SOWET PASPORTY HAKYNDA ŞYGYR
Möjek dek
çeýnärdim
býurokratizmi men.
Mandatlara
hiç hormat ýok.
Gör ony,
bolsañ-da her hili,
her kagyzjyk sen,
küdümiñ kaýna git.
Emma men muny...
Kaýutlañ,
kupeleñ
syryp hataryn,
bimaýa çinownik
ýöreýär öñe.
Berýärler hemmeler
öz pasportlaryn,
Men hem
berýän gyzyl
pasportym oña.
Pasportlañ käsine
ýylgyrýar erin.
Käsine -
ýigrenji nazar salýarlar.
Iñlisleñ ýolbarsly başbiletlerin,
mysal üçin,
hormat bilen alýarlar.
Hiç aýyrman
bir garrydan gözüni,
üç epilip,
ýalnyp,
titredip syrtyn,
alýan dek çaý puly,
tutup özüni,
alýar olar
amerikalyñ pasportyn.
Geçiniñ
afişa garap durşy deý,
Polşa pasportyna
seredip,
epeý
görnüşinde
hem -
dikdüşdiliginde,
hamy galyñ
piliñ gödekliginde,
özlerniñ
polisiýa kütekliginde,
diýýärler:
- Täzelik,
nirden gelipdir,
ýer ýüzüne
neneñ peýda bolupdyr?
Hem galdyrman
gazan ýaly kellesin,
duýgusyz düñderlip,
ýeñsesin tüññerdip,
gyrpyllatman gözin,
çykarman sesin,
Alýarlar -
pasportyñ daniýalylañ,
hem hilleñ,
gaýrylañ,
şwed ýalylañ.
Birden-de
jenabyñ
gyşardyp erni,
agzyna
gyzyl köz düşen dek bolýar.
Jenap aldyrady
bilmän näderni,
çünki meñ
gyzyl gap
pasportym alýar,
Göýä ol
bir bomba
alýan dek alýar,
iki ýüzli,
ýiti päki alýan dek
alýar
hem-de
kirpi alan dek bolýar,
alýar -
haşlap, haýbat uran,
zäherini pürküp duran
uzyn bir ýylany
gysymlaýan dek.
Hammal gyrpyldatdy
öz duýgur gözün,
"Zatlaryñ
mugt hem
elteýin" diýýär.
Žandarma kürşertdi
jansyza ýüzün,
jansyz hem
žandarmañ
hökmüne taýýar.
Orak -
çekiç
şekli
ýüzüne çekilen
bu sowet pasportym
bolansoñ mende,
çekilerdim dara
ýenjilmek bilen
polisiýa jynsynyñ
keýp etmeginde
Möjek dek
çeýnärdim
býurokratizmi men.
Mandatlara
hiç hormat ýok.
Gör ony,
bolsañ-da her hili,
her kagyzjyk sen,
küdümiñ kaýyna git.
Emma
men muny...
Çykarýaryn
giñ jalbarmyñ, jübsünden
gymmat baha ýükden
bu nusgasyny men.
Okañ siz,
okañ siz!
Gitsin gözüñiz,
Sowet Soýuzynyñ
graždany men.
Terjime eden Durdy HALDURDY.
Goşgular