ITALIÝA TÄSIRLERI
▶ RIM
Gadymy Rim,
Rysarlaryñ mekany.
Taryhyñ şu güne goýan sowgady.
Adamzat añynyñ täsin eseri,
Adamzat kalbynyñ öçmez sungaty.
Döreýşiñe haýran häli-henizem,
Gurluşyña akyl ýetmez asyl-ha.
Gör, ne haýsy eýýamlardan gelip sen,
Ýeldir ýagşa aldyrman dört pasylda.
Gadymy galalar seleñläp otyr,
Heýkellerden hyñ berip dur çar ýanym.
Hol belent binanyñ penjiresinden
Biziñ taýa garap otyr bir hanym.
Haýsy hökümdaryñ gyzy bolarsyñ,
Haýsy ilde dünýä inen peýker sen.
Kaddy-kamatyña gurban bolaýyn,
Dirimi ýa doñup duran heýkel sen?!
Janly durmuş gaýnap joşýar her ýerde,
Ýok, bu ýerler durşy bilen erteki.
Göýäki şu, ýerde jemlenen ýaly
Dünýäñ düýni, şu güni hem ertesi,
Öwrülip, gör, nije heññam-asyrlar,
Aýlanyp durşuna bu goja Zemin.
Ençe ýurt şäherler döräp ýitse-de,
Ylla mizemejek belent dag kibi,
Şol seleñläp otyr gadymy Rim.
Ýedi baýryñ depesinde ýerleşen
Gözellikler, täsinlikler mekany.
"Baky zat ýok - diýseler-de - dünýäde,
Rim, adyñ ýaly baky sen, baky.
Meger, adam eli gyzyl gül bolsa,
Adam añy meñzär Günüñ nuruna.
Ine, zähmet bilen birleşip paýhas,
Gözellik ýar bolýar Zemin şaryna.
Türkmenleriñ ýyly ýüregi ýaly,
Rime nur saçýar italýan kalby.
Bu şähere hökman syýahat ediñ,
Oňa barýan ýoly alyñ-da salgy!
▶ KOLIZEÝ
Taryhyñ öz barmagyndan soguryp,
Şu güne galdyran ýüzügi ýaly.
Halkalanyp otyr gadym Kolizeý,
Täç geýen italýan gözeli ýaly.
Mawy asman astyndaky teatr,
Düzülipdir süññi nagyşdan, zerden.
Men-men diýen ärler şöhrat-şan üçin,
Tutluşyp, şu ýerde geçipdir serden.
Çarayna-sowutly, eli gylyçly
Galadiatorlaryñ ot saçýan ýerleri.
Nije hökümdaryñ şerap süzdürip,
Näzli ýar elinden içen ýerleri.
Kimleriñ jan üçin, kimiñ at üçin
Akyl-huşy başdan göçen ýerleri.
Munda taryh sessiz syryn açyp dur,
Aýan onuñ şatlygy hem gussasy.
Sungaty şu güne ýetirip bilen
Ne ussat sen gadymyýetiñ ussasy.
Kän bu ýerde jahankeşde, gezende,
Gezmek, görmek hem öwrenmek ömürden.
Indi dünýä diñe dostluga barýar,
Oba göçdi şol "Haý-haýly" döwürden.
Birwagt Nusaýdan, Marydan, Wasdan,
Ýollar uzan bolsa Magryp-Maşryga.
Indi Arkadagyñ mähir-yhlasdan,
Ýüpek ýoly ýaly uzap barşyna.
Zeminiñ ýüzüne gözellik çaýýar,
Arkadag dünýäni Gün kibi çoýýar.
Italiýa türkmene gujagyn açýar,
Açýar taryh bize syrly gatyny.
San-sajaksyz penjireli, gapyly,
Daşdan gurlan binalaryñ gözeli.
Zeminiñ üstünde seleñläp otyr
Gadymy Kolizeý, goja Kolizeý.
Bäşim ATAÝEW.
Goşgular