12:01 Isgenderiñ altyn almasy / hekaýa | |
ISGENDERIŇ ALTYN ALMASY
Hekaýalar
Ol geçmişiňi, geljegini depeläp gaçyp barýardy. Ýapraklary gojanyň damarlak goluny ýatladýan, şu töwerekdäki ýeke-täk selmelik onuň aýagynyň aşagynda mäjümlenipdi. Selmeligiň gyzylly-gökli miweleri dürli tarapa pytrap, ýere çyryş bolup ýatyrdy. Iliň içinde, apalanyp, arzylanýan selmelik ýaňagyna şarpyk çalnan çaga ýaly döwlen şahalaryndan ýaş syrykyrýardy. Gaçyp barýan üçin öz janyndan eziz zat ýokdy. Ýogsam Jumaly atasynyň bir düýp selmelik tapjak diýip telim gerişleri aşyp, telim gaýalara dyrmaşyp, sonarlyklary, öleňlikleri çöpkakma edipdi. – Gudratdyr bi, gudrat! – Ynsan ömrüne deňdir bi! – diýip, telim gaýtalanyny çagaka az eşitmändi. Atasy selmeligi Jumala bäş ýaşyndaka görkezipdi. Ol wagtlar Jumaly aýagy tomursakly, egni şylhaly oglanjykdy. Atasy Jumalyny selmeligiň ýanyna getirip: – Şu ösümlige gowy seret, ogul, gözüňde ömürlik galsyn, ogul, Sen onuň ýapraklaryna-da bir seret, şol ýapraklar bilen meniň elim meňzeşdir. Gördüňmi? – diýip, elini görkezipdi. Ol wagt Jumaly atasy oýun edýändir öýdüpdi. Çünki atasynyň eli goňrumtyldy, düwün-düwün bolup duran barmaklar gödekdi. Selmeligiň ýapragy bolsa ýaşyl hem näzikdi. Tagarawyň gary ýaly ak sakgalyny sypan ýaşuly selmelige bilesigelijilik bilen seredýän agtygynyň horja egnine elini goýupdy-da: – Bu ynsan ösümligi-dä. Munuň bişen miwesini iýseň, egniňe perişde gonan ýaly bolar-da, çig miwesini iýseň welin, telbe eder. – Telbe nähili bolýar, ata? – Telbemi? Telbe Şaja telbe ýaly bolýar-da, ogul. Öz-özünden gülüp, it-pişik bilen gürleşip, hahahaýlap ýören Şaja telbe göz öňüne gelende, Jumaly selmelige gorka seredip: – Şaja telbe-de şunuň miwelerini iýip telbe bolupmy? – diýdi. – Hawa-da, heniz bişmedik çig miwelerini iýip, telbe bolupdyr. – Ata, tedbe bolsaň erbetmi? – Telbelik kesel-dä. Kesel bolsa erbet, ogul. – Itler-ä telbeden gorkýar, ata. – Telbeden gorkmaly-da, ogul. Kiçijik Jumaly selmelikden gaýyrrak-gaýyrrak süýşenini duýman galypdy. Atasy: – Selmelik gowy ösümlik, ogul. Ýadyňdan çykarma, onuň çig miwesini iýseň telbe edýär. Bişen miwesini iýseň güýç-kuwwat, saglyk berýär. Şondan ötribem ony söýmeli-dä, ogul. Jumaly dürli güller, otlar bilen, bilelikde atasynyň beren şol öwütlerinem basgylap gaçyp barýardy. Jumaly bu daglaryň her daşyna, her kemeriňe beletdi. Ol telim gezek atasy bilen bu ýerleriň zawlaryny, derelerini barlap çykypdy. Onuň atasynyň egninde ullakan horjuny bolardy. Atasy horjunyň iki gözünem dermanlyk otlardan doldurardy. Şeýdip, dagda dermanlyk ot ýygyp ýörkäler, käte olara selmeligem gabat gelerdi. Şonda atasy özüni ýedi gat asmanda duýup, ýaşynyň ýetmişden agandygyna seretmezden, çaga ýaly ýeňil gopardy. Egnindäki ala horjunyny ýere oklap, gapdalyndan asylgy küýzesini alardy-da, Jumalynyň eline tutdyryp: «Me, suw akyt. Bu ösümlik gudratly ösümlikdir. Muny hapa-el bilen tutup bolýan däldir» diýerdi. Ol elini ýuwup, esli wagtlap doga okap, diňe şondan soň selmeligiň ýanyna barardy. Jowur ak sakgalyny sypalap ýylgyrardy. – Munuň gözelligine bir seret – diýip, hoşamaýlyk bilen başyny yrardy. Şonda onuň mähnet kellesindäki zömmek telpegi bir gapdala gyşarardy. Jumaly telpek gyşaranda gaçar öýdýärdi. Onuň. gaçaryna-da garaşýardy, ýöne öň ýeňseräge geýlen telpek gaýta kellä ykjam oturýardy. Ol sakgalyny sypalap, selmeligiň gapdalynda dyza çökerdi-de: «Sen munuň ýer bagyrtlap oturanyna seretme, dal-daragtyň hanydyr-da bu. Hol-ha çynara bak, boýy diýseň ägirtdir. Her şahasynyň ýogynlygy, iki adamyň biliçe bardyr. Owadandyram-la, miwe diýdigiň ýüzi garadyr. Selmeligiň gözelligi miwesinde, ynsan-u-haýwana lazymlygynda. Owadan bolmak hökman däl-de, gözel bolmak hökman-da.» Bu sözleri Jumalynyň atasy selmeligi gördügi her gezek gaýtalardy. « – Oglum, şu sözler seňiň-de diliňde senaň bolsun» diýerdi. Haýp, Jumaly bu sözleri tutuş ömründe ýeke gezegem gaýtalamady. Atasy selmeligiň ýapraklaryna elini ýetirmänkä: – «Isgender bolupdyr gadymyýetde. Ol özüne ýedi yklymy boýun egdirip bilipdir – diýip, uzyn ertekä başlardy. – Oňuň iki şahy bolupdyr. Bir şahy oňa dünýädäki ähli gowy zatlary, beýleki şahy erbet zatlary aýdarmyş. Bir gün Isgender keýpiçag bolup, saz çaldyryp, şonuň owazyna melul bolup otyr ekeňi. Birden onuň sag şahy bir zat degen ýaly tyrkyldap, çalaja seslenipdir. Şol bada Isgender töweregindäkilere «Ýok boluň!» diýip haýkyrypdyr. Isgenderiň sesi sesmid-ä. Ol dagdan daş togarlalan ýaly gümmür-gümmür edip, adamlary elem-ebtat ediberýärmiş. Jaýda bir özi galan Isgender kellesindäki tuwulgasyny çykarypdyr. Şonda sag şahy: «Ýedi yklymyň hökümdary men» diýip şady-horramlykda ýaşaýaň. Şol ýedi yklymda nämeleriň baryny welin bileňok. Sen: «Hazyna tapdym» diýip, humy gujaklap, onuň içini açyp görmän begenip, bökjekläp ýören çaga çalym edýärsiň. Belki, ol humuň içi boşdur. Belki, onda çaga gereksiz zatlar bardyr. Belki, onuň içine zäherli zatlar salnyp goýlandyr» diýipdir-dä şah. Özüniň çaga meňzedilenine gahary gelen Isgender: «Men seni döwerin» diýip gygyrypdyr. Şah arkaýynlyk bilen: «Sen meňi döwüp bilmersiň. Men seniň synaňy ýaryp çykdym» diýipdir. «Şan-şöhratyma dil ýetiren zat maňa gerek däl» diýip, Isgender dişlerini gyjyrdadypdyr. «Bary bir döwüp bilmersiň. Meni döwseň saňa dünýädäki gowy zatlaryň baryny kim aýdar? Çepki şahyň saňa diňe ýaman zatlary aýdar. Şeýdibem sen diňe ýamana öwrüler gidersiň» diýip, şah gaty arkaýyn gürläpdir. Alaçsyz galan Isgender: «Hany, bol näme diýseň diý!»diýipdir. Şonda şah: «Erem bagyny ýatladyp duran bir ýurt bolmaly. Özem daglyk ýurt ol. Şonuň dumana çümüp oturan gaýalarynyň düýbünde ösýän altyn almalar bolmaly. Sen şolary görmeseň ömrüň armanlydyr» diýipdir. Ynjalykdan gaçan Isgender: «Altyn almalara nireden ýol salmaly?». diýipdir. Şonda sag şahy: «Men aýtmalymy aýtdym. Ol ownuk uşak zatlary palçylaryňdan, gurrandazlaryňdan, münejjimleriňden sora» diýipdir. Başyna tuwulgasyny geýen Isgender nagra tartyp, haýkyrypdyr-da, palçylaryny, gurrandazlaryny, münejjimlerini çagyrypdyr. Olardan altyn almany getirip, öz bagynda ekmegiň ýollaryny tapmagy talap edipdir. Olar üç günläp oýlanyp, Isgenderiň ýanyna gelipdir. Olaryň biri öňe çykyp: «Patyşaýy älem, bir çemçe ganymyzy geçseň ähli zady aýdaly» diýipdir. «Geçdim!» «Altyn alma uzak ýurtda. Ol-da adam ýaly doglan topragyndan başga ýerde kök urup, düýp tutmaýar. Ýedi yklymyň ähli ynsany siziň buýrugyňyza tabyndyr, ýöne ol tabyn bolmaz». Isgender gyşyna gülläp, ýazyna altyn alma berýän ösümligiň ýalbyrap duran miwelerini ýygyp, has baý bolmagy arzuw edip, lek-lek goşuny bilen ýurdumyza gelipdir. «Maňa altyn alma getirýän ösümligi görkeziň» diýipdir. Görkezipdirler. Diňe abyrsyz zatdan kalby karar tapýan Isgender selmelige göwnüýetmezlik bilen seredip: «Şujagazmy?» diýipdir-dä. «Siz onuň kiçiligine seretmäň, göwherem kiçi. Onuň gudraty altyn almalarynda». «Hany, altyn almalar?» diýip, lapykeç Isgender haýkyrypdyr. «Ine» diýip, oňa selmeligiň miwelerini görkezipdirler. «Men şondan-şuňa şu bolgusyzja zady görmäge geldimmi? Meni aldan bilgiçleri, gurrandazlary, palçylary asyň» diýip buýrupdyr. Şonda obanyň tebibi: «Duruň, patyşaýy älem: bu miwe altyndan has gymmatly miwe. Siz niçe ýol söküp, ýadap-ýozulyp geldiňiz, şundan iki sanysyny iýiň. Soň munuň gudratyny görersiňiz» diýipdir. Ýadawlykdan atyň üstünde zordan oturan Isgenderiň mylgyrap bişen iki sany gyzgylt miwe iýenden bedenine güýç gelipdir: «Bäh, bäh, maňa gyz getiriň» diýip gygyrypdyr. Selmelikden aýra düşesi gelmän, ol şu ýerde telim ýyl ýaşapdyr. Telim obalara öz uýýan hudaýlarynyň atlaryny dakypdyr. Biziň ýaşaýan Daýnamyzyň ady Diana bolupdyr. Diana Isgenderiň uýýan hudaýynyň ady. Ine, gördüňmi, selmeligiň neneň gudraty bar. Bu aýalmaly, apalanmaly ösümlik! Dünýäni dyza çökeren Isgender şunuň öňünde dyza çöküpdir. Gudratly ösümlik diňe gudratly toprakda bitýändir! Il içinde selmelige «Isgenderiň altyn almasam» diýilýär». Atasy bu sözleri telim gaýtalap, agtygynyň beýnisinde ösümlige, ene topraga söýgi döretjek bolardy. «Men häzir ýetmişden agan goja-da, getir ýigrimi bäş ýaşly ýigidi, göreş tutup, arkasyny çaňa bulaýyn, bu güýji maňa daglar, şu ösümlikler berdi» diýerdi. Bu sözleriň hemmesem Jumalynyň gulagynyň ýele ýanyndan geçerdi. Ol elmydama atasynyň diýýän sözlerini parhsyz diňlärdi. Onuň edýän işine-de imrigibermezdi. Atasy bir ýerde horjunyny egninden goýup, dermanlyk otlary ýygyp başlasa,ol eline daş alyp, suwulganlary, hajjyklary daşlardy. Häzir bolsa ol suwulganlaryň, hajjyklaryň çybşyldysyndan gorkup, zähresi ýarylana dönüp gaçyp barýardy. Atasy diri bolanlygynda Jumalynyň süňklerini owardy. «Dur kezzap, kakaňyň, ejeňiň mazaryny depip-de, nirä gaçyp barýarsyň?» diýerdi. Gaçmasa, Jumalyda nä çäre! Onuň üçin bu toprak ýanyp duran oda öwrüldi. Otdan gaçmaýan janly-jandar ýok. «Dur, özüňi aklajak-da bolma! Islendik kezzap özüni aklap biler, ýöne sen özüňi aklama!» Bu ses şeýle bir güýçli ýaňlandy. Birbada äm-säm bolan Jumaly aýak çekenini duýman galdy. Töweregine ýaltaklap, hiç kese gözi düşmänsoň, ýene-de hasanaklap ugrady. Daglaryň bahary düzüň bahary ýaly däl. Dag baharynyň gözelligini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Ol gazapdan doly ýüreklerem eretmegi başarýar. Özgeler ýaly, Jumalam bahary söýýärdi. Burk urýan gülli-gülälekleri şady-horram üçin däl-de, baharda dagdan aşmagyň, mal bakyp ýa-da ýer sürüp ýören gyzylbaşlary ele salmagyň ýeňilligi üçin söýýärdi. Guş-gumursylar ýaly, baharda adamlaram juda sada, ýönekeý bolýar. Töweregiň gözelligimi ýa uzak gyşda kalplarynda baslygyp ýatan duýgularyň birden oýanmagymy, garaz, olar baharda gözli köre öwrülýärdi. Jumaly şu gaçyp barýan ýoly bilen telim gezek, telim gyzylbaşyň elini arkasyna daňyp, öz dogduk mekanyna alyp geçipdi. Soňundanam ol ýesirini uzaklara aşyryp satardy. Bu gün bolsa ol şol ýol bilen öz ýesir alyp agy, gözýaşa gark eden obalaryna pena gözläp gaçyp barýardy. Şonuň üçinem ol burk urýan bahary däl-de, öz öňünde ýaýylgy ýatan mazarystanlygy görýärdi. Güller, güläleklerem ezraýylyň buýr-bulaşyk saçlaryna çalym edýärdi. Çagaka-da Jumaly bu ýerlerden az ýöremändi. Aşyklynyň eti ýaly sallam-sajak geýimlerini tasadyp, çigildemleriň başam barmak ýaly düýplerini köwläp iýerdi. Olar şirelidi, terdi. Häzir bolsa, çigilldemler Jumalynyň aýagynyň aşagynda mynjarap galýardy. Ýogsam atasy Jumala: «Çigildemi basgylamak uly günädir. Çünki ol şu toprak üçin göreşip ýaradar, bolan jigidiň ýarasyndan daman gan bolmaly. Her damja gandan bir çigildem gögerendir. Soň ol tohumlap, dünýä ýaýrandyr» diýip, telim gezek gürrüň beripdi. Jumalynyň çigildemiň düýbüni köwläp iýenini göräýse-de gaharlanardy. «Çigildem näzik gül, gaty öwsen ýelem, sähel epgegem onuň ýapraklaryny çirkizýär-de, guradýar. Ol gödeklige çydamaýar». Bir wagtlar ol häzirki dyrmaşyp barýan gaýasyndan daş togarlap oýnapdy. Daş daşlara urlup, dereler gümmürdi bolar durardy. Bu gümmürdiler ýaşlygyň, güýjüň, kuwwatyň aýdymçysy bolup, onuň ruhuny götererdi. Häzir bolsa aýagynyň aşagyndan togarlanyp gaýdýan ownuk daşlaryň şykyrdysy-da zähresini ýaryp, «kowgy eşidäýmesin» diýip, töweregine alňasaklyk bilen garanjaklaýardy. Demi demine ýetmän, halys ysgyny guransoň Jumaly daýandy. Onuň öň ýanynda biri-biriniň üstüne labyryny atyp duran abyrsyz daşlar aşak togarlanyp gaýdaýsam diýýärdi. Ol ýylçyr daşlara gorky bileň nazar aýlap, demini dürsemek üçin özüni ýere goýberdi. Edil şol pursadam sähel beýlesinde haşyldy eşidip tisginip, bedeni düýrükdi. Alas-gopas bolup haşyldynyň gelen tarapyna seredende, kellesini iki ýana ýaýkandyryp, alkymyny gazap bilen çişiren bilek ýaly kepjebaşy gördi. Onuň düýrlenip başlanyndan özüne tarap atylmakçy bolanyny duýan Jumaly «Olardan gaçanymam besdir» diýip, içini gepletdi-de, eline daş alyp, çök düşdi. Dişlerini gysyp, zarp bilen kepjebaşa tarap zyňdy. Biline daş degip, mynjyran kepjebaş urunýardy, towlanýardy. Agzyny açyp, duşmanyna gazap bilen seredip, oňa tarap süýşjek bolýardy. Onuň bilen başa-baş söweş gurjak bolýardy, ýöne haýp. Jumaly kepjebaşyň gazapdan doly gözlerine seredip, hihihiläp çalaja güldi. Hahahaýlap, dereleri ýaňlandyryp güljekdi, gorkdy-da, ýerinden turup töweregi ot-çöpsüz ýylçyr daşyň ýanyna baryp, garanyp, diňşirgenip, daşyň üstüne özüni goýberdi. Onuň agzyna gara suw ýygnanansoň ýygy-ýygydan tüýkürinip, her daşyň, her arçanyň, garateňňeziň, kerkawyň aňyrsyndan goly ýaragly adamlaryň zompa çykaýmagyndan heder edip, kellesini pyrlampaja öwrüp, dürli tarapyna garanjaklady. Jumalynyň atasy arçalary diýseň gowy görerdi, «Mert daragt-da» diýerdi. «Ýel olary şahalaryny döwüp, jomrup, tagaşyksyz edip, pür-pudakdan aýrar. Arça ähdi güýji, yhlasy bilen daşa penje gerip, ýaşaýyş üçin göreşer, täze şaha çykarýandyr. Özem dermandyr-da, ogul. Beýniňe agram düşüp, zeper ýetende, munuň hoşboý ysy gaty peýdalydyr» diýerdi. Goja üçin derman däl daragt, ot-çöp ýokdy. Ähli zat peýdalydy, dermandy. Bir gezek Jumaly atasyna sygyr maçjasyny görkezip ýaňsy bilen: «Ata, şu-da dermanmy?» diýipdi. «Hawa, oglum, sygyr täze lopbulan pursadynda, ýylyka, iýeni siňişmeýän adam on günläp garnyna ýapsa, şypa tapar gider» diýipdi. Onuň atasy hortapdy, çeýedi. Biline düşüp duran jowur ak sakgalyny nazara almasaň, ýetmiş ýaşandyr öýder ýaly däldi. Ol «sakgal bilen telpek erkek adamyň namysy bolmalydyr». Ölmelidir, emma şol ikisine hapa ýokdurmaly däldir» diýmegi halardy. Sakgalyna juda üns berýän adamdy. Naharlanmaly bolanda hökman sakgalyny ýaglyk bilen daňardy. Hatda, suw içmeli bolanda-da sakgalyny daňman suw içmezdi. Jumaly sakgalyny şeýle eý görýän edama başga-da duşdy. Ol gyzylbaşdy. Jumaly ony telim gün aňtap, daýhançylyk edip ýörkä üstüni gapyl basyp, ele saldy. Bahar paslynda üç günläp kerkawlygyň içinde oturyp, ýer sürüp ýören üç adamy aňtapdy. Biriniň beýlekilerden aýrylyp çykaryna garaşypdy. Iki günläp, olar biri-birinden aýrylman öküzlerini haýdadyp, ýer sürdüler. Üçünji güni olaryň biri entek boý almadyk ýaş çynaryň aşagynda galdy-da, beýleki ikisi iki jübüt öküzi sürüp nirädir gitdi. Jumaly esli salym garaşyp, ýüp iýşip oturanyň ýeňsesinden aýlanyp geldi-de, arkasyna myltyk diräp: «Sesiňi çykarma-da, öňe düş» diýdi. Gyzylbaş ýeňsesini garanda, myltygyň gara nilini görse-de sarsmady. – «Garry öküz paltadan gaçmaz». Men ýerimden turup oturjak däl, näme etseň şu oturan ýerimde edäý – diýip, ol parsçalap arkaýyn jogap berdi. Jumaly onuň gasyn-gasyn ýüzüne, jowur ak sakgalyna seredip, özüne gerek haryt däldigine göz ýetirdi. – Ýanyňdakylar kimlerdi? – Olar meniň ogullarym. – Olar haçan şu ýerik gelýär? Goja Jumala gorky bilen seredip: – Ýene on günden gelýär – diýdi. – Ýalan sözleýärsiň! – Ýalan bolsa, garaş-da göräý. Bu sözler Jumalynyň degnasyna degdi. Ol gojanyň sakgalyndan çalyp tutdy-da: – Ogullaryň gelýänçä sen meniň bilen gidersiň – diýip haýkyrdy. Goja sakgaldan onuň elini aýyrjak bolup dyrjaşdy. – Kesekiniň sakgalyna el ýetirseň bidöwlet bolarsyň, goýber eliňi! – diýip, gyzylbaş özelendi. – Sen meniň bilen gitmeseň, sakgalyňy ýeke-eke üterin, eşitdiňmi? – Sen meni nirä alyp gitjek? – Düş öňe! Goja ýerindenem gozganmady. Jumaly donunyň goltuk jubüsinden päkisini çykardy-da: – Gitmeseň sakgalyňy, murtuňy syraryn – diýdi. Ölümden gorkmadyk gojany bu sözler gorkuzdy. Ol owşanaklap, agraslyk bilen ýerinden galdy-da, Jumalynyň ňsüne düşüp ugrady. Jumaly kerkawlyga ýetenlerinde gyzylbaşy saklap, ondan ýene sorag edip başlady. Ol ýene öňki aýdanyny gaýtalady. Olaryň ýene on günden alty adam bolup dolanjagyny aýtdy. Jany ýanan Jumaly agaja mazaly sarap onuň sakgalyny, murtuny syrdy-da, elini çözüp goýberdi. Döşüne myltyk gezelende sandyramadyk goja ysytma tutýana öwrülip, gözlerinden ýaş syrykdyryp: – Gabahat iş etdiň sen, gaty gabahat iş etdiň – diýip, guma bulaşyp ýatan sakgal-murtuna seretdi. Soňra iki eli bilen ýuzüni tutup esli salym durdy-da, mytdyldap kerte tarap ýöredi. Eden işine jinnek ýalyjagam ökünmedik Jumaly myltygyny egnine atyp. Ýokary dyrmaşyp başlaňda, çirkin sesi hem-de daşlaryň şakyrdysyny eşidip yzyna öwrüldi. Ol gyzylbaşyň özüni kertden oklanyny bilip, ädimlerini çaltlandyrdy. «Adam garransoň, sakgalyndan başga guwanara zady galmaýar» diýip, içini gepletdi. Şol wagt oýlanmadygam bolsa, Jumaly soň bu goja gyzylbaş barada köp oýlandy. Oýlandygyça-da atasy bilen ikisiniň meňzeşligini duýdy. Soň-soňlar-a zorluk bilen öz atasynyň sakgalyny syrana döndi. Käwagt eden telek işine ökünip dodagyny dişlän pursatlaram boldy. Jumaly atasyny çagaka sylamadygam bolsa, ulalanda onuň juda akylly adam bolandygyna göz ýetirdi, ýöne, barybir, onuň ýolundan ýöremegi ejizlik bildi. Jumalynyň atasy: – Garyp tapanda iýer, baý islän wagty. Biziň goşumyzy towuga ýükläýmelidirem welin, islän wagtymyz iýýäris. Diýmek, biz baý diýip ýylgyrdy. – Olar köplenç dag otlary bilen iýmitlenerdiler. Kä wagt olaryň saçagynda gapana, duzaga düşen käkilik, turaç ýaly guşlaryň etem bolardy. Käwagt bolsa turaçdyr käkiligiň ýumurtgalaryny alardylar. Ol ýumurtgalar towugyňkydan kiçeňräkdi, ýöne towugyňkydan on bäş esse güýçli bolansoň, atasy Jumala iki ýumurtgadan artyk iýdirmezdi. Meýdan guşlarynyň ýumurtgasynyň towugyňkydan-da güýçli bolýanlygynyň-da sebäbini bilýärmiň? – diýip, agtygyna sowal berdi. Onuň berjek jogabyna-da garaşman, daňlan sakgalynyň ýaglykdan çykyp duran uçlaryna çöp-çalam ýapyşan bolaýmasyn diýen pikir bilen sakgalyny göterdi. Onuň uçlaryna seredip ýene-de aşak goýberdi-de: – Sebäp-de käkilik, turaç dag oty bilen iýmitlenýär. Dag oty bolsa güýç-dä. Dag oty derman! Ol gündiziň güni ýyldyz görjek ýaly, esli wagt gögüne seredip oturdy. Soňra gökdäki ýitigini ýerden tapmakçy bolýan ýaly, ýere seredip, töwerekdäki otlary synlap: – Bilýärmiň, ot baradaky rowaýatlaryň birinde – diýip dymdy. – Ot barada rowaýat gaty köp – diýip, öňki sözüniň üstüni ýetirdi. – Hawa-da, rowaýatlaryň birinde – diýip, ol ýene-de rowaýatyň yzyny aýdybermän, düwün-düwün barmaklary bilen sakgalynyň ujuny barlady. – Ol rowaýaty men saňa ýene-de aýdyp beripdim. Agtygy ne «hawa» diýdi, nede «ýok». Sebäbi atasy oňa günde telim rowaýat, telim erteki aýdyp berýärdi. Jumalynyň ýady güýçlem bolsa, olaryň hemmesi ýadyňda durjakmy? – Dymýaň-da? Dymmaklyk parasatlylykdyr öýdýänsiň. Dym, Çagalara dymmaklyk gowy-da. Meniň ýaly garry üçin dymmaklyk ölüme barabar. Men murda bolýançam gepläp, gulagyňy gazaryn seniň. Bu gadymyýetde bolan zat, ýüzüňi ters sowma, diňle, senem öz çagalaryňa gürrüň berersiň. Atasynyň «öz çagalaryňa gür berersiň» diýen sözleri Jumalynyň gulagyna gülkünç eşidildi. Ol aşak garap ýylgyrdy, – Näme ýylgyrýaň? Ýylgyrsaň ýylgyr. Maňa aýtmak lazym – diýip, atasy ýene söze başlady. – Ýedi yklymy özüne boýun syndyryp paç alan bir şa bolupdyr. Ýedinji yklymyň hany bir gezek paç ýerine bir gysym ot getiripdir oňa, «Munyň näme?» diýip, şa ondan sorapdyr. «Bu meniň size tölejek pajym» diýen-de ýaňky han: «Otdanam bir paç bolarmy?» diýipdir. «Bu otuň gudratyny tamdyra somsa ýapdyryp iýen pursadyňyz bilersiňiz. Şuny iýersiňizem, älemiň ähli otlary size öz syryny aýan eder» diýip, ýedinji yklymyň hany şanyň öňünde tagzym eden. Şa bu syrly oty hyzmatkärlerine-de ynanman, aýalyna beren-de: «Uklap turýançam tamdyrda somsa bişir» diýen. Şanyň aýaly otdan somsa edip tamdyra ýapan. Ýapan badyna-da somsa küle gaçan. Ýene ýapypdyr, ýene gaçypdyr. Şeýdip somsa küle bulanyp, görer ýaly bolmandyr. «Ah, men maňlaýy gara, muny nädip adamymyň gözüne görkezeýin?» diýip, ony işigindäki ýetimiň öňüňe oklap, etden somsa bişiren. Şa ukudan turup, otly somsany iýeýin diýse, somsa etlimiş. Ol aýalyna. «Hany otly somsa?» diýen. Aýaly bolan ahwalaty bolşy ýaly aýdan. Şa uludan bir ah tartan. Küle bulanan otly somsany iýen ýetim oglan şanyň çekenelerini bakmak üçin olary öleňlige sürenmiş. Ine, şonda juda geň hadysa bolan. Dürli tarapdan otlar «Men pylan keseliň dermany. Meni ýyg» diýip özelenýärmiş. Zäherli otlaram «Men zäherli otduryn, maňa degme» diýýärmiş. Şol günden ol oglanjyk derman otlary ýygyp, adamlaryň derdine derman edip başlapdyr. Otlaryň dilini bilenligi üçin, ol äleme belli Lukman Hekim bolup ýetişen. Onuň derdini dep eden adamlarynyň sany-sajagy bolmaly däl. Bu gadymyýetde bolan gürrüň. Şonda-da adamlar Lukman Hekimi unudanok. Ýüreklerinde saklaýarlar-da ony. Men bu zatlary saňa aýdyp otyryn. Sen-de bu gürüňlere düşünýän dälsiň. Düşünseň bu sözler şalaryň hazynasyndan-da gymmat. Düşünmeseň nätjek? Bu gürrüňleri özüm bilen alyp gitsem uly günä bolar. Her bir adam bu dünýäde iň gowy zatlaryny goýup gitmeli. Erbetlerini özi bilen alyp gitmeli. Şondan-da adam ölensoň onuň eden erbetligi ýatlanýan däldir. Köp ýaşan bilmez, köp gören biler diýilýär. Köp eşidenem bilmeli. Ömrüňde oty köpräk görjek bol. Ot hakdaky gürrüňleri köpräk eşitjek bol. Ol seniň-de peýdaňa, iliň-de peýdasyna bolar... Şeýdip, Jumala atasy her otuň, her agajyň döreýşi barada, onuň peýdasy barada gürrüň berýärdi. Her günde-de onuň sözüniň soňy: «Dünýäde peýdasyz zat bolmaly däl, ýöne ony ýerinde peýdalanmagy başarmaly» diýip gutarardy. Bir gün atasy bilen Jumaly obadan çykyp, daga dyrmaşyp barýardy. Olaryň ýüki ýetikdi. Atasynyň egnindäki ullakan horjunyň iki gözem iýer-içer ýaly zatdan doludy. Jumalynyň egninde bolsa, içi nohutly, tüwüli çalça bardy. Gojanyň öz-özi ýylgyrýardy. Birdenem ol yzyna öwrüldi-de, Jumalynyň üstaşyr alyslara seredip: – Adamlar ýagşylygy unutmaýar – diýdi. – Gördüňmi, bizi görenden gardaşyna sataşan. Ýaly bolaýdy. Öýüne eltip, öýüniň törüne geçirdi. «Çebiş öldüreýinmi? Çebşiň enesini öldüreýinmi?» diýýär. Häzir, gör, Pilmahmyt ýaly bolupdyr, etli-ganly. Bejermänkäm gören bolsaň, çöpe jan biten ýalydy. Onuň bir aýagynyň damary gatap, ýöräp bilmän otura bolupdyr. Agyra çydar ýaly däl diýýär. Bir nyşansyz gara köpegiň derisini sypyrdyp, azarly aýagyna orap, daşyndanam galyň ýorgan bilen sarap, bir özüni kyrk günläp bir jaýda goýdurdym. Ynha-da, görseň, tut ýaly bolupdyr. Hiç wagt atasyna sowal bermeýän Jumaly: – Näme üçin onuň aýagyna bir nyşansyz gara itiň derisini doladyňyz? – diýip sorady. – Gara itiň derisi beýleki itleriň derisinden zor bolýar. – Näme üçin onuň bir özüni bir jaýda sakladyňyz? – Yssyda itiň derisi porsaýar. Burnuňy tutman syrkawyň ýanyna barar ýaly bolmaýar – diýip, goja agtygynyň kalbynda gyzyklanma döredenine begendi. Birdenem ol egnindäki horjunyny emaý bilen ýere düşürdi-de: – Goý senem, dynjyňy al – diýdi. Jumaly çalçany horjunyň gapdalynda goýdy. Goja agtygynyň somalyp duran horja çiginlerine seredip: – Oglum, şa süýji-süýji iýipdir, ýüpek-parça geýipdir. Lukman Hekim-de ýarym aç, ýarym ýalaňaç ýaşapdyr. Şa adamlary bejerip bilmändir, Lukman Hekim bejeripdir. Sen-de indi maňa aýt, Lukman Hekim bolasyň gelýärmi, şa? Jumaly säginmän: – Ikisem bolasym gelýär – diýdi. Atasy bada-bat sakgalyndan goluny aýyrdy-da, Jumala uzak wagtlap seretdi. – Seni gaty mekir ýaly görýän – diýdi. –Ýadyňdan çykarma, ot gyzgyn bolýar, sowuk bolup bilmeýär. Buz sowuk bolýar, gyzgyn bolup bilmeýär. Şa hiç wagt Lukman Hekim bolup bilmez: Lukman Hekim islese şa bolup biler, emma şalygy islemez. Jumaly edindäki çyrlaň gara daşlary biri-birine tyrk-tyrkladyp urup durşuna: – Onda meniň şa bolasym gelýär – diýdi. Gahary geleň gojanyň sakgaly ýel degen ýaly titräp başlady. – Munyň galat arzuw – diýdi. – Seniň jigeriňde şalyk bolmaly däl. Şa bar-da bolsa, sen ony bogup taşlamaly. Sen öz jigeriňde diňe Lukman Hekimi saklamaly. Şa bolmak üçin gazaply bolmaly. Gylyjyňdan gan damyp durmaly. Lukman Hekim bolmak üçin adamkärçilikli bolmaly. Şa gylyç bilen bedenleri paralaýar, Lukman Hekim paralanan bedenleri bejerýär. Gylyç göterip, ynsan bedeniňi paralaýanlar sensizem tapylar. Sen paralanan bedenleri bejermeli. Görýäň-ä, men-de indi garran. Çykan eli, aýagy ýerine salmaga güýjüm ýetmejek bolýar, çaltrak ulal. Şol gürrüňden soň üç-dört günläp gojanyň ugry bolmandy. Ol şol günleriň dowamynda Jumala ýekeje ertekem, ýekeje rowaýatam aýdyp bermedi. Atasynyň gyzykly gürrüňlerine öwrenen Jumaly häli-şindi onuň sakgalyny sypalap gürrüňe başlaryna garaşdy. Gojanyn welin ýüzi dumanlap durdy. Jumaly ulaldy, emma atasynyň ýolundan gitmedi. Ol ömründe ýeke gezegem syrkawlamady. Atasy bedenini berkidensoň, dünýäde tebibiň geregi bardyram öýtmedi-de, şalara, hanlara gol ýapyp, kalbynda zalymlygyň kök urmagyna ýol berdi. Başyň asmanda wagty aýagyň ýerdedigi ýadyňa düşmez ekeni. Gerdeniňden agyr ýük-basyp, bilini birazajyk bükende başyň eglip, aýagyňy görýän ekeniň. Jumalam aýagyny, onuň duran ýerini indi gördi. Ýöne indi giç, kelläňi daşa ursaňam hiç zady düzelmez. Indi Jumala bu toprakda orun bolmaz. Ýat ýerlerde ýat adamlaryň dilini diňlemeli bolar. Ol ýat dili neneňsi ýigrenýärdi. Iki sany pars gepleşende, edil iki adam biri-biriniň ýüzüne palçyldadyp laý bilen urýandyr öýderdi. Bu dil onuň gulagyna gödek eşidilerdi. Gowy sözler juda erbet äheňde aýdylan ýaly bolardy. Ynha, indi şol keseki dili diňläp, keseki dilinde gürlemeli. Keseki dilinde gürletseler gürlärsiň. Seniň gan çaýkan öýüň bir däl, telim. Şol ýüregi kitüwlileriň biriniň seni görmegi, tanamagy mümkin. Onsoň boýnuňy kementde biläý... Keseki topragyna ýetýänçäňem iş bar. Söbügiňi sydyrdyp gelýän adamlardan başyňy gutarmaly entek! Saňa keseki topragynda ykmagyň miýesser etmezligi mümkin, Jumaly! Seriňi dik tut, Jumaly! Ol toprakda-da daş deşen ýigitler azam bolsa, tapylar. Ilki iki-üçüsine baş bolsaň, soň bu sany on bäş-ýigrimä ýetirse bolar. Şeýdip, şeýdip serdar, han bolaýmagyňam ahmal, Bu süýji hyýal Jumalyny gylawlandyrdy. Şol wagtam düýe ýaly çöküp oturan ýylçyr daşyň üstünde käkilik boýnuny uzadyp-uzadyp saýrap başlady. Onuň sesi şeýle bir ýitidi, şeýle bir joşgunlydy, Jumalynyň tutuş bedenini düýrükdirdi. Serdarlyk, hanlyk baradaky pikirler uçutdan gaýdan daş ýaly boldy. – He-he-he-he-he-he... Owadan saýraýan bu owadan guşa Jumaly gazap bilen seretli, – Ah, sen ýigrenji, maňa hahahaýlap, nirededigimi duşmanlaryma bildirmekçi bolýaňmy? Kes sesiňi! Käkiligiň sesi gaýta beter bat alýardy. Onuň sesi derelerde ýaň berip, tutuş töwerek gülýärdi. Ol gülkä tutuş töwerek titräp, gaýalaryň güwläp gaýtmaýşyna Jumaly haýran galýardy. – Ha-ha-ha, «serdar» boljakmyş, «han» boljakmyş, muňa serediň!!! Han-a han, sen indi meniň topugymça-da ýok, Jumaly ýogsam sapançaňam bar, at-da, atanyňy göreýin! Sen ejiz, sen gorkak! Sen indi bizi gazanda gowrup bilmersiň!!! Indi seniň eliňde bizi aldaýan perde hiç wagt bolmaz! Bolmaz!!! Ha-ha-ha... – Bolar! – diýip, Jumaly dişlerini gyjyrdatdy. –Men siziň tohumyňyzy tükederin! – diýip, käkilik uçup gider ýaly elleri-ni kelemenletdi. Käkilik uçmady. Gaýta onuň sesine başga. käkiliklerem goşuldy. – Seniň öz tohumyň tükener, Jumaly. Gowulyk gül döredýär. Erbetlik tiken. Tikenem aýlanyp-öwrülip, ahyr-da özüni döredeňin kalbyndan girýändir, Jumaly! Muny saňa ataň bir gezek aýtmady, telim aýtdy! Ha-ha-ha. Ýüzüne dürli reňkli gyrkyndyly matalar tikilen ullakan perde bilen sen bizi kezzaplyk edip aldardyň. Gyşyň güni açlygymyza çydaman dürli reňkli matany gülli-gülälekli meýdandyr öýdüp, oňa tarap uçup gaýdardyk. Ol perdäniň aňyrsynda seniň gizlenip duranyňy biz nireden bileli ahyryn. Sen kä wagt perdäni gymyldadardyň. Şonda biz perdäniň gülli-gülälekli meýdandygyna has ynanardyk. Şol meýdanda hezil edip gök otlaryň arasynda ýaýnamak üçin iň soňky güýjümizi orta goýup eňerdik. Birdenem tüpeň gümpüldärdi. Bir okda bäş-onymyz serlerdik. Diri galanlarymyz belent gaýalara çykyp, joralarymyzy gözläp zarynlap aglaşardyk. Sen bolsa hezil ederdiň. Indi haklaşyk pursady geldi. Indi seniň eliň perde tutmaz, çüýrär! Tutuş göwräň çüýrär! Ha-ha-ha! – Ýo-ýok – diýip, Jumaly dişleriniň arasyndan syzdyrdy-da, sapançasyna ýapyşdy. Bary-ýogy ýapyşdy. Ony gabyndan çykarmaga-da, käkiligi atmaga-da. gorkdy. Käkilik onuň gorkanlygyny bilýän ýaly beter joşup saýrap başlady – Ah, nejis käkilik! Şu-da ejiz pursadyňy bilýär! Ol käkilige tarap ýokary dyrmaşyp başlady. Käkilik: – Ha-ha-ha... Indi seniň ýaly mahawa gözüm düşmesin – diýip, uçup gitdi. Jumalynyň gazanynda gowrulanlaryň ýasyny tutýan ýaly, şondan soň käkilikleriň hemmesi dymdylar. Daşlar Jumalynyň kalbyndaky gahara meňzäp gatdak-gatlak bolup ýatyrdy. Bu gatlaklaryň hersiniň öz syry, öz aýratynlygy bardy. Bir gatlak gara kömür ýaly bolsa, başga bir gatlak goňrumtyl öwüsýärdi. Käbir gatlaklarda selçeňrägem bolsa, otlar ülpüldeşýärdi. Otlaryň arasynda çigildemler gyzaryp görünýärdi. Kemerleriň birinde daşa kök uran uýluk ýaly arça omrulyp ýatyrdy. Ony ýokardan togarlanyp gaýdan daş döwen bolarlydy. Daglar baharda-da gazaply bolýar, ýel, ýyldyrym – garaz-haý, bir başyňa mün ajal goluny çermäp durandyr. Onda-da häzir bu daşlar Jumala juda bijaýdy, eýmençdi. Ol islendik pursat Jumalynyň döşünden itekläp goýberjekdi. Şonuň üçinem Jumaly juda eserdeňlik bilen ädim ädýärdi. Gumda, tokaýda bolşy ýaly, dagda-da ilkinji ädimi ätmek kyn. Ilkinji ädimi ädeňson özge ädimleriň öz-özi ädilýär. Güýçli bolsaň seni bürgüt edip, gaýalarynda oturdýar. Ejiz bolsaň welin, döşüňden itiberip goýberýär. Suwuň ölini öz gujagynda saklamaýşy ýaly, dagam ejizi gujagynda saklanok, Derýa ýa deňiz Jumala eli kündükli babaly bolup görünse-de görnerdi. Dagda welin ol özüni hökmürowan bürgüt hasaplaýardy. Dogry, öňler şeýledi. Häzir welin ädimini basan ýeri gorp atyp, ýer hopaýjak ýaly. Çöküp ýatan äpet daşlar esrek inere öwrülip, gapdalyna golaýlaşan Jumalynyň duş gelen ýerinden agyz urup, silkeläp-silkeläp uçurymdan oklap goýberjege çalym edýärdi. Tutara-da, aýagyňy diräre-de ýer bolmansoň, bu ýylçyr daşlara dyrmaşmak kyndy. Dagda kiçi daşlara-ha beýlede dursun, öý ýaly uly daşa-da bil baglap bolanok. Şol uly daşy-da aşagyna tekge berip, ýumruk ýaly daşyň saklap duran bolmagy mümkin. Somalyşyp duran daşlar üstünden basylan ýaly bolup aşakda galdy. Jumalynyň dem almasy kynlaşyp başlady. Ol ýagyrnysyny daşa diräp, gözlerini süzüp, töweregine diň saldy. Töwerek imisalalykdy. Daglar dymsa göwnüne deglen gojalaryň dymşy ýaly juda berk dymýar. Töwerekden, hatda, daşlaryň şakyrdysam eşidilenok. Birdenem Jumalynyň gözleri gök giňişlikde ýüzüp ýören bürgüde sataşdy. Jumaly bürgütden nazaryny sowup bilmän ýuwdyndy. Ol atasy bilen dagdan düşüp, oba geldigi deň-duşlarynyň ýanyna bürgüt bolup gaýyp gaýdardy. Çagalaryň ählisi çeşmäňiň gyrasyndaky uly çynaryň aşagyna üýşerdiler. Kim kerkawdan, kim arçadan – her kim tapan zadyndan gylyç oňaryp, özara gylyçlaşyp başlardylar. Ýüzüne ýa-da garnyna degen Jumalynyň gylyjynyň zarbyna wägirip aglaýan çagalaryň sany kän bolardy. Oglunyň agy sesine bir ene-ata-da dazlap öýünden çykmazdy. Ogluny diňdirjegem bolmazdy. «Gylyç» degen birsellem aglap, özi diňip, ýene-de gylyjyna ýapyşardy. Jumalynyň «gylyjy» şuwlap depesinden inende, ýene uly ili bilen wägirip başlardy. Şeýdip, Jumalynyň «gylyjynyň» zarbyna oglanlar bir günde telim aglap, telim diňerdiler. Soňra daş oklaşmaşak oýnardylar. Göreş tutardylar. Bu oýunlaryň yzy urşa ýazardy. Jumaly deň-duşlarynyň hemmesinden sagdyndy, daýawdy. Özlerinden rüstemligi üçin, olaryň arasynda az bolýanlygy üçin deň-duşlary Jumalyny ýigrenýärdiler. Onuň ýanynda demini dartyp bilmedik oglanlar öýleriniň ýanyna bardyklary «Jumaly züwwetdin» diýip gaçýardylar. «Züwwetdin» diýlen söz Jumalyny ýekegapan bolup perkem-para edýärdi. Jumaly göwnüne degeniň yzyndan gahar bilen eňerdi, ýöne tutup bilmezdi. Ol oglan bolsa howlusynda gizlenip: «Seniň ataňam, özüňem züwwetdin» diýip, şaňňy sesini ederdi. Elhenç göwnüne deglen Jumaly öz betbagtçylygyda atasyny günälap, oglany aňtamasyny goýup yzyna dolanardy. Gözýaşyny biriniň göräýmeginden heder edip, bir çete çekilip aglardy. Özüniň çaltrak ulalmagyny islärdi. Ol elmydama hyýalynda özüni gyr atyň üstünde goly gylyçly görerdi. Goluna her gylyç alan batyr bolmaýar. Ýogsam, Jumalynyň atasam goluna gylyç alypdyr ahyryn. Jumalynyň çagalygy dawa jenjeliň kiparlan döwrüne gabat gelen bolsa, oýuň atasynyň çagalygynda bu daglarda ot öwser ekeni. Günde-günaşa alaman. Günde-günaşa obanyň kä o çetinden, kä beýleki çetinden çykýan agy sesi... O döwürler atalar ogullarynyň kalbyna gazaplylygy guýmaga çalşar ekeni. Çünki bu şol döwürde ýaşamak üçin, nesliň dowam etmegi üçin ýeke-täk şert bolupdyr. Ýygy-ýygy dagdan inýän gyzylbaşlar eneleriň gözýaşyny kepetmändir. Gyzylbaşlara gaýtawul bermek üçin öldürmeden çekinmeýän, ölmekden gorkmaýan adamlar gerek bolupdyr. Ilkinji gezek gyzylbaşlaryň garşysyna gylyç göterende, Jumalynyň atasy on iki ýaşly horja, keselbent oglan ekeni. Ellä ýakyn men diýen jigidiň arasynda bäş-on sany ýaş oglan bar ekeni. Ol jigitler bu çagalary hemaýat görmek üçin ýanyna almaýan ekenler. Ýok, ulularyň ar-namys üçin ölşüni, öldürilişini görmekleri, gaharynyň gatap, ýürekleriniň daşa öwrülmekleri üçin alyp gidýär ekenler. Jigitler söweşde çagalary-da, özlerini-de goramaly bolandyklary üçin, çagalar olara uly azar bolýan eken. Jumalynyň atasy ilkinji gyzylbaşy ýesir alanda bary-ýogy on üç ýaşly ýetginjek ekeni. Şonda obanyň ähli adamlary Jumalynyň atasydyr onuň ýesiriniň daşyna egele bolupdyrlar. Onuň gyzylbaşy ýesir alşyny öwran-öwran sorapdylar. Atdan böküp düşen serdar Jumalynyň atasyny darsa gujaklap, ýokary göteripdir. – Ine, serdar bolup geljekde ili yzyna düşürjekleriň biri şu – diýip, ony ýere goýberipdir-de, ýesirini telim görenem bolsa, iki elini bykynyna urup, ýene onuň daşyndan aýlanyp başlapdyr. – Öz-ä ejizem-ä däl ekeni – diýipdir. Soňra loh-loh gülüp: – Biziň çagalarymyzam bu ülhitlerden has güýçli. Bu ýetginjekler ulalsa dag ýarar. Gylyjyňy berk tutgun, çöregi gylyçdan iýmeli sen – diýip, serdar Jumalynyň atasyna ýüzlenipdir – Ine, menden saňa sowgat, meniň pyçagymy al. Şu pyçak bilen ýesiriň gulagyny kes-de, ganyna eliňi ýuw. Jumalynyň atasy begenip, pyçagy alypdyr-da, ýesire ýakynlap başlapdyr. Goly pyçakly oglan alkymynyň aşagyna dykylyp gelende, gyzylbaş uly ili bilen möňňürip aglapdyr. Erkek adamyň aglaýşy oglanjygyň ilkinji gezek görşi ekeni. Erkek adam, aglasa elhenç bolýar, gaty elhenç! Onda-da çaganyň öňünde aglasa elhenç bolýar! Onuň aglaýşyna çydap bilmän Jumalynyň atasam möňňüripdir! Gahardan ýaňa gara ört bolan serdar onuň elinden pyçagyny kakyp alyp, gulagynyň düýbüne bir şapbat ýelmäpdir-de: «Jähendem bol şu ýerden, gaýdyp gözüme görnäýme» diýip arlapdyr. Tutuş obanyň öňünde masgara edilen oglan daglara gidipdir. Ol bir hepdeläp, dal-daragtyň miwesi bilen iýmitlenip, horlanyp, gury hamdyr süňke öwrülip, oba inende, onuň bilen hiç kes salamlaşmandyram, gürleşmändirem. Diňe ejesi: – Sen neneň beýle züwwetdin bolup doglup bildiň ahyryn – diýip jibrinipdir. Jumalynyň atasy bolsa eginlerini ýygrypdyr-da: – Bilmedim – diýip sojapdyr. Tutuş günüň dowamynda ejesi bilen onuň bar eden gürrüňi şol bolupdyr. Ol ýene daglara gidipdňr. Özi bilen çörek, un hiç zadam almandyr. Bermändikleri üçin däl, özüni şol zatlara mynasyp görmänligi üçin almandyr. Ne duz, ne çakmak, ne pyçak! Diňe öz eli bilen oňaran çirtmegi, duzagy bar ekeni. Ol daglarda duzak bilen käkilik, turaç tutupdyr. Çirtmek bilen owunjak guşlary awlapdyr. Badam, injir, hoz, nar – garaz, dürli baglar töwerekde köp ekeni. Diňe duz bilen ot ýok diýmeseň. Ahyry ody çakmakdan alypdyr. Ol duzuň ýerini tutar ýaly eti selme bilen iýipdir. Bir gezek bolsa alysdan gelýän jaňyň sesini eşidip, kerwen ýoluna çykypdyr. Kerwen uly ekeni. Ony goraýan ýaragly adam hem köp ekeni. Ýetginjek adamlardan duz sorapdyr. Adamlar oňa ýiti-ýiti seredip: – Sеn kim? – diýiрdirler. – Mеn tеlbe. Кerwenbaşy: – Ýаlan sözlеme – diýiрdir. – Тelbe hiç wаgt mеn tеlbe diýmеýär. Gаýta mеn аkylly diýýär. Sеni obаdan kоwdularmy? – Hаwa – diýiр, Jumаlynyň atаsy gönüsindеn gelmеli boluрdyr: – Nämе üçin kоwdular? Вu gezеk оl gönüsindеn gеlmäge utаnypdyr-da: – Оgurlyk еtdim – diýiрdir. - Ogurlуk edеn bolsaň bizdеn sаňa zаt ýоk –diýiр, kеrwenbаşy öwrüliр gidiberiрdir. Beýlеkilerem оnuň уzyna düşüрdirler. Iň уzdan bаrýan gоja kişi оňa gаňrylyp-gаňrylyp serеdipdir-de, bir zаtlary ýеre gаçyryp gidiрdir. Kerwеn еsli аra аçansoň, Jumаlynyň atаsy ýaşulуnyň gaçуran düwünçеginiň ýаnyna bаrypdyr. Оl ýеrde gуny bilеn gеzligem ýаtan ekеni. Düwünçеkde duz, nаbat, çаkmak bаr ekеni. Möňňürip aglan gyzyl başy görensoň, Jumalynyň atasy «Ömrylla ynsana el götermerin» diýip ant içipdir. Ol bir aýlap daglarda syňsyraklap, ýene-de yzyna dolanyp öýüne gelende, ejesi öňki sowuklygy bilen: «Sen meniň balam, seniň ýüregiň ýuka, adamkärçilikli. Men saňa düşünýärin, ýöne adamlar sana düşünmez. Saňa olar bilen kyn düşer, olarsyzam kyn bolar. Näme maslahat berjegimem bilemok» diýipdir. Indi Jumalynyň atasy näme etmelidigini bäş barmagy ýaly bilýän. eken. Ol ýene-de daglara gidipdir. Daglar onuň üçiň iň sahawatly adama öwrülipdýr. Geriş-geriş daglaryň aňyrsynda ýetip bolmajak geriş-geriş dünýä bar. Ol gerişleriň biri gür pisselikleri özünde gizlese, başga biri hozdur narlary penalaýar. Bişende ganda aňry dur diýdirýän ýabany üzümler salbyraşyp, guş-gumursy-da iýmänsoň, kişmiş bolup galýar. Bularyň hersi adamyň biliniň kuwwaty – telim derdiň dermany. Zäk ýaly turşy, ýabany narlar içagyrynyň bire-bir dermany. Soň-soňlar Jumalyň atasy bu narlaryň ýürek agyrynyň, bagyr agyrynyň dermanydygynam bildi. Ol dagda gezip ýören ilkinji günleri otlaryň haýsyny iýip boljagyny, haýsyny iýip bolmajagyny bilmek üçin, olary agzyna salyp, çeýnäp gördi. Bir gezek käliň gyrasynda ösüp oturan ýapragy noýbanyň ýapragyňa menzeş owadan oty gördi-de, onuň bir ýapragyny ýolup, agzyna salyp, bary-ýogy iki gezek çeýnedi. Onuň owurdy, dili, bada-bat ähli duýgurlygyny ýitirip, doňup galdy. Gorkusyna gözleri tegelenen Jumalynyň atasy dilini dodaklaryny eli bilen tutup gördi. Eli olary duýsa-da, olar eli duýmady. Ol tüýkürinmek isledi. Agzyndan tüýkülik çykmady. Indi ölüm pellesiniň sözsüz ýetip gelendigine ynanyp, açka, sowukdan doňup barýarka gözlemedik adamlaryna tarap ymtylyp, şolaryň arasyna baryp ölmek üçin olara tarap howlukdy. Esli ýöränsoň, onuň owurdy, dili, dişleriniň eti jyzlap, agyrap başlady. Soňra agyry güýçlenip, lorsuldady. Agyry güýçlendigi saýam ol bedenini duýup başlandygyna, ölmejekdigine göz ýetirip begendi. Soňra tebipçilik edip başlanda, Jumalynyň atasy bu oty bedenden ok çykarmaly, gylyjyň çapan ýerini ýüpek ýüplük bilen tikmeli bolanda ulandy. Ol zäherli otlar bilen zähersiz otlary seljermäni öwrendi, Zäherli otlara hiç wagt kebelekdir beýleki mör-möjekler ýakynlaşmaýardy. Ol okly kirpidir ýabany doňuzlaryň iýýän zatlaryna üns berip, şolaryň eti, böwreginiň ýagy bilen «ömür bejerip bolmaýar» diýlip hasaplanylan inçekeseli, göküsgülewügi bejermegi öwrendi. Şeýdip ol köp adamy açylmaýan dertden sabady. Jumalynyň atasy dagdan oba inende eleşan geýimli bolsa-da, seri belent, arkasy hoz ýa-da badamdan doly haltaly inerdi. Käwagt güne kakan alça, kişmişem getirerdi. Özüniň ýekirilýänligine seretmezden, ol özüni garamaňlaý hasaplanokdy. Ejesi oglunyň gelenine begenerdi, ýöne begenjini daşyna çykarmazdy. Ogly üçin nahar-şor taýýarlanda-da, gaşlarynyň şo-ol çytyklygydy, sözlerniň sowuklygydy. Ol oglunyň getiren barlaryny geýim-gejim, çörek bilen çalşyp, olaryň bir bölegini ogly daglara gaýdanda berip goýbererdi. Bir gezek ogly: – Eje, ertir turamda döşümde uly agram duýup turdum. Gözümi açsam kükregimde gap-gara kepjebaş göni gözlerime seredip ýaýkanyp otyr. Ol maňa: «Men seni çakaýynmy?» diýdi. «Çakaý» diýdim. «Çaksam ölersiň» diýdi. «Ölenimde näme?» diýdim. – Ýalan sözleýärsiň? – diýip, ejesi oňa dazaryldy. – Ýalan däl. Ýylan gepläp bilenok. – Ol içinden maňa sowal berdi, menem içimden oňa jogap berdim. – Ýylan soň näme diýdi? Hiç zadam diýmedi, seretdi-seretdi-de gidiberdi. Ýeňillik bilen dem alan ejesiniň hereketleri indi çeýedi. Ogly ýene-de daga gitmek üçin şaýyny tutanda ejesi: – Sen nirä? – diýdi. – Daga. – Ýenemi? Ejesiniň şu çaka bermedik bu sowaly ogluny geň galdyrdy. Ol: – Hawa – diýmekden başga diýere söz tapman ýuwudyndy. Ejesi oňa esli wagtlap seredip durup: – Özüň bilen şuny alyp git – diýip, köne keçäni görkezdi. Diňe keçäniň üstünde ýat. Ýylan, içýan, möý keçä çykyp bilýän däldir. – Men olardan gorkamok. Maňa keçe gerek däl. – Ol zatlar ölüm, ölümden gorkmak aýyp däl –diýip, ejesi keçäni daş çykaryp, silkişdirip, oglunyň eline berdi. Şol wagt keçäni göwünsizlik bilen alan-da bolsa, soň ol bütin ömrüne şol keçeden aýrylmady... Atasy bu zatlary Jumala, gör, näçe gezek gürrüň berdi. Jumaly onuň sebäbine ilki düşünmedigem bolsa indi düşünýär. «Meniň ömür ýolum agtygyma sapak bolsun» diýdigi ekeni onuň. «Islendik derdiň dermany bar. Islendik zäheriň garşysyna çäre bar. Gep şol dermany, şol çäräni tapmakda. Ony tapmagam her kime başartmaýan eken diýip, oýlanýan Jumaly birdenem: – Meniň edýän pikirim nähili? Hatda, boýnuň syrtmakda wagtam bir çykalga tapsa bolýar. Men entek o güne düşemok. Entek meniň adym bu derelere ýaň berer» diýip, öz ýanyndan gepledi. «...Berk bolmaly, çaýyr ýaly bolmaly. Alahekegiň höwürtgesinde ýedi ýyllap gurap duran çaýyr yzgarly ýere düşse ýene kök urup, köpelip gidýär diýýärler. Çaýry näçe kerçeleýärler, düýbi bilen goparýarlar, nirelerdedir bir ýerlerde ýekeje damar galýar. Şol damardanam ol ýene paşyrdap çykyp, tutuş ekinzarlyga ýaýraýar, Özüňden başga ähli ekinleri gysyp igledýär, guradýar. Çaýyr ýaly berk bolmaly, çydamly bolmaly». Sowujak ýel öwüsdi. Ýel özi bilen dürli guşlary, tilkiniň üýrýän seslerini getirdi. Garny dok, keýpi sapa tilkiler diňe ýazyna üýrýärler. Häzir älem hemmelere sapaly, diňe Jumala ezetli, görgüli. Jumaly demini dürsänsoň, tezege dyrmaşýan tomzak ýaly ullakan daşa dyrmaşyp başlady. Ol daşyň ýokarsyna ýetiberende eli sypyp, syrty jalkyldap gaty daşa degip, aşak togarlanyp ugrady. Ol owunjak daşlary şakyrdadyp, şol togarlanyp gelşine ýaşajyk arçadan ýapyşyp ýetişdi. Çöregi bitin ekeni! Ýogsam tike-tike bolaýmaly! Jumaly esli salym arçadan elini aýryp bilmän oturdy. Togarlanyp gaýdanda ähli duýgusyny ýitiren endamy sowaşdygyça müçügen ýerleri lorsuldap agyryp başlady. Hassalaryň biri Jumalynyň atasyndan minnetdar bolup, oňa bäşatar sowgat beripdi. Jumalynyň atasy hiç zat atmazdam welin, şol bäşataryny ýanyndan goýmazdy. Bir gezek Jumaly onda: – Ata, ýekeje ok atyp görkezäý-dä – diýdi. – Tüpeňi ýöne ýere atmaly däl. – Onda jeren at. – Jeren-de owadan. – Gyzylbaşy görseň atarmyň? – Ýok. – Näme üçin? – Ol-da adam. Jumaly uzak dymdy-da, ýene sowal berip başlady. – Olar atsa atarmyň? – Ataryn – diýip, atasy ynam bilen gürledi. – Indi gaýdyp-da şuňuň ýaly biweç sowallary berme. Ýeňsäňe şarpyk ýelmärin. Atasy hiç wagt Jumalyny urmandy, hatda gaharly käýemändem. Jumaly gyzylbaşlaryň duşmagyny, atasynyň olar bilen atyşmagyny gije-gündiz arzuw etdi. Onuň arzuwy hasyl boldy, gyzylbaşlar sataşdy. Säherdedi. Tüpeň sesi eşidiler diýip pikir eder ýaly däldi. Bilbilleriň, turaçlaryň, käkilikleriň sesleri goşulyşyp, dünýäni şagalaňly bazara öwürýärdi. Gün dag gerişlerinden ýokary galyp bilmän, äleme ýalyn çabrandyr öýtdürýärdi. Ýaňyja ukudan turan Jumaly gözüni bilekläp, entegem pallaýardy. – Üstüňe gün dogurmak günädir. Gün özüňden öň turanlary söýermiş. Ynsan bolan ynsan gün dogýança ýuwunyp-ardynyp, gün doganda oňa eglip salam bermelidir. Soňra ýere, il-gününe tagzym etmelidir. – Ata, men seniň güne, ýere salam bereniňi ýeke gezegem görmedim. – Men güne, ýere salam berenimde, sen uklap ýatýaryň. Sen çaý gaýnat odun taýýardyr, suwam bardyr. Men guzbut ýygyp geleýin. Oda goýup, duz sepip iýsek, açlyk ýanymyza gelmez – diýip, ýapydan aşak düşüp başlady. – Men guzbuduň köp bolýan ýerini bilýärin – diýip, ol gidip barşyna seslendi. Guzbut adaty kömelege çalymdaşdy. Kömelekden juda tagamlydy hem-de ondan etiň ysy gelýärdi. Jumalynyň atasy birsalymdan ylgap geldi. Jumaly ony hiç wagt beýle aljyraňňy ýagdaýda görmändi. – Gyzylbaşlar! – diýip ol haslap gelşine seslendi. Jumalynyň arkaýyn durşuny geň gördümi, nämemi oňa: – Gaç! – diýip gygyrdy. Agtygy ýerinden gozganmady. – Gaç diýýärin men saňa, kerkawlyga tarap gaç! – diýip, atasy arça söýelgi bäşataryna ýapyşdy. Atasynyň howsalasy aňyna ýetmedik agtygy: – Hiç ýerigem gitjek däl – diýip, hol ýerde ýatan omçany eline aldy. Atasy oňa uzak wagtlap inçelik bilen seretdi. – Okla, onyňdaň ýarag-da bolmaz, zat-da. Bar git! – diýip, ýalbaryjy äheňde gürledi. – Gitjek däl! – diýip, Jumaly şol bir diýenini gaýtalady. – Näme üçin? – Siziň gyzylbaşlary atyşyňyzy görjek. – Samsyk diýsänim, olar hyrsyz adamlar, git! – Ýok! – Bolýar, gitmeseň gitme – diýip, ol bäşataryny bir elinden beýlekisine geçirdi. – Öz aýagym bilen olaryň üstlerinden bardym. Namaz okaýan ekenler. Meni görenlerinden ýaraglaryna ýapyşdylar. Häzir olar görner. Dogrudanam, arçalaryň arasyndan bäş-alty adam göze kaklyşdy. – Görduňmi, mekirlik edýärler. Aşakdan gelen bolsalar men-de olary ýeke-ekeden şänik çakan ýaly ederdim. Aýlanyp, tekizlikden geldiler-dä. Zeleli ýok... – diýip, Jumalynyň atasy bäşataryna ok sürdi. – Sen ýogyn arçanyň aňyrsynda gizlen. Olar seniň baryňy görmesinler. Arçanyň jarka-jarka ýarylan gabyklarynyň arasyndan garynjalar özüne ýol ýasanda, bukulyp ýatan Jumaly atasynyň bäşataryny ataryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardy. Jumalynyň göwnüne bolmasa, atasy ony atmaga gorkýan ýalydy. Ahyram atasynyň bäşatary gümpüldedi. Jumaly okuň gyzylbaşlara degeniňi-degmänini bilmek üçin şahalaryn arasyndan boýnuny uzadyp seretdi, ýöne hiç zat görüp bilmedi. Gyzylbaşlar okuny gaýgyrman olara tarap paýradýardylar. Arçanyň ýerden çykyp, ýene-de ýere girip giden ýogyn köküni penalap ýatan Jumalynyň atasy uzak wagtlap nyşana alyp, mäşäni gysdy. – Ok gyzylbaşa degdimi? – Bilmedim. – Ata näme üçin biz olary atýarys, olar bizi atýar? – Olaryň-da öz hakykaty bar, biziň-de öz hakykatymyz bar. – Ata, hakykat näme? – Bu sowal kyn. Oňa her kes özüçe jogap bermeli. – Onda dünýäde iki hakykat barmy? – Dünýäde her adamyň öz hakykaty bar. Şuwlap gelýän oklaryň käsi arça çümse käsi ýokardan sykylyklap geçýärdi. Dünýäde bir hakykat bolan bolsa bu tüpeňleriň, oklaryň geregi-de bolmazdy. Indi gürleme. Gyzylbaşlaryň atýan oklary ýygjamlaşdy. Atasy Jumala howsala bilen seredip: – Seniň gitmäniň gowy bolupdyr. Sen bolmadyk bolsaň, maňa kyn bolardy. Meniň suw içesim gelýär. Çeşmäniň sowuk suwuny. Me depbe*, bar, suw getir! Oklaryň şuwwuldysy barha güýjeýärdi. Itburunlykdan geçýänçäň bagryň bilen süýşüp git! Jumaly babasynyň aýdyşy ýaly gür otlaryň arasy bilen itburunlyga tarap süýşenekläp ugrady. Ol itburnylyga ýetýänçä mazaly ýadady, ýöne dem-dynç aljak bolmady-da, tikenleri somalyşyp, şahalaryň uçlarynda düzüm-düzüm gülleri açylan itburunlyga sümüldi. Geýimlerini ýyrtdyryp, endam-janyny pers-ala etdirip, oklukirpiniň ýodasy bilen itburunlygyň içinden esli ýol geçensoň sonarlyk başlandy. Jumaly depbäni bagryna gysyp, soňarlyk bilen aýak aldygyna ylgady. Ol ýuwaş-ýuwaş eňňit bolup peselýän baýyrdan aşak-lygyna ylgap barşyna böwürslenleriň gök diwaryny görüp begendi. – Ol ýerde çeşme bardy. Jumaly doňuzlaryň inýän ýerinden – böwürslenleriň arasyndan sümlüp, şaglap akyp ýatan çeşmä depbäni çümdürdi. Bygyrdap dolan depbäni suwdan çykaranda, onuň dürli tarapyndan suw çüwdürilip başlady. Depbe eleme-deşik ekeni. Jumaly köýnegini ýyrtyşdyryp, depbäniň deşiklerini esgi bilen dykyp, ony ýene suwdan doldurýança esli wagt geçip, tüpen sesleri bireýýäm ýatypdy. Jumaly entek gaty ýaş bolansoň, tüpeň sesleriniň gelenine-gelmänine üns berip durman, hasanaklap baýra dyrmaşyp başlady. Ol uly arçanyň aşagyna gelende, atasy uzyn düşüp ýatyrdy. Onuň agzyndan akan gany jowur ak sakgalynyň bir çetini boýapdyr. Jumaly: – Ata, ata! – diýip, uly ili bilen möňňürdi. Aglap gözünde nem galmansoň, atasynyn otuň içinde ýatan gezligini alyp, dessesinden mäkäm gysdy. Adamlary çagyrmak üçin oba ylgady. Adamlar Jumalynyň atasy agaç ata mündürip, oba alyp gidenlerinde, garaňky gatlyşyp başlapdy. Şol wakadan soň-a Jumaly asylha-da atasynyň ýolundan gitjek bolmady. Ýetginjek döwürlerinde gaýalara galanda, adamlar üçin dermanlyk ot gözläp galmady-da, dag goçuny, dag tekesini, jerenleri atmak üçin galdy. Häzir dynç alyp oturan Jumaly birneme derisi giňelensoň, bu zatlary birin-birin ýatlaýardy. Bedeňinden ýadawlyk aýryldygyça ol özüni arkaýyn duýup, kalbynda kowgynyň özüni tapmajagyna ynam döreýärdi. Onuň burnuna töwerekde burk urýan gülleriň ysy gelip başlady. Ýuwaşja öwüsýän ýel nirelerdendir bir ýerlerden injirdir böwürsleniň ysyny getirdi. Ol özüniň juda suwsandygyny diňe şol wagt duýup galdy. «Şu töwerekde bir ýerde böwürslen bar bolsa, diýmek, çeşme-de bolmalydyr?» diýip oýlandy. Jumaly ýerinden galyp, töweregine garaňdy. Ho-ol beýlede, ýokarda juda belent hem owadan arçalar göründi, Beýle belent arçalar diňe çeşmäniň gyrasynda bolýar. Dynç alyp nepesi mazaly durlanan Jumaly belent arçalara tarap ugrady. Bägül ilki pyntyk çykarýar. Soňra pyntyk ýarylyp; ýaprakdyr gunça peýda bolýar. Uzak wagt geçen däldirem, bir gün daňdan burnuňa bägüliň ysy geler, Sen entek bägülüň açylanyny bilýänem dälsiň. Ýuwaşlyk bilen ýerinden galyp, bagyň içinde gezelenç edip başlanyňda, birdenem gök ýapraklaryň içindäki köz ýaly gyzyl bägüle gözüň sataşar. Ullakan düýpde ýekeje bägül açylandyr, emma şol ýekeje bägülem töwerege hoşboý ys, ýeňillik, joşgunlylyk paýlaýandyr, Bägülüň açylan ýapraklarynda säher çygynyň bulduran güni onuň iň bagtly pursatlarynyň biri. Şeýle belent pursat, gysga wagtlygam bolsa, Jumalynyň ömründe-de boldy. Ol goňşy gyzy söýdi, gyzam ony. Olar telim gezek duşuşdylar. Süýji-süýji sözleşdiler. Ata-enesi gyzyny Jumala bermekden kes-kelläm boýun towlady. «Bu bir gezip ýören ganojag-a» diýişdiler-de, gyzy öz tiredeşleri Hanmämmede çykardylar. Jumaly üçin bu juda gazaply şarpyk boldy. Ol telim günläp öýünden çykman, biline urlan ýylan ýaly urnup ýatdy. Bir günem gije ýarymdan aganda: «Şagal şiriň awuny aldy. Eger şir öz awuny gaýtaryp almasa, olam şagala öwrülýär» diýip, içini gepletdi-de ýaraglanyp Hanmämmetlere sürdi. Ol pişik basyşyny edip pagsadan oňarlan jaýa girip gylyjyny şowurdadyp syranda, bir ýorganda ýatan Kümüş bilen Hanmämmet zöwwe ýerinden galdylar. Gapdalda ýanyp duran şemiň ýalnyna ýel düşüp öýüň içi çaýkanana döndi. Nämäniň nämedigine bada-bat akyl ýetiren Kümüş iki erkegiň arasyna düşüp: – Sen şeýle gaňa suwsan bolsaň meni öldür – diýdi. – Men seni alyp gitmek üçin geldim. – Seniň bilen hiç ýerigem gitmerin. – Sen meni söýýärdiň ahyryn! – Ol meniň adamym. – Sen meni söýýärdiň ahyryn! – diýip, Jumaly sesinde baryny arlap, gylyjyny göterdi. – Indi söýemok. Git! – Ýalan! Söýýärsiň! Men ony gözleriňden görüp duruň!.. – Git! Nika hemme zatdan belent!.. Şuwlap depesinden inen gylyç Kümüşi deň ikä böldi. Jumaly gylyjyny elinden gaçyryp, ýüzüni tutdy. Düýrmegi bilen üstüne atylyp, Hanmämmet bogup başlanda, Jumaly özüne geldi. Ol demi gelmän başy aýlanýan-da bolsa, özüni ýitirmän, dyzy bilen Hanmämmediň iki aýagynyň arasyna hürsekledi. Elini goýberen Hanmämmet agyrydan ýaňa iki bükülende, Jumaly öýden çykyp barýardy. Ilki ol haýsy ýana barýanynam unutdy. Garaňky gijede şildiräp akyp ýatan çeşmeden ýüzüni ýuwanda özüne geldi. Hanmämmediň öýüniň ýeňsesindäki çynara atynyň daňylgydygy ýadyna düşüp, atyna tarap ýöneldi. Ýöne şol wagtam obada gyk-bak gopdy. Kimdir birleriniň howsalaly käýinýän, aýallaryň aglaýan sesleri eşidildi. Özüniň nähili aýylganç iş edendigine Jumaly diňe şol wagt düşündi. Bu gorkuly, howsalaly sesler aýal agylary keseki sesi däldi. Öz obadaşlarynyň agy sesidi. Kimdir biriniň: – Ol atyny goýup, uzaga gitmez! – diýei sesi eşidildi. Başga biri: – Ol garry Nohuryň üsti bilen Bäherdene, ondanam Ahala aşjak bolar. Wagtynda ýoluny kesmek gerek – diýdi. – Onuň ýomutlara tarap gitjek bolmagy-da ahmal. O tarapa-da bäş-alty atly iberiň! Öz iline sygmajagyny duýan Jumaly gijelerine baryp talap gaýdan ýat illerine – gyzylbaşlara tarap ýüzüni tutdy. Ol bu ýerleriň her gaýasyna, her daşyna beledem bolsa, gerişleriň birkisinden aşansoň tüm garaňkyda dagdan togalanaýmakdan heder edip, gijäni kerkawlygyň içinde oturyp geçirdi-de, daňyň düýbi agaraňdan ýola düşdi. Ol öz yzynda kowgy bardyr öýtmänsoň, gaty arkaýyndy. Aýagynyň aşagyndan daş togarlanyp gaýdanda-da oňa parh edip durmady. Ýöne şondan sähel geçensoň, aşakdan: – Dur, dur! – diýlen gazaply sesi eşitdi. Yzly-yzyna tüpeň gümpüldedi. Oklar onuň gapdalyndaky daşa degip, şuwlap gitdi. Ol uly daşy penalap aşak seredende, Hanmämmet bilen ýene iki adamyň özüne tarap dyrmaşyp gelýänini gördi-de, gerişden aňry ylgady. Ol özüni dagyň şiri, her daşy, arkadaýanjy, her gowagy özüniň öýi hasaplaýardy. Häzir welin kalbynda gorky güýjäýmese kemenokdy. Güdiz çemeli ýerde gizlenip, gije gyzylbaş öýüne çozup, ählisini gyran-jyran edip, göze görnümli zatlaryny, käte ogul-gyzyny ýesir edip alyp gaýdanda yzyndan otuzlap-kyrklap atly kowanda ol gorkmandy. Hanmämmet ýanyna iki adam alyp kowanda welin, ýüregine wehim düşdi. Ýogsam ol telim gowakly, tokaýly bu dagda Hanmämmetden gutulyp biljegini duýýardy, ýöne, barybir, süňňüni saklap bilenokdy. Daş gyýçaklary dilen, agaç çöňňürtleri giren Jumalynyň elleri garagana boýalypdy. Häli-şindi daşa degýän dyzlary ot basylana dönüp, lorsuldaýardy, ysgynsyzlykdan titreýärdi. Ol ýene-de tapdan düşüp başlansoň, arkasyny daşa diräp daýandy. Şol pursadam onuň burnuna injiriň sowuklaç ysy urdy. Injir şahasy gökje «apbasylardan» doludy. «Injir agajy söwüt ýaly çeýe däl port. Şahasyny sähel egdigiň döwlüp dur. Özüniň portlugyna seretmezden, dagyň uçurymlarynda-da, ýalaňaç daşlaryň ýüzünde-de kök urup, özüne nem tapyp ýaşap bilýär. Agaçlaryň iň güýçlüsi, seresi hasaplanýan çynarlar bu daşlara kök urup-da, bu daşlaryň ýüzünde ýaşap-da bilmez. Injir bolsa ýüzlerçe ýyllap ýaşaýar. Ine, gör, kimden tymsal almaly? Kimden ýaşamany öwrenmeli!..» – Bu sözler onuň atasynyň sözleri. Haýp, bu sözler gaty giç ýada düşdi. Gaty giç! Injirlerem arçalaram, hemmesinem, hemmesinem mäjümläp, ýok etmeli! Kümüş bolmasa, bu dünýä nämä gerek?! Kümüşiň ömrüni kesen özüň ahyryn! Onuň täzeden gorkusy artdy. Çaltrak bu ýerlerden daşlaşmak üçin gaýa dyrmaşyp başlady. Gatbar-gatbar daşlaryň üstüne müň ýyllyklaryň dowamynda oturan çaň topragyň ýukajyk «gaýmagyny» döredipdir. Ine, şol «gaýmakda-da» ynsanyň gursagyndan sogrulan ýüregi ýaly bolup çigildemler gyzaryp otyr. Jumaly ne aýagynyň aşagynda mäjümlenip, düşek bolup ýatan çigildemleri görýärdi, ne-de otlary. Indi çeşmä ýetmek üçin birnäçe kemer galdy, ýöne ol kemerlerden aşmakda iş bardy. Kemerlerden başlanýan gaýalar biri-birinden gazaplydy. Ol gaýalar seni ýaşaýşa eltjekmi, ölüme eltjekmi belli däldi. Ölümiň öň ýanynda gaýadan aşan Jumaly çeşmä ýetdi. Birdenem onuň iki-üç ädim beýle ýanyndan, belent arçanyň aşagyndan uly gykylyk edip, ýekegapandyr mekejinler atylyp gitdiler. Duýdansyzlykdan ýaňa gorkup, yza serpigen Jumaly tasdanam uçurymdan gaýdyrylyp gaýdypdy. – Haram doňuzlar! – diýip, ol dişleriniň arasyndan syzdyrdy-da, endamynyň titremesi aýrylandan: – Bu ýerde doňuz bar bolsa adam ýokdur – diýip, hahahaýlap gülüp başlady. Ol hapa-hupadan, çöp-çalamdan doly kellesini dury suwly çeşmä sokup, suwsuzlykdan ýaňa içi ot bolup, ýanyp duran hem bolsa, bary-ýogy iki gultum suw içip, üstünden suwy joralandyryp, kellesini ýokary göterdi. Hatda, şol iki owurt suwam bu ýeriniň çygly howasy bilen goşulyşyp, onuň bedenine güýç berdi. – Gyzan aty çeşmäniň sowuk suwundan suwarma – öler. Adamam şeýle-dä. Gaty gyzyp-da, sowuk suw içse, öýkenini sowuk urup öler. Gyzan atam, adamam çaga ýaly goragsyz-da. Atasynyň bu sözleri ýadyna düşende, Jumaly suwdan hol beýläk çekilip gök otuň içinde serlip ýatdy. Häzir ol otuň içindäki äpet çekirtgä çalym edýärdi. Bedeni mazaly sowansoň, Jumaly ilki bilnen ýantap-ýantap suw içdi. Ol atasy bilen şu çeşmäniň ugruny syryp gör näçe sapar ýöräpdi. Güýzüne başga jülgelerde gögeren selmelikleri atasy goparyp getirip, şu çeşmäniň böwsüp geçýän jülgesine ekerdi. «Bu jülgäniň ýeri gowy-da. Selmeligiň miweleri-de uly, şireli bolar. Soňam jülge giň, gaýalaryň daşlary opup gaýdaýanda-da selmeligi basmaz». Ol adamlary söýerdi. Olar barada alada ederdi. Adamlar welin... Adamlar bilen onuň atasynyň arasynda göze görünmeýän daş ýatyrdy. Şol daşyň owranyp, ýele sowrulmagy üçin goja elinden gelenini edipdi. Obada kimdir biri syrkawlasa bada-bat onuň başujuna baryp em ederdi. Ol, gör, näçe adamlary dertden saplapdy. Ol adamlaryň eline çykan başdan başlap, içegesindäki ýara çenli bejererdi. Jumalynyň atasynyň eden ýagşylyklaryny unudyp, «Züwwetdinden züwwetdin dörär» diýip serdar hiç kese oňa gyz berdirmändir, Olar bu edýänlerinem az görýän ýaly, Jumalynyň atasyny güň gyza öýlendirip, «Goý, mundan önenlerem güň bolsun» diýip heşelle kakypdylar. Onuň welin bagty çüwüpdir. Ondan sagdyn, güýçli çagalar kemala gelipdir. Olar ulalyp, daýhançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. Ol çagalaryna tebipçiligi öwretjek bolmady, ýöne yzy ýitmezlik üçin agtygy Jumala welin tebipçiligi öwretjek bolup elinden gelenini etdi. Üzeňňä basman ata böküp münýän, haýbat bilen gylyjyny syranda iniňi tikenekledýän, çagalaryň gözüne hudaý bolup görünýän serdaryň masgara edip kowanyny eşiden Jumalynyň atasynyň ýolundan ýöräsi gelmändi. Birdenem gawunyň ysy ýaly ys onuň burnuna urdy. Bu ys selmeligiň bişen miwesiniň ysydy. Jumaly ysyrganyp, selmelikleri basgylap, töweregi dör-dörjük edip çykdy. Gyzaran miwäniň ýekejesinem tapmady. Iki-üç sany bişen miwe bolanlygynda oňa keserip ýatan bu uçurymdan aşmak kyn düşmezdi. Bary-ýogy iki-üç sanyjak! Ol gahar bilen selmeligiň çig miwelerini depişdirip başlady. Ýumruk ýaly bolan miweleriň hersi bir ýana uçup düşýärdi. Jany kekirdegine gelen Jumaly munuň bilen karar tapman selmelikleri goparyşdyryp, eliniň tersi bilen zyňyşdyrýardy. Ol atasynyň ençeme ýyllap çeken zähmetini dem salymda reýgan etdi-de, iki eli bilen kellesini tutup, daşyň üstüne çökdi. Şol bada-da oduň üstünde oturana dönüp, ziňkildäp galyp, alaçsyzlyk bilen uçuryma tarap ädim ätdi. Atageldi GАRAÝEW. ___________________________ * Depbe – küýzä meňzeş, göweniň ýapragyndan oňarylýar. | |
|
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |