýyna-waýyna bakman, onuň ýukajyk köýneginiň ýakasyndan towlap tutdy. Mahymyň sesi barha çasly çykdy. Hajy biraz pikirlenip durdy-da, ýeňsesine öwrüldi. Garly eýýäm gaçmaga ýetişen eken. Hajyň gözi saçagyň gapdalynda ýatan uly pyçaga düşdi. «Bu aýbygadymyň ilki saçyny keseýin-de, soňam syraýyn...» Hajy Mahymy ýere pylçap goýberdi-de, pyçagy almak üçin egildi. Hajyň elindäki pyçagy görüp, Mahym hasam gaty gygyrdy. Ýöne Hajyň bolşy aýgytlydy, sähel-mähel zada ýöwsellärli däl. Ol çep eli bilen Mahymyň saçyny towlap tutdy. – Hajy!.. Bu Merjen ejedi. Ol bosagada durdy. ...Hajy! Hajyň gulagy gapylypdy. Ol elindäki pyçagy Mahymyň saçyndan salmakçy bolandan arkasyndan kimdir biriniň aslyşýandygyny duýdy. Merjen ejä gözi düşenden Mahymy bialaç goýbermeli boldy. Ol soňra Mahyma janyýangynlyk bilen seredip, pyçagy gapdala oklap goýberdi. Ara düşen böwşeňlikden peýdalanyp, Mahym ökje göterdi. – Şuna-ha oňardyň guzym! Hajyň şindizem müýnürgäp durşy. – Merjen eje dagy alaç bolmady, seredip durmaga takadym ýetmedi. – Muny gaty oňaransyň köşek. Hajy Merjen ejäň razydygyny görensoň, ynjaldy. Birsalymdan daşardan ýeňil maşynyň uzaklaşýan sesi eşidildi. Şondan soň Hajyň bu öýde uzak durasy gelmedi. – Ýagşy onda, men-ä gaýtdym. Ol tamyň gündogarsyna aýlanandan erigiň aşagyndaky gymylda gözi kaklyşdy, «Be, bu kimkänäý? Aý belli zat-la, muň ýaly heleýiň bolsa gijelerine öýüň töweregini boş goýaslary ýok-la...» Erigiň aşagyndakyň gymyldaman durşy. Aýyň ýagtysy ýeňseden düşensoň onuň ýüzüni saýgarmak, kyn. Hajy golaý baryp seredende dikilgazyk ýaly bolup duranyň Müllüdigini tanady. – Mülli! Mülli ses bermedi. «Ýa-da başga birimikä?» Şobada-da Hajyň ýüregi jigläp gitdi. Onuň gözi aýyň ýagtysyna erigiň şahasyndan asylgy duran halka düşüpdi. Ol derrew aýňaldy-da, iki bökende Mülliň duran ýerine ýetdi. Mülli halkadan bir elini geçirip, bir aýagynam ýerdäki ýaşigiň üstüne atyp dur. Hajy bara-barmaşa gujaklandan Mülliň göwresi şalkyldap gaýtdy. Olary Merjen eje-de gören eken, ylgaşlap geldi. Hajy bir eli bilen Müllini saklap durşuna Merjen ejä görkezmän asylgy halkany çözüp, eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi. Merjen eje olaryň alkymyna geldi. – Näme, ol ýene-de serhoşmy? – Ýok-la. Hajy Müllini göterip diýen ýaly öýlerine eltdi. Mülliň gözýaşdan ýaňa gyzaryp, çişip giden gözlerini görüp, uludan demini aldy. «Şüçe ýetişäýipdirin-ow» Öýlerine barýarka-da, soň-soňlaram Mülli hakdaky pikirler oňa ynjalyk bermedi. * * * Hajy bu gün öýe ýadaw geldi. Uzyn gün işläp, agşamam obaň arasynda nobatçylyk etmek ýadatmanam duranok. Ol nahar iýip, çaý içensoň ýerine geçdi. Ýöne wagty bilen gözüne uky gelmedi. «Komsorgdyryn diýdi, uçýot bölüminiň müdiridirin diýdi, döw ýaly pyýadalar ýörite hak alşyp ýörler. Sowhozyň direktorydyr partorgy näme buýursa «Lepbeý» diýip höküdikläp ýörendenem bir komsorg bomy? Olarda inisiatiwa-da ýok. Inisiatiwa bolmadyk ýerde ösüşiň bolmajagy görnüp dur ahyryn. Sowhoz ýolbaşçylaryna-ha inisiatiwa gerek däl. Gaýtam olar inisiatiwa görkezseň: «Muňa näme gerekkä, geçiň öň aýagy ýaly bolup» diýýärler. Ýaşlaram muňa halys öwrenişipdir. Onsoň bary-ýogy deň, olara maslahat salýanam ýok. Ine, fermany alyp ger! O ýerde işleýänleň köpüsi komsomol-ýaşlaram bolsa, Begjanowy müdir bellänlerinde «Näme sala salman müdir belleýäňiz?» diýenem tapylmandyr. Hany demokratiýa? Adamlara şu zatlary nädip düşündirip borka? Hemme zadyň eýesiniň özleridigini, olara sala salmazdan, çöp başyny gymyldatmaga-da hiç kimiň hakynyň ýokdugyny nädip olaň aňyna ýetirip borka? Komsomol ýygnagy bolaýdygy şu meseleler hakda çykyş etmeli. Hajy içini gepledip ýatyşyna ahyryn uka gitdi. ...Olaryn ýalňyz bitýän dag gülüni gözläp ýörişleri. Hajydyr Sülgüniň gezip ýören ýeri bulutlaryň arasy. Ynha-da olar kert gaýaň gyrasyna ýetäýmän saklandylar. Töweregine garanjaklap durşuna Sülgüniň gözi deräň aňry ýüzündäki gaýaň ýokary bilinde ösüp oturan ýalňyz güle düşýär. Ol ýuwaşlyk bilen uçudyň gyrasyna süýşüp ugraýar. Onuň bar maksady şol güle ýetmek. Kertiň gyrajygyna bardy-da, sägindi. Onsoň ilkä-hä güle, soňam aşaklygyna – düýpsüz derä seredip biraz durdy. Sülgün ýalňyz gülli gaýa bökmek üçin çemelenenden Hajy ony berk gujaklaýar. Sülgün birbada uçutdan bökmek hyýalyndan el çeken ýalam edýär. Hajy ony sähel gözden salandanam bat alyp bökýär. Hajy gözüni berk ýumup, aşak oturýar. Bir haýukdan gözüni açsa Sülgün aňyrky gaýaň bilindäki daşdan ýapyşyp, germesatan bolup dur. Onýança-da ýapyşyp duran daşy gopup, şakyrdap gaýdýar. Uçudyň düýbüne kelemenläp barýan Sülgüniň jynssyz sesi, daşlaryň şakyrdysy dünýäni lerzana getirýär. Hajy hopugyp gözüni açsa, eýýäm daşary ýagtylypdyr. Ejesi çaý goýmak bilen gümra. Hajy ýene-de kellesini ýassyga goýdy. «Ýeri, bu nähili ahwalat boldugyka? Ýa-da Sülgüniň bizden haraý isläp ýördügimikä?..» | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |