22:52 Stahanowçy Nabat Gurbanowa | |
STAHANOWÇY NABAT GURBANOWA
Zenan şahsyýetler
Şu günler ýurdumyzda şahtaçy Alekseý Stahanowyň görkezen zähmet edermenliginiň 50 ýyllygy bellenip geçilýär. Onuň watançylyk başlangyjy ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp göterilipdi. Türkmenistanyň dokma senagatynda hem ilkinji stahanowçylar az däldi. Şol ilkinjileriň biri hem Nabat Gurbanowady. Otuzynjy ýyllarda onuň ady respublikamyzda gaty ýörgünlidi. Ol Türkmenistan komsomolynyň VII, WLSKM-iň X gurultaýlarynyň delegatydy. 1935-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň zähmetkeşleriniň öňde baryjy wekillerini Kremlde partiýa we hökümet ýolbaşçylary kabul etdiler. Bu delegasiýanyň hatarynda Dzeržinskiý adyndaky egirme-dokma fabriginden stahanowçy işçi Nabat Gurbanowa hem bardy. Ol delegasiýa çlenleriniň iň ýaşydy. Ýaňy on ýedi ýaşyndady. Asly Kakanyň Onbegi obasyndan bolan bu gyz çagalykdan durmuşyň agyr şarpygyny datmaly boldy. Nabadyň kakasy arabakeşdi. Ol Nabat has kiçijikkä ýogaldy. Ine, şonda Sowet häkimiýeti onuň ejesine hem-de Nabada hossar çykdy. Olar 1929-njy ýyldan, fabrigiň döredilen ýylyndan başlap Aşgabatdaky egirme-dokma fabriginde işläp başladylar. Şol ýerde-de Nabat sowat öwrendi. Önümçiligiň öňde baryjysy hökmünde-de uly hormat-sylaga -da mynasyp boldy. Ine, indem ol döwürlerden ýarym asyrdan gowrak wagt geçipdir. Ady Türkmenistanyň dokma senagatynyň taryhyna ymykly giren, birwagtky stahanowçy, komsomolyň birnäçe gurultaýynyň delegaty, gepiň gysgasy, otuzynjy ýyllarda ady şöhrata beslenen Nabat Gurbanowanyň soňky ykbaly nähili bolduka?! Ýetmişe ser uran Nabat eje Aşgabatdan uzakda dag obasynda – has takygy, Garrygala raýonynyň Könekesir obasynda ýaşaýar. Ol özüniň ýarym asyra golaý döwrüni bu oba bilen baglady. Men oňa özümiň maksadymy aýdanymda, ol biraz salym dymdy, bozuldy. Gözünden syrylan bir damja ýaşy barmagynyň ujy bilen syrdy. Ençeme ýyllaryň geçendigine garamazdan, özüniň ömrüniň şanly sahypalarynyň ýatdan çykarylmandygyna buýsanç duýgusy, belki-de, onuň bozulmagyna sebäp bolandyr. • Moskwa, Kremlde 1935-nji ýylyň 4-nji dekabry. Moskwada Türkmenistanyň we Täjigistanyň öňde baryjy kolhozçylarynyň we kolhozçy aýallarynyň Kremlde partiýanyň we hökümetiň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirildi. Maslahat günleri türkmen delegasiýasynyň bir toparyny Sergo Oržonikidze kabul etdi. Şonda Sergo türkmen durmuşyna degişli bir topar sowal berdi. Atabaýew bilen Popok oňa jogap berýärdiler. Kabul edişlige gatnşan Nabat Gurbanowa ýoldaşy Ene Geldiýewadan näme üçin Oržonikidzäniň iki hili adynyň bardygyny sorady. Muňa Ene jogap berip bilmändi. Şonuň üçinem olar Gaýgysyz Atabaýewe ýüz tutmagy makul bildiler. Şonda Gaýgysyz olara Sergonyň geçen durmuş we rewolýusion ýoly hakda jikme-jik edip gürrüň beripdi. Moskwada galan täsirler güýçlüdi. SSSR ýer işleri halk komissary Çernow öňde baryjy hasyl ussatlaryny kabul edipdi. Popok, Atabaýew bilen bilelikde, kabul edişlikde Nikolaý Paskutskiý hem bardy. Ol şol döwürde SSSR Ýer işleri halk komissarlygynyň Baş pagtaçylyk uprawleniýesiniň naçalnigidi. Ol türkmen doganlarynyňa arasynda özüni gaty şadyýan duýýardy. Maslahatda kolhoz başlygy Aga Ýusup Aly, MTC-iň direktory Sylap Garrybaýew dagy çykyş etdiler. Soňra halk komissary Çernow delegasiýanyň öňünde çykyş etdi. - Birnäçe gün mundan öň Soýuzymyz pagta planyny doldurdy, Watana 31 million put pagta satyldy – diýip, ol söze başlady. Käbir adamlar pagtanyň her gektaryndan 6-8, amerikan pagtasyndan bolsa 12-15 sentnerden artyk hasyl alyp bolmaz, çünki muňa biziň ýerlerimiz ýaramly däl – diýip aýdýardylar. Emma biziň hasyl ussatlarymyz olaryň bu “öňden görüjilik teoriýalaryny” ret etdiler. Şu ýyl Türkmenistanyň käbir kolhozlary musur pagtasynyň her gektaryndan 25 sentner, amerikan pagtasyndan bolsa 40 sentnerden agdaryp hasyl aldylar. Halk komissary çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň kolhozlary üçin maşynlaryň we traktorlaryň onlarçasyny, mineral dökünleriniň ýeterlik mukdaryny iberiljekdigini, ýöne ol dökünleriň käbir hojalyklarda eýeçilik gözi bilen ulanylmaýandygyny hem belledi. Türkmen delegasiýasy üç aýa golaý Moskwada boldy. Şol günler ýönekeý türkmen gyzy Nabat proletariýatyň beýik serdary Wladimir Iliç Leniniň mawzoleýine tagzym etdi. Kronştatda suwasty gämisinde ýüzdüler. Leningradyň Kirow zawodynda myhmançylykda bolup, özara tejribe alyşdylar. Moskwada Mihail Iwanowiç Kalinin 26-njy nomerli “Hormat nyşany” ordenini stahanowçy Nabat Gurbanowanyň döşüne dakdy. - Şol wagt moskwalylaryň mähirli we dostana garaýyşlary meniň ömürylla ýadymdan çykmady. Partiýa we hökümet ýolbaşçylarynyň kabul edişikleriniň birinde bize – türkmen aýal-gyzlaryna gyzyldan sagat gowşurdylar. Şol günüň ertesi biz Farap raýispolkomynyň başlygy Ene Geldiýewa ikimiz magazine ugradyk. Ýeri gelende aýtsam, Moskwada bolan bütin döwrümizde tä gaýdýançak, her adama bir ýeňil maşyn berkidilipdi. Magazine girenimiz şoldy welin, satyjy gyz bize ýüzlenip: -Size düýn Kremlde gyzyl sagat gowşurylanyndan biziň habarymyz bar. Goý, ol sagadyň bagy hem gyzyldan bolsun. Bu bizden ýadygärlik – diýip, herimize bir sagat bagy gowşurdy. Bu mähirli alada bizi çuňňur tolgundyrdy – diýip, Nabat eje ýatlaýar. Ýeňil senagat halk komissary Lýubimowyň ýönekeýligi, işleýän adama sarpa goýşy çeniň-çakyň däl ekeni. Onuň maňa ýüzlenip: - Ýoldaş Gurbanowa, sen biziň öz stahanowçymyz. Mundan buýana-da görelde bolup işle – diýip aýdan sözleri dek düýn aýdylan ýaly. Ol bizi Moskwanyň etegindäki daçasynda hem kabul etdi. Şol kabul edişlige Popok, Atabaýew ýoldaşlar hem gatnaşdy. Lýubimow bizi – meni hem Enäni öz maşynyna mündürip, Moskwanyň içine aýlady. Şol kabul edişlige hem bizi öz maşyny bilen äkitdi. Soň oýlanyp otursak, bu zatlaryň hemmesi biziň ruhumyzy göterip, täze zähmet ýeňişlerini ruhlandyrmak ekeni. Şeýle aladalaryň ýene biri hiç ýadymdan çykanok. Maslahat günlerinde arakesmede merkezi gazetleriň biriniň habarçysy meniň bilen söhbetdeş boldy. Ol şonda meniň şahsy durmuşym bilen, ýaşaýyş durmuşym bilen gyzyklandy. Men oňa özümiň ejem bilen bir otagda ýaşaýandygymyzy, hemem bary-ýogy bir keçämiziň bardygyny aýtdym. Dogrusy, bu gürrüň meniň ýadymdan hem çykypdy. Aşgabada gelenimizde, öz gözlerime ynanmadym. Fabrigiň ýanyndan dört otagly jaýa, onuň öý goşlaryna gözüm düşende, özümi arkaýyn saklap bilmedim. Özümiň kiçijik zähmetime aýratyn gadyr goýulmagyna begenjimden aglaman bilmedim... Şondan soň Nabat Gurbanowa köplere nusga boldy. Şahyrlar ol hakda goşgy ýazdylar. Gazetçiler onuň zähmetini wasp etdiler. 1936-njy ýylyň fewralynda Türkmenistan komsomolynyň VII gurultaýy geçdi. Gurultaýa delegat saýlanan Nabat Gurbanowanyň ady şol günler hasam belent ýaňlanypdy. Ony WLKSM-iň X gurultaýyna delegat saýladylar. Ol ýene-de Watanymyzyň paýtagty Moskwa ýola düşmelidi. Komsomolyň X gurultaýynyň delegaty 1936-njy ýylyň aprelidi. Moskwa baýramçylyk lybasyna geýinipdi. Şol gün uly Kreml köşgi aýratyn bir gözellige çaýyldy. Stahanowçy şahtaçylar, metallurglar, alymlardyr inženerler, suwçulardyr maldarlar, Baltikanyň deňizçileridir Ýuwaş okeanyň suwasty gämiçileri, tankçylar Kremle ýygnandylar. Kreml köşgünden ýaşlaryň şowhunydyr şadyýan sesleri ýaňlanýardy. Agşam sagat 18-e golaýlapdy. Ukraýnadan gelen delegatlaryň aýdýan aýdymlaryny beýlekiler alyp göterdiler. Bu günki komsomolyň onunjy gurultaýyna ýurdumyzyň dürli künjeginden gelenleriň müňden gowragy gatnaşýardy. Her respublika özüniň iň mynasyp ogul-gyzlaryny Moskwa – komsomolyň gurultaýyna delegat edip iberipdi. Ukrainadan maşinist Pýotr Kriwonos, traktorçy gyz Paşa Angelina, “bäşýüzçüler” hereketiniň başyny başlaýjy Mariýa Demçenko, Iwanowdan dokma senagatynda stahanowçylyk başlangyjyny ilkinji alyp göteren Dusýa Winogradowa, Moskwadan Sowet Soýuzynyň Gahrymany Nikolaý Kamanin, Türkmenistandan dokmaçy Nabat Gurbanowa ýaly merdana ýigitler, gyzlar gatnaşýardy. -Ine-de, birinji hatarda bir ýaşuly adam göründi. Sorasam, ol akademiýanyň prezidenti akademik Karpinskiý diýdiler. Ony – ýurdumyzyň ýaşuly alymyny bütin zal ör turup garşyladylar. Soňra iki sany aýal peýda boldy. Olaryň peýda bolmagy bilen şowhunly el çarpyşmalar zaly göçüreýin-göçüreýin diýdirýärdi. Men olary tanamamsoň ýoldaşym Abadan Saryýewadan “Olar kim?” diýip soradym. Abadan el çarpyp durşuna: - Biri Leniniň ýoldaşy Krupskaýa, beýleki aýalam Leniniň aýal dogany diýdi. Gurultaýyň prezidiumynda partia we hökümet ýolbaşçylary peýda boldular. “Ura!” sesleri dürli dillerde ýaňlanýardy. Bütin zal “Internasionaly’ aýdýardy. Uzak wagtlap el çarpyşmalardan we şowhundan soň komsomolyň Baş sekretary Kosarew giriş sözi bilen çykyş etdi – diýip, Nabat eje ýene-de bir zatlary ýadyna saljak bolýan ýaly, pikire batdy. -Gurultaýyň dowam edýän günleriniň birinde arakesme wagty Abadan dagy bilen gürleşip durduk. Şol wagt Nadežda Konstantinowna Krupskaýa bilen Mariýa Iliýniçna Ulýanowa deňimizde saklandylar. Olar biziň bilen görşüp durkalar, taýly gezek meniň ýüzümden ogşadylar. Hal-ýagdaýymy soradylar. Şol wagt suratçy suratymyzy aldy. Agşam bolýan myhmanhanamyza gelsek, maňa bir bukja gowşurdylar. Açyp görsek, gündizki düşen suratymyz. Muny bize Krupskaýanyň hut özi iberdi diýip aýtdylar. Şonda bu mähriban aýallaryň ýönekeý türkmen gyzlary hakdaky aladasyna haýran galdyk. Nabat Gurbanowa gurultaý günleri köp sanly görnükli partiýa we döwlet işgärleriniň çykyşlaryny diňledi. Şol günler gurultaýa ýurdumyzyň pionerleridir oktýabrýatlaryndan sowgat yzyna sowgat gowuşýardy. Olardan gowşan sowgatlaryň sekiz ýarym müňüsi üç zalda sergi edilip goýuldy. Sekiz ýaşly moskwaly Saşa Şişkowiç konfet gutusyna salyp afrikan pili bilen negr oglanjygyň heýkelini ýasap iberipdir. Gutuň ýüzüne bolsa “Ýoldaş eziz komsomollar” diýen ýazgy bardy. - Respublikamyzda ýaş gelin-gyzlaryň birinji gurultaýyny geçirdik. Aktiwist komsomol gyzlaryň kurslaryny açdyk. Ýerli milletden bolan alty sany gyz häzir raýkomlaryň sekretarlary bolup işleýär. On üçüsi bolsa raýkomlarda syýasy okuw bölüminiň müdirleri. Gyzlaryň öz inisiatiwasy bilen bolsa Çärjew – Aşgabat aralygynda atly ýöriş geçirildi. Gyzlar alty ýüz kilometri atly geçip, “Aýal ata çykanda, kyýamat gopar” diýen asyrlar boýy zenanlary kemsidip gelýän sözi ýalana çykardylar – diýip, Mama gurultaýyň tribunasyndan aýdypdy. Emma ol heniz gyzlaryň köpüsiniň okamaýandygy hakda-da aýdypdy. Ol türkmen diline geçirilen “Ene”, “Polat nädip taplandy”, “Kapitan gyzy” kitaplarynyň höwes bilen okalýandygyny hem delegatlara aýtdy. –Biziň gyzlarymyz häzir geçip duran gurultaýymyzyň hormatyna bir müň kilometr aralyga atly ýöriş geçirmek hakda başlangyç bilen çykyş etdiler... Emma şol pursat onuň sözleri şowhunly el çarpyşmalaryň, belent owasiýasynyň astynda ýitip gidipdi. Çünki şol wagt gurultaýyň prezidiumynda bolgar halkynyň beýik ogly Dimitrow peýda bolupdy. Şowhun ýatyşandan soň, Mama Mürzäýewa sözüni dowam etdirip, özi hakda gürrüň bermäge durdy. Şol wagt gurultaýa başlyklyk ediji WLKSM MK-niň Baş sekretary Kosarew Mamanyň sözüniň arasynda oňa sowal berdi: - Ýoldaş Mürzäýewa, siz häzir näçe ýaşyňyzda? Mama şonda ýaşynyň on sekizdigini aýtdy. WLKSM-iň onunjy gurultaýynyň delegaty Nabat Gurbanowanyň hem şol wagt on sekiz ýaşy dolupdy. Gurultaýdan gelenden soň Nabat durmuş toýuny gurupdy. Ol öz halaşýan ýigidine durmuşa çykdy. Toýy bütin fabrik toýlady. Stahanowçy işçi Nabat Gurbanowanyň durmuş toýuna TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Ýakow Abramowiç Popogyň özi gatnaşyp, toýy sowmagy fabrigiň işçilerini diýseň tolgundyrypdy. ...Uruş hakda söz açylsa, Nabat eje rahatlygyny ýitirýär. Olam uruşda öz direginden jyda düşen zenanlaryň biri. Uruş ýyllarynda Nabat erkek ornunda durdy. Ferma müdirlik etdi, kolhoz başlygynyň orunbasary boldy. Soň oba Sowetiniň başlygy, brigadir... garaz, partiýa ony nirä işe iberse, güýjüni gaýgyrmady. Işledi. Kyn döwürlerem boldy, bol-elinligem görüldi. Ol hiç haçan peselmedem, eselmedem. Bir durkuny saklady. Bu gün onuň bagtyýar durmuşy bar. Eli uzan ýerine ýetýär, arman garrylyk azda-kände öz hökmüni ýöretjek bolýar. Aýak agyrysy birneme azar berýär. Golaýda student agtygyny öýerdi. Aşgabatda toý etdiler. Şonda ol bir gez beýgelene döndi. Ogul öýerip, gyz çykarmak bir döwletlilik-dä! - Aşgabatda bolanyňyzda, mähriban fabrigiňize baryp gaýdýaňyzmy? – diýip, men oňa ýüzlendim. Ol birsalym dymýar. Soňam müýnli ýaly aşak bakýar. -Bilýäňizmi näme, adam garradygyça ýüregi ýukalýar diýýärler. Şol çynam bolsa biri. Şu sapar Aşgabada ýola düşemde, ýaşymyň ahyrynda-da fabrige-de aýlanaryn – diýip, niýet edindim. Giýewim döwtalabam boldy, emma näme üçindir ýüregim etmedi. Bile işleşen ýoldaşlarym gözümiň öňüne geldi. Indi olaryň köpüsi ýok ahbetin. Şol öňki ýatlamalarym bilen ýaşabereýin-le - diýdim. Men hiç zat diýmedim. Nabat ejä düşünse boljakdy. Nabat eje bilen hoşlaşyp, çykyp gaýtdym. Dag obasynyň jana şypa beriji howasy derde dermandy. Asmanda ýyldyzlar patraşýardy. Güýz şemaly ýapraklary oýnap heň edýärdi. Ýöne welin bir ünji böwrüme sanjy boldy durdy. Ady respublikamyzyň taryhyna giren, otuzynjy ýyllaryň stahanowçysy, Soýuzymyzda 26-njy nomerli “Hormat nyşany” ordenine mynasyp bolan Nabat ejäniň ömür ýoly hakda raýon ýaşlarynyň, hatda obadaşlarynyň hem köpüsiniň bilmezligi böwrüňi diňlemäge mejbur edýär. Sada, kommunist aýalyň geçen ömür ýoly şöhratly sahypalardan doly. Ony ýaşlaryň bilmegi, öwrenmegi hökmandyr. 1985 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |