19:57 Güldür-de ýöre | |
GÜLDÜR-DE ÝÖRE
Goşgular
Başy al öýmeli, sürmeli gelin, Eliñde bir bada doldur-da ýöre. Sen meni düşürdiñ mähnete, derde, Gel, aglatdyñ meni, güldür-de ýöre. Ak göwüsiñ görünmeýär düwmeden, Syýa zülpüñ ak gerdene agmadan, Gunça güle hazan ýeli degmeden, Topla ýañagyñda, soldur-da ýöre. Ak göwsüñde düwmeleriñ çatylsyn, Gözeller içinde ähdi bitinsiñ, Bilmen nämähremsiñ, bilmen çetinsiñ, Perdäni ýüzüñden galdyr-da ýöre. Garajaoglan, hile ýokdur sözümde, Hak nazarym galdy ala gözüñde, Gudrat nurlaryny gördüm ýüzüñde, Gözelligiñ maña bildir-de ýöre. ■ TIZ GEL Ala gözleriñi söýdügim, dilber, Bu dünýä başyma dar bolan, tiz gel! Garyp bilbil kimin artýandyr ahym, Köñlüñde bar bolsa din-iman, tiz gel! Men bakjañdan tirsem gunça-gülüñi, Neýläýin har almyş sagy-soluñy, Ençe wagtdyr saklaýaryn ýoluñy, Galmady takatym, eý, aman, tiz gel! Jemalyñ garşymdan gitmez her zaman, Düşünseñ derdimi edeýin beýan, Köñüller awlaýan, bir gaşy keman, Gaşlary kemanym, eý, aman, tiz gel! Garajaoglan diýer, perişan halym, Nije bir çekeýin bu yşkyñ ýaýyn, Indi ynsaba gel, lebleri balym, Şu meniñ derdime bol derman, tiz gel! ■ SÖWDÜGIM Diñle sen, söwdügim, waspyñ eýläýin, Meñzärsiñ açylmyş güle, söwdügim. Şiriniñ yşkyna sözlenen sözi Şeýda bilbil getir dile, söwdügim. Täze aý sen, dogduñ asman ㅡ pelekden, Jemalyñ seçilmez hüýri-melekden, Atlas köýnegiñi atdyñ bilekden, Kümüş kibi parlar gola, söwdügim. Kirpikleriñ hanjar, jan alar gözüñ, Ýüregime guýduñ ataşyñ, közüñ, Heniz görmedim men hiç kimsäñ ýüzün, Saldyñ sen meni-de ele, söwdügim. Gaşlaryñ helaldyr, gözleriñ ala, Bilbil pygan etdi şol gunça güle, Bilmen nätdiñ, meni düşürdiñ ele, Güldürdiñ, bak, meni ile, söwdügim. Gözellikde kemalyñy almyş sen, Ogryn-ogryn dosta salam bermiş sen, Müñ bir dürli gülden reñkiñ almyş sen, Düñdermişsiñ reñkiñ güle, söwdügim. Zülpleriñe asylsam men dar diýip, Gunça güle el uzadam, har diýip, Goýnuñda bir jüp tomurçak bar diýip, Gondurdym bilbili güle, söwdügim. Garajaoglan diýer, özi halynda, Söýlener sözümiz iliñ dilinde, Bererin, söwdügim, jany ýoluñda, Geýin sen gyrmyzy-ala söwdügim. Hasan GARAJAOGLAN. | |
|
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Hindi gyzy / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Köçämize seniň gadamyň düşdi... / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |