TÜRKIÝE TÄSIRLERI
▶ ANKARA
Ankara ajaýyp şäher ekeni,
Adamlary şadyýan hem hoşgylaw.
"Bir gören tanyşdyr, iki ~ garyndaş",
Olar çäksiz sarpa goýýar dostluga.
Taryh içre milletler biz adygan,
Bir daragt ~ iki şaha ýaýradan.
Bir ykbal biz ~ türkmen-türk at alan,
Bir ýürek biz ~ dünýä nurun paýlagan.
Düýnümiz,
Düýbümiz berip dur habar,
Geçmişiñ şöhratly sahypasyndan.
Geçilen ýollara zyýarat eýle,
Köñül ganatlanar taryh gatyndan.
Ýene ýollar
ýollar bilen tapyşýar,
Ýene dogan
dogan bilen görüşýär.
Kesgitläp geljegiñ aýdyñ ýoluny,
Liderler bir-bire elin berişýär.
Ýaşyl öwsüp jaýlarynyñ üçegi,
Köçelerde janly durmuş gaýnaýar.
"Hoş geldiñiz,
Çok teşekkür ediýorum!"
Diller şirin,
Süýji-süýji saýraýar.
Belki, adamlary ýarandyr maña,
Unutmadyk öz aslyny, köküni.
Belki, tebigaty,
Belki, howasy...
Ankara ajaýyp şäher ekeni.
Bäşim ATAÝEW.
# garagum_2018
Goşgular