* * *
Selbiniň bir wagtky süýji-süýji arzuwlary barha salgyma öwrülip, ýitip barýardy. Indi ol maşynlyja şäheri aýlanyp ýörmeden-ä geçdi, howludanam daşary çykyp bilenok. Soňky günler Orazam: «Agşamky smenada işlemeli boldum», «Dostlarym bilen daňa çenli oturypdyrys» diýen ýaly dürli bahanalar bilen bir gün gelse, iki-üç günläp «ýitip» başlady. Käwagtlar-a: «Gulluk saparyna gitmeli» diýip, tutuş hepdeläbem garasyny görkezmän oňaýýar. Şeýle bolanda oňa iýer-içer ýaly zatlary Berdi diýen oglan daşaýar. Oraz öňünden habardar edensoň, Berdiniň ýygy-ýygy gelip, halyndan habar alyp ýörmesini Selbi geňläbem duranok. Gaýtam, Orazyň şeýle ýürekdeş dostunyň bardygyna guwanýar.
Ol Berdi bilen halys öwrenişibem gitdi. «Ýekelik Hudaýa ýagşy» diýleni. Käte onuň bilen gije bir çene barýança derdinişip oturýarlar. Şonda Selbiniň ýüki ýeňläp, derdi egsilen ýaly bolýar. Ýöne, gyryň daşy ýaly barha köpelip barýan soraglaryny welin, ne-hä Berdi kanagatlandyrýar, ne-de olara özi jogap tapýar. Köplenç, uzak günläp içini hümledip oturýan gelinde bolsa, soraglar köpelmese azalyberenok. Olar köpeldigiçe Selbiniň Oraza ynamy gaçyp barýar: «Dogrudanam, öýüni, ata-enesini terk edip gaýdan bolsa, nämüçin eşikleridir özüne gerek-ýarak zatlaryny getirenokka?! Näme üçin her gezek gulluk saparynda ýa-da dostunyňkyda bolanda, täze eşikli gelýärkä? Bu zatlar hakynda soraýsaňam jyzyrrygyna basylyp, sesine bat berip ugramasy nämedenkä?..». Her gezek pikir ede-ede bu sowallaryň aňyrsynda alasarmyk ýagdaýda galyberýär.
«Iňňe haltada ýatmaz» diýleni. Ahyr Selbi ähli sowallaryna jogabam tapdy, ýüreginem tutdy.
Bir gün Orazy «gulluk saparyna» ýollap, saçagy ýygnaşdyryp ýörkä derwezäniň batly-batly kakylmagy Selbiniň depe saçyny üşertdi. Yzyndan ejesi gelendir öýdüp, näme ederini bilmedi. Äpişgäniň perdesinden çalaja yşlap durşuna, hojaýyn aýal derwezäni açýança bir ölüp, bir direldi. Haçanda, derwezeden eli ýaş çagaly gelniň içeri ätlänini görende bolsa, ýeňillik bilen demini aldy: «Hernä ejem-ä däl eken. Ýogsam nädip onuň gözüne görnerdim!».
Onuň bu begenji uzaga çekmedi. Gelen gelni hojaýynyň myhmanydyr öýdüp eden çaky ýalňyş çykdy. Ol gelin garry bilen gysgajyk bir zatlar gürleşdi-de, göni bäriligine gaýtdy.
Selbiniň ýüregi basym bir zatlar syzdy. Ony ýüregi aldamandy. Bu gelin, hakykatdanam, Orazyň aýalydy...
Şol gün Selbiniň başyna ahyrzaman gopana döndi. Öňler aglap-aglap sowadýan içi barha ot aldy. Ömründe birinji gezek aňyna özüni heläklemek pikiri aralaşdy. Ol daş-töweregine garanjaklap, şkafyň çekerine elini ýetirdi. Gol boýy aş pyçagy alybam, ýüregine çenäp häzirlendi. Emma, hernäçe janyndan doýanam bolsa, öz-özüne tyg çekäýmäge gurby çatmady. Durdugyça, elleriniň sandyramasy artyp, ahyram pyçak ýere gaçdy. Ol krowata ýüzin ýykyldy-da, silkinip-silkinip aglamaga başlady. Barybir, Orazyň gelniniň aýdan sözleri aňyndan aýrylmady: «Beýdip biriniň gül ýaly durmuşyna awy gatanyňdan asylyp ölerler, jelep». Ýüregine ot bolup ýapyşan şu sözler onuň gulagynda gaýtalandy durdy, gaýtalandy durdy...
Ol şo ýatyşyna gapysynyň kakylýanynam birbada aňşyrmady. Daşardan «Selbi, ýatyrmyň?» diýen ses ony özüne getirdi. Selbi onuň Berdidigini tanap, çaltlyk bilen ýerinden galdy. Hasyr-husur gözýaşyny sylyp, gapyny açdy. Şonda ol garaňkynyň mazaly gatlyşandygyny duýup galdy.
Berdi bosagadan içerik ätläp-ätlemän, degşen boldy:
— Baý-bow, Selbi, sen-ä juda ukuçyl ekeniň. Ýarym sagad-a kakandyryn gapyňy.
Selbi Berdini görende hossaryna duşan ýaly bogazy hykga dolanam bolsa, syr bildirmezlige çalyşdy.
— Edil beýle däldir-le. Ýaňyja bir irkiläýen ekenim.
Berdi azykly toruny boşadyp durşuna, Selbiniň ýüzüne seretmän gürledi:
— Näme diýseňem, agşamara ýatmak halanýan-a däldir. Sähel gurby çatan näsagam namazşam uçurlary dikelip oturarmyş.
Selbini birdenkä horluk basdy:
— Wah, dikelip oturardan agyr meniň derdim, agyr-r-r!
Berdi hiç zatdan habarsyz kişi bolup, gözlerini tegeledi:
— Weý, weý, Selbi, o nä birden ejizläberdiň? — Ol ýeri bolsa-bolmasa ýene-de degşen boldy: — Ýa-da eýýäm Orazy göresiň gelip, bozulyp oturyşyňmy?
Selbi dişlerini gyjyrdadyp, sesini gataltdy:
— Tutma şonuň adyny. — Ol diwara ýüzüni berdi-de, aglap ugrady. — Aslynda meni şu günlere sezewar eden şo dälmi? Wah, bir gelsin entek...
— Näme, sözüňiz dagy azaşdymy?
— Nämämiziň azaşanyny senem bilmän duraňoksyň-la. — Selbi ähli gaharyny Berdiden çykarmak isleýän ýaly, ýigrenç bilen onuň ýüzüne seretdi: — Sen nämüçin aýtmadyň onuň öýlenendigini?
Berdi Selbiniň özüniň ýakasyndan ebşitläp tutaga-da, ýüz-gözünden penjeläbiýrinden ätiýaç edip, yza-yza götinjekledi.
— Weý, weý, Selbi. Sen nä ony soradyňmy?
— Soramamda aýtmaly dälmi?
— Duz kessin, men-ä özüň bilýämikäň öýdüpdirin.
Selbi ahmyr bilen ýüzüni penjeledi:
— A-ah!..
Berdi az salym näderini bilmän durdy-da, Selbä ýakynlaşdy.
— Hany, köşeşsene, Selbi. Bolan işe çäre ýok. — Ol getiren zatlaryna göz aýlap goýberdi: — Heý, ertirden bäri garbanyp-zat etdiňmi?
— Bokurdagyňdan zat geçermi bu işlerden soň?! Wa-ah, ölüpler gitsem bolmadymy!
— Beý diýmäweri, Selbi. Diliňden haýyr açarlar. «Öňüm gelenden, soňum gelsin» diýipdirler...
Selbi onuň sözlerini gap bilinden böldi:
— Soňum gelip bolaýdy öýdýän.
Orazyň ähli oýunlaryna belet Berdi içinden heşelle kaksa-da, syr bildirmedi:
— Ruhdan düşme, Selbi. Soňy gül ýaly bolar.
Ol gürrüňi tamamladym edip, Selbiniň taryna kakyp gördi:
— Men indi gaýdaýyn, Selbi. Barmaly ýerimem bar.
Misli ol gidip barýan ýaly, Selbi bada-bat garşylyk görkezdi:
— Gitme Berdi, biraz otur. Men gorkýan, özümi heläklärin öýdüp gorkýan.
Häliden şu söze garaşyp oturan Berdiniň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ýöne ol muny gizlemäge çalyşdy.
— Meniň işden çykyp gelşim. Sen beýdip suw-sil bolup oturjak bolsaň, meni aç gyrarsyň.
Selbi eli bilen gözýaşyny sylyp, naýynjar nazaryny Berdä öwürdi:
— Biraz oturaý, Berdi. Ynha men häzir naharyň ugruna çykaryn.
Selbi işe girişdi. Berdem gol gowşuryp oturmady. Sogan arassalap, kartoşka artdy.
Basym nahar taýyn boldy. Selbi bir jamy dolduryp getirip, Berdiniň öňünde goýdy-da, özem saçagyň beýleki gapdalyna çökdi. Berdi onuň özüne nahar getirmezligi bilen ylalaşmady.
— Özüň näme?
— Sen arkaýyn iýiber. Meniň işdäm ýok.
— Ýo-ok, onyň bolmaz. Sen iýmejek bolsaň, meniňem ýeke özüm symyşlap oturjak däl.
Ol nahary orta süýşüren boldy. Selbi onuň çynydyr öýdüp, özüne-de nahar guýup geldi.
— Indi iýiber, Berdi. Sen açsyň.
— Bolýar, ýöne...
— Ýönäň näme?
— Aý, şu gün bar keýpimi uçurdyň-da, Selbi. Eger garşy bolmasaň...
Öňem Oraz bilen gelip içişip ýörensoň, Selbi oňa bada-bat düşündi. Indi onuň üçin bu öýde içildi-içilmedi tapawudy hem ýokdy. Şonuň üçin, perwaýsyzlyk bilen elini şkafa salgap goýberdi:
— Alaý özüň, şkafda bardyr.
Birki stakany boşadandan soň, Berdiniň dili açylyp ugrady. Ol häliden kümşüldän bolup, güýmenip oturan Selbini gyssap ugrady:
— Beýdip iýşiňe aç ýykylarsyň Oraz gelýänçä. Iýsene biraz.
— Işdäm bolmasa nädeýin?!
— Şü-ýä işdäňi sogan iýeniňkä dönderäýýä. Guýaýynmy ýa bir gezek?
— Goýaweri, indi bir kemim şol meniň.
— Çynym, Selbi. Nädersiň ähli hasratyň zym-zyýat bolaýsa.
— Äý, onyň hasratymy ýeňledesi ýok-la. Diňe ölüp dynaýmasam.
Berdi Selbiniň biraz ýumşap ugranyna göz ýetirip, bulgura ýapyşdy:
— Beý diýme, Selbi, synap göräý!
— Ýok, ýok. Guýma maňa.
Berdi onuň garşylygyna-beýlekisine seretmän, bulgury pürepürläp uzatdy.
— Al, içip göräý. Soň ynanarsyň aýdanlarymyň çyndygyna!
— Ýog-eý, ömrümde agzyma alyp gören zadym däl. Içiber özüň.
— Öň içmedigem bolsaň, şu gün içip göräý. Arkaýyn-a ýatarsyň agşam.
Bolan işleri ýüregine sygdyryp bilmän oturan Selbi owarrama urdy:
— Içip biläýsem-ä... — Ol bulgury eline alyp, aragy ysgap gördi-de, ýüzüni kürşertdi: — Üwf-f, ys dagysyny.
Berdi hezil edip güldi.
— Görýän welin sen zor-ow, Selbi. Özümiz-ä şuny näçe içsegem, ysgap bilemzok.
— Ysgaman nädip içýäňiz?
— Dem alman, ine şeýdip. — Berdi gözüni ýumup bulgury başyna çekdi-de, nahara ýapyşdy. Birki çemçe nahary ötüginden ötürensoň, ýene-de Selbini gyssap ugrady: — Hany, beýdip ysgap oturma-da, bir zarbada göterip goýbersene.
Selbi uzak ikirjeňlenip durman, Berdiniň edişi ýaly gözüni ýumup, bulguryň düýbüne ýetdi. Birbada demi tutulyp, ögärli göründi. Beýle ýagdaýyň boljagyny öňünden aňyp, taýýarlanyp oturan Berdi bir bölek sogany Selbiniň eline tutdurdy:
— Al, şuny ysga!
Selbi birhaýukdan özüne geldi:
— Üwf-f, nämesine içişiňize haýran, şu zakguny.
— Ony häzir bilersiň.
Dogrudanam, sähel salymdan aragyň ajysy ýadyndan çykyp, Selbi özüni ýeňil duýup başlady. Göwnüne bolmasa, aladalaram sabaşan ýaly boldy.
Ýene bir gezek Selbä ýalbaryp içirmeli bolanam bolsa, soňky saparlar onuň özem garşylyk görkezip durmady. Diňe Berdiden özüne azrak guýmagyny towakga etdi.
— Bäý, Berdi, bü-ýä aýdyşyňdanam beter eken. Hiç dermanam şunça ýokdur. Ähli aladalaryňy edil el bilen syryp aýran ýaly, ýom-ýok edäýýän eken bi.
Selbi serhoş bolup ugrady. Şoňa görä, ýene-de çüýşä ýapyşan Berdiniň elinden tutdy.
— Berdi, maňa guýma indi.
Berdi onuň akja goşaryndan tutup, elini çüýşeden aýyrdy-da, bulgury doldurdy.
— Iň soňky gezek, seniň bagtly bolmagyň üçin içeli, Selbi.
— Ýok, Berdi, näçe içemizde-de indi men bagtly bolman. Meniň bagtymy Oraz ogurlan eken.
Berdi bulgury uzadyp durşuna:
— Ogurlanan bolsa taparys ony. Hany, al şunam — diýdi.
Selbi ýylgyryp Berdiniň ýüzüne seretdi:
— Goýsana oglan, öňem serhoş etdiň meni.
Berdi bulgury göterip Selbiniň gapdalyna geçdi:
— Alaý, Selbi. Iň soňky gezek, menem ýeke içmäýin.
Selbi onuň bulgurly elinden tutup yza iterdi:
— Indi başarman.
Berdi onuň egnine elini goýdy. Selbi serhoşlukda oňa ähmiýetem bermedi. Munuň özi Berdini has-da gylawlandyrdy:
— Içäýsene, Selbim.
Selbi gaharlanmady. Diňe geň galyjylyk bilen ýylgyryp, Berdiniň ýüzüne seretdi:
— Nämäm diýdiň? — Ol jak-jaklap gülüp goýberdi: — Wiý, masgara, Oraz biläýse näder?
Berdi ony gujaklap özüne çekdi:
— Oraz gulluk saparynda. Hiç zadam bilmänjik geçer.
Berdiden hiç haçan beýle hereketlere garaşmadyk Selbi üçin onuň soňky sözleri juda geň eşidildi. Ol häliden biraz aladalaryny ýeňletmek üçin içenem bolsa, Berdi pälini bozar öýdüp ýadyna-oýuna getirenokdy. Şonuň üçinem ol birden aýňaldy-da, Berdiniň gujagyndan sypmak isledi.
— Aýryl, nejis. Barybir, bolmaz.
Eýýäm ony bagrynyň aşagyna alan Berdi sypdyrarly däldi. Selbi bar güýjüni edip dyzasa-da, daýaw göwräniň aşagyndan sypyp bimejegine göz ýetirip:
— Aýryl, bolmasa gygyraryn — diýdi.
Berdi Selbiniň nar ýaly gyzaran ýaňaklaryndan agzyny aýyrman ýatyşyna, göwnübir gürledi:
— Gygyranyňda ikimizden başga eşitjek barmy?..
Edil onuň şu sözlerine garaşyp duran ýaly, gapy şarkyldap açyldy. Olaryň ikisem allaniçigsi bolup, ýerlerinden galdylar. Selbi iç işikde ganyny gaçyryp duran Oraza gözi düşende, tok uran ýaly boldy. Birbada aljyranam bolsa, ondan haraý gözledi.
— Sen goltugyň aşagynda ýylan saklapsyň, Oraz. Bi nejis saňa dost däl eken!
Ol ylgap baryp Orazyň gujagyna dolmak isledi. Emma batly şarpyk ony ýere ýazdy.
— Hä, meni gulluk saparyna ugradyp keýp çekýäňmi?
Selbi suw-sil aglap, emedekläp baryp Orazyň aýagyna ýykyldy:
— Oraz, düşün...
Oraz ony diňlemek hem islemän depip goýberdi-de, sesine bat berdi:
— Etmişiň üstünde tutulybam özüňi aklajak bolýamyň, ganjyk? Agzyňdan aragyň ysyny aňkadyp... — Gahary ýetjek derejesine ýeten kişi kimin, ol durşy bilen sandyrady: — Gaýdyp gözüme görnäýseň, kelläňi alaryn.
Soňra Oraz Berdiniň ýakasyndan ebşitläp tutup, bada şarpyk çalarly görünse-de, beýtmedi. Gahar bilen ony krowata garşy itip goýberdi-de, ýüzüne bir alarylyp seredip, hapa-hapa sögünjiräp, yzyna öwrüldi. Selbi ylgap baryp onuň ýoluny saklady:
— Oraz dur, taşlama beýdip. Men çaga garaşýan-a...
Oraz onuň elinden tutup südenekledip goýberdi:
— Kimden garaşýaň? — Ol Berdä tarap elini salgady: — Şundanmy? Rast, şundan bolsa, özem eýeçilik eder.
Ol gapyny batly ýapyp çykyp gitdi. Selbi onuň yzyndan elini serip galdy...
* * *
Selbiniň «Çaga garaşýan» diýmesi Orazy uly ünjä goýdy. Şonuň üçinem iş bilen seri bolman, iş otagynda iki ýana zowzanaklap ýörşüne Berdä garaşdy: «Ýogsa-da, ol näme üçin gelenokka? Ýa-da gepleşigimizi unudyp, işine gidiberdimikä?». Ol biygtyýar telefon trubkasyna elini ýetirdi:
— Alo, magazinmi? Bi, Oraz Gaýlyýewiç, söwda gözegçilik gullugyndan. Maňa Berdi gerekdi. Ä-hä, şeýlemi, heniz gelenok diýseňizläň...
Ol ähli gaharyny trubkadan çykarjak bolýan ýaly, ýigrenç bilen oňa seredip, şakyrdadyp goýdy. Jübüsinden akja nagyşlyja demir gapyrjak çykardy-da, bir çilim alyp ernine gysdyrdy. Birki gezek ajy tüsäni işdämenlik bilen soransoňam ynjalyp bilmedi. Burnundan goýry tüssäni burugsadyp, penjiräniň öňüne bardy. Hiç bir manysyz, adam akymyna seredip durşuna, «Mümkinmi, başlyk!» diýen sese hyrra yzyna öwrüldi. Ýyljyraklap duran Berdä gözi düşende, ýeňillik bilen dem alyp, çilimini küldana basdy.
— Köp garaşdyrýaň-ow.
Onuň sesinden nägilelik alamatlaryny mese-mälim duýan Berdi özüni aklamaga çalyşdy.
— Maňa galsa bir wagt gaýtjakdym-la, ýöne...
— Ýyly gujakdan sypmak kyn eken diýjek bolýamyň?
— Aý, ýok-la, başlyk. — Berdi kimdir biri bar bolaýmasyn diýýän ýaly, gapa tarap nazaryny aýlap goýberdi: — Ol-how, agşam tas özüni öldüripdi.
Oraz biparhlyk bilen ýylgyrdy:
— Şerraýlyk edýändir. Özüňe kast edäýmek ýeňil iş däldir. — Ol oturgyjyna özüni goýberdi-de, ýaltalyk bilen gerinjiredi: — Ýadyňdamy, öňkülerem birbada şeýderdiler, ýöne, kem-kem ykballaryna razy bolardylar. Bujagaşyňam şolardan üýtgeşik ýeri ýokdur.
— Diýseňem-ä başlyk, pyçagyny zordan aldym elinden. Uzak gijeläbem çirim etmän, leksiýa okap çykdym.
Oraz samsyklaç güldi:
— Göniňden geläý, leksiýa okadyňmy, ýa...
— Çypbakaý çynym, başlyk. Köşeşdirmek dert boldy. — Berdi it ýylgyrşyny etdi: — Ýöne ýene birazajyk arag-a içirdim. Özi diýdi-laý, «Getir, şu gün zäherem bolsa içjek» diýip.
— Şondan soňam hiç iş bitirip bilmediňmi?
— Ýok, başlyk. Özüne gaty bek eken.
— Ýo-ok, Berdi, seniň bu diýeniň bilen ylalaşyp biljek däl. Sen bilýäň-ä meniň şygarymy: «Göwnemez aýal bolmaz, oňarmaýan erkek bolar». Elimden hiç zat gelmedi diýäý sen. Ýogsam, düýn saňa aýdypdym-a, zorluk ulansaňam öz işiň diýip.
Berdi müýnli ýaly, başyny aşak saldy:
— Aý, hiç zat bolmady öz-ä...
— Zeleli ýok. Sarç malka münmäge çekinen bolsaň, ynha basym boýnar, şondan soň hakyňy alaýarsyň. — Oraz uludan dem alyp gürrüňiniň üstüni ýetirdi: — Meni başga zat iňkise goýýa. Göwrämde çaga bar diýdimi şol?
— Ony-ha soňam näçe sapar gaýtalady.
— Bä-ä, ine, şol problema.
Berdi mekirlik bilen gözlerini güldürdi:
— Bolmasa, dogurdaýsaň nädýä?
— O bolmaz. Şonsuzam agşam öýde goh bary turdy. Ýüz sapalak atyp, zordan sypdym. Oýun eder ýaly däl-how, gelnejeň bilen. Goşlaryny düwüp barýar, çagalara-da «Boluň, tiz geýniň» diýip. Gowusy, başga bir çykalga tapaly.
— Aýyrdaýmaly bolar-da.
— Şeýtmeli bor. — Oraz Berdiniň egnine elini goýdy: — Şol işem özüň boýnuňa al, dost. Gadyryňy bilerin.
— Razy bolarmyka? Agşamam çalarak ýaňzydyp göremde ör-gökden geldi, «Oraz meni ýere sokar» diýip.
— Bä-ä. — Oraz iki ýana gezmeledi: — Sen oňa şonyňy aýyrtmasaň Oraz gelmez diý. Barybir, ol indi çaganyň özüniňkidigine ynanyp bilmez. Aýyrtsaň welin, eýeçilik etjek diýdi diýäý.
— A, soňundan näme etmeli?
— Ony sen indi bilmeli däl. Depämize täze uçup geljek gumrujyklar üçin höwürtgäni boşatmaly.
— Onyň dogry-la...
— Dogry bolsa, ähli işi edil hamyrdan gyl sogran ýaly etgin. «Bu ýerini Orazyň aýaly bildi. Indi ol saňa hezil bermez, jaýyňy çalşaýmasaň» diý-de, Patmalara elt. Hemmesi gepleşilgidir.
Berdi düşündim diýen äheňde başyny atdy-da, sagadyna seretdi:
— Bo-how, işdenem-ä gijä galypdyryn.
— Ýeri, işjanly kişi bolan bolma. Sen aýdylanlar bilen bol, iş ýeriňe özüm jaň ederin.
Şu sözlere garaşyp duran Berdi kaýyllyk bilen baş atyp çykyp gitdi.
* * *
Berdiniň teklibine hernäçe garşy bolanam bolsa, «Oraz diňe çagaňy aýyrtsaň eýeçilik etmäge söz berdi» diýeninden soň, Selbide başga çykalga galmady. Hernäme-de bolsa, ýene bir gezek janyny barlap görmek isläp, gözýaşa gark bolup, özelendi:
— Çynyňy etseň ynandyryp bilerdiň-ä, ikimiziň aramyzda zat bolmadygyny.
Berdi göz-görtele ýalan sözledi:
— Wah, men ýüz gezek gaýtaladym ony. Çaga seňki, eýeçilik et diýip, ýalbarybam gördüm.
Selbi umydygärlik bilen Berdiniň ýüzüne seretdi.
— Heý, birazajygam ýüreginiň doňy çözülmedimi?
— Ýok, Selbi. Ikimiziň aramyzda zat bolmadygyna ynandyrsamam, «Özüne eýeçilik etjek, çagasy gerek däl» diýip ýer depip dur.
— O nämüçin?
— «Ýeri, seň bilen arak içişip oturan gelniň men ýokkam başga biri bilen ýatmajagyna kim kepil geçer?» diýýä.
Selbi geçen agşamky wakadan bäri Berdini itden beter ýigrenýänem bolsa, ýürejigini çöwürmäge çekindi. Birdenkä olam gahar edip çykyp gidäýse, başga tanşy barmy onuň. Şonuň üçin, hernäçe içi ot alyp duranam bolsa, dilini dişlemeli boldy.
— Wah, meniň özümi ýere soksaň. — Ol alaçsyz halda ýumruklary bilen taýly ýola maňlaýyna gütületdi. Herhal Berdä-de nägileligini ýaňzytdy: — Senem beýdäýmeli däldiň ahyr. Owal meniň ýananymy az gördüňmi, Berdi?!
Berdi öz müýnüni duýýan ýaly, ýüzüni aşak sallady:
— Aý, serhoşlugyň etdiren işi-dä. Özümem ökünip aňyrsyna çykyp bilemok indi.
— Gör-ä, nä günlere düşürdiň meni! Ilkinji perzendimden ýüz öwürmeli. A-ah...
* * *
Agşam garaňkyny mazaly gatlyşdyryp, Berdi ony howludan alyp çykdy. Selbi özi üçin düýbünden nätanyş şäherde ileri haýsy, gaýra haýsy anyklap bilmedi. Aslynda-ha, indi onuň üçin haýsy ugra barýanynyň kän bir ähmiýetem ýokdy. Diňe ol: «Maňlaýa ýazylanyny görübermeli bolar-da» diýen içgepletmeler bilen, gözlerini balkyldadyp, Berdiniň gapdalyndan galman barýardy.
Olar ep-esli ýöränsoňlar, Berdi ýaşyl reňkli derwezäniň gabadyna ýetip aýak çekdi. Nähilidir ýaýdanmaçlyk bilen daş-töweregine göz aýlady-da, derwezäniň gapdal sütünine berkidilen jaňjagazyň düwmejigine elini ýetirdi.
Mähetdel etmän içerden «şyp-şyp» aýak sesi eşidildi.
— Kimsiň?
Berdi Patmanyň sesini bada-bat tanady:
— Bi men, Berdi.
Derwezäniň kiçijik gapysy şyrkyldap açyldy. Patma olary güler ýüz bilen garşylap, jaýyna alyp bardy:
— «Ýagşy myhman aş üstüne» diýleni. Hany, saçak başyna geçiň bakaly.
Onuň şelaýynsyrap, içiňe-bagryňa girip barşy Selbä ýaramadygam bolsa, alaçsyz görkezilen ýerde çökdi.
Patma derrew olara nahar guýup getirdi. Gapdaldaky şkafdan bir çüýşe konýak bilen üç sany bulgury alyp saçagyň bir çetinde goýdy-da, Berdä ýüzlendi:
— Hany, Berdi, tanyşlyk üçin bir gezekden aýlap goýber.
Berdi çüýşäni açyp, bulgurlary öňüne çekdi. Selbi häliden gürlemän oturanam bolsa, özüne-de guýuljak bolýanyny görüp, dillenmän durup bilmedi:
— Maňa guýma, Berdi!
Patma Berdiden öňürtdi:
— Weý-weý, bolmaz-a ol. Bizem içip ýören adam däl. Ýöne, tanyşlyk üçin göteräýeli diýýäs.
— Hawa, Selbi, senem ýekeje gezek göteräý.
Selbi sesini çykarman aşak bakdy.
Üç bolup bir çüýşäni ýykanlaryndan soň, Berdi gaýdarman boldy. Ol mümkinçilik tapyp, Selbini bir gyra çekdi-de:
— Indiden beýläk şu ýerde ýaşamaly borsuň, Selbi. Patma gaty göwnaçyk gelindir. Aýdany bilen boluber, hor etmez — diýdi.
Selbi hiç zada düşünmän, eginlerini gysdy:
— O nähili aýdany bilen bolmaly?
Berdi özüniň ýalňyşandygyna basym göz ýetirip, sapalaga ýüz urdy:
— Utanyp-çekinip ýörme diýýän. Ýaşajak jaýyňam özi görkezer. Öwrenişip gidersiň.
— A, Oraz meniň bu ýerde ýaşaýanymy bilermikä?
— Bilmän näme, olam geler bahym. — Berdi ugramakçy ýaly etdi-de, bir zat ýadyna düşen ýaly, yzyna öwrüldi: — Hälki meselämizem Patma düzeder. Özi ökde onuň.
Şeý diýip ol Selbi bilen hoşlaşdy-da, howla çykdy. Ony Patma derwezä çenli ugradarman boldy.
— Bujagaş getireniňizem erbed-ä däl eken.
— Heý, biziň erbedini getiren gezegimizem boldumy?
— Beý diýjek bolamok men. — Patma derwezä ýetip aýak çekdi: — Ýöne, çagasyny aýyrmak meselesini iki-üç gün yza tesmeli boljak-da.
— O nämüçin? Birden aýyrmakdan geçişäýmesin?
— Hiç zadam bolasy ýok. Gaýtam, bu gün ony boýnadarys.
— Bolýa, özüňiz gowy bilýänsiňiz.
Patma Berdini ugradyp gelenden soň, Selbini yzyna tirkäp, otaglaryň birine alyp bardy.
— Ine, şu jaý seniňki bolar. Ýöne arassaja saklagyn.
Selbi sesini çykarmazdan, ýuwaşja başyny atdy. Şondan soň oňa Patma ýene-de kän zatlar barada aýtdy. Bäş günlük dünýäde hiç hili gussa batman, keýp çekip, mes ýaşamalydygyny gaýtalap-gaýtalap ýanjady. Ýüregindäki ähli pikirlerini welin, açyk pyşgyrmady. Ol ahyram: «Men soňrak aýlanaryn» diýip, çykyp gitdi.
Selbi, ozalky ýaşan ýerinden tapawutlylykda, bu ýerde gyzlaryň känligine begendi. «Kireýine ýaşaýan okuwçylardyr. Indi içimem gysmasa, gysmaz» diýip, öz ýanyndan pikir öwürdi. Ol şeýle içgepletmeler bilen, otagyň içini tertipleşdirip, krowata özüni goýberdi. Gözlerini potologa dikip ýatyşyna-da, Oraz barada pikire çümenini duýman galdy...
Edil aýdyşy ýaly, kän eglenmän, Patma ýene-de geldi. Sähel salymda içeriniň gül pürkülen ýaly edilendigini görensoň, begenjini daşyna çykarman durup bilmedi:
— Tüweleme, sen-ä işeňňir ekeniň. — Ol bir gyrada duran oturgyjy özüne çekdi-de, gürrüňini dowam etdirdi: — Men-ä gaty begenäýdim.
Selbi dikelip oturdy-da, çekinjeňlik bilen aşak bakyp:
— Üýtgeşik eden işim ýok-la. Öz ýaşajak jaýyňy sygyr ýataga öwürseň, aýyp bor-a — diýdi.
— Dogry aýdýaň, Selbi. Aýal maşgala ilki bilen arassaçylyk zerur. — Patma oňa nebsi agyran kişi bolup, Oraza igendi: — Wah, seň ýaly maşgalanyň maňlaýyna gara çekip, Orazam baýnamaz indi.
Orazyň ady tutulanda, Selbi ýalt edip Patmanyň ýüzüne seredenini duýman galdy.
— Siz o zatlary nireden bilýäňiz?
— Häli Berdi aýtdy. — Ol kem-kemden Selbiniň daşyna toruny aýlamaga başlady: — Elbetde, kysmatyňdyr-da. Maňlaýa ýazylanyny çekmeli bolýa bi ýalançyda. Mümkin, bagtyňy açjak biri tapylaýady-da.
Selbi göwnüçökgünlik bilen ysgynsyzja dillendi.
— Häý näbileýin. Meniň-ä erkeklere ynamym galmady indi.
— Eý diýme, Selbi. Olaryňam içinde merdi kändir.
— Merdäm Oraz boljak bolsa...
— Hemme kişi Oraz däldir. — Patma gönüläp goýbereninem duýman galdy: — Ine, ýaňy geleňde bir ýigit görüpdir seni. Şol-a çyny bilen aşyk bolupdyr eýýäm. — Ol gürrüňi ýitileşdirmezlik üçin, jak-jaklap gülüp goýberdi: «— Şo gelin bir ýylgyryp baksa, barja baýlygymy bagyş etjek» diýýä.
— Ýog-eý, goýaweriň, bagt baýlykda däl eken.
— Ýalňyşýan bolaýma, baýlygyň bolsa bagtyň gitjek ýeri ýokdur. Men-ä şoňa razy bolaýsaň, maňlaýyň açylar ötägider öýdüp durun.
Onuň sözleri Selbä ýokuş degdi.
— Bagyşlaň, men bu ýere är gözläp gelmändim.
— Her näme diýseňem, erkek ysyny alaňsoň ýeke ýatmak ýeňil-ä däldir ýaş başyňa.
Patmanyň barha ýoknasyzyna tutup barýanyny duýup, Selbi sesine bat berdi:
— Siz meni günüme goýuň ýa-da Berdini çagyryp beriň!
Patma geň galan kişi boldy.
— O-ho, görýän welin, sen gaty dillije öýdýän. Heý, bir gidensoň Berdi gelermi? Onsoňam, o näme, saňa hiç zat duýdurmadymy?
Selbi jogaba derek onuň özüne sowal berdi:
— Näme duýdurmalydy?
— Meniň öýümiň düzgünini.
— Aýdanok. Aýdaýanam bolsa, men onuň bilen razylaşmazdym.
Hojaýyn aýal onuň sözlerine göwnibir jakgyldap güldi-de, açyk hüjüme girişdi.
— O nä, maýmyn öz hoşuna oýnaýandyr öýdýämiň? Şu öýde meniň sözüm kanun, şony bilip goýsaň ýagşy.
Selbi çaltlyk bilen ýerinden turdy-da, bukjasyny eline aldy:
— Maňa beýle öý gerek däl. Derwezäni açyň, men gitjek.
Selbi hernäçe haýbatly gürlese-de, onuň sözleri Patmanyň piňine-de däldi. Gaýtam, şol bir içýakgyç ýylgyryşyny etdi.
— Ilki bilen-ä men seni süýräp getirmedim bu ýerik. Öz aýaklaryň bilenjik geldiň...
Selbi onuň sözlerini agzyndan kakyp aldy:
— Meni aldapdyrlar, nejisler...
Ol gözlerine ellerini ýetirdi. Ýöne onuň üçin Patmanyň ýekeje tüýem gymyldamady, rehimem inmedi.
— Nädip getirenlerini bilemok. Onsoňam, bilip goý, bu howla girmek ýeňilem bolsa, çykaýmak juda kyndyr.
— Siz meni gorkuzjak bolýaňyzmy?
— Ýok, bolşuny aýdýan.
— Eger şeýle bolsa, men milisiýa habar ederin.
Patma onuň sözlerine hezil edip güldi.
— Onuň üçin-ä howludan daş çykyp ýörmegiň zerurlygy ýok. — Ol oturan ýerinden üç gezek aýalaryny biri-birine batly urdy. Mähetdel etmän, milisiýa eşikli ýigit iç işikde peýda boldy. Hojaýyn aýal oňa ünsem bermän, Selbä seretdi: — Göwnüňdäkini arkaýyn aýdyp bilersiň.
Selbi tora düşenine magat göz ýetirip, möňňürip goýberdi:
— Nejisler...
Patma Selbiniň silkinip-silkinip aglaýşyna ähmiýetem bermän, öz teklibini gaýtalady.
— Ýeri, razylaşýaňmy, keýgim?
Selbi onuň ýüzüne ýigrenç bilen seretdi:
— Ýok, ölsemem razy bolman.
Patma:
— Görýän welin, seniň akylyň üýtgäp ýör öýdýän — diýdi-de, iki sapar çapak çarpdy. Bu gezek ak halatly, eli şprisli ýigit içeri girdi.
Ony görüp Selbiniň zähresi ýaryldy:
— Näme etjek bolýaňyz? — Ol naýynjar nazaryny milisiýa eşikli ýigide öwürdi: — Beýtmäň-ä, rehim ediň!
Oňa rehim eden tapylmady. Patmanyň ümlärine mähetdel, men diýen deşli ýigitler Selbiniň ellerinden mäkäm tutup, krowatda ýatyrdylar. «Lukman» sanjymyny tamamlansoňam, bada-bat onuň ellerini goýberäýmediler. Az salym urnan Selbi ahyr hiç bir hereketiniň netijesizdigine göz ýetirdimi ýa-da sanjymyň täsirine meýmiräp ugradymy, çabalanmasyny bes etdi.
...Selbi daňdana golaý özüne geldi. Şonda özüniň döşleri gapak ýaly erkek kişiniň gujagynda ýatandygyny görüp, haýýaty göçdi. Hasyr-husur ýerinden turjak boldy. Emma birhili ysgynsyzlykdyr biliniň aşak ýanynda peýda bolan ýiti agyry onuň bu niýetini başa bardyrmady. Ol agşam özi bilen nämeleriň bolup geçendigini aňynda aýlanda, demi-demine ýetmän, sojady. Hernäme-de bolsa, yzasyna döz gelip, hyk-çoklap ýerinden galdy-da, eşiklerini geýdi.
Bir atyz ýer depen adamyň surnukdyryjy işden soň agyr uka gidişi ýaly, ýuwaşja hor çekip, dünýäni bilmän ýatan orta ýaşlaryndaky kişä ýigrenç bilen seretdi-de, ony oýatmajak bolup, ýuwaşjadan gapynyň tutawajyna elini ýetirdi. Onuň gulplanandygyny bilensoň, hyrçyny dişläp yzyna öwrüldi. Birdenem nazary stoluň üstünde ýatan açara kaklyşdy. Ol açary garbap aldy-da, usul bilen gapyny açdy.
Daňdanyň alagaraňkysynda, heniz hiç kimiň örlemändigini bilende, onuň ýüregi biraz aram tapdy. Wagty elden bermän, daraklygyna basyp, derwezä tarap ylgaşlady. Ýöne, pikir edişi ýaly, derweze ýapyk eken. Selbi çaltlyk bilen daş-töweregine ýaltaklady. Haçanda howlynyň haýatynyň düýbüne basylgy ýaşiklere gözi düşende, ýeňillik bilen dem aldy.
Onuň niýeti başa barmady. Misli şu pursada garaşyp duran ýaly, batly açylan gapydan iki sany daýanykly ýigit çykyp bäriligine ylgap gaýtdylar-da, ýaňy haýata ellerini ýetiren gelniň aýagyndan ýapyşdylar. Göz açyp-ýumasy salym geçip-geçmänkä-de, onuň gykylygyna-beýlekisine seretmän, bir jaýa getirip okladylar.
Selbi howlynyň düzgünini bozmaga synanyşandygy üçin, mazaly jezasynam çekmeli boldy. Endam-jany gök-dalak edilen gelin, uzakly gün ýerinden galyp bilmedi. Şonda-da onuň halyndan habar alanam bolmady, duýgudaşlyk bildirenem. Diňe onuň özi aglap, özi diňdi. Mejaly ýetdiginden özüni şu günlere sezewar eden Orazdyr Berdä gargyndy.
Agşamlyk gapy açylyp, Patmanyň göwresi göründi. Selbi ýigrenji ýüzi görmejek bolup, ýatan ýerinden kynlyk bilen diwara garşy öwrüldi. Patma oňa ähmiýetem bermän oturgyja geçip oturdy-da, azmly gürledi:
— Bir gijede bu howlynyň düzgünini unudaýypsyň öýdýän, hä? Eger-de ýene-de bir gezejik synanyşaýsaň, dünýä inmedik ýaly bolarsyň, tula.
Selbi oňa ýagşydan-ýamandan gep gaýtarmady. Patma onuň jogabyna mätäç bolubam gelmändi. Şonuň üçinem sözüne azajyk dyngy berdi-de, elindäki suratlary Selbiniň üstüne oklap goýberdi.
— Al, gör. Mümkin, bu suratlary ejeňe ýollamalydyr.
Selbi özüniň çuw ýalaňaç erkek kişi bilen ýatan suratlaryny görende haýýaty göçüp, ähli yzasyny ýadyndan çykardy. Gaharyna bäs gelip bilmän, suratlary jyrym-jyrym etdi.
Onuň bu hereketlerini äwmezeklik bilen göz eleginden geçirip oturan Patma içýakgyç güldi.
— Olary ýyrtanyň bilen, plýonkany näme etjek, ganjyk?
— Ah, nejisler maňlaýym-a garaltdyňyz...
— Ýok, kemçin, seniň özüň garaltdyň maňlaýyňy. Indi saňa bir edip biljek kömegim, ejeňe sag-aman, wagtyhoşlukda gezip ýörendigiňi habar edip biljek. Goý, ol suratlary synlap, öz gyzynyň nähili gowy durmuşda ýaşaýandygyna göz ýetirsin.
Onuň sözlerini eşidip, Selbi otly köýnek geýene döndi. Ylgap baryp Patmanyň eline ýapyşdy.
— Gözüňe-başyňa döneýin, Patma, ejemiň bir bagryny paralamaň! Meniň ýananym besdir, o görgüli bir köýmesin. Ýalbarýan, Patma, iberme suratlary!
— Ol seniň özüňe bagly.
— Ibermeseň bolýa, özüme bagly ýerine men razy. — Selbi möňňürip goýberdi: — Ine, men. Isleseňiz etimi çişe düzüp iýiň. A-ah, bagtym...
Patma çalaja ýylgyrdy...
* * *
Suratlar hiç ýere ýaýradylmadygam bolsa, kän wagt geçmänkä obada ýene bir täzelik tüweleý ýaly bolup aýlandy: «Selbi halys bozulanmyş. Äri bilenem aýrylyşyp, bir topar kemçiniň toparyna goşulanmyş...».
Bu gürrüňler, öňem gyzy gaçaly bäri bir gününi aýak üstünde ötürse, hepdeläp düşekde ýatyp geçirýän Näzik ejäni halys burup taşlady. Şondan soň ol gaýdyp ýerindenem galmady.
Amanadyny tabşyrmazynyň öň ýany hossarlary daşyna üýşende-de: «Şol ady ýiteni patama-da getiräýmäň» diýip sargyt etdi.
Näzik eje gözüni açyp, jan berdi. Ýas ýerine Selbini getirmezlik üçin hiç kim kösenmelem bolmady. Çünki onuň ejesiniň ýogalandygyndan habaram ýokdy. Bu wagt ol haram keýpiň humaryna meýmiräp, bir nätanşyň gujagynda ýatyrdy...
* * *
Şu näletsiňen jaýa geleli bäri ep-esli wagt geçenem bolsa, ne-hä Orazdan derek boldy, ne-de Berdiden. Selbi ilki-ilkiler Orazyň ýoluna gijeler ýatman, göz dikip garaşdy. Hiç bolmanda şu dowzahdan alyp çykar diýip kän umyt etdi. Ahyram ähli zada göz ýetirip, tamasyny tala daňmaly boldy.
Bir gün goňşy otagda ýaşaýan Zeýnep diýen gyz bilen ikiçäk derdinişip otyrkalar, oňa ähli zat aýan boldy. Özüniň keç ykbalyndan zeýrenip, gözýaşa gark bolan Zeýnebi diňledigiçe, Selbi üşetme tutýana döndi. Gahardan ýaňa elleri sandyrap, onuň gürrüňiniň soňuna çenli çydam etmäge takady ýetmedi:
— Kim ol namart, Zeýnep?
Zeýnep gussaly nazaryny ýere dikdi:
— Kim bolanda-da, indi onuň tapawudy ýok, jora jan.
— Beý diýme, seniňem ykbalyň edil meniňki bilen bir almany iki bölen ýaly meňzeş eken. Ynha, meni Oraz diýen bir ýerçeken şu güne düşürdi.
Zeýnebi tok uran ýaly, tisginip gitdi:
— Ak maşynlyjamy, Berdi diýen dostam barmy?
— Edil özi — Selbi aňk-taňk bolup, onuň ýüzüne seretdi: — Sen nireden tanaýaň olary?
— Wah, derdimi gozgama, dogan. — Zeýnep gahar bilen hyrçyny dişledi: — Üç ýyl mundan ozal menem şu güne düşüren şo ýerçeken-dä.
— Nä-me?!. — Selbi doňup galdy.
— Hawa, jora jan. Sen geň galma. Bu ýerde bäş-alty ýyl bäri ýoluna göz dikip oturanlaram bar, o ýeruwdanyň.
Selbi ahmyr bilen saçlaryny penjeledi.
— Onda bize bu dowzahdan gutulma ýok-da?
Zeýnep parhsyzlyk bilen jogap gaýtardy:
— Gutularys. Ýöne gülümiz tirilip, bazarymyz sowlansoň...
* * *
Ýyllar biri-birine tekge berip geçip gitdi. Bir gün, Zeýnebiň aýdyşy ýaly, Selbinem boşatdylar. Özem onuň islegi boýunça däl-de, şu howlynyň kadasyna görä rugsadyny berdiler. Bir wagtlar erkinligi näler küýsän Selbi, bu günki gün boşadanlaryna begenmedi. Tersine, «Meni kowmaň!» diýip, özelenipler aglady. Emma şu ýerik ilki gelen gijesi: «Rehim ediň, meni goýberiň!» diýip gözýaş edende hiç kimiň diňlemeýşi ýaly, bu gezekki ýalbarmasyna-da gulak gabardan tapylmady. Gaçmaga synanyşan sapary güýç bilen içeri salyşlary kimin, ýene-de iki sany daýaw ýigit ony güýç bilen derwezeden daşaryk idenekledip goýberdiler.
Onuň häzirki bolşy jüýjeliginden kapasda saklanyp, garransoň erkinlige goýberilen birgüdiňkiden enaýy däldi. Şonuň üçinem ol derwezäniň öňünde bir salym näme etjegini bilmän sadylla bolup durdy-da, mytdyldap ugrady. Nirä, haýsy ugra barýanyny welin, bu wagt onuň özem bilenokdy. Öňünden çykýanlaryň hiç birine ähmiýet bermän barşyna, hol çetde adamlaryň hümer bolup durşy ony özüne çekdi. Haçanda olaryň «sary sygryň» töweregini gallaşyp, piwo içişip oturandyklaryny bilende bolsa, gaýta-gaýta ýuwdundy. Elleri biygtyýar goltugyndaky köneje sumkasyna uzady: «Öz-ä ep-eslije bolmalydyr. Bolmasa Patma agyz dolduryp: «Gazananlaryňy şu sumka salýan» diýmezdi ahyryn».
Pikir edişi ýaly, sumkajygyň içi mäjumlanyp taşlanan pullardan doludy. Olary görüp, ýüregi biraz aram tapan Selbi uýala-gorka adamlara tarap ýakynlaşdy.
Selbiniň sumkasyndaky pullara gözi düşen orta ýaşlaryndaky hor kişi derrew oňa hossar çykdy. Ony özüniň oturan kerpijinde oturdyp, iki bokaly piwodan pürepürläp getirdi.
Birki bokaly boşadanlaryndan soň, olaryň gepi alşyp ötägitdi. Garaört ýüzüniň çekgesi gögerip, nury öçüşen gözleriniň gabaklary ýellenip duran pyýada Selbä ýeke ýaşaýandygyny aýdyp, özüni Görogla deňedi, ony Agaýunus perä. Şeýdibem, sähel salymda aşyk-magşuk boldular. Olar keýplerini mazaly köklänsoňlar, biri-birine tekge berip, öýlerine gaýtdylar.
Ikisi öz ýanlaryndan goş birikdirselerem, öýüň içi tüw-takyrdy. Aslynda-ha, öý-goş diýen zadyň geregem ýok olara. Gözlerine çakyrmydyr piwodan başga zat görünmeýän «täze çatynjalar» hä diýmän Selbiniň gapjygynam bilbiliň ketegine dönderdiler. Şondan soň, hernäçe hoş ýakmasa-da, öýüň erkegi «gazanjyň» ugruna çykdy. Soňabaka onuň uzak günläp el serip ýygnanjasy ikisiniň agzyna ýetmän başlady. Şunlukda ol Selbä-de mugt iýip-içip ýatman, dilegçilige gitmegi buýurdy. Selbi oňa ilkibada garşylyk görkezdi. Emma ärsumagy özüne ne arak, ne-de çörek bermän başlansoň welin, alaçsyz köçä çykmaly boldy...
* * *
...Öwez aga agtyjagy bilen bazardan çykyp gelýärkä, ýene-de hälki ýere göz aýlanyny duýman galdy. Ýanan töňňe ýaly bolup, henizem butnaman oturan gedaý aýala nazary kaklyşan dessine, ini jümşüldäp gitdi. Aňynda: «Men Selbi däl. Bar, başga ýerden gözle Selbiňi» diýen sözler biygtyýar gaýtalandy. Öwez aga duýdansyz serine dolan pikirleri kowmak üçin gedaý aýaldan nazaryny sowdy-da, ädimini gataltdy: «Käşgä, şo bolmasaň!..».
Awgust, 1990 ý.
Döwran AGALYÝEW.
Powestler