16:39 Şol günden bäri | |
ŞOL GÜNDEN BÄRI
Goşgular
Teberda derýasy aýdym dillere, Onuň boýy diýseň lälezar eken. Şol derýaň boýunda meňzäp güllere, Çagalaň oýnaýan ýeri bar eken... Uruş ýyllarynyň bir güni şol ýer, Boýalypdyr, boýalypdyr al gana. Ol hakda eşdende şagga basyp der, Meňzeýäsiň syh üstünde agnana. Onuň bilen bagly her söz janyňa, Sokup-çykarýan dek müň bir neşderi. Gülden näzik çagalaryň ganyna, Gözi suwsan ganym faşist leşgeri. Pikir duýgusyny al gana eýläp, Çagalaň oýnaýan wagtyny peýläp. Gelipdir-de, buky ýerde ýatypdyr, Käsini bogupdyr, käsin atypdyr. Bakman göz ýaş, ahy-nala perýada, Kä çagany diriligne derýada. Akdyryp, biperwaý bakypdyr faşist, Gan çaýkap, heşelle kakypdyr faşist... Şol bakjan ýerinde baky ot ýanyp, Lowlap dur, ähli göz şoňa bakyp dur. Göwnüme, şol gözleň göz ýaşyn alyp, Ol derýada suw däl, gözýaş akyp dur. Bibi AMANOWA. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |