19:26 Ermeni gözeli | |
ERMENI GÖZELI
Goşgular
Margarita, eý, ermeni gözeli, Ykbal bagş eýledi ajap pursady. Men türkmen şahyry Goşgy-gazaly Kalba sygman, joşup duran gursagy. Men gadym oguzlañ mertligi siñen, Seljuklaryñ döwlet guran ýerinden Dostluk salamyny getirdim size, Ýurdum Türkmenistan - bagy-Eremden. Eý, gözel Kawkazlañ näzik jenany, Sen bilýärmiñ, biziñ iliñ düzgünin?! Türkmen ýigdi söýse eger zenany, Geñlemegin onuñ goşgy düzmegin! Bada doly ylham meýin berensoñ, Köpetdagym, Ýaşyl sähram - Garagum. Şygyr bilen beýan etdim, gör, onsoñ, Öz halkymyñ Güneş ýaly ýüregin. Biziñ iller myhmansöýer hemişe, Duz-çörekli gujak asýas gelene. Deñeýäris eneleri - perişdä, Gelin-gyzy - sähranyñ ter gülüne. Sen ýylgyrýañ, Üns bilen diñleýäñ, Haýran galyp bakýañ goşgy okamda. Birwagt ermeni gyzyny söýen Türkmen ýigidiniñ yşky hakynda. Geñ zatlar dünýede gyt däl ähyry, Şeýle ykbal bur durmuşda, gör, nije?! Diýdiñ, Internetden tapyp şo şygry: "Öz dilimw etjek muny terjime". Margarita, Gözel ermeni gyzy? Bagtly pursay az wagtlyk bolsa-da. Ömrüñ zer çaýylan sahaby ýaly, Müdimilik siñip gidýär gursaga. Biz durmuşda bir-biregi unudyp, Duşuşýarys, Aýralygyñ deregne. Bilýärmiñ sen, Akja gollañ uzadyp, "Hoş!" diýeñde, gireniñi ýüregme?! Bäşim ATAÝEW. | |
|
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |