17:25 Söýgi tolkunlary | |
SÖÝGI TOLKUNLARY
Goşgular
![]() Ýaşadykça yşgym artýar durmuşa, Söýgi hemem şadyýanlyk gözlegim. Bu owadan dünýäñ ~ täsin gurluşyñ, Gözelligin öz kalbymdan gözledim. Diñe söýüp ýaşamaly jahanda, Gijesin-gündizin, Zemin-Arşyny, Bir synlap görüñ siz, elwan baharda, Tolkunlañ kenara urlup barşyny. Bize şeýle joşgun gerek ömürde, Öýke-kinelerden belentde durýan. Hazar giñişligin özünde jemlän, Jeýhun deýin kenaryna urulýan. Söýgi bilen oýanalyñ säherler, Goý, öteliñ söýgi bilen ak daña. Duýguçyl ýüregmiz bir kenar bolsa, Söýgi tolkunlary urulsyn şoña. ▶ DIÝAR Barmyka mährem zat dogduk Diýardan, Onuñ ter hem tämiz gündizlerinden, Asuda dem alýan gijelerinden, Şapaga öwüsýän al günlerinden. Ynha, höwürtgäñden uçar gidersiñ, Juwan ýürek arzuwlardan doludyr. Ýollar bagra basar, ýöne yzyñda, Iñ gymmatly zadyñ galan ýalydyr. Ýollarda dost gerek, olam tapylar, Ýanyñ alar şat, gussaly günleriñ, Ah, sen ýöne nädip undup bilersiñ, Çagalyk dostlaryñ, sähra güllerin. Kim guwanmaz bu topragyñ päkligne, Sähralarny haly deýin düşenip, Watanyñ mukaddes, ýeke-täkligne, Aýra düşseñ şonda bolýar düşünip. Goý, gitsem gideýin uzak bir ýere, "Gezmegim ömürden" diýlişi ýaly. Ýöne dolanaýyn dogduk Diýara, Baharda çabganyñ guýluşy ýaly. Bäşim ATAÝEW. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |