WEPADARLYK / Gurbangözel gelnejeme
Toýdan soñ, nätjek-dä, pelegiñ işi,
Bahar sanlyja gün mährini saçdy.
Jeñ ýoluna ýollap söwer ýaryny,
Baýdak gelin umyt bilen garaşdy.
Garaşdy çynar deý ýigdini ýatlap,
Ýylgyryp bir ýerden çykaýjak ýaly.
Nije ýyldyr patasynam almady,
Mertlik sütünini ýykaýjak ýaly.
Eziz enem, ýyllar bilen göreşdiñ,
Zähmet çekdiñ mäkäm guşap biliñi.
Ynamyñ, ygraryñ, gaýratyñ bilen,
Artdyrdyñ topragyñ gözelligini.
"Asman, Zemin, aýdyñ, ýarym nirede?"
Şol söz bilen gözüñ ýollara dikdiñ.
Jübüt gülli jorap hem gyrmyzy don,
Saña ýardan galan ýadygärlikdi.
"Kän garaşdyñ, dogan, gelerçe boldy,
Patasyn alaýsañ mähriban ýaryñ".
Razylygyñ sorap üýşdi hossarlar,
Alaç ýok. Täk çekdiñ ýürekde zaryñ.
...Otyrdy hemmeler pata ýerinde,
Şonda-da ynanyp diriligine.
"Şu gün birden özi çykaýsa..." diýip,
Çala pyşyrdapdyñ, mähriban ene.
Ynam diýilýän zat synmaýan borly,
Bakmaýan bolarly ýyllañ horlugna.
Ýüz ýola, müñ ýola baş egýän, käbäm,
Seniñ ölmez-ýitmez WEPADARLYGÑA!
Bäşim ATAÝEW.
Goşgular