21:12 Şol gözele baglydyr | |
ŞOL GÖZELE BAGLYDYR
Goşgular
Bir gözeliñ Mejnunyýam, soltanym, Hasratyñdan dertli synam daglydyr. Ne gündizim gündiz, ne gijäm gije, Meniñ köñlüm şol gözele baglydyr. Ýañaklary dop-doludyr gül bilen, Aklym aldy sermest gözi al bilen, Iliñ ýary ýaşyl geýmiş al bilen, Meniñ ýarym sada geýmiş çaglydyr. Bir ýar söýdüm bu älemde birinji, Goýnunda saklamyş aýwa, turunjy, Ýar elinde galmyş yşkyñ gylyjy, Çarha urmuş, meniñ golum baglydyr. Garajaoglan, ýar köýünden gelerem, Eglenerem, dost ýanynda galaram, Men ýarymy kokuşyndan bilerem, Zülüpleri müşki anbar ýaglydyr. ■ KEREM EÝLESIN Dilber bize jebri-jepa Etmesin, kerem eýlesin. Bizi goýup ilden-ile Gitmesin, kerem eýlesin. Buýr, gideli biziñ oda, Durmuşym öñ gelýän kada, Tenha aýdylan şol wada Ýitmesin, kerem eýlesin. Boýy uzyndyr tal kibi, Bili inçedir dal kibi, Bakjadaky bilbil kibi Öymesin, kerem eýlesin. Garajaoglanyñ gülleri, Gözländir ulus illeri, Şol başa gelen hallary Datmasyn, kerem eýlesin. ■ ÝARYM BAR DIÝE Bilbil howalanyp, belentden uçar, Has bakja içinde gülüm bar diýip. Seni söýen ýigit serinden geçer, Gözeller içinde ýarym bar diýip. Möwlam bir kararda goýmaz ynsany, Men seni söýerin, sen-de söý meni, Belki bir gün geler, idärsiñ meni, Şunda bir diwana ýarym bar diýip. Men seni söýerin jan bilen tenden, Möwlam aýyrmasyn söwdügim menden, Janymy gaýgyrman, ýarym, men senden, Sat bazarda gul-ýesirim bar diýip. Garajaoglan diýer, gaşy garadan, Ýaşmak perdesini aýyr aradan, Seni, meni bir Möwlamdyr ýaradan, Eseleme, gyz, meniñ zorum bar diýip. ■ DAGY ÝANDYRAR Eý, agalar, bir ot düşdi nagryma, Bir ah çeksem, derýa-dagy ýandyrar, Garyp bilbil gonar gül pudagyna, Bilbiliñ perýady bagy ýandyrar. Sabadan ugradym ýaryñ sesine, Saçlary dökülmiş ak synasyna, Neçün duglanar sen bag kölgesine, Ýüzüniñ şuglasy bagy ýandyrar. Enemiñ, atamyñ çekdim ýasyny, Gara gözlim, sylsam köñül posuny, Turunç bile beslär ýar mämesini, Ölini direlder, sagy ýandyrar. Garajaoglan diýer, säher çagynda, Nazarym çoh galdy göwsüñ agynda, Seýrandan gelýärkä Mejnun dagynda Ýoluny ýitirer, dagy ýandyrar. ■ GÜL ALAR Bahar gelip, ýaz aýlary bolanda, Ol çaýlaryñ kenaryny sil alar. Iki juwan bir karara gelende, Oglan gyza nerkes berer, gül alar. Sap kümüşden akdyr seniñ bilegiñ, Hak ýolunda kabul bolsun dilegiñ, Messaý ýöri, mawy donly melegim, Il arypdyr, ýörişiñden syn alar. Dolup-daşyp, däli köñül joşaly, Köp zamandyr ýar söwdaña düşeli. Atmyş zülpün ak gerdenden daşary, Ösen ýeller zülpleriñden tel alar. Garajaoglan diýer, gördüm men bir ýar, Se£de bilen bakdym-da, eýledim nazar, Elmydam al-ýaşyl geýinip gezer, Ary gonar, ak gerdenden bal alar. ■ SOLMAZMYŞ Ýagan ýagmyr, ösen ýeller, Dosta garşy giden ýollar, Bilbiliñ gondugy güller, Saralyp-da, hiç solmazmyş. Çapar, ýüwrük atlar çapar, Dert üstüne dertler tapar, Bir ýigit çekse ahy-zar, Daýym aglar, hiç gülmezmiş. Guwanarsyñ, Haka guwan, Myrat tapmaz ýüz öwüren, Ýaşlygyndan bir ýar söýen, Artar ömri, hiç ölmezmiş. Garajaoglan, galasyna, Garşy durdum belasyna, Bir gözeliñ söwdasyna Düşmeýenler hiç bilmezmiş. | |
|
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |