14:27 Söz bagynyñ bilbili | |
SÖZ BAGYNYŇ BILBILI
Edebiýaty öwreniş
• Hindistanly beýik türkmen şahyry Emir Hysrow Dehlewi hakynda taryhy-edebi söhbet Adamzat taryhynyň soňky müňýyllygynyň dürli asyrlarynda Hindistanda ýaşap geçen beýik türkmen şahyrlary Emir Hysrow (1253-1325) bilen Mürze Galybyň (1797-1869) ykballary köp babatda meňzeş. Gelip çykyşy boýunça şahyrlaryň ikisi-de türkmenleriň asylzada neslinden. Olar şöhratly türkmen serkerdeleriniň maşgalasyndan çykyp, türkmen köşgüniň ajaýyp bilimini hem-de terbiýesini alan adamlar. Emir Hysrowam, Mürze Galybam şindi çagakalar mukaddes uruşlarda şehit bolan gerçekleriň yzynda galyp, babalarynyň öýünde terbiýelenipdirler. Olaryň biri Hindistanyň urdu edebiýatynyň gözbaşynda duran bolsa, beýlekisi bu edebiýatyň taryhynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hasap edilýär. Olar Delide dogulmadyk bolsalar-da, ömürboýy «Dehlewi» tahallusyny göterip, şu şäherde-de 72 ýaşda aradan çykypdyrlar. Beýik şahyr Emir Hysrowyň ölmez-ýitmez eserleri Hindistanyň, Päkistanyň, Merkezi Aziýanyň, Orta we Ýakyn Gündogaryň türkmen, türki, urdu, hindi, arap we pars edebiýatlarynyň soňraky ösüşine ägirt uly täsir etdi. Onuň ady Orta asyrlaryň Rudaky, Enweri, Nyzamy, Sädi, Hafyz, Rumy, Nowaýy ýaly beýik söz ussatlarynyň hatarynda tutulýar. Emir Hysrow özüniň ölmez-ýitmez eserleri bilen bütin musulman edebiýatyny öz döredijiliginde birleşdirdi we onuň ösüşine aýgytly itergi berdi. Şahyryň döredijligi türkmen nusgawy edebiýatyna-da uly täsir edipdir. Nusgawy şahyrymyz Molanepesde şeýle setirler bar: - Nyzamy, Nowaýy ýene Ferdöwsi, Rumuň gülşeni, hindi tawusy, Ýalançy dünýäden öter men asy, Size kän hyzmatlar goýandyr köňlüm. Türkmen edebiýatçysy S.Durdyýewiň ýazmagyna görä, Mollanepesiň bu bendinde «hindi tawusy» diýlip ady tutulýan şahyr, Emir Hysrow Dehlewi bolmaly. Şahyryň hakyky ady Ýamineddin bolup, oňa Abul Hasan lakamy hem tirkelipdir. Şahyra bu at, onuň Hasan atly oglunyň bolandygy («Abul Hasan» – «Hasanyň kakasy») üçin berlipdir. Türkmenlerde häli-häzirem aýal maşgalalar, käwagtlar çagaly-çugaly erkek adamlaryň atlaryny «pylanyň kakasy» diýip tutýarlar. Şahyryň doly ady - Ýamineddin Abul Hasan Emir Hysrow ad-Dehlewidir. Ýöne, bitiren beýik işlerini göz öňünde tutup, şahyry öz gazanan «Emir Hysrow Dehlewi» ady bilen tanaýarlar. Ol «hindi tawusy», «hindi totusy» tahalluslary bilen hem meşhurdyr. Emir Hysrow 1253-nji ýylda Demirgazyk Hindistanyň häzirki Uttar-Pradeş ştatynyň gadymy Patyýala şäherinde tanymal türkmen serkerdesiniň maşgalasynda eneden dogulýar. Onuň kakasy Emir Seýfeddin Mahmyt han gelip çykyşy boýunça merkezi aziýaly oguzlaryň - türkmenleriň Laçynlar kowmundan bolupdyr. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Emir Hysrowyň ata-babalary oguzlaryň bozuklaryndan ýa-da Oguz hanyň nowbahar ogly Gün hanyň nesillerinden bolupdyr. Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly, Gün hanyň ogullary Gaýanyň, Baýatyň, Agöýliniň we Garaöýliniň guşy laçyndyr. Beýik şahyr laçyn guşy özüne oňan edip alan Gün hanyň kowmundandyr. Şahyryň kakasy Mahmyt han, Beýik Seljuk türkmen döwletiniň, soňra bolsa Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň möhüm bölekleriniň biri bolan Samarkant welaýatynyň Keş şäherinde doglupdyr. Ol mongol çozuşlary döwründe soltan Jelaleddin Meňburnuň goranyş söweşlerine gatnaşyp, türkmenleriň ýurt tutunan gadymy ülkesi Balha göçüp gelipdir we ol ýerden hem Hindistana gidipdir. Batyr serkerde Delidäki türkmen soltanlarynyň gullugynda durupdyr. Bu döwürler Delidäki türkmen soltanlygy howsalaly günleri başdan geçirýärdi. Sebäbi XIII asyryň 20-nji ýyllaryndan başlap, döwletiň üstüne mongol basybalyjylary yzygider çozup durupdyrlar. 1222-nji ýylda başlan bu talaňçylykly çozuşlar tas ýüz ýyla golaý dowam edýär. Ýöne, mongol basybalyşlaryna sezewar edilen dünýäniň beýleki sebitlerinden tapawutlylykda, türkmen soltanlary mongollaryň Hindistana tarap geçiren ähli ýörişlerini yzyna serpikdirmegi başarypdyrlar. Iltutmuş han (1210-1236), Kyýaseddin Balban han (1265-1287) we Alaýeddin han Halaç (1296-1316) mongollaryň 10-dan gowrak uly çozuşlaryny yzyna serpikdirip, gözel ýurdy weýrançylykdan halas edipdirler. Bu söweşlerde Hysrowyň kakasy Mahmyt han aýratyn tapawutlanypdyr. Şonuň üçin hem soltan Iltutmuş, Deli soltanlygyny esaslandyran «kyrk türkmenler» diýlip atlandyrylan serkerdeleriň neslinden bolmasa-da, oňa batyrlygy üçin «Seýfeddin» – «Din gylyjy» adyny hem-de «Emir» derejesini beripdir. Batyr serkerdä Iltutmuşuň baş weziri Ymadylmülkiň göwni ýetipdir we oňa öz gyzyny beripdir. Weziriň gyzy Döwletnäz Begim Emir Hysrowyň ejesidir. 1260-njy ýylda Hysrow sekiz ýaşynyň içindekä, kakasy Mahmyt han mongollara garşy agyr söweşleriniň birinde wepat bolýar. Serkerdäniň ýetim galan çagalaryny onuň gaýyn atasy Ymadylmülk öz howandarlygyna alypdyr we agtyklaryna ýaşlykdan öz döwrüniň örän gowy bilmini hem-de edep-terbiýesini beripdir. Ejesi Döwletnäz Begim şahyryň durmuşynda, onuň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde we ruhy taýdan kämilleşmeginde uly yz galdyrypdyr. Özüniň ölmez-ýitmez eserlerinde Emir Hysrow ejesine perzentlik söýgüsi we wepadarlygy bilen ýüzlenýär. Şahyr 1289-njy ýylda ýazan «Kyran as-sedaýyn» («Bagtly ýyldyzlaryň birleşmegi») eserinde Delide ýaşaýan ejesinden hat alandygyny belleýär. Şonda Hysrow iki ýyldan bäri Ganga deýasynyň boýundaky Awut ülkesinde, bu ýerlere ýörişe gelen soltan Keýkubadyň ýanynda eken. Döwletnäz Begim hatynda ogluny göresiniň gelýändigini ýazypdyr. Hysrow haýal etmän Soltandan rugsat alypdyr we ejesini görmek üçin Delä gelipdir. 1298-nji ýylda Emir Hysrowyň ilki ejesi, onuň yz ýanyndan bolsa, inisi Gutlug han aradan çykypdyr. Bu ajy aýralygy şahyr «Leýli-Mejnun» dessanynda ýerleşdiren çuň hasrata ýugrulan mersiýesinde beýan edýär: - Ah, bir ýylda söndi goşa ýyldyzym. Ene gitdi, dogan gitdi, nädeýin. Uklan bagtym bakmaz maňa ýylgyryp, Iki dolan Aýym galdy gädilip. Emir Hysrow musulman şahyrlarynyň içinde ejesiniň ölümii hakynda marsiýa – elegiýa ýazan ýeke-täk şahyrdyr. Ol Döwletnäz Begimiň ölümi barada ýüz bentden gowrak möçberde marsiýa ýazypdyr we ony hem «Leýli-Mejnun» dessanynda ýerleşdiripdir. Marsiýanyň her setiri, her sözi, edil çaga göz ýaşy ýaly, çuňňur hasrata, gaýgy-gama ýugrulan. Ol perzendiň ýeke-täk enesine, ynsanyň iň mähriban adamsyna bolan özboluşly agysydyr. - Sensiz misginu-geda men tozan. Misli gaýnap duran otdaky gazan. Agşamdan daňdana, daňdan agşama Otyryn gysylyp, hasrata - gama. Şahyryň Gutlug han, Zahyd han, Alaýeddin Aly şa atly doganlary, Hasan beg, Husameddin beg, Rukneddin beg, Aýneddin Hydyr beg atly ogullary, Afife Begim, Mastura Begim atly gyzlary bolupdyr. Emir Hysrowda şygyrýete bolan çäksiz söýgi hem-de ukyp-başarnyk juda ir döräpdir. Ol sekiz ýaşynda gazal düzüp başlapdyr. Bu barada Emir Hysrow özüniň ýaşlyk ýyllarynyň döredijiligi bolan «Tohfat as-siýar» («Ýaşlyk sowgady») eserinde: «Adatça, çagalaryň dişi düşýän döwri, men gazal ýazýardym. Şonda meniň dahanymdan merjen däneleri dökülýärdi» diýip ýatlapdyr. Ol döwürler dil bilmeklik sowatlylygyň esasy görkezijileriniň biri hasap edilýärdi. Hysrow eýýäm 12 ýaşynda ene dilinden başga-da, urdu, arap we pars dillerini hem suwara bilýär eken.Ýaşlyk ýatlamalarynda aýdylyşy ýaly, Emir Hysrowy 20 ýaşynda köşk şahyrlarynyň hataryna kabul edýärler. Ol edebiýatdan, ylahyýet ylymlaryndan, musulman kanunçylygyndan, taryhdan, älemşynaslykdan, tebipçilikden örän gowy baş çykarypdyr. Hysrow diňe bir ajaýyp şahyr bolmak bilen çäklenmän, ol meşhur sazanda hem bolupdyr. Häzirki döwürde-de hindileriň söýüp diňleýän köp sanly aýdym-sazlarynyň Hysrow tarapyndan döredilendigini alymlar belleýärler. Meşhur sazanda Emir Hysrow hindileriň iň söýgüli saz guraly hasaplanýan sitarany döredijidir. Ol edebiýatyň hem-de dil bilimleriniň nazaryýetini, saz-sungatyny, Hindistanyň halk döredijiligini we ýerli halklaryň dillerini düýpli öwrenipdir. Emma ylym-bilimi ýetik, giň dünýägaraýyşly alym Emir Hysrow öz durmuşynyň many-mazmunyny esasan şygyrýetden gözläpdir, şol hem beýik şahyra şöhrat getiripdir. - Şunça hünärimden hiç kim almasa nep, Gabra alyp gitsem haýp, ýüz ýola haýp. Emir Hysrow tä ömrüniň ahyryna çenli türkmen soltanlarynyň ägirt uly sylag hormatyna we çyn söýgüsine mynasyp bolupdyr. Delidäki tagtda türkmen soltanlarynyň haýsysynyň oturandygyna garamazdan, onuň köşkdäki abraýy hiç haçan beýgelmese peselmändir. Ol ýedi sany türkmen soltanynyň döwründe köşk şahyrynyň wezipesini ýerine ýetiripdir. Emir Hysrow Kyýaseddin Balbandan (1265-1287) başlap, onuň ogly Mugyzeddin Keýkubadyň (1287-1290), Jelaleddin Firuz şa Halajyň (1290-1296), şahyra «emir» adyny dakan Alaýeddin Muhammet şa Halajyň (1296-1316), Hysrowyň esasy howandary Kutubeddin Mübärek şa Halajyň (1316-1320), Togalak soltanyň (1320-1325) we onuň ogly Muhammet han Togalagyň (1325-1351) dolandyran ýyllarynyň sözüň doly manysynda hakyky bezegine öwrülipdir. Ýaşlyk ýyllarynda Emir Hysrow «Soltany» tahallusy bilen döredipdir. Onuň şahyrçylyk durmuşy Deli soltanlygynyň ikinji paýtagty ýa-da şol döwürde aýdylyşy ýaly «kiçi paýtagt» Multanda (häzir Päkistanyň iň uly şäherleriniň biri) başlaýar. Delidäki türkmen hökümdarlarynyň içinde Hysrowyň ilkinji howandary, onuň iň eý görýän dosty, tagtyň mirasdüşeri, soltan Kyýaseddin Balbanyň (1265-1287) uly ogly şazada Muhammet han bolupdyr. Emma döwletiň meşhur serkerdeleriniň biri, il-günüň guwanjy, diniň diregi Muhammet han 1283-nji ýylda mongollara garşy gandöküşikli söweşleriň birinde wepat bolupdyr. Şazada şehit bolanda, Hysrow onuň ýanynda eken. Gandöküşikli söweşiň gidýän wagty şazada wepat bolupdyr, Hysrow bolsa ýesir düşýär. Ýöne, oňa ýesirlikden sypmak başardypdyr. Gäwürlere garşy mukaddes uruşda wepat bolan Muhammet hanyň ady, Delidäki türkmen soltanlygynyň taryhynda «Han şehit» ady bilen hemişelik galypdyr. 1283-nji ýylda Emir Hysrow Multandan Patiýala – ejesiniňkä gelipdir we şol ýerden hem Delä göçüp barypdyr. Ol döwürler Deli ägirt uly şähere öwrülipdir we taryhçy Zyýaeddin Baranynyň ýazyşy ýaly, ol Bagdadyň bäsdeşine, ikinji Kaire we täze Konstantinopola (Stambul) öwrülipdir. Şahyryň indiki howandary, täzelikde soltanlyga göterilen, Balbanyň agtygy Mugyzeddin Keýkubat bolupdyr. Emma özünden maslahat soralman, oglunyň tagta çykarylmagyndan Keýkubadyň kakasy, Bengaliýanyň emiri Bugra han nägile bolupdyr. Keýkubat kakasynyň garşysyna Bengaliýa tarap goşun sürýär. Bugra han hem goşunlary bilen oglunyň garşysyna çykypdyr. Emma 1288-nji ýylda Emir Hysrow ýaly abraýly köşk begzadalarynyň araçy bolmagynda, ataly-ogluň arasynda ýaraşyk baglaşmak başardypdyr. Bu waka şahyryň «Bagtly ýyldyzlaryň birleşmegi» («Kyran as-sadeýin») atly dessanynyň döremegine sebäp bolupdyr. Bu wakadan köp wagt geçmänkä, Deli soltanlygynda häkimiýet başyna türkmenleriň täze nesilşalygy – Halaçlar gelýär. Nesilşalygyň birinji soltany Jelaleddin Firuz şa, belent hormatyň alamaty hökmünde Hysrowa «emir» derejesini berýär. Şahyr «Hysrow» («Patyşa») tahallusyna-da şu ýerde mynasyp bolupdyr. Şonuň üçin hem köşkde oňa hemmeler «Emir Hysrow» diýip ýüzlenýärdiler. Bu derejeler türkmen soltanlary tarapyndan şahyryň şahsyýetine, at-abraýynya, ýiti zehinine bolan belent hormat-sylagyň hem-de çyn söýgüniň nyşany hökmünde berlipdir. Döwlet şa Samarkandyda (1436-1495) şeýle setirler bar: - Patşasy sen saýlantgylaň, sadalaň, Şonuň üçin Emir Hysrow at alan. Firuz şa ölenden soň, şa aýal kiçi ogly Ybraýym hany tagta çykarmaga synanyşypdyr. Şanyň uly ogly Arkaly han bolsa, Multanda eken. Emma nesilşalygyň ýaşulysy hökmünde häkimiýete Firuz şanyň inisi Alaýeddin Muhammet şa Halaç (1296-1316) gelýär. Alaýeddin Halaç Hindistandaky türkmen hökümdarlygynyň taryhynda «Ikinji Isgender», «Ikinji Jemşid» hem-de «Beýik Soltan» atlary bilen meşhurdyr. Ol ýygrimi ýylyň dowamynda ýeňişli ýörişleri yzygider alyp barypdyr we Hindistanyň ähli ýerlerini öz içine alýan ägirt uly türkmen hökümdarlygyny döredipdir. Alaýeddin soltan örän dyzmaç häsiýetli edermen esger, şöhratly serkerde hem-de beýik hökümdar hökmünde tanalypdyr. Ol Emir Hysrowyň hakyky howandaryna öwrülýär. Şahyra «Hysrow» adyny beren hem şoldur. Alaýeddin türkmen soltanlarynyň içinde Emir Hysrowyň iň köp wagtlap hyzmat eden patyşasydyr, şahyryň eserleriniň köpüsi Alaýeddin soltanyň döwründe ýazylyp, onuň ady bilen baglanşyklydyr. Şol döwürler soltan Alaýeddin Halajyň köşgünde hebeşi (gara) gullardan gelip çykan begzadalar hem bar eken. Şolaryň biri dönük Gäwür öz hökümdary Alaýeddini zäherleýär we häkimiýeti bikanun eýeleýär. Gäwüriň bikanunçylygy uzaga çekmändir, ony türkmen serkerdeleriniň goldamagynda, tagtyň mirasdüşeri Mübärek şa ýok edýär. Emma Mübärek şa hem keseki asylly weziriň syýasy pirimleriniň pidasy bolýar. Ahyrsoňy Alaýeddin soltanyň serkerdeleriniň biri Togalak han dönükleri ýeňmegi başarýar we 1320-nji ýylda Togalaklar nesilşalygyny esaslandyrýar. Emir Hysrow soltan Togalagyň, 1325-nji ýylda ol ölenden soň bolsa, onuň az wagtlyk hökümdarlyk eden uly ogly Ulug hanyň köşgünde gulluk edipdir. Beýik şahyr Togalak hanyň kiçi ogly Muhammet hanyň hökümdarlygynyň birinji ýylynda aradan çykypdyr. Döwlet şanyň ýazyşy ýaly, «Emir Hysrow 725-nji ýylda islegler bedewini ýaşaýşyň dar jülgesinden çykaryp, ony bakyýetiň ümmülmez giňişligine tarap ýüzün salyp çapdyryp gitdi we ruhunuň totusyny daşky duýgularyň kapasasyndan azat eýläp, bakyýetiň gandu-şeker ýurduna eltdi». Emir Hysrowyň aradan çykan ýyly barada beýik türkmen şahyry Nowaýy hem ýazypdyr. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, şahyr 72 ýaşynda aradan çykypdyr. Emma Nowaýy onuň 74 ýaşandygyny belleýär. «Ol ýedi ýüz ýigrimi bäşinji ýylda, juma gijesi dünýäden ötüpdir we onuň ömri ýetmiş dörde ýetipdir. Hysrowy piri Nyzameddin şyhyň ýanynda depin kylypdyrlar» diýip, Nowaýy belleýär. Emir Hysrow Dehlewi diňe bir türkmen edebiýatynyň taryhynda däl, eýsem dünýä edebiýatynyň taryhynda hem, köpsanly şygyr we kyssa eserlerini döreden ajaýyp şahyr hasap edilýär. Ol 5 sany poema, 22 sany dessan, ýüzlerçe kasydalary, rubagylary, gazallary döredipdir. Bar bolan maglumatlara görä, Emir Hysrow 400-500 müňe barabar bentleri döredipdir! Beýik şahyr dünýäden ötenden soň geçen asyrlaryň içinde, çeper sözüň çyn muşdaklary onuň ähli eserlerini ýygnamaga we neşir etmäge çalşypdyrlar. Döwlet şanyň ýazmagyna görä, «Alymlar Emir Hysrowyň diwanyny doly toplap bilmändirler. Soltan Seýit Baýsuňkar han Emir Hysrowyň gazallaryny ýygnamak üçin köp güýç sarp edipdir we şunuň netijesinde, oňa şahyryň 120 müň ikilemelerini toplamak başardypdyr. Soňra ol Emir Hysrowyň ýene-de 2 müň sany ikilemelerini ýüze çykarypdyr. Sebäbi olar şahyryň diwanynda ýok eken. Soltan Seýit Baýsuňkar şahyryň ähli şygyrlaryny ýygnamagyň mümkin däl işdigine, amala aşyryp bolmajak arzuwdygyna göz ýetiripdir». Emir Hysrowyň ömri we döredijiligi barada şahyryň watany Hindistan bilen Päkistandan başga-da, daşary ýurtlarda hem köp işler edilipdir. Aýratyn hem Özbegistanda, Täjigistanda we Azerbaýjanda edilen işler kän. 1975-nji ýylda Özbegistanda, 1976-njy ýylda bolsa, ÝUNESKO-nyň karary bilen Hindistanda, Päkistanda we Täjigistanda beýik şahyryň doglan gününiň 700 ýyllygy uly dabara bilen bellenilip geçilipdir. Emir Hysrow Dehlewiniň ady biziň ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligine-de bellidi. A.Meredow, A.Mülkamanow, N.Gullaýew, K.Ataýew, T.Nepesow, S.Durdyýew, A.Bekmyradow ýaly görnükli türkmen edebiýatçy alymlarynyň işlerinde onuň ady agzalyp geçilýär. Ýöne, nebsimiz agyrsada, onuň ömri we döredijiligi öwrenilmän galypdyr. Şahyryň adyny käbir ýazyjy-şahyrlarymyz hem bilýärdiler. Nusgawylyga öwrülen söýgüli şahyrymyz K. Gurbannepesowyň Emir Hysrowyň doglan gününe bagyşlap ýazan «Dehlewiniň 700-ýyllygynda Dehlewiçe dörän setirler» atly goşgusy bar. - Seniň gözleriňden ganyp bilemok. Megerem bu dertden eräp giderin. Gijeler gözüme uky gelenok. Gözýaşym gutaryp gurap giderin. Öwlüýä Sen. Daşynda pyrlanyp ýörin. Kowsaň-da maslygym süýräp giderin. Ähdi-peýman diýmek-iman diýmekdir. Ähdiňden dänäýseň niräk giderin. Seni iki dünýä çalyşmaryn men. Egnimi egniňe diräp giderin. Birden öläýsemde, seň ysyň alsam – Ýene-de direlip ýöräp giderin. Adam iki gezek inermiş dünýä. Çynmyka jogabyn durlap giderin. Ýeke gezek bolsa, menem boş gitsem. Dünýäden çaga deý çyrlap giderin. Sen ähdiňde dursaň şahyram durar. Seni müň beladan gorap giderin. Bürgüde duşduňmy bürgüt hem bolgun! Serçä dönäýdigiň parlap giderin. Emir Hysrowyň döredijiligine garaşsyz Hindistan döwletini esaslandyran Jawaharlal Neru (1888-1964) hem uly sarpa goýupdyr: «Hysrow diňe pars dilinde ýazmak bilen çäklenmän, ol urdu dilini hem suwara bilipdir. Hindiler Hysrowy ajaýyp sazanda hem hasap edýärler. Ol hindileriň saz-sungatynyň ösüşine uly goşant goşupdyr. Ony halk saz guraly bolan sitarany dörediji diýip hasap edýärler. Emir Hysrow köp zat barada ýazypdyr. Hindistan barada ýazmak bilen, ol öz ýurdunyň dinlerini, pelsepesini we dillerini çuňňur öwrenipdir, onuň saz-sungatyny, ylymlaryny wasp edipdir. Ýöne, Hysrow Hindistanda hindileriň esasy gepleşik dili bolan urdu dilindäki aýdymlary bilen meşhurdyr. Ol hindi daýhanynyň ýanyna, diňe bir onuň dilini öwrenmek üçin däl, eýsem onuň durmuşyny we däp-dessuryny öwrenmek üçin barypdyr» diýip, J. Neru «Hindistanyň açylmagy» atly kitabynda ýazypdyr. Emir Hysrowyň ömri we döredijiligi musulmançylygyň sünni sopuçylyk ýol-ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Beýik şahyra goýlan bimöçber sarpa, belent hormat hem, belkäm şonuň üçindir. Sebäbi türkmenlerde pähimdar hem-de takwa adamlar şöhratly taryhymyzyň ähli döwürlerinde uly sylag-hormatdan peýdalanypdyrlar. Emir Hysrow Dehlewi sopuçylyk akymynyň meşhur wekilleriniň biri bolupdyr. «Sopyçylyk» («sufizm») adalgasynyň araplaryň «suf» - «ýüň» sözünden gelip çykýandygyny, ýagny sopularyň egnine geýýän ýüň dony bolan «hyrka» bilen baglanşdyrýarlar. Bu sözi başgaça araplaryň «saf», türkmenleriň «sap», «arassa» sözleri bilen hem baglanşdyrýarlar. Käbir alymlaryň bu düşünjäni, ýunanlaryň «sofiýa» – «paýhas» ady bilen baglanşdyrýanlary-da bar. Sopyçylyk taglymatyna görä, her bir sopy kämilligiň dört basgançagyny geçmeli eken. Onuň birinji basgançagy «şerigat» diýilip atlandyrylyp, islendik musulman adamsy ýaly, sopular hem şerigatyň ähli parzlaryny berjaý etmelidiler. Sopyçylygyň ikinji basgançagy «tarykat» diýlip atlandyrylyp, onuň türkmen dilinde «ýol», «ýörelge» ýaly manylary bardyr. Bu döwürde sopy, belli pirleriň birine gol ýapýar, ondan sapak alyp, ylahyýet ylmyny doly özleşdirýär. Sopuçylygyň üçünji döwri «maryfat» diýlip atlandyrylyp, bu döwürde sopynyň özi pirlige ýetişýär we töweregine sopy ýygnaýar. Sopyçylygyň soňky basgançagy «hakykat», onuň iň ahyrky hem-de ýokary derejesidir. Türkmen danasy Gorkut ata, Mäne baba, Hoja Ahmet Ýasawy, Bäheweddin Nagyşbendi, Nyýazguly halypa, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Ak işan, Gurbanmyrat işan, Molla Töre ahun, Gyzylaýak halypa ýaly tanymal akyldarlar we ulamalar sopuçylygyň ähli ýollaryny geçen pirlerdir. Emir Hysrow Dehlewi hem Hindistandaky türkmen kowumlaryndan çykan, sopuçylyk taglymatynyň ähli derejelerine eýe bolan beýik musulman alymydyr. XIII-XIV asyrlarda Hindistanda birnäçe belli sopuçylyk guramalary – mekdepleri bolupdyr. Şolardan «Çiştiýe» sopuçylyk guramasy öz töweregine köpsanly sopulary birleşdirýärdi. Bu guramanyň ady Mugyzeddin Çiştiniň (1242-1336) ady bilen baglanyşykly. Emir Hysrow Hindistandaky belli şyhlaryň biri, öz ildeşi, «Çiştiýe» sopuçylyk akymynyň ulamasy, ýigrimi üç ýaşynda pirlige ýetişen Nyzameddin Öwlüýäniň (1238-1325) sopusy bolupdyr. Piriň özi hem meşhur ulamanyň - özünden dört ýaş kiçi Mugyzeddin Çiştiniň sopusy eken. Çiştiniň hem asly Merkezi Azyýadan bolupdyr. Babasy Ymadylmülk agtygy Hysrowy sekiz ýaşyndaka Nyzameddin Öwlüýäniň eline beripdir. Şonuň üçin hem şahyryň bütin ömri, özi ýaly türkmen soltanlarynyň köşgüniň bezegine hem guwanjyna öwrülen, piri Nyzameddin bilen aýrylmaz baglanşykly bolupdyr we ömrüniň ahyryna çenli öz piriniň ýörelgelerine wepaly bolup galypdyr. Piri hem özüniň ajaýyp şahyr-sopusyny eý görüpdir, onuň ýiti zehinine uly sarpa goýupdyr. Meşhur şyh pähimdar sopusy barada bir ýola şeýle diýipdir: - Hysrowyň kyssada hiç deňi ýokdur. Söz mülküniň patyşasy Hysrowdyr. Emir Hysrow piriniň edil yzy süre aradan çykypdyr we wesýet edişi ýaly, şyhyň edil gapdaljygynda jaýlanypdyr. Beýleki bir türkmen danasy Mürze Galyp ýaly, Hindistan ýurdunyň baş keramaty hasaplanylýan beýikleriň ikisiniň hem aramgähi häzirki güne çenli saklanyp galypdyr we olar ýerli halkyň geçmişde-de, biziň günlerimizde-de, esasy zyýarat edýän mukaddes ýerleriniň birine öwrülipdir. Indi, 700 ýyla golaý wagt bäri, Hindistanyň dürli milletleriniň we dinleriniň wekilleri, olaryň mazaryna zyýarata gelýärler. Şahyryň Emir Hasan Dehlewi atly şahyr dosty hem bar eken. Ol Seýistanly (türkmenleriň asyrlar boýy ýurt tutunyp oturan ülkesi - Owganystan bilen Eýranyň arasyndaky düzlük ýurt) belli begzada Alaýeddin hanyň ogly bolupdyr. Ol hem dosty ýaly, ýaşlygyndan şyh Nyzameddiniň elinde terbiýelenipdir. Emir Hasan Delide Emir Hysrow bilen bir ýylda doglupdyr we 1327-nji ýylda-da aradan çykypdyr. Emir Hysrow örän baý adam bolupdyr, sebäbi oňa beýik soltanlar howandarlyk edýärdiler. Taryhy çeşmelerde beýan edilişi ýaly, «Noh sipehr» («Dokuz asman gümmezi») atly dessany üçin soltan Kutubeddin şahyra «piliň ululygy ýaly altyny» sowgat beripdir. Emma türkmeniň sabyr-kanagatly dana şahyry ähli baýlygyny, dosty Emir Hasan ýaly şyh Nyzameddiniň sopyçylyk guramasynyň haýryna geçiripdir. Soňra bu iki dostuň baýlyklarynyň hasabyna, Hindistanda ençeme metjit-medreseler, aramgähler, kerwensaraýlar, bazarlar, hammamlar, keselhanalar we hanakalar gurlupdyr. Belli şahyr Mir Taky Mir (1722-1810) Emir Hysrowyň urdu dilinde eser döreden ilkinji şahyr bolandygyna güwä geçýär. Onuň dürli ýyllarda ýazylan yşky eserleri bäş sany diwanda jemlenendir. Olar aşakdakylardyr: «Tohfat as-siýar» («Ýaşlyk sowgady»), «Wasat al-haýat» («Orta ýaşda»), «Gurrat al-kamal» («Kämillik döwri»), «Bakiýaýi-Nakiýa» («Saýlantgy»), «Nihaýat al-kamal» («Kämilligiň aňrybaşy»). Emir Hysrow döredijiliginde beýik türkmen şahyry Nyzamydan ugur alypdyr we onuň yzyna eýeripdir. Nyzamy Genjewi dünýä edebiýatynda «Hamsa» («Bäş hazyna») eseri bilen meşhurdyr. Emir Hysrow beýik şahyryň döredijiligine jogap hökmünde öz «Hamsasyny» döredipdir. Adyndan belli bolşy ýaly, bu eserleriň her biri bäş sany poemadan ybaratdyr. Şahyr eserlerini Nyzamynyň «şygryýet hazynasynyň açary» diýip hasap edipdir. - Ýalançy dünýäde eýerip oň yzyna, Döretdim bäş açar şol bäş hazyna. Dehlewiniň birinji poemasy «Parlak ýyldyzlar» («Matla-al-Enwer») 1298-nji ýylda ýazylyp, şahyr ony Nyzamynyň «Syrlar hazynasyna» jogap hökmünde döredipdir. Ýigrimi sany bapdan, 3310 sany bentden durýan eserde şahyr köp meseleleri gozgaýar. Poemanyň «Ylmyň peýdasy we nadanlygyň ejiri», «Söýgüniň beýikligi», «Ýoldaşlyk we dostlaryň ylalaşygy», «Dogan-garyndaşlyk edebi we rehimdarlyk», «Ynsanyň belent borçlary» ýaly baplarynda şahyryň ýnsan, ýnsanýet, ynsanperwerlik, edep-ekram, ýaşaýyş-durmuş hakdaky garaýyşlary beýan edilýär. Ylym ynsanyň ýoluny ýagtyldýar, oňa daş-töweregi gurşap alan syrly dünýä akyl ýetirmäge ýardam edýär, tebigatyň adamzada eçilýän baýlyklaryny ýerlikli we netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär. Ylym-bilim ynsanyň ýaşaýyş-durmuşyny ýeňilleşdirýär. - Köňlüni ylma bermeýen adam, Gezýändir gijeler şemsiz elmydam. Ýolagçyň bolmasa çyra golunda, Gije gorpa düşer, görgä galar ýolunda. Emir Hysrowyň «Hamsasynyň» ikinji we üçünji poemalary hasap edilýän «Hysrow - Şirin» bilen «Leýli - Mejnun» eserleri 1298-1299-njy ýyllarda ýazylypdyr we soltan Alaýeddin Halaja bagyşlanypdyr. Mälim bolşy ýaly, Nyzamyda hem edil şular ýaly adybir eserler bardyr. Şahyryň 4450 bentden durýan «Isgenderiň aýnasy» («Aýnaýy Isgenderi») poemasy, Nyzamynyň «Isgendernamasyna» ýazylan jogapdyr. Şahyr ony 1300-nji ýylda ýazypdyr. Onda şahyryň piri Nyzameddin Öwlüýä we dört ýaşlyja ogly Rukneddine bagyşlap ýazan baplary hem bar. Emir Hysrow Dehlewiniň 3344 bentden ybarat bolan iň soňky poemasy «Haşt behişt» («Sekiz behişt») 1301-nji ýylda ýazylypdyr. Hysrow ony Nyzamynyň «Haft peýker» («Ýedi peýker») poemasynyň jogaby hökmünde ýazypdyr. Bu poema Gündogarda uly şöhrata eýe bolupdyr. Häzirki döwürde dünýäniň dürli saklawhanalarynda onuň ýüzdenem gowrak nusgalary we terjimeleri saklanýar. Emir Hysrow öz «Hamsasynda» Nyzamynyň beýan eden wakalaryny ulanypdyr. Ýöne, olar şahyr tarapyndan düýpli işlenilipdir. Şonuň üçin hem meşhur söz ussatlarynyň soňky asyrlarda döreden «Hamsalaryndaky» hem-de şahyryň poemalaryna öýkünilip ýazylan eserlerdäki wakalar, edil Emir Hysrowyň beýan edişi ýaly bolupdyr. Ýöne, Nowaýynyň belleýşi ýaly, ýazylan «Hamsalaryň» hiç biri hem Nyzama eýeren Hysrowyňkyça bolmandyr. Beýik şahyr Nowaýy öz döreden «Hamsasyny» hem beýiklere «öýkünilip» ýazylan eserleriň hataryna goşýar. - Öýkünip Nyzamy, Dehlewi daga, Zibil getirdiler bossana, baga. Nowaýy «Ýedi ýyldyz» poemasynda Hysrowyň hem-de Nyzamynyň «Hamsalaryny» biri-birinden takyk tapawutlandyrýar we olaryň eserlerine ägirt uly ähmiýet berýär. - Nyzamy Eremniň ýüz gülün berdi. Şerbet sepdi Hysrow alyp gezegi. Getirdi Nyzamy Aý ýüzli bir gyz. Hysrow ony Wesme bilen bezedi. Emir Hysrow ajaýyp taryhçy hem hasap edilýär. Ol edebiýatyň «taryhy mesnewi» usulynda ençeme dessanlary döredipdir. Olaryň ilkinjisi şahyryň 1289-njy ýylda döreden «Bagtly ýyldyzlaryň birleşmegi» («Kyran as-sadeýin «) atly dessanydyr. Eýýäm bellenilip geçilişi ýaly, dessanda iki soltanyň – ataly ogluň duşuşygy, şeýle hem türkmen soltanlarynyň mongol basybalyjylaryna garşy göreşleri beýan edilýär. Şahyryň eserini merkezi aziýaly syýahatçy hem-de alym Abdyrazzak Samarkandy (1413-1482) özüniň «Hindistana syýahat hakynda hekaýat we onuň gudratlarynyň we täsinlikleriniň beýany» atly işinde giňişleýin ulanypdyr. Emir Hysrowyň şu ugurdan ýazan eserleriniň ýene-de biri, onuň Jelaleddin Firuz şa Halaja bagyşlap döreden «Ýeňiş açary» («Mehtaf al-futuh») dessanydyr. 1291-nji ýylda ýazylan bu eserde şahyr öz howandarynyň ýeňişli ýörüşlerini wasp edýär. Emir Hysrowyň kyssa görnüşinde ýazylan «Ýeňişler hazynasy» («Hazaýyn al-futuh») atly eseri hem mazmuny boýunça taryhy mesnewi hasap edilýär. Onda Halaçlar nesilşalygyndan bolan türkmen soltanlarynyň mongollara garşy ýeňişli ýörişleri beýan edilýär, olaryň şanly ýeňişleri şöhratlandyrylýar. Poemada berilýän maglumatlar ygtybarlydyr, sebäbi Halaçlar nesilşalygyndan bolan soltanlaryň ähli ýörişlerine diýen ýaly şahyryň özi hem gatnaşypdyr. Emir Hysrowyň bäş jiltden ybarat şygyrýet, dilewarlyk, golýazma we caz sungatlaryndan gymmatly maglumatlary berýän «Ijazi Hosrowi» («Hysrowyň wesýetleri») atly ajaýyp eseri hem bar. Onuň gazal görnüşinde ýazylan «Halyk bary» atly dessany mazmuny boýunça urdu we pars dilleri boýunça okuw kitaby hasap edilýär. Indi, 700 ýyl bäri Hindistanyň her bir sowatly adamsy ondaky gazallardan setirleri ýatdan aýtmagy we olary ýazýan işlerinde ulanmagy özlerine dereje bilýärler. «Halyk bara» öýkenip, soňra birnäçe eserler döredilipdir. Olardan Tajanlynyň «Alla-Hudaýy», Abdyl Wasygyň «Hamde-bary», Mürze Galybyň «Kadyr-nama» eserlerini görkezmek bolar. Hysrowşynaslar şahyryň «Noh sipehr» («Dokuz asman gümmezi») dessanyny Hindistanyň şygyr bilen ýazylan özboluşly ensiklopediýasy (bilimnama kitaby) hasaplaýarlar. Çünki onda Hindistanyň halklary, olaryň dilleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary, ýurduň gözel tebigaty, baý haýwanat dünýäsi we başgalar barada gymmatly maglumatlar berilýär. Emir Hysrowyň «Togolak nama» dessany onuň iň soňky eseridir. Dessan soltan Togalak hana bagyşlanyp, onda XIV asyryň 20-nji ýyllarynyň birinji ýarymynyň syýasy wakalary beýan edilýär. Şahyryň 1316-njy ýylda «taryhy mesnewi» usulynda ýazylan «Dewal-rani we Hydyr han» dessany iň kämil eserleriň biri hasap edilýär. Onda iki ýaş juwanyň, şazada Hydyr han bilen indus gyzy Dewal-raniniň hasratly söýgüsi beýan edilýär. …Hydyr han soltan Alaýeddin Halajyň ogly bolupdyr. Soltan Güjerata (Günbatar Hindistan) ýörişinde bu ülkäniň indus hökümdaryndan üstün çykyp, ummasyz köp ýesir hem olja alýar. Ýesirleriň arasynda ýeňlen hökümdaryň ýaş aýallarynyň biri, owadanlygy bilen Alaýeddin soltanyň aklyny haýran eden, Kunalodi atly bir gözel hem bar eken. Kunalodi Alaýeddiniň söýgüli aýalyna öwrülipdir. Emma bagtly durmuşda ýaşasa-da, Kunalodi wagtal-wagtal agyr gussa batýar eken. Soltan aýalynyň näme üçin gaýgy-gama batýandygy bilen gyzyklanypdyr. Şonda Kunalodi Güjerat köşgünde galan gyzjagazy Dewaldini göresiniň gelýändigini aýdypdyr. Alaýeddin soltan hyzmatkärlerine Dewaldini haýal etmän köşge getirmekligi buýrupdyr. Edil Kunalodiniň özi ýaly görmegeý gyzjagaza, Alaeddiniň mähri gidipdir we Dewaldini on ýaşyna ýetende, onuň bilen gözli ýaşyt ogly Hydyr hana adaglapdyr. Çagalar Alaýeddiniň köşgünde gaýgysyz-gamsyz, bagtyýar durmuşda bileje oýnap ulalypdyrlar. Olaryň ikisi hem Emir Hysrowyň elinde okap, ylym-bilim alypdyrlar.Ýyllaryň geçmegi bilen iki juwanyň arasyndaky dostluk pynhan söýgä öwrülýär. Sebäbi Dewaldi edil perizat ýaly, görmegeý gyz bolup ýetişipdir. Ony indi Dewal-rani diýip atlandyrýardylar. Emma bu söýgä Hydyr hanyň ejesi, Han-Hatyn garşy çykypdyr. Sebäbi dürli ata-eneleriň zürýatlary bolsalar-da, şa aýaly olary dogan diýip hasap edýärdi. Iki juwany biri-birinden aýra düşürmek, şeýdibem olaryň gyzgyn söýgüsini sowatmak üçin, Han-Hatyn Dewal-ranini uzakdaky Lagyl galasyna ibermekligi buýurýar. Söýgülisinden aýra düşen Hydyr hany, kakasynyň inisi Alp hanyň gyzyna öýlendirýärler. Emma Hydyr han öz söýgülisi Dewal-ranini unudup bilmändir we aşyklar assyrynlyk bilen hat alşyp başlapdyrlar. Birnäçe wagt geçenden soň Hydyr han bilen Dewal-rani gaýtadan duşuşupdyrlar we birek-birekden aýrylmajakdyklaryna äht edipdirler. Emma aşyk-magşuklaryň bagtly günleri uzaga çekmeýär. Soltan Alaýeddin agyr keselleýär. Soltanyň ölüm ýassygynda ýatanlygyndan peýdalanyp, hökümdaryň maslahatçysy Gäwür Hydyr hana we onuň gaýyn atasy Alp hana töhmet atyp, olary dönüklikde aýyplaýar. Soňra Gäwür öz hökümdary soltan Alaýeddini hem zäherlerýär. Häkimýeti bikanun eýelän dönük wezir soltanyň inisi Alp hany hem jezalandyrypdyr, Hydyr hany bolsa zyndana taşlaýar. Halaçlar nesilşalygynyň başyndan inen şeýle hasratly günlerde, söýgülisine wepaly Dewal-rani Hydyr hany unutmandyr we onuň ýanynda zyndanda bolmaklygy karar edýär. Şeýdip ol söýgülisiniň başyndan inen kynçylygy ýeňilleşdirmäge jan edipdir. Hökümdaryň ornuny eýeläp, Gäwür Hydyr hany ýok etmegi buýurýar. Sebäbi ol soltanyň mirasdüşeridi. Gäwüriň buýrugy bilen şazadanyň gözi oýulýar. Emma Gäwüri Hydyr hanyň doganlarynyň biri, Mübärek şa tagtdan agdarýar we soltanlygy öz eline alýar. Soltan Mübärek şa dogany Hydyr hanyň üstüne çapar iberip, Dewal-raniden el çekmegi talap edýär. Hydyr han teklibi ret edipdir. Şeýdip agyr jebir-jepalary başyndan geçiren Hydyr han ölýär. Ýalňyz galan Dewal-rani bolsa, öz janyna kast edýär… Bagy – bossan, güli-reýhany bilen hoş, Bu giň älem, dosty-ýarany bilen hoş. ýa-da: Öz gamyny özi iýdi her kimse. Başgalar gamyn et goluňdan gelse! Mysallardan görnüşi ýaly, Emir Hysrow Dehlewiniň şahyrana döredijiligi örän giň hem juda baý. Ol şygyrýetiň ähli ugurlary we usullary boýunça diýen ýaly eserleri döredipdir. Şahyr pähimdar dana hökmünde, şygyrýetiň basniýa usulynda hem köp sanly gazallary döredipdir. Emir Hysrowyň basniýalarynda adamlaryň ikiýüzlilik, söýgä biwepalyk, açgözlük, namartlyk, harsydünýälik ýaly ýaramaz gylyklary ýazgarylýar. - Bakýarmyş bir çopan goýun hem geçi. Içýärmiş süýdünden uly hem kiçi. Ýöne, süýt saganda suw goşýar eken. (Golçanyň içinde suw joşýar eken). Bir gezek daglardan uly sil gelip, Sürüni äkidenmiş girdabna dolap. …Çopan tukat bolup batanmyş gama. Ýöne, bir pähimdar aýdanmyş oňa: Süýde suw goşup, etdiň sen hile, Şol apardy sürüňi, öwrülip sile. Hindi taryhçysy B.N.Luniýanyň aýdan bir sözi bar: «Eger-de Halaç we Togalak hökümdarlarynyň köşgünde ýaşan we olaryň howandarlygynda bolan ajaýyp ýazyjy hem-de şahyr Emir Hysrowyň ady agzalmasa, urdu edebiýatynyň ösüş gerimini doly görkezip bolmaz». Hawa, Emir Hysrow Dehlewiniň genji-hazynasy Gündogar edebiýatynyň, şeýle hem dünýä edebiýatynyň çar künjüne tylla şuglasyny saçyp dur. Muňa akyldar türkmen şahyry Emir Hysrowyň dürdäne eserleriniň dürli dillerde neşir edilip, dünýä okyjylaryna ýetirilmegi-de güwä geçýär. Gadymy türkmen şygryýetiniň dünýä ýaýraýşynyň ajaýyp altyn köki bolan Emir Hysrow Dehlewiniň şygryýet dünýäsi adamzat kalbynyň ruhy dowamydyr. Jumadurdy ANNAORAZOW, taryh ylymlarynyñ kandidaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |