15:40 Söýgi sütemi / powest | |
Söýgi... Durşy bilen jada ýugrulan bu sözüň lezzetem ýeterlik, ezýetem. Ol özüne ýürekden uýýanlary hemişe süýjülikden gandyrsa, ikilik edenleri bütin ömrüne ökünip gezer ýaly edip bilýär. Durmuşda söýgi ýaly mukaddes zady maşyn, baýlyk bilen ölçäp ýörenler azmy eýsem?! Gynansagam, ýaş gyzlaryň arasynda-da, şeýle pikirler bilen söýgä ikilik edýänler ýok däl. Elbetde, olaryň aglabasy «suw seňrikden agansoň», düzedip bolmajak ýalňyş ädim ädendiklerini duýup, maňlaýynam tutýarlar. Emma... söýgi soňundan bagyşlamaýar. ▶ SÖÝGI SÜTEMI Ötene-geçene el serip oturan maýyp-müjripdir-uw, epeý-epeý kişilere halys öwrenişilenem bolsa, täzelikden bäri uly bazaryň girelgesiniň öňünde peýda bolan gedaý aýal köpleriň ünsüni özüne çekdi. «Eý-ho, nä döwür-nä zamana boldy bi. Türkmeniň ar-namysyna deňäp, baýdak edinen zenanlary nire, gara şaýa hantama bolup beýdip oturmak nire?», «Heý, bu bagtygaranyň ogul-gyzy, dogan-garyndaşy ýokmuka?», «Urşam gördük, açlygynam. Ýöne beýdip el sereni görmändik, toba-toba...». Her kim bir zat diýip içini hümletdi. Käbiri-hä, baryny-ýoguny bilmeselerem, ýeke garra eýeçilik edip bilmedik nalajedeýin perzentleri ýerden alyp, ýere sokdy. Emma hiç kim oňa bolan duýgudaşlygynam, gynanjynam dörän ýerinden çykaryp, diline alaýmaga het edip bilmedi. Onsoň, içki duýgularyny sap-sary birlige öwrüp, garrynyň öňündäki kir-kimirden ýaňa haýsy reňkdedigem saýgardmaýan köneje ýaglyga oklap geçiberdiler. Aslynda garry diýer ýaly alty-ýedi onlugy arka atanam däl ol. Ýöne, ukusyny alyp bilmedik adamyňky kimin, mydama ýellenip duran gabaklary, bir ýany sallanan ýüzüniň joýa-joýa gasynlary, kä ýerine ot düşüp deşilen ýelýyrtan ýaglygynyň aşagyndan çogup çykyşyp duran, ömründe darak garasyny beri gördümikä diýdirýän çuw-ak saçlary orta ýaşly aýalyň keşbine garrylyk alamatlaryny mazaly çaýyp bilipdir. Muny onuň özem aňman duranok: «Goý, garry diýsinler. Ýogsamam, indiden soň halanjak aladam ýok meniň. Pul, diňe pul berseler bolýar». Oda oklasaňam tütemejek sal-sal eşiklere çümüp oturşyna, uzakly gün şeýle oý-pikirlere gümra bolup, öten-geçene-de üns bermez. Diňe, güýz ýapragyna meňzäp, her gezek ýaglygyna gaýyp düşýän puly görende çalaja bir başyny galdyrar-da, eşidiler-eşidilmez bir zatlary mydyrdap, elini ýüzüne ýetiren bor. Şeýdibem onuň-a bir manady iki bolar, jomartlyk satanyňam ýüregine giňlik aralaşar. Zenan maşgalanyň dilegçilik edip oturşy, bäş-alty ýaşlaryndaky agtygynyň elinden tutup, peýwagtyna bazary aýlanyp ýören çopanpisint ýaşulynyňam nazaryndan sypmady. «Şäher ýerinde her zat görjeg-ow gözüň». Ol aňyna dolan pikirlere bendi bolup, biygtyýar elini jübüsine ýetirdi. Epin düşmedik gyzyl onlugy çykarybam, aýalyň öňündäki ýaglyga oklady. Beýle jomartlyk setanda-seýranda bolýan borly, gedaý aýal beg kişiniň kimdigini tanamak islän ýaly, ýalpa başyny galdyrdy. Şol bada-da özi bilmezden «hiýh» edip içini çekdi-de, ýüzüni aşak sallady. Şondan soň hernäçe parahat bolmaga çalyşsa-da oňarmady. Jaýryk-jaýryk ellerini başyndaky ýaglygyna ýetirip, düzedişdiren boldy. Köýneginiň ýerde ýazylyp ýatan eteklerini ýygnaşdyrdy. Gedaý aýalyň gaýa-gopuz ýok ýerden, birdenkä oda-köze düşüşi pul oklan adama-da täsirini ýetirdi. Ol öz ýoluna ýöräberjek ýaly etse-de, bir zatlar ýadyna düşen dek kürtdürip, yzyna gaňryldy: «Şomuka, janlarym? Öz-ä tanyş gözler». Doňan ýaly bolup öz-özüne sowal berip durşuna, onuň ýüreginiň tirpildisi güňçlendi: «Eý, Alla, meniň gözlerime nämeleri görkezýäň?! Bi hut şonuň özi ýaly-la...». Ol sähel salymda kalbyny gaplap, ýüregini sarsdyran harasadyň girdabyna düşüp, nähili dil ýaranynam duýman galdy: — Selbi... Indi näçe ýyldyr «Sonýa, Sonýa gedaý» ýaly sözlere öwrenişip giden aýal, ata-enesiniň eý görüp dakan adyny eşidende, ýyldyrym uran dek tisginip gitdi. Onuň buýr-bulaşyk aňynda öz adynyň nähili owadan, nähili mähirlidigi baradaky pikir, birinji sapar at salyp geçdi. Şonda-da «Hawa, men şol» diýäýmäge welin, dili öwrülmedi. Gaýtam, gapyllykda üstüni basdyran ogry kimin elini daldalatdy: — Men Selbi däl. Ýok, ýok, git, başga ýerden gözle Selbiňi... — Tanamadyň öýdýän, Selbi? Bi men, Öwez... — Ýok, ýok, Öweziňem tanamok, beýlekiňem. Näçe gezek aýtmaly saňa, men Selbi däl diýip. Öwez aga birdenkä onuň şerraýlygyna tutdurybermeginden ätiýaç edip, ahmyrly hyrçyny dişledi-de, başyny ýaýkady: — Käşgä, şo bolmasaň... — Ol yzyna serede-serede ýoluny dowam etdirdi. Jedirdäp bir zatlar soraýan agtygyna ýagşydan-ýamandan hiç bir jogap bermän barşyna-da, adamlaryň arasyna siňip gitdi... * * * Mazaly garaňkyny gatlyşdyryp işden gelen Näzik, yzysüre eýwanda peýda bolan Perman poçtany görende, gorky bilen gözlerini tegeledi. Ümbilmez çagajygy bilen bir özi ýaşaýan dul gelniň aňynda dürli pikirler at saldy. Nämedir bir zatlar diýjek bolup, onam aýtmagyň ebeteýini tapman, dodagyny müňküldedip duran Permandan eýmenjine, ýaňy egninden düşürip, eýwanyň bir çüňkünde goýan kätmenine tarap süýşenekläp, azmly gürledi: — Namazşamyň şagaly ýaly bolup, iliň gapysynda sümsünip ýörmäge utanaňokmy? Perman poçta ýaýdanjyrap durşuna bir zatlar diýjek bolup sakawlady: — M-men, men... Başga pikirlere küýüni aldyran Näzik has-da gazaplandy: — Häzir goňşulary örüzmänkäm gümüňi dart, şü ýerden. Gaýa-gopuz ýok ýerden Näzigiň howsala düşüşine Perman poçta güljeginem bilmedi, gaharlanjagynam. Ýüzüni çapady ýaly gyzardyp, zordan dil ýardy: — Saňa hat bar, Näzik... — Ol eplengi kagyzy aňalyp galan gelniň eline tutdurdy-da, çaltrak garasyny saýlamak bilen boldy. Perman poçtanyň alakjap durmasy ýöne ýere däldi. Öňem beýle-beýle hatlaryň birnäçesini paýlap gören poçtalýon ýigidiň ýüregi alnypdy. Sakanaklaýşynyňam, sazanaklaýşynyňam sebäbi şol onuň. Misli ogullarynyň ýa-da ýanýoldaşlarynyň ölümine Perman günäkär ýaly, hemişe gargynç ýamanyny eşitmeli bolýar. Şonuň üçinem, ýagdaýyny tapyp hatyny gowşurdygy, ýumluganyny kem görenokdy. Onuň bu gezekki üç burçluja kiçijik bukjasy-da özi bilen uly hasrat getirdi. Urşuň gutararyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp, süýji-süýji arzuwlaryň kölünde gulaçlap ýören gelniň bar umydyny, bukja açylaýan mahaly onuň içinden çykan göze görünmez gara ýel syryp-süpürip ötägidene döndi. Içi köwlen agajyň güýçli şemala tap getirmeýşi ýaly, aýylganç gara ýele öwrülen bir jümläniň zarbam Näzigi düýbi çapylan derege dönderdi. Şoldur-da-şoldur, Näzik tutuş bir aýlap düşekden galyp bilmedi. Hälem, ilçilik bir gowy zat, derdini deň paýlaşdylar. Her kim bir zat diýip göwünlik berdi. Şeýle hatlaryň hemmesiniň dogry bolup durmaýandygyny ýaňzydanam tapyldy arasynda. Ana, şeýdip kem-kem onuň göwnüne giňlik aralaşdy. Içini hümledip, öz-özüne teselli berdi: «Dogry aýdýa adamlar, uly goh gidip durka ýalňyşman bolmaz. Bi-de bir ýalňyşlykdyr. Mergen hökman dolanar, enşalla». Ahyr dört ýyllap asmany bürän gara dumanam syryldy. Emma Mergen gara bermedi. Ýyllar telim sapar günlerden düzen tesbisini sanady. Mergeniň welin, henizem gelniniň gözüni ýolda goýşudy. Adamsynyň gelmejegine ymykly göz ýetirensoňlar, Näzige töwella edip başladylar: «Urşuň gutaranyna ýedi ýyl boldy. Göwnüňi topbaklap, garamatyňy ataý birine» diýip. Eger-eger etmedi. Boýdaşlarynyň ýalbarmasam, garyndaş-kowumynyň abyr-zabyram netijesiz boldy. Şol bir diýenini tutdy oturdy: «Uruşam uruşdyr welin, öz elim bilen jaýlamasam ynanyp biljek däl. Wepat bolany çyn bolaýanda-da, ýeke dikrarym Selbi jan üçin oturaryn. Äre çykyp, öweý atanyň elinde ykbalyň ajy şarpygyny çagajygym dadandan, goý, özüm dadaýyn. Onsuzam bagtyma gar ýagdy meniň. Selbi jan bir hor-zar bolmasyn». Edil şo günler ilerki obadan biriniň uruşdan dolanyp gelendigi baradaky habar-a onuň köräp duran umyt uçgunlarynyň üstüne nepýag guýana dönderdi: «Ana, gördüňizmi, eýýäm-haçan patasy alnyp, öldi diýlenem dolanaýdy. Bilip bolmaz, Mergenem şonuň ýaly plin düşen bolsa kim bilýä. Çyksa çykyp oturybiýr bir ýerden». Şondan soň hiç kim oňa töwella edibem durmady. Näzigiňem uzak örüsi kolhozyň ekin meýdany boldy. Mergenden ýalňyz nyşan — Selbini hor-zar etmejek bolup, Gününi kartada dogrup, şol ýerde-de ýaşyrdy. Ol aýdyşy ýaly-da etdi. Deň-duşlarynyň ýanynda boýny buruk bolmasyn diýip, süýşürenje puluny gyzynyň üst-başyna harçlady. Soňabaka, Selbiniň özem her gezek täze köýnek geýip mekdebe baranda, daşyna egele bolýan joralarynyň gözügidijilikli bakyşlaryndan, ýigitleriň öz aralarynda nämedir bir zatlary pyşyrdaşyp, ogryn-ogryn seredişlerinden lezzet alyp ugrady. Ana, şol wagtlaram onda, özi bilmezden, ulumsylyk, tekepbirlik ýaly häsiýetler pyntyk ýaryp ugrapdy. «Iki aýakly iki günde» diýleni. Selbi uzyn boýly, bugdaýreňk, görmegeý gyz bolup ýetişdi. Ol her gezek bilek ýaly nogta saçlaryny öňüne atyp köçä çykanda, burny ýaňy ys alyp ugran jahyllary ýüpsüz baglady. Ýigitler ondan biri-birini gabandylar. Ýöne hiç birisi dogurlanaga-da söýgüsini duýduraýmaga welin, het edip bilmediler. Göýä, Selbi olar üçin elýetmez şaha öwrülipdi. Obalaryndaky ýedi ýyllyk mekdebi Selbiden bir ýyl öň tamamlan Öwezem onuň perwanasyna öwrüldi. Arman, yşk derdeserine ulaşaly bäri ukusyndan galyp, işdäden kesilen ýigitde-de, ýüreginiň töründe möwç alyp, gursagyny ýaryp çykaýjak bolýan duýgularyny diline alaýmaga gaýrat ýetenokdy. Ýogsam ol, gör, näçe gezekler gyzyň geçjek ýoluny garawullapdy. Uzyn-uzyn gyş gijelerini dagy köneje güpbüli, Selbileriň öýüniň deňesindäki tutlukda digdenekläp geçiren gezekleri az bolmandy. Barybir, her gezek Selbä duşanda welin, onuň ähli mertligi-de, batyrlygy-da nirädir zym uçana dönerdi. Diňe ogurlykda tutulan çaganyňky ýaly, ýüzüni boz-ýaz edip, zordan «Salam» diýmäge dili öwrülerdi... * * * ...Şol gün Selbileriň köçesinde toý boldy. Hemmeler diňe gulaga öwrülip bagşy diňleýärdiler. Öweziň welin gulaklary gapylan ýalydy. Gözleri-de, hol bir gyrada topbak bolşup, märekä bezeg berip duran gyzlaryň diňe ýekejesini saýgarýardy. Göwnüne bolmasa, dünýäde şondan başga gyz ýok ýalydy. «Eý-ho, birdenkä onuň bilen ýyldyzymyz aýry bolaýsa, men neneň ýaşap bilerkäm?!». Çagyrylmadyk myhman kibi, birden aňyna dolan bu pikirler ony ukudan oýaran ýaly boldy. Ol çalajadan daş-töweregine ýaltaklady-da, ýüregine wehim salan pikirlerden saplanmaga çalyşdy. «Beýle ýowuz daramaweri, Allajan! Onsuz men neneň ýaşaýyn?! Ýok, ýok, Selbisiz durmuş gerek däl maňa». Şol wagt kimdir biri onuň gulagyna çawuş çakan deý boldy: «Bolup ýörşüň şü bolsa, birdenkä kimdir biri öňürdäýmesin. Gör-dä, onuň öz-ä hiç wagtam bökäýmez boýnuňa». Öwez içki oý-pikirlerini daşyna çykaranynam duýman galdy: «Ýok, hiç kimiň öňürtmegine ýol bermen. Hökman duşaryn şu gün». — Ýuwaş-how, il bagşy diňleýär — Öweziň gapdalynda duran dosty birbada özüne bir zatlar diýilýändir öýdenem bolsa, basym onuň ýüzüne soragly nazaryny dikdi: — Ýogsa-da, näme diýdiň? Nämä ýol berjek däl? Kime duşjak? Içki aladalaryndan biraz saplanmaga ýetişen Öwez, buýtar-suýtarlyga ýüz urdy: — Äý, hiç-laý. Ýöne diýip goýberäýdim. Gapdalyndakylara päsgel bermezlik üçin, eşidiler-eşidilmez gürlän ýigit çalaja ýylgyrdy: — Gyzgynyň dagy galyp ýören-ä däldir-de? Öwez özi üçin bir çykalganyň tapylanyny kemem görmedi. Elini maňlaýyna ýetirdi-de: — Gyzgynymam bar öýdýän. Ýarawlygymyň ugry ýok — diýen boldy. — Onda gaýdaýmaly ekeniň. Häliden gyzlaryňam öýlerine dolanar mahaly boldy çak edip, näme etjegini bilmän duran Öweze dostunyň sözleri uly çykalga boldy. Oňa özüniň öýüne baryp ýatjagyny aýdyp hoşlaşdy-da, märekeden sogrulyp çykyp gaýtdy. Ol öýlerine golaýladygyça, biriniň görerinden ätiýaç edip, Selbileriň tutlugyny nazarlap ädimini çaltlandyrdy. Ýaňy dogan Aýyň çala ýagtysyndan özüni gizlemek üçin, daş-töweregine ýaltaklap barşyna tutluga sümüldi. Hemişeki oturýan ýerine baryp ornaşansoň, onuň hasam galpyldysy artyp ugrady. Ol hernäçe özüne basalyk berip köşeşjek bolsa-da, erki ejiz geldi. Gaýtam, iki gözüni ýoldan aýyrman oturşyna, ýüregi gursagyny ýaryp çykaýjak bolýardy. Aýtjak sözlerini aňynda aýlap, içinden telim ýola gaýtalan ýigit kän garaşmaly bolmady. Pikir edişi ýaly, Selbi iki-üç öý ilerde ýaşaýan jorasy bilen hoşlaşdy-da, gaty-gaty ädimläp bäriligine ugrady. Häliden şu pursada garaşyp içini it ýyrtanam bolsa, Öwezi üşütme tutana döndi. Birdenem onuň kellesine söz aýtmagy ertire goýmaly diýen pikir geldi. Edil şol pikiriň gelşi ýalam, soňky döwürde ýeke-täk syrdaşyna öwrülen hyýaly gürrüňdeşi gulagyna çawuş çakan ýaly boldy: «Gijä galaýma birden...». Iki oduň arasynda galan Öwez ýüregini bire baglady: «Bişen çyban ýarylyp dynsa ýagşy. Aýtmaly, hökman aýt...». Onýança Selbi-de deňesine ýetdi. Öwez nähili dil ýaranynam duýman galdy: — Selbi... Duýdansyz çykan sese Selbi «hiýh» edip, ökje götererli görünse-de, öýleriniň girelgesiniň öňünde öz adynyň tutulmagy birbada ony kürtdürdi. Gulagyma eşidilen bolaýmasyn diýen pikir bilen daş-töweregine ýaltaklady. Edil şo mahalam tutlugyň arasyndan Öweziň göwresi göründi: — Selbi, bi men, Öwez. Ozal hiç zatdan garaw görmedik gyz birbada tisginenem bolsa, basym özüni ele aldy: — Öwez bolaňda näme? Ogurlyk etjek ýaly bolup, gijäniň bir wagty iliň gapysynda nä körüň bar? Edil beýle bolaýar öýdüp garaşmadyk Öwez öňküdenem beter aljyrady. El-aýagy sandyrap, lampa aşak oturarly göründi. Hernäçe özüni ele almaga dyrjaşsa-da, sakawlanyny duýman galdy: — Ne-ne-neme, Selbi... — Näme? Birdenkä Öweziň heniz Selbi bilen salamlaşmandygy ýadyna düşdi: — Salam... Nähili tekepbirem bolsa, Selbi onuň bolşuna ýylgyrman saklanyp bilmedi. — Salamyňy gitjek wagtyň berseňem bolardy-da. Öwez gyzyň ýylgyrmasyny öz peýdasyna ýorup, az-kem ekezlenmäge dyrjaşdy. — Neme-le, Selbi men biraz tolgunýan-da. — Ol bir-ä Selbileriň öýlerine, birem köçä tarap çekinjeňlik bilen nazar aýlady: — Biraz aýak çeksene, Selbi! — Gaçyp barýan adam ýok, aýdyber näme habaryň bolsa. — Neme-le, biraz beýläk çekiläýeli-le. — Öwez elini golaýdaky tuduň Aýyň ýagtysyna garalyp görünýän kölegesine tarap çalaja salgap goýberdi: — Biri göräýse gowy däl-de, Aýyň ýagtysyna. — Haçan biri görerkä diýip garaşyp durjak däl men. Diý bahym, näme diýjek bolsaň. Selbi şeý diýse-de, toýdan gelýän kimdir biriniň göräýmeginden ejap edip, gyra çekildi. Şonuň özem Öweziň depesini gök diretdi. Ýyldyrym çakan ýaly bolup, öz teklibine gyzyň razy boljakdygy baradaky pikir aňyna gelip geçdi. — Neme-le, Selbi... Özüňem bilýänsiň-le... Heýem tünüň ýarynda öňüni garawullap, häliden bir zatlar diýjek bolup, onuňam ebeteýini tapman kösenip duran ýigidiň näme aýtjagyny Selbi bilmezmi?! Bilmänmi, aňyrsyna-da geçip dur. Öwezi göräýen badyna aňdy bar zady. Şonda onuň derhal myrryhy tutsa-da, basym gaharyny ýuwutmagy başardy. Öwezi hernäçe ýigrenýänem bolsa, heniz ýigitleriň hiç birinden bir sözem eşidip görmedik gyzyň söýgi sözlerini eşidip göresi geldi. Özüniň kemsiz ýetişenini duýaly bäri obanyň jahyllaryny bir-bir göz öňüne getirip ýör-ä ol. Ýöne olaryň hiç birini-de öz deňi hasaplanok. Hersinden bir ýetmez tapylaýýar-da. «Ýeri, muňa näme gerek diýsene, egnindäki güpbüsini çalşyp bilmän ýören halyna». Gyssagarada Selbiniň aňyna şeýle pikirler doldy. Emma gyzlyk bilesigelijigi ony öz erkine goýmady. Şonuň üçinem ol hiç zada düşünmediksiräp, mönsürän boldy: — Wiý, bu oglany. Nämäni bilýämişim? Öwez mundan artyk saklanyp bilmedi. Oba ýigidine mahsus sadalyk bilen, diline gelenini morta oklap goýberdi: — Meniň seni gowy görýänimi... Hernäçe özüne göwni ýetýänem bolsa, birbada Selbiniňem dili tutulan ýaly boldy. Öwez görmese-de, onuň ýaňaklarynyň çapady ýaly gyzaranyny duýdy. Çünki onuň öz ýüzem häzir gyzyl burça dönüpdi. Nähili-de bolsa, şol wagt ol özünden göwnühoş halda içini gepletdi: «Wah, häzir Hudaýyň gudraty bilen gündizlige öwrülsedi. Gözelimiň gül keşbini synlap bir gansamdym. Nar ýaly gyzaran ýaňaklary ony öňküdenem owadanlaşdyran bolsa gerek». — Bar aýtjagyň şumy? Göýä ol gidip barýan ýaly, Öwez onuň öňüne geçip özelendi: — Selbi jan, şu sözleri men öňräk aýtmalydym. Ýöne nädeýin, özüme erkim ýetmän gezdim-dä. Ynanaý, men seni şeýle bir, şeýle bir söýýän, hatda sensiz ýaşaýşy göz öňüne-de getirip bilemok. Häzirlerem diňe saňa guwanyp ýaşap ýörün. Gözlerim diňe seni görýär, hyýalymda diňe seniň bilen gürleşýärin. Meni beýle ýakma, bir zat diý-ä, Selbi! Birdenkä diliniň açylanyna Öweziň özem haýranlar galdy. Ol umytly gözlerini uçganakladyp, Selbiniň ýüzüne seretdi: — Dillensene, Selbi! Selbi ömründe ilkinji gezek ýigit bilen ýüzbe-ýüz durup, birinji sapar eşidýän sözlerine birbada meýmirän ýaly etse-de, basym gahary gelip ugrady. «Gör-ä, men kimiň sözlerini diňläp otyryn. Wah, meniň özümde akyl ýok-la. Häli dilini ýolup eline beräýmelidi-le». Ol içini hümletdigiçe, özüni kemsidilen hasap etdi. Şoňa görä-de, öz aýdanlaryndan göwni hoş bolup duran Öwez üçin onuň jogaby juda oslagsyz boldy. — «Eşek öz deňini gaşasa ýagşy», senem söz aýtmazyňdan owal şu barada mazaly oýlanmaly ekeniň. Men her bir seniň ýalakyň çeýnejek çöpi däl. Gaýdybam ýolumda duranyňy görmäýin. Tyg degen şar ýaly, Selbi bir zarbada ýelini boşatdy-da, ylgaşlap öýlerine girip gitdi. Onuň sözleri Öwezi serpmeden gaýdana dönderdi. Ol bir zatlar diýjek bolup, onam aýdyp ýetişmän dodaklaryny müňküldedip durşuna, naýynjar nazary bilen Selbiniň yzyndan seredip galdy... * * * Obanyň garagörnüm ilerisinden geçýän daşly ýoldan bärligine öwrülen ýeňil maşyn görenleriň ünsüni özüne çekdi. Setanda-seýranda kolhozyň warak ýük maşyny gabatlaşaýmasa, beýle naşyja maşyny köpler heniz görmänsoňlar, işli-işini taşlap, her kim oňa aňaldy. Çagalaryň derdinden oba gireli bäri zoguny çala-çala gelýän süýt reňkli «Gaz-21» bolsa, gumjumak ýoldan myçyp barşyna, iň soňky çatrygyň çüňkündäki ak jaýyň deňesine ýetip saklandy. Maşyndan düşen ýigrimi bäş-otuz ýaşlaryndaky ýigit özüne göwnüýetijilik bilen, eýýäm maşynyň daşyny gallan çagalardyr-u-ýetginjeklere birlaý nazar aýlady-da, ýakynyna gelenleriň birine söz gatdy: — Sapar agalaryň öýümi şü? Oglanlar «Hawa-da, hawa» diýşip, hor bolup jogap berdiler. Onýança, Sapar aganyň özem çykdy içeriden. Ol myhmany bilen ýitirip-tapan ýaly gadyrly görüşdi-de, çagalara azgyryldy: — Hany, aýrylyň maşynyň ýanyndan. Eliňiziň hapasyny degiräýmäň. Ol abyr-zabyryna çagalaryň gulak gabartmajakdyklaryny duýansoň, ogullarynyň birini maşyna garawul goýup, myhmanyny gujaklap diýen ýaly öýüne alyp girdi. Beýle maşyn henize-bu güne, obanyň iň baý adamy hasaplanýan Sapar agada-da bolmansoň, diňe çagalar däl, ulularam ony synlamaga üýşüp ugradylar. Şunuň ýaly ýagdaýda, adatça bolşy ýaly, basym bu maşynyň kimiňkidigi barada çak urmak başlandy: — Sapar aganyň şäherdäki garyndaşlarynyňkymyş. — Aý, goýsana, senem bir zat diýip goýberäýýäň. Berdilerde maşyn näm işlesin. El ýaly hütdükde zordan günemasyny dolaýar-a olar. Bir gezek myhman düşüp görüpdim. Şonda dagy ýatara ýer tapmagam görgi bolupdy. — Öz-ä, ýöne-möne adama ýetdirjek zat däl bi... Ýaş ýigitleriň biri köpbilmişsiredi: — Men bilýän munuň kimiňkidigini. Şu maşyny sürüp gelen hälki ýigit bardyr-a, ana, şol Sapar aganyň şäherdäki ketdesiniň ogly bolmaly. — Aý goý-a, ministriňmi? — Bäh, Sapar agzaçyk diýen bolup hoň-hoň eden bolýas welin, oýun eder ýaly adam däl-ow, şü dükançymyz. Gör-ä, onuň gatnaşýan adamlaryny. — Agzaçyk däl-ow, gaýtam ederini bilýänlerden ol. Kolhoz ýaňy gurlaýan döwürleri dükançy bolup bilen adamam, heý, agzaçyk bolarmy? O lakam oňa häki bir säwliginden ýelmenäýipdir. Öňem telim gaýtalanyp, ol lakamyň Sapar aga nähili dakylanyny hemmeler bilýänem bolsa, gülüşmek üçin kimdir biri soňky gürläne ýel berdi: — Agzaçyk bolmasa nämüçin diýýäler? Bu gezek Sapar aganyň tarapyny tutan adam çyny bilen janykdy: — A-how, inim, şo wagtlar senem bolsaň şeýderdiň-dä. Ömür gulpuň garasyny görmedik türkmene kolhozda dükan açyp, gapysyna-da goşa ýumruk ýaly gulp asaga-da eline açar tutdursaň, näder öýdýäň? Pikir edişiň ýaly, Sapar aga-da bir gün dükanyny gulplamagy unudyp gaýdyberipdir öýlerine. Bir topar bezzadam hökümediň zady ortalykmyş diýip, şo gije dükanyň içini ýalanan tabaga dönderip ötägidipdir. Ana, şondan soň agzyňy açyp ýörsüň diýip, oňa şo lakamy ýelmäpdirler. Soňy ala-wakyrda ýazan gürrüňi içeriden çykan Sapar aga bilen myhmany böldi. Her kim maşynyň nädip otlanyşyny, ýörişini görmek üçin çiňerildi. Myhman ýigit bolsa olara ähmiýetem bermän, öý eýesi bilen hoşlaşyp, çalaja gyzyl dişini görkezdi-de, ruluň başyna geçdi. Adamlar nämäniň nämedigini aňyp ýetişmänkäler maşyn ýerinden gozgandy. Hemmeler onuň yzyndan gözügidijilik bilen seredişip galdylar... Şondan soň ol maşyn oba arasynda häli-şindi göze ilip ugrady. Ýöne indi adamlar, aýratyn-da ýaş-ýeleňler oňa gözügidijilik bilen däl-de, ýigrençdir birhili gabanjaňlyk duýgusy bilen seredip başladylar. Onuňam sebäbi ýeriň teýinde ýylan gymyldasa duýup oturan daýzalaryň tapan gürrüňi boldy: «Maşynly ýigit Selbi bilen halaşýarmyş». Bu gürrüňi eşiden güni Öweziň-ä dabanynyň aşagyna köz goýlana döndi. Bir ýerde durup bilmän, baý, zowzanaklad-a. «Ýalandyr, men onuň yzynda iki ýyllap ser-sepil bolup, ýyly söz eşidip bilmedim. Gel-gel niräniň gelmişegi bir gezekde ony yryp biläýdimikä? Aý, ýok, agzy boş heleýleriň tapýan gürrüňidir bi». Barybir, onuň içini it ýyrtýardy. Selbä duşup bar zady anyklasy gelýärdi. «Birdenkä, «Hawa, men şonuň bilen halaşýan. Meniň deňim şol» diýäýse näderin?! Onsoňam, soňky wagtlar ol meniň salamymam alanog-a. Häh...». Şeýle içgepletmeler ony otdan alyp suwa, suwdan alyp oda oklaýardy. Ýöne, elinden gelýän zat ýokdy. Gaýtam, şeýle gürrüňleri eşidende, ýüreginiň töründe mydama lypyrdap duran umyt uçgunlary, aşagyndan üflenen ýaly, lowlap-lowlap ýanardy-da, ony öz ataşyna gowurardy. Her gezek şol ýigrenji maşyn oba gelip gidende täzeden-täze myş ýaýrardy. Bu gün öz ejesinden eşiden täzeligi welin, Öweze myş-myşlara ynanmaza ýer goýmady. — Tüf, tüf, tüf, utanç-haýasynam ýitiräýipdir oguşýan, saçy kesilen. Hakyt gündiziň günortany kikirdeşip durlar-a uly iliň gözüniň alnynda... Ejesiniň bu gürrüňleri Öwez üçin ahyrzaman gopdurdy. Misli asman-zemin tapyşyp, ýaşaýyş gutarana döndi. Her näme-de bolsa, onuň ýene bir gezek Selbä duşup, gürleşip göresi geldi: «Mümkin, gaýa-gopuz ýok ýerden howsala düşýändirin. Ýöne tanyşlygam bolup biler-ä» diýip, öz-özüne göwünlik berdi. Yz ýanyndanam başga pikirler ýüregine wehim saldy: «Ýa-da maşyn, baýlyk gözüni gapaýdymyka?». Ahyram ol gyssagly Selbä duşup bar zady baýlyk bilen ölçemeli däldigini düşündirmeli diýen karara geldi. Öwez diýşi ýaly-da etdi. Emma onuň ýüreginden syzdyryp aýdan sözlerini Selbiniň diňläsem gelmedi. Ol ulumsylyk bilen seňrigini ýygryp: «Akylyňy özüňde sakla, gerek ýeri bolar» diýdi-de, «Hümh» edip, öz ugruna gidiberdi. Şol gezek ahmyr bilen onuň yzyndan garap galan Öweziň gulagyna iki-üç gün geçip-geçmänkä täze habar degdi: «Selbi maşynly ýigit bilen gaçanmyş...». * * * Selbi özüniň juda ýalňyşandygyna gaty basym düşündi. Ýeri, düşünende näme diýsene, boljagy bolup, boýasy synansoň. Indi sil bolup akan gözýaşyňam, ýer ýumruklap gabardan ýumrugyňam nepi degmejegi belli. Uzynly günläp çekýän ahy-nalasynam, ahmyrynam hütdük ýaly jaýyň dört diwaryndan başga eşitjek ýok onuň. Gugaryp ýatan howluda kimiň nebsi agyrsyn? Suw ýaly akja maşynydyr, şelaýyn dili bilen gözüni-başyny aýlan Orazyňmy?! Aý, näbileýin-dä, olam gün-günden sowaşyp barýan ýaly. Şeýle pikirler aňyna dolanda Selbi bialaç hopugyberýär. Bir aýyň içidir, onuň uzak örüsi el ýaly howlynyň içi boldy. Sekizinji onlugy tegeläp ýören ýumruk ýaly garryny hasap etmeseň, ne gürleşere adam bar, ne derdinişere. Haçan ýurduny täzelese täzeläbermeli o kempirem ýekelige halys öwrenişip gidipdir oguşýan. Haçan görseň törki jaýynda busup ýatyr. Setanda-seýranda howluda görünäýse-de, gürlemelidirem öýdenok. Hamala bu ýagty ýalançyda aýtmaly sözleriniň baryny aýdyp gutaran ýaly. Käteler Selbiniň oňa näler gep goşasy gelýär, ýöne bir agyzam orsça bilmeýäni ýadyna düşende, oturyberýär içini hümledip. Bäh, bu dünýäniň dardygyny diýsene. Selbi indi-indi düşünip ýör oňa. Giň dünýäsini öz eli bilen daraldanynam aňman duranok. Ýöne nätjek, soňky tüýkülik sakgal ezenok-da. Köplenç, kapasa gabalan gumry ýaly, gözleriniň owasyny ýaşa dolduryp oturar-da ykbalyndan zeýrenip başlar. Wazlap gelýän maşynda ýadyna düşmedik ejesi indi onuň aňyndan aýrylanok. Özi iýmän iýdirip, geýmän geýdirip, hem eje, hem kaka ornunda kemala getiren käbesiniň ýüzüne gara çekip gaýdan gününe nälet okaýar. Maňlaýyna ýumruklap, saçlaryny goparara getirýär. Bu zyndandan başyny alyp ejesiniň ýanyna gaçasy, aýaklaryna ýykylyp oňa ýalbarasy, düşündiresi gelýär. Ýöne, ilki bilen-ä, diňe Oraz gelende açylýan mähnet demir derwezeden çykmagyň derdi bar, galyberse-de, ömür görmedik näbelet şäherinde derwezeden çykaýanda nirä gitsin?! Ol her gezek hiç bir alaçsyzdygyna ýanyp-bişip, ýatlamalar deňzine gark bolanyny duýman galýar. * * * ...Dükana baryp-gelmek bahanasy bilen ejesiniň gözüne çöp atyp, öňünden belleşilen ýerde garaşyp duran tanyş maşynynyň yzky oturgyjyna gonanda, ol özüni altyn halka elini ýetiren däldirin öýtmändi. Süýji-süýji arzuwlara berlip, geljekki gül ýaly durmuşy barada göwün ýüwürdipdi. Basym ejesi bilen gatnaşyk açyp, maşynyň öňki oturgyjynda ýylgyryp oba barşy, hemmeleriň oňa gözügidijilikli nazarlary bilen seredip galyşlary hyýalynda janlandy. «Gör, nähili gowy bolar. Käteler ejemem maşyna mündürip, şähere alyp gaýdarys. Ömür görmedik ýerlerini görkezeris». Ol ýedi gat asmanda gaýyp ýörşüne, nämüçindir kän bir gürlemän gelýän Orazyň boýnuna goluny saldy. — Biz bagtly bolarys gerek, Oraz?! Hemişeler Selbä gezek bermän bir özi gürleýän ýigit, bu gezek gysgajyk jogap gaýtardy: — Gürrüňsiz... Orazyň häzir bar küý-köçesi Selbä hiç zat duýdurman, ony gürleşip gaýdan howlusyna eltmekdi. Şeýdäge-de, goh-galmagalsyz gara niýetini amala aşyryp biläýse, bujagaz gumrujygyňam gitjek ýeri bolmaz onsoň. Onuň içki pikirlerinden habarsyz Selbi bolsa, obadan arany açaly bäri Orazyň dymyp gelşini özüçe ýordy: «Biraz tolgunýan bolsa gerek». Dogrusy, onuň özem tolgunman duranok. Maşyn şähere ýakynlaşdygyça aňynda dürli pikirler at saldy. Orazyň ejesiniň, uýalarydyr dogan-garyndaşlarynyň özüni garşylaýyşlary göz öňüne geldi. Gör, nähili begenerler. Orazyň jigileri dagy «Gelneje-de, gelneje!» bolşup, onuň daşyny gallarlar. Birden ol ellerini ýüzüne ýetirdi. Özünden başga hiç kim duýmasa-da, içki oý-pikirlerinden ýaňa ýüzüniň çapady ýaly gyzaranyny duýdy: «Wiý, men gelneje bolmaly!..». Onuň ýüzüne biygtyýar şatlyk alamatlary çaýyldy. Ýöne ony öz içki dünýäsine berlen Oraz görmedem, duýmadam. Şäheriň başlanýan ýerine ýetip-ýetmän maşynyň togtamagy Selbiniň içki pikirlerini ürküzilen serçe sürüsine dönderdi. Ol durşy bilen sowala öwrülip, aladaly dillendi: — Näme, maşynyňa bir zat bolaýdymy? Oraz oňa jogap bermegiň deregine uludan bir demini goýberdi-de, kellesini rula ýetirdi. Onuň bolşy Selbini has-da howsala saldy: — Ýa-da ýaraňokmy, Oraz? Oraz ruldan başyny galdyrdy-da, Selbiniň boýnuna goluny salyp, özüne çekdi. — Menden sagadyň öýi köýsün. — Soňam gyzyň nar ýaly ýaňaklaryna dodagyny basdy: — Meniň gumrujygym, gör, sen nähili eýjejik... — Bälçiremäňi goýsana, oglan. Hany, sen näme üçin maşynyňy saklanyňy aýtsana! Oraz dünýäniň ähli ýüki gerdenine basylan ýaly, iki egni bilen uludan bir dem aldy-da, gyzyň göreçlerine çiňerildi. — Dogrymy diýsem gaty görmersiň gerek, Selbim?! Selbiniň gözleri gorkuly tegelendi. Şonda-da syr bildirmediksiräp, ýylgyran boldy. — Wiý, bu oglany. Dogryňy aýtsaň men näme üçin gaty görmelimişim?! Onuň şu sözlerine garaşyp oturan Oraz ýüregini bire baglady. — Onda şeýle. Men seni alyp geljegimi öýdäkilere duýdurmandym. Beýle-beýle bolar öýdüp ýatsa-tursa düýşüne girmedik Selbiniň göz owasy ýaşa doldy. Oraz onuň birdenkä aglabermeginden ätiýaç edip, gaýtadan ony özüne çekdi: — Bu ýerde o diýen üýtgeşik zadam ýok-la, Selbim. Selbi gözlerinden biygtyýar togalanyp gaýdan gözýaşyny eliniň tersi bilen syldy-da, balkyldap duran nazarlaryny ýaşyp barýan Güne dikip, pessaýja gürledi: — Indi näme ederis? Oraz pikirlenen kişi bolup az salym dymdy-da, birdenem Selbiniň ýüzüne ýylgyryp seretdi: — Bildim näme etmelisini. Selbiniň didelerinde umyt uçgunlary uçganaklady: — Näme etsek diýýäň? — Gel, şeýdeli. Meniň bir tanyş aýalym bar. Ýeke özi ýaşaýan, segsen ýaşlaryndaky kempir. Häzir göni şolaryňka gideli. Seni düşüribem, men dessine öýdäkilere habar edip gaýdaýyn. Selbi nägilelik bilen Orazyň ýüzüne seretdi: — Näme üçin bu barada bada-bat duýdurmadyň? — Seni elden gidirerin öýtdüm, Selbim. Onsoňam, hany, hiç zady alada etmesene. On bäş mint garaşsaň bolany, soňy gül ýaly bolar. Selbä onuň bilen ylalaşaýmakdan gaýry çykalga galmady. Edil Orazyň diýşi ýaly, derwezäni garry kempir açdy. Oraz onuň bilen orsçalap bir zatlar gürleşdi-de, Selbini alyp howlynyň töründäki ýanaşyk gurlan iki otagly jaýyň birine girdi. Selbi gökden düşen ýaly bolup durşuna, otagyň içine göz gezdirdi. Öz jaýlaryna görä juda pessejik diýäýmeseň, otagyň içi tämizdi. Hemme zat tertipli, rejelenip goýlupdyr. Törde duran krowatyň üstüne ýorgan-düşek galdyrylyp, olam akja mata bilen örtülipdir. Selbi gyssagara öýüň içini gözden geçirenden soň, Oraza ýüzlendi: — Kimiň jaýy bi? Oraz degişmä salan boldy: — Edil häzir-ä ikimiziňki. — Oýnuňy goýsana. Birdenkä eýesi geläýse nätjek? Oraz onuň sözlerine hezil edip güldi: — Häý, sada bolýaň-ow, Selbim. Men häli aýtdym-a saňa, garrynyň ýeke özi ýaşaýar diýip. — Ýeke garrynyň munça jaý nämesine gerekkä? — Bir mahallar kireýine talyplary saklaýardy ol. Häzir welin bu jaýlarda hiç kimem ýaşanok. Düşünen bolarly, Selbi birneme ynjaldy. Orazam pursatdan peýdalanyp, özüniň öýlerine baryp gelmelidigini ýatlatdy. — Onda basym geleweri, Oraz! Ýogsam, ýeke özüm gorkýan ýat ýerde. — Gorkar ýaly zat ýok, arkaýyn otur. — Ol gapa ýönelip barşyna bir zat ýadyna düşen ýaly, yzyna gaňryldy: — Ýogsa-da, Selbi... — Hawa?! — Gele-gelmäne saňa ýumşam buýurmaly boljak öýdýän. — Aýdyber, näme ýumşuň bolsa. — Ine, hol şkafyň içinde ähli zat bardyr. Ajyja edip bir çäýnek çaý demläp, basyryp goýaweri. Oraz oňa gerek-ýaraklary görkezip, howlukmaç çykyp gitdi. Selbi şkafdan saçak çykaryp, orta ýazdy. Ullakan hum çäýnegi demläp, bir käse çaý guýundy-da, çäýnegi saçagyň bir burçy bilen basyrdy. Başga-da bir güýmenere zat bolmansoň, käsesindäki çaýdan käte bir şirpildedip, içini hümledip oturşyna, ýarym sagada golaý wagty geçirdi. Oraz welin, gara bermedi. Şondan soň: «Heý, derwezäniň jygyldysy dagy eşidiläýmezmikä?» diýip, gulagy daşarda boldy. Emma köçeden barýan adamlaryň käbiriniň gaty-gaty gürleşip, käte bir gülüşmesi diýäýmeseň, dünýä dym-dyrslykdy. Gün ýaşyp, garaňky mazaly gatlyşdy. Basym gelerin diýip giden Orazyň henizem gara bermezligi Selbiniň sandygyna wehim salyp ugrady: «Näme üçin eglendikä? On bäş mintden gelerin diýip gidenine sagat ýarym geçdi ahyr. Ýa-da... Aý, ýok, meni ýat ýerde taşlap, soňam gaçyp ötägider ýaly, näme ýamanlyk edipdirin oňa?!». Birdenem serçe sürüsi ýaly bolup, serine başga pikirler gelip gondy: «Şeýledir, hossarlary razylaşanokdyr. «Aýagyň aşagy maşynly, jübiň doly pully halyňa bar saýlap tutanyňam niräniň kolhozçy gyzymy? Biz-ä düýbünden garşy şoňa» diýýän bolsa nätjek?! Ol öz pikirlerinden özi gorkup ugrady. «Birden Oraz geläge-de, «Ejem dagy razy bolmady. Ýör, seni öýňüze eltip geleýin» diýäýse nähili bolar?! Toba, toba, daş edewersin. Hemmeler eşidendirlerem eýýäm...». Selbi dürli aladalara özüni aldyryp, alasarmyk duýgularyň girdabyna gark bolup oturşyna, derwezäniň şakyrdysyna özüne geldi. Nähili ýerinden turup, penjiräniň öňüne nädip baranynam duýman galdy. Haçanda äpişgäniň perdesini çalaja galdyryp Orazyň girip gelýänini görende welin, kalbyna giňlik çaýylan ýaly boldy. Onuň begenji uzaga çekmedi. Oraz içeri giren dessine, kiçijik otagyň içine haplap uran ýakymsyz ys, Selbi üçin rejäniň geň däldiginiň buşlukçysy ýaly bolup duýuldy. Öňler: «Ýek ýigrendigim arak. Şony içýänleriň ýanynda otursamam aňrym bärime geliberýär» diýýän Orazyň bu günki bolşy Selbä birhili geň göründi. Şonuň üçin: «Otyrmyň?» diýäge-de, krowatyň üstünden bir ýassygy alyp saçagyň gapdalynda ýanbaşlan Oraza geň galyjylykly seredip, dillenmän durup bilmedi: — Wiý, Oraz, hany sen arak içemok diýýädiň-le?! Oraz tirsekläp ýatyşyna, misli onuň sözlerini eşitmeýän ýaly, ýüzüni ýerden galdyrman az salym dymdy-da, jany ýananyň janykmasyny etdi: — A-how, ol-a arak eken, zäherem bolsa içmeli etjeg-ä şular. Orazyň geläýen wagty ähli arzuwlaryna gar ýaganyny duýanam bolsa, öz ýanyndan inçejik tamasyny üzmän oturan Selbi onuň bu sözlerine ör-gökden geldi: — Näme, öýňüzdäkiler ylalaşmadylarmy? — Gepem şonda-da. Olar maňa garyndaşymyzyň gyzyny alyp berjek bolýalar. Selbiniň ýüregine iňňe sanjylan ýaly boldy: — Sen näme diýdiň, ylalaşdyňmy? — Ölsem ylalaşarynmy. Maňa sen, diňe sen gerek, Selbim! — Öýňüzdäkiler garşy bolup, ýer depip dursalar näme?! — Olar häzirem depip durlar ýeri. Ýöne, menem adam-a. — Ol bolýan zatlara özüniň düýbünden garşydygyna Selbini has-da ynandyrmak üçin saçlaryny penjeledi: — Dünýä bir gezek gelýäň. Onda-da göwün söýeniň bilen döwran sürmejek bolsaň, bu durmuşda ýaşamadygyň gowy. Onuň çyna berimsiz sözleri Selbini halys eretdi. Ol häliden biraz howsala düşenem bolsa, men-men diýen ýigitleriň içinden Orazy saýlap-seçenine edil şu pursatda birjik-de ökünmedi. Orazyň özi üçin ähli zatdan geçmäge, gerek bolsa jan alyp, jan bermäge-de taýyndygyna kemsiz ynandy. Barybir, onuň saçyny sypalap oturşyna içki howsalasyny ýüze çykarman welin durup bilmedi: — Ejeň dagy meni öýňüze eltmegiňe garşy bolsa, biz indi näderis? Selbiniň bu sowalyna ozaldan garaşyp oturan Oraz onuň jogabyny mähetdel etmedi. — Senem ejeňden geçip gaýtdyň-a. Menem geçmeli bolaryn-da. — Nirede ýaşarys onsoň? — Häzir-ä şu ýerde ýaşabiris. Soňundanam näme, jaý satyn alarys-da. Selbi Oraz geleli bäri içini byjykladyp, böwründen dürtüp duran sowalynam orta oklady: — Maşynyňam eliňden alaýarmykalar? — Ol özümde galar. Menden başga öýdäkileriň hiçisi otlabam bolenog-a ony. — Oraz bir zat ýadyna düşen ýaly, laňňa ýerinden galdy: — Ýogsa-da ýatladanyň gowy bolaýdy. Men maşyny howla salyp geleýin. Oraz basym eli bir çüýşe arakly dolanyp geldi. Selbi onuň ýene-de içmekçi bolýanyny aňyp, bada-bat çüýşesine ýapyşdy. — Indi içmesene, başyňa döneýin, içme indi, Oraz! Oraz hiç hili garşylyk görkezmezden, elindäki çüýşäni Selbä berdi: — Seniň sözüň kanun, Selbim. Içme diýseň, agzyma-da almaýyn welin, şu gün ýüregim içime syganok-da. — Giň bol, Oraz. Bary düzelişer. Ynha, basym ejeň dagyňam öýkesi ýazylar. — Olaryň gitjek ýeri ýok-la. Ýöne men seni şu gün göni öýe eltäýjekdim-de. — Bähbit bolsun, Oraz. Elbetde, maňlaýymyza ýazylanydyr-da. Olar gije bir çene barýança gümür-ýamyr edişip oturdylar. Orazyň ähli oky onlukdan degdi. Selbi onuň gürrüňlerine güp ynandy. Ahyr Oraz irden işe gitmelidigini aýdyp, ýatar wagtyň bolandygyny ýaňzytdy. Onuň bu sözlerine saçagy ýygnaşdyryp ýören Selbiniň ýüzi boz-ýaz boldy: — Onda saňa ýerden düşek ýazyp beräýeýin! Oraz hezil edip güldi-de, çalasynlyk bilen ýerinden turaga-da Selbini gujaklap, gulagyna pyşyrdady: — Gel, bileje ýataýaly, hä! Selbi näz bilen towlanjyrady: — Aýdýanyň näme, nika gyýylman bile ýatsak nähili bolar? — Nikany soňundan gyýdyraýarys. Barybir, biz biri-birimizi söýýäs-ä. — Goýaweri, onda-da bolmaz. Selbi hasyr-husur Oraz üçin ýere düşek ýazdy-da, krowatyň bir çüňküne özüni goýberdi. — Düşegiň-ä ýazyldy, Oraz. Ukyň tutýan bolsa, geç-de ýatyber. Oraz onuň gapdaljygyna baryp çökdi: — Sen näme, uklaman geçirjekmi? Selbi çalaja ýylgyrdy. — Giçräk ýataryn-da. Barybir, ertir işim galyp baranok. Oraz onuň nogta ýaly gara saçlaryny sypalap durşuna, bälçirän boldy: — Onda, uklaýançam gapdalymda otursana. Ýogsam, ýeke ýatmaga gorkýan. — Arkaýyn ýatyber, şu ýerden seredip oturaryn. Oraz ony gujaklap, ýaňaklaryna dodaklaryny basdy. Selbiniň gujagyndan sypjak bolup çyrpynyşyna-da, haý-waýyna-da üns bermän, göteräge-de ýere ýazylgy düşekde ýatyrdy. — Oraz, beýtme. Masgara etme meni! — Diýýäniň näme, Selbim? Heýem men seni masgara ederinmi. — Aýryl onda! — Arkaýyn bol, Selbim. Diňe gujaklaşypjyk ýatarys. Oraz bilen duşuşyklarynda boýna gol salşyp, telim ýola lebler lebe galtaşanam bolsa, Selbi heniz beýle ýagdaýa uçrap görmändi. Ol hernäçe jan etse-de, endamynyň barha gowşap, meýmiräp barýanyny duýdy: — Oraz, aýrylaýsana, men çaşýan! — Hiç zadam bolmaz, ezizim... — Orazyň özünem ysytma tutana döndi. Ýetişibildiginden bir zatlar samrap, Selbiniň näzijik göwresini mynjyradyp barýardy. Bir haýukdan ol ähli erk-ygtyýaryny elinden gideren gyzyň köýneginiň etegine elini ýetirdi. Selbi onuň ellerinden tutup, ysgynsyzja garşylyk görkezdi: — Masgara etjek däl diýdiň-ä, Ora-az! Oraz onuň ellerini ýeňillik bilen aýryp, öz işi bilen boldy. — Masgara etjek däl, Selbim. Ynanaý maňa. Ol gyzyň nowruzyň gary ýaly ap-akja alkymyna agzyny basdy. Onuň beýtmegi öňdenem erkini elinden gideren Selbini uky derman içene dönderdi... Oraz bu gezegem okuny onlukdan urdy. Selbi: «Waý, Oraz, beýtme-dä! Masgara etmen diýdiň-ä, Ora-az!..» diýip, ysgynsyz urnanam bolsa, tizden öz «mergenini» ýeňşi bilen gutlaýan ýaly, näzijek gollaryny boýnuna dolap, ýuwaşjadan ony özüne çekdi... * * * Näzik eje gyzynyň gaçanyna hiç ynanyp bilmedi. Uzak gije çirim etmän, ýarym-ýaş bolup, gyzynyň ýoluna göz dikdi. «Gyz gaçdy» habary oba dolan badyna, üýşüşip ugran garyndaşlary oňa käýinip başlanlarynda-da, Selbini «akja guş» saýyp, olaryň ýüzüni aldy: — Diliňizi salajyn goýberibermäň. Ejesiniň ýüzüne gara çekip, goş-gopjasyny arkasyna alyp ötägitjek gyz ýok mende... Ertesi günortana çenli gözi ýolda galan Näzik ejäniň sabyr-takady halys gutardy. Ahyram ol ýüregini bire baglap, maşynly ýigidiň gelýän öýüne — Sapar dükançynyňka sary ýöriş etdi. Sapar aga Näzik ejäniň geljegini aňýanam bolsa, ony gören mahaly ogurlygynyň üstünde tutulan ýaly boldy. Ony Näzik ejäniň özem aňman durmady. Şonuň üçinem, salam-heligem unudyp, barşyna nagarasyny seçeläp ugrady: — Hä-ä, Sapar, o nä birden ýüzüň dagy as göreniňkä dönäýdi-le? Sapar aga özüne zor salyp ýylgyran boldy: — Göwnüňedir, Näzik. — Buýtar-suýtar etjek bolma, Sapar. Sapar aga mönsürän boldy: — Men-ä hiç zada düşünýän däldirin. Onuň hiç zatdan habarsyz kişi bolup, iki egninden gum sowrup durşy, öňem çişip duran Näzik ejäniň jyzyrrygyna basyldy. — Düşünmänmi, wah, aňyrsyna çykyp oturansyň-la. Saňa Sapar agzaçyk diýmän, Sapar ýurt ýykan diýmeli eken. Wah, meniň öýümi-hä ýykdyň-la, ýerýuwdan. Näzik eje gyňajynyň çowuna ýapyşdy. Onuň ejizlemegi Sapar agany ekezlendirdi: — Näme gyýgyňy ajadyp dursuň-aý, Näzik. Ýa-da indi gyzyň gaçanynam menden görjek bolýamyň? — Senden görýän, senden. Onsoňam, bilip goý, meniň gyzym öz erkine gaçaýmaz. Maşyna basansyňyz ony zor bilen. — Toba et, Näzik, toba et. Bu ýaşda men şo zatlaryň arasyna goşularynmy? — Senden hersi çykar. Hany, gönülen Sapar, nirä äkitdiňiz meniň balamy? — Men nireden bileýin ony. Onsoňam gyz düzüw bolsa zorluk zamany ýok indi. Hana, başga-da gyz kän-ä. Şolary nä alyp gidiberenoklar? — Iliň gyzy bilen işim ýok. Öz gyzymy soraýan men. Nirä güm etdiňiz ony? — Ony kim bilen giden bolsa, şondan sora. — Wah, bir duşup bilsem bolany, soraryn gowuja. — Näzik eje barha möwç aldy: — Naçar heleýdir, näme edeňde-de elinden geljek zat ýokdur-a öýtmäň. Şundan göni milisgä baryp gözüňizi gözenekde açdyrmasam, meniňem-ä Näzik bolmadygym. Milisiýa sözi ara düşende, Sapar aga ýöwselläp ugrady. Öz ýanyndan Oraza: «Kem çykan pulumyň hasabyny ýapyp berseň bolany. Obanyň iň gözel gyzy bilen tanyşdyraýyn» diýenine ökünipler aňyrsyna çykyp bilmedi. Hernäme-de bolsa, «Suw seňrikden agansoň» syr bildirmezlige çalyşdy. — Näzik, sen milisiýa beýleki diýip azara galyp ýörme. Olaryňam etjek zady bolmaz. Bilýäň-ä indi köne döwür ýok. Ýaşlar söýüşseler, halaşsalar olaryň arasyna akyly bar adam düşmez. Diňe öz ýüzüň gyzarany galar. Üstüňden güldürersiň, «köne düşünjeli» diýdirip. Ýene bir zady berk belle, «Gyzyndan galyň aljak bolýar» diýip, seniň özüňi gözenegiň aňyrsyna geçiräýmeklerem ahmal olaryň. Heniz ol-a milisiýanyň edarasyna baryp görmek eken, milisiýa eşikli bilenem ýüzbe-ýüz bolup görmedik Näzik ejäniňem Sapar aganyň aýdýanlaryny diňläp, saly gowşap ugrady: — Söýşenine ynanamok şo ýerçekenleriň. Bolmanda-da biri-birini sulhy alşyp, adam şekilli gapymdan sawçy iberilen bolsa, ýeke dikrarymyň galyňyna zar däl men. — Sen ynanmasaňam ony tutuş oba bilýär. — Sapar aga gynanan kişi bolup, başyny ýaýkady. — Häk, ýöne ýaşlyk edipdirler-dä. Ýigit öz hossarlaryny iberäýen bolsa, goh-galmagalsyz bolaýjak eken. — Menem şony diýýän-de. Halaşanlary çyn bolsa, nämüçin idäp geläýmediler gapymdan?! — Näzik eje indi bar gaharyny aýallardan çykarjak bolýan ýaly, ýer ýumruklap, zeýrenip ugrady. — Ah-heý, bi obanyň işsiz heleýlerine-hä gep gerek. Biriniň gowşagrak ýerini tapyp, üstünden gülüp bilseler armanlary ýog-a olaryň. — Ýok, Näzik. Gyzyň öz aýagy bilenjik münüpdir maşyna. Görenler bar ony. — Görenler bar bolsa, sen şol gelmişegiň adrisini bir aýt maňa. Barynyň änigine-şänigine ýeterin özüm. Sapar aga otly halkanyň içinde galana döndi. Barybir, köpi gören kişi-dä, özüni ýitirip durmady: — Aý, Näzik, şo oglanyň öýüni menem bilemok-da. Näzik eje ör-gökden geldi: — O nähili bileňokmyşyň? Ýalan sözleme, Sapar. Heý-de gatnaşyp ýören adamyň öýüni bilmezmiň? Hudaýdan gork. Bu ýaşdan soň beýdip dursaň, o dünýäde hasap sorarlar. — Walla çynym, Näzik. Ynanaý, ol gelse-de, men baryp görmändim heniz. — Hiç bolmanda adyny bir aýt, ýerçekeniň? Sapar aga çykgynsyz güne galdy. Adyny aýtmasa ýakasyndan goýberilmejegini aňansoň, burnuna salyp, göwünli-göwünsiz mydyrdady: — Biz-ä Oraz diýýädik. Familiýasyny welin, biljek däl. — Indi özüm bilerin ony, pamiliýasy başyny iýeniň... Näzik eje gargyna-gargyna çykyp gaýtdy. Şol günüň ertesem ýanyna garyndaşlarynyň birini alyp şähere gitdi. Barşyna-da, sorap-idäp göni söwda ministrligini tapdy. Bagtyna ministriň sekretary gepi-sözi ýerindäki türkmen gelni eken. Ol Näzik ejä ministriň bir hepdelik gulluk saparyna gidendigini aýdyp lapyny keç etse-de, näme habarly gelen bolsa özüniň diňlejekdigini, gylyny gyşartman ministre ýetirjekdigini ýaňzytdy. — Wah, gyzym, habarymyzy onuň özüne aýdaýsak gowy boljakdy-da. Näzik ejäniň bu gürrüňlerini eşidip, sekretar gelin olary gyssabam durmady: — Onda bir hepdelerden aýlanaýyň. Ähli zady birýüzli edýänçä ýüregi atygsap agzyndan çykyp barýan Näzik eje üçin bu möhlet tutuş bir ýyl ýaly uzak göründi. Şonuň üçinem ol bir zatlar diýjeginem, çykyp gaýdyberjeginem bilmän elewredi. Düşbi gelin oba aýalynyň sadylla bolup durşuny görüp, ýene-de maşynkasyndan ünsüni sowdy. — Nämedir bir zatlar aýdasyňyz gelýän bolsa-ha, çekinmäň. Näzik eje ýüregine sowuk suw urup gidäýmese, ynjalmajakdygyny anyk duýansoň, göwnüni bire baglady: — Neme-le, gyzym. Birhili görmersiň-de hernä?! — Ýok, ýok. Aýdyberiň näme gürrüňiňiz bolsa. — Sen gyzym başlygyňyzyň maşgalasyna-ha belet dälsiň? Sekretar gelin hiç zada düşünmän, eda bilen ýylgyrdy: — Juda içgin bolmasa-da, belet öz-ä. Ony nämüçin soradyňyz? — Geregi çykaýdy-da, gyzym. — Misli ilkinji gezek ogurlyk etjek bolýan ýaly, Näzik ejäniň elleri sandyrady. Şol ogurlygy başa barman ele düşeniňki kimin ýüzi bir gyzaryp, bir agardy: — Öý adrisini-hä salgy berip bilmezmiň şolaryň? Sekretar gelin Näzik ejäniň ýüzüne ýiti-ýiti seretdi-de: — Siz ministriň bir zatlary bolýan-a dälsiňiz? — diýdi. — Ýok, janym, häzirlikçe-hä hiç zadam däl. Öz ýanyndan ýalňyşyp sawçylyga-zada gelendirler öýdüp pikir öwren gelin, mylaýym ýylgyrdy. — Onda siz ýene-de ministre garyndaş bolup bilmezmikäňiz öýdýän. — O nämüçin, janym? — Onuň gyzy ýok-da. Näzik eje gülen boldy. — Wah, jan gyzym, diňe gyz däl, maňlaýa ýazylan bolsa ogly bolanda-da garyndaş bolup bor-a. Sekretar gelin ýene-de hiç zada düşünmän, iki egnini gysdy: — Barybir, ýalňyşýaňyz. Ministrimiziň özi gowy adam bolsa-da, çaga meselesinde Hudaý oňa ýylgyryp bakmandyr. Gynansaňyzam, ogul-gyzdan onuň ýekeje zürýadam ýok. «Selbi ministriň ogly bilen gaçanmyşyn» diýen myş-myşlara güp ynanan Näzik eje gürrüňdeşiniň göni göreçlerine çiňerildi: — Sen, gyzym, ýalňyşaýýan-a dälsiň-de? — Ýok daýza. Hakyt çynym. Gudaçylyk gürrüňi bilen öýlerine baraýsaňyzam, diňe ýarasyna duz sepersiňiz, bendeleriň. Näzik eje ministriň zürýatsyzdygyna magat göz ýetirensoň, sekretar gelin bilen hoşlaşyp, daş çykdy. Şondan soň çem gelenden «Oraz diýen ak mäşinli oglany tanaýaňyzmy?» diýip sorap ugradylar. Göýä, hemmeler dilleşen ýaly, diňe «Ýok» diýip jogap berdiler. Käbir gürlemäge ýaltananlary-ha, olaryň ýüzlerine ýiti-ýiti seredişip, ýöne eginlerini gysyp ötägitdiler. Paltasy daşa degen gözlegçiler, Gün öýlä sapanda oba dolandylar. Soňam Näzik eje iki-üç sapar şähere gitdi. Ýöne bary netijesiz boldy. Selbi edil guýa gaçan ýalydy. Bir zat welin aýan boldy. Haçanda Selbiniň bukjasynyň ýokdugyny gören ene, myş-myşlaryň janynyň bardygyny, gyzynyň öz islegi bilen gidendigini-hä bildi. Şondan soň, özüne gaty agyr degse-de, «Hernä, yhlasym tutsun-da sen tulany» diýip, gargaý-gargaý sorag-idegini bes etdi. (dowamy bar)... | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |