STALINIÑ KÖLEGESI
Basyp gelýär, töwerekden abanyp,
Basyp gelýär, gözellikden gabanyp.
Meñzäp, doly gara ýagly çelege,
Mynjyradyp gelýär gara kölege.
Gül-gülälek.
Çemenzarlyk
Parhy ýok!
Hökümdarlyk - ine oña nyrhy ýok!
Depelejek çagalaryñ arlygyn;
Iliñ-günüñ
Göz guwanjyn - barlygyn!
Höküm etjek.
Pitjiñ atjak.
Gara päl!
Ýer ýüzüne duman düşäp,
Dolansady gara şal!
Gorkup gezsin,
Ürküp gezsin,
Bolsun hemme waý-da-dat!
Iñe oña, ine oña,
ine gerek zat!
Gazanjyny sorasyn il, telim-telim
bükülip.
Gasyn-gasyn,
Mürreýilsin
Limon ýaly sykylyp!
Ogşalmadyk,
Sypalmadyk,
Söýgi mährin bilmedik
Ene üçin dünýä inip,
Emma ene bolmadyk
Gözi goçak,
Ýyly gujak
Zenanlar!
Aglasynlar,
Eñresinler,
Uzak gije, dañdanlar!
Gündiz bolsa işlesinler.
Çokunsynlar bükülip,
Ömürleri geçsin olañ şänik deýin
çakylyp!
Iñe oña, ine oña,
ine gerek zat!
Ýürekleri ýanyp duran,
Ol ojaryñ közi deý
Hoş niýetli,
Hem gaýratly
Şu topragyñ ýazy deý
Ýigitleri niçe-niçe
Bassa ýene gara keçe!
Bassa ýene mynjyratsa,
Göge galsa pitjiñ atsa!
Iñe oña, ine oña,
ine gerek zat!
Diñe şonuñ gözi bilen,
Diñe şonuñ sözi bilen
Pyntyk ýarsa - çyksa ýaprak!
Islän wagty ak don geýse,
Ol öñünde eñräp toprak!
Iñe oña, ine oña,
ine gerek zat!
Häzir boluñ!
Häzir boluñ!
Öñem bizi bu kölege
GULAG diýlen,
Halys doýlan
Dykdy ahryn o "çelege".
Ýene-de oñ agzy açyk,
Ýapmandyrlar gapysyn.
Biçip, dikip,
Geýdirerler atalaryñ güpbüsin!
Gülün döküp, eñremänkä badamlar,
HÄZIR BOLUÑ,
HÄZIR BOLUÑ, ADAMLAR!
Atageldi GARAÝEW.
"Edebiýat we sungat" gazeti, 1991 ý.
Goşgular