18:38 Soñky ok / hekaýa | |
SOŇKY OK
Hekaýalar
Awçylygy özüne pişe edinmese-de kakam aýda-annada tüpeňini egnine atyp, şikara çykmagy gowy görerdi. Ok hatarly guşagyny biline guşap, guma ýa-da daga gidende aglaba menem yzyndan galmazdym. Awy şowsuz bolup oba dolanmaly bolanda onuň zeýrenjek gumany bolmaz. “Ähli zat nesibäňdedir, rysky bolsa basyp alyp bolýan däldir, ogul” diýerdi. Güýz paslynyň ilkinji aýydy. Ol wagt biz oýtakdaky gawun üstündedik. Birnäçe aý mundan ozal ýap-ýaşyl gollaryny ýaýyp ýatan biýaralar häzir saralyp ugrapdy. Biz gawun pazyllarynyň arasyndan güýz ternelerini ýygnaýardyk. Ýaşlyk ýyllarymyzda iýen gemirtgelerimiziň datly tagamy häzir hem agzymdan gidenok. Tämiz asmanda ýyly ülkelere göç edýän ötegçi guşlaryň toparyndan başga hiç zat görnenokdy. Olar hem bir salgym atyp, sähel salymdan gözden ýitip gidýärdi. Şol gezek asmanda toýnak gurap barýan durna kerweniniň ýoly ekinimiziň üstünden geçende, biz çagalyk adatymyza görä gol bulaýlap, uly gykylyk bilen olardan ýat illere “salam” ýolladyk. Şol wagt çaýyň aladasyny edip ýören kakam külbäniň ýanyna odun töňňürtgelerini ýygnapdy. Indi içeri girip, daşy garalyp giden gadymy mis tüňçäni meşikdäki suwdan doldurýardy. Ol biziň sesimize daş çykyp, toýnak gurap geçip barýan durnalary gördi. Şonda bir pursatlyk aw keýpine düşen kakam külbäniň dulunda asylgy ýeke nilli tüpeňini alyp çykdy-da, serdar guşy nyşana aldy. Emma mäşäni gysansoň, ok atan tarapyna seredip hem durman, ýaragyny ýygnap, atymlyk çaý almak üçin külbä girdi. Durna ok degerem öýtmedik bolarly. Biz bu sahna heýjan bilen tomaşa etsegem, tüpeňiň çasly çykan “ gürp” sesine tisginip gitdik. Ekabyrrak agalarymyň biri: -- Ýaşa! Bu gün çorbany aw etinden iýeris! - diýip, buşluk aýtmaga ýetişdi. Kerwenden çykyp, aşak inen serdar durna ekin meýdanynyň üstünden aýlaw edýärdi. Her gerekki aýlawynda onuň uçuşy pessaýlaýardy. Külbäniň öňüne patlap düşen janawar iki gözünden mahrum bolan eken. Şeýle-de bolsa ol uçjak bolup jan edýärdi. Ýöne boljak iş bolup suw seňrikden agypdy: seçme ok onuň owadan bedenini persala edipdi. Şol günden soňra kakamyň eline tüpeň alanyny gören bolmady. Bir sapar munuň sebäbini soranymda:“Şol durnaly wakany göwnüme aldym. Hiç ýadymdan çykaryp bilmedim” diýdi. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |