13:10 Gara balhy / hekaýa | |
GARA BALHY
Hekaýalar
Önelgesizlikden bişip-köýüp ýören, boş wagtyny uludan dem alyp, bir nokada seredip geçirýän Oguljanyň kyrk ýaşyna baranda topugyna gandegdi- ogly boldy. Biri Oguljanyň ilkinji çagasynyň giç doglandygy üçin çaganyň adyna «Giçgeldi goýaly» diýdi, ýene biri Oraza aýynda doglandygy üçin «Oraz goýaly» diýdi. Oguljanyň özi welin «Allaberdi bolsun» diýdi. Allaberdi on ýaşyna baranda atasyz galdy. Onuň bekemedik bedeni öýüň keşigini ejesi bilen deň çekişmäge çalyşdy. Allaberdi on iki ýaşyna ýetende ýaz aýynda, gapysynda ösüp oturan däneli tuda goňşusyndan görşi ýaly edip, balhy sapdy. — Ah-heý, sapan balhyň gögererden sen entek ýaş, öwrenmeli — diýip, Oguljan Allaberdiniň bu işine hä bermedi. Allaberdi welin sesini çykarman, günaşa tuda dyrmaşyp, goňşusynyň öwredişi ýaly edip, balhy sapylan çybyga süýt, şekerli suw damdyrdy. Birki hepdä ýetip-ýetmän pyntyk börtüpçykdy. Allaberdi buýsanç bilen: — Ene, gögermez diýipdiň, gögermedimi? — diýdi. Oguljan: — Gögerdi, balam, gögerdi. Tüweleme, sen eýýäm ullakan adam bolupsyň. Men bolsa seni çagajyk hasaplap ýörün—diýdi. Balhy bilen bilelikde Allaberdem boý alyp, in ýazyp, ösüp başlady. Sapylanyna iki ýyl geçirip, balhy şetdat ýaly miwesini berdi. Ýene bäş ýyl geçirip, ullakan daragt bolandan soň ýazda hemme dal-daragt ýaprak çykarsa-da, balhy ýaprak çykarmady. Ol gijelerine byçgy bilen kesilýän ýaly ses edip başlady. Onuň ýaprak çykararyna entegem garaşýan Allaberdi eli şemli balhynyň ýanyna geldi. Balhy seçme degen ýaly eleme-deşikdi. Onuň bedenini gemirýän garynjalaryň kytyrdysy birýerden däl, müňlerçe ýerden eşidilýärdi. Ol bagban goňşusynyňka ylgady. — Garynjalar balhyny iýip guradypdyr. — Balhy guramasa, oňa garynja düşmeýär. Ilki balhy gurandyr, soň oňa garyn jadüşendir. — Ol name üçin guradyka? — Händek orundan ekensiň. — Händek orundan ekilse guraýarmy? — Guraýar. — Näme üçin? — Händegi gömmek üçin gum bilen bilelikde kül, ders,hapa hupa zatlaram oklanýar. Ýüreg agyry, dem gysma ýaly kyrk derdiň dermany balhy juda arassalygy, saplygy halaýan daragt. Ol hapalygy bolmaýar. Şol ýylyň güýzünde odun getirýärkä at araba agyp, Allaberdiniň özem ýylgynyň aşagynda galyp ýogaldy. Ony şehit boldy diýip, öwlüýä getirmän, ölenýerinde jaýladylar. Ogluny ele alanda nepesi durlanan Oguljanyň, ol ölende dünýäsi bulandy. Hemme zat çagşady, dargady. Aýlap saçlaryny daraman, jindä girip, oglunyň guburyny gujaklap eňredi. — Men indi kime ýüz tutaýyn, kime nalamy aýdaýyn?! Kime?!Kime?! Hemme zat dymýar! Töwerekden howur göterilip, yssy beýniňi çogduryp barýar! — Ah, men garamaňlaýa indi kim bir döwüm çorek bersin! Kim?!Kim?! Birden mazardan ses çykdy. - Ene, aglama, meniň ýanymda bol, men seni eklärin. Oguljan aňk-taňk boldy. Eňremesini goýup diňşirgendi. — Bu kimiň sesi?! Nireden geldi bu ses?! — Ene aglama! Sen bilgiç! — Ä-ä? — Sen bilgiç,ene. Juda parahatlyk bilen eşidilen bu ses Allaberdiniňkidi. — Oglum, bu senmi? — Hawa,ene. — Seniň sesiň gelýär-de, özüňi göremok-la. — Indi meni hiç wagt görmersiň, ene! Diňe sesimi eşidersň.Sen bil giç, ene. — Men bilgiç däl, Allaberdijan. — Sen bilgiç, ene! Kim senden näme sorasa, gelip menden sorarsyň. Men saňa näme diýmelidigini öwrederin. Oguljanyň ogly bilen köp gürleşesi geldi, ýöne şondan soň mazar dymdy. * * * Gulmyradyň döwek döwüp, giçlik tuda ottap goýan iki öküziniň biri boşanyp gidipdir. Bir öküzini hem eşegini döwege goşup, harman döwmäni kiçijik ogluna ynanyp, ol öküzini gözlemäge gitdi. O güni gözledi, ertesi gözledi, öküzden derek bolmady. Ýene bäş gün gözled, öküz tapylmady. Oba adamlary Gulmyrada «Ogrular ony ýat ýerlere alyp gidip satandyrlar» diýdi. Gulmyrat ynamsyzlyk bilen Oguljanyň ýanyna baryp: — Men bilgiç diýip, il barynyň gulagyny guratdyň. Bilgiç bolsaň, meniň öküzimi kimiň alanyny aýt — diýdi. Oguljan mazary gujaklap: — Balam, Gulmyradyň öküzini kim aldyka? — diýip, gubura uly ynam bilen gulagyny goýdy. — Ony hiç kim almandyr,ol urkaçy gunajynyň yzyna düşüp gidipdir. Öküzem gunajynam derýanyň kenaryndaky ak tokaýda. Oguljan oglundan eşidenini Gulmyrada aýdanda, ol birjigem begenmedi. «Bu garrynyň dälirändigi çyn. Ýogsam, heý, mazardan ses çykarmy? Çykanda-da, oňa eşidilip, maňa eşdilmezmi? Soňam, heý, biçilen öküzem gunajynyň yzyna düşüpgidermi?» Ol içinden eden pikirini daşyna çykardy. Oguljan ilki bir aljyrady. Soňra: — Oglum, seň diýýäniň näme, heý biçilen öküzem gunajynyň yzyna düşüp gidermi? — diýdi. — Ene, öküzi ýaşka biçen bolsadylar, ol gunajyny yzyna gitmezdi. Ony mazaly güýjüne girenden soň biçipdirler. Güýjüne girenden soň biçilen haýwan-u-ynsandan önelge bolmasa-da, öz öňki endigini unutmaýar. Oguljan bu jogaby Gulmyrada aýtdy. Gulmyrat diýlen gürrüňe känbir ynanmasa-da, aktokaýy barlap görmegi niýet edindi. Iki gün aktokaýda sermenenden soň, dogrudanam garagunajyn bilen sary öküziň üstünden geldi. Olar derýanyň gyrasyny etekläp oturan çägelikde kök urup, adamyň bili ýaly ýogyn toraňňylaryň saýasynda biri-birini ýalap dur ekeni. Şondan soň Oguljanyň bilgiçligine kemsiz akyl ýetirdiler. Biriniň bir zady ýitse ýa-da ogurlansa, Oguljanyň ýanyna ýüwürdiler. Oguljan şor ýerden gazylan gubury gujaklap, ogluna ýüzlenip, çalaja pyşyrdap, dereklenýäni aýdardy-da, şolbada-da takyk jogabyny alardy. Il içinde Oguljanyň abraýy artdy. Obadaşlary oňa guburyň ýanyndan jaý gurup, şorlukdan ýer açyp, uly noburdan suw geler ýaly ýap gazyp berdiler. Oguljanyň özi o ýere miweli daragt ekdi. Onuň ýaşaýşy gowulanyp, biline ragbat geldi. Ol özüniň adamlara eden kömegi üçin pylan zat beriň diýip nyrh kesmedi. Oglunyň öwredişi ýaly, däne berseler—däne, çörek berseler— çörek, garaz haý, näme berseler azyrganman, şony-da alardy. Onuň üçin gurply ýa gurpsuz adam hem ýokdy, hemmesem bir gyradeň kömege mätäç adamlardy. Oguljanyň abraýy goňşy obadan Jumasähet diýilýän bir ýigit ýitenden soň has-da artdy. Jumasähedi kowumlary uly il bolup gezlediler. Ondan gördüm-bildim bolmady. Ahyram ýitigden yz tapmansoňlar, Oguljana ýüz tutdular. Gabry gujaklap, ogly bilen esli gürleşen Oguljan «Ýitgiňiz kesekiniň aýalyna gözgyzdyranlygy üçin ýedi ýoluň aýrylan ýerine gömlüpdir» diýdi. O ýoluň nirededigene maýtdy. Soltannyýazyň gyryndan düşen ýerlerinde uly ýoluň ýedi şaha bölünýän ýerini gazyp görseler, Jumasähet depesine palta bilen urulup öldürilip, keçä dolanyp, ýere gömlüpdir. Jumasähediň kowumlary Ogujandan ony kimiň öldürenini soradylar. Oguljan bu sowal bilen ogluna ýüz tutmady. Ony özi çözdi, gan dökülmezligi üçin «bu sowala jogap berjek däl» diýdi. Jumasähediň kowumlary serpaý-seçegi uludan berjekdiklerini aýtdylar. Oguljan olara ýekeje söz bilen «Gidiň» diýip jogap berdi. Jumasähediň kowumlary «Eger aýtmasaň, senem öldüris, ogluň hem her süýegini bir ýere oklarys» diýdiler. Oguljan gazap bilen şol bir sözüni gaýtalady. Jumasähediň kowumlary ýumruk ýaly garra el göterip, il-günüň näledine galmakdan heder edip, hyrçyny dişleşip gitdiler. Oguljanyň ýaşaýan obasynda, onuň töwereklerinde ogurlyk, kezzaplyk görnetin kemeldi. Bir gezek Oguljanyň ýanyna ýetmişe ser uran daýanykly adam geldi. Onuň sakgaly jowur agam bolsa, ýanyp duran gözlerinde nahilem bolsa bir ýakymsyzlyk bardy. Ol gelen güni Oguljana ýagşydan-ýamandan şikaýat etmän, ýöne gümür-ýamyr edip, degşip gülşüp gitdi. Ol şondan soňam iki gezek geldi. Soňky gezek gelende ak keçäniň o-bi ýerlerine salnan güllerini dyrmalap: — Ah, ýaşlygam geçdi-le — diýdi. Oguljan onuň boldumly göwresine höwesek seredip,myssa ýylgyrdy. — Şonuň geçenem ýaman däl — diýdi. — Sen puşman edeňokmy? — Nämä? — Şo zatlaryň bolanyna—diýip, ol Oguljana dikarynlap seretdi. Oguljan gysgajyk: — Ýok — diýip, jogapberdi-de, soňundanam: — Ol zatlaryň hemmesi Alla tarapyndandyr — diýip, sözuniň üstüne goşdy. — Men o günleri ýygy-ýygydan ýatlaýaryn. — Aý, o gürrüňleri goýaly, boldy, geçdi, gutardy. — Bolup geçip gutaraýdymy? — Gutarmadygam bolsa goýaly. — Men seniň ýanyňa bir iş bilen geldim. — Ýöne gelmänligiňi bilýärin, aýdyber. — Wah, men seniň ýanyňa ýöne-de telim gezek geljekdim, boldumy? Oguljandan sesç ykmady.Ol nämedir bir zady ýatlaýan ýaly, bir nokatdan gözüni aýyrman otyrdy. Onuň käte ýüzüne gussa alamaty, käte şatlyk çaýylyp, günüň ýüzüni kä bulut tutup, kä bulut syrylyp durana çalyme dýärdi. — Adam pahyr şu gysga ömründe-de etjek bolan zadyny edip bilmän geçýär. — Hany, näme üçin geleniňi aýtsana. — Meň möhümimi bitirermiň? — Meň erkek aýallygymy bilýäň sen. — Öň bitirdim, ýene bitirerin diýjek bolýarmyň? — Ýok, sebäbi öň diňe seniň däl, öz möhümimem bitirdim. Häzir diňe seniň möhümiňi bitirerin. — Men Mädeminiň atyny ogurladym. Oguljan onuň ýüzüne çiňerilip seretdi-de, birdenem ha-ha-haýlap güldi. — Sen ony edersiň,ýöne sakgalyň şu agy bilen utanmadyňmy? — Utanç-haýa diýen gürrüňi goýaly. — Utanç-haýany aýyrsaň, adamda gury jeset galýar. — O gürrüňi kim etse-de, ikimiz etmeli dal. Oguljanyň kişde ýaly ýygyrt atyp duran ýüzi gyzardy. — Ýüzüme saldyň-ow — diýdi. — Ýok, ýok, meniň beýle niýetim ýokdy, ýöne «Dile geldi, bile geldi» diýenleri boldy. — Mädeminiň atyny ogurladyň, soň näme? — Ol atyny çöp kakma edip gözleýär. Erte-birigün gelip, senden sorar — Men saňa düşündim, ýöne oglum näme diýse, men şonam aýdaryn. — Sen ogluňdan haýyş et. — Ol gaty dogruçyl. — Sen oňa düşündir — diýip, ol sakgalyna elini ýetirdi. Penjiräniň gabat garşysynda oturan bu adamyň ýüzüne gün şöhlesi bolluk bilen düşüp, ony Oguljanyň gözüne has merdem, has güýçli edip görkezýärdi. «Ogurlanda-da kümsük ogrular ýaly aňňal-orak ogurlaman, hakyky är ýürekli adamlaryň ogurlaýan zadyny ogurlapdyr. Entek munuň ýüreginde şol ýaşlyk joşguny, hyjuwy sönmändir». — Sen ogluňa düşündir. Men ömrüme ogurlyk edip ýören adam däl. Ony özüňem, il-günem bilýär. Mädemin mundan kän ýyl öň biriniň sygryny ogurlap, yzça para-peşgeş berip, maňa ogry diýdirdi. Men almadyk sygrymy töledim, ile-de ryswa boldum. Sen bir gezek menden «öküz» lakamyň nireden galdy?» diýip sorapdyň. Men onda sapalak atyp, ýalňyş jogap beripdim. Ine, öküz lakamy şol günden —yzçynyň yzy meniň öýüme getiren gününden galdy. Men bu gara tegmili garalyk etmän götermeli boldum. Bun ejis lakam meniň ogul-gyzlaryma-da geçdi. Meniň Mädeminden ýaňa içim otdy. Haçanam bolsa bir wagt ondan arymy alaryn diýen pikir gije-gündiz kellämden çykanokdy. Men bu pikirimi amal edip bilmän, gursagymda garradyp ölerin öýdüp gorkýardym. Ahyram jüpüne düşdi —bege sowgat berjek bolup ýören atyny ogurladym. Ol aty bege telim gezek görkezipdir, begem bu atüçin oňa togsabalyk emelini berjegini aýdypdyr. Meniň niýetim ony diňe atdan dyndarmak däl, ony begiň öňünde masgara etmek. Şu günki gün atym ýok, ogurlanypdyr diýäýse, beg: «Sen maňa atyňy bermejek bolup satansyň» diýer. Maňa-da geregi şol. Kömek et?! Oguljan oýlanyp, uzak dymyp oturdy. Oguljan onuň ýalan sözlemeýändigini bilýärdi. Eşegiň haýsy gapdalyndan münseňem, barybir eşek boşly ýaly, ar aljak bolup etdimi, ýa başga bir niýet bilen etdimi, ogurlyk barybir ogurlyk bolýardy. Oglunyň ogurlyga ogurlyk ýaly çemeleşjegi ikuçsyzdy, ýöne ene ýüreginde sönmedik umyt bardy. Bütin ömrüni ýeňip ýaşan, bu adamyň ömrüniň soňunda-da ýeňilmegini islemeýän Oguljan, ogluna ähli hakykaty düşündirse, ol ömründe ilkinji gezegem bolsa eglişik eder, enesiniň sözüni ýykmaz diýen umyt kalbynda şine ýarypdy. Şondanam ol arkaýynlyk bilen: — Hemme zat seniň isleýşiň ýaly bolar — diýdi. — Ogluň aty Mary tarapdan gelip ogurlapdyrlar diýse bolany. Apa-sapa boldugy, men ony Kerkiniň üsti bilen Owganystana aşyraryn. Oguljan nämedir diýmek üçin başyny göterdi. — Men aty başga hili edibem ýoklap bilerdim. Oňa ynsabym çatanok. Ol juda gowy at, beýle atlar ýüz ýylda ýa bir dogulýandyr ýa dogulanokdyr. — Sen ony satyp peýda görjek bolýarmyň? — diýip, Oguljan oňa içinden geçip barýan ýiti gözlerini dikdi. — Sen meni henizem tanaňog-ow, men şeýle peýda kowalaşýan adam bolsam, bu çaka bosagam gyzyldan bolardy. Meniň hem-ä Mädeminden ar alasym gelýär, hem-de aty wagty bilen şu topraga dolasym gelýär. Oguljan ýalňyşmandyr, birjigem ýalňyşmandyr. Onuň aýal ýüregi gowy bilen hordany gaty gowy saýgaryp bilipdir. Ol şol gijeki eden işine ökünip, puşeýman baryny edipdi. Gije elhenç düýşler görüp, telim gezek basyrganyp turupdy. Biderek özüňi gynapsyň, Oguljan, biderek! Eger Ökgi Öküz eşek ogrusy kezzap bolan bolsady, onuň bilen ol eden işiň uly günä bolsa-da bolardy. Bu adam üçin oda uranyňa-da, suwa gireniňe-de degýär. Oguljan, degýär! Oguljan ajy gök çaý içip, nepesini mazaly durlady. Soňra eda bilen daş çykdy. Ökge Öküzem sakgalyny gysymlap, onuň yzy bilen çykdy. Bu wagt şybyrdap,maýdadan siňňitli, asuda suwly ýagyş ýagýardy. Oguljan adaty endigi bilen mazary gujaklap: — Oglum, sen meni diňleýärmiň? — diýdi. — Diňleýärin, ene. — Mädeminiň sakar atyny ogurlapdyrlar. — Onuň ady «Alaw» bolmaly, ene. Ol Ökge Öküzlerde, ýerzeminde saklanýar. — Oglum, ony men bilýärin, sen şol aty marylylar ogurlapdyr diý, oglum. — Olý alan bolar,ene. — Meniň üçin ýekeje gezek ýalan sözle, oglum. — «Alaw» Ökge Öküzlerde ýerzeminde saklanýar, ene. — Sen meniň haýyşymy bitir,oglum! — Ol Ökge Öküzlerde, ene! — Ol ony ar almak üçin edipdir, Allaberdijan! — Men diňe bakyýa bolanymdan bärkisini bilýärin,ene, başgasyny bilemok, at Ökge Öküzlerde. Oguljan kalbynyň töründe gizläp saklap ýören syryny açmasa bolmajagyny bildi. — Ökge Öküz seniň ataň,oglum. Sen şonuň ganyndan dünýä inipdiň... Mazardan esli wagt ses çykmady. — Ene, meniň bir atam bardy, elinde göterip ulaldan atam. — Ol seniň ataň däldi, men Ökge Öküzi halapdym, şondan hem çaga alyp galdym. Sen Ökge Öküziň ganyndan dünýä indiň. Sen onuň tarapyny tutmaly, oglum. Ol seniň ogullyk borjuň. Mazardan ses-seda çykmady. — Näme dymýarsyň, oglum? — Balhy hapa ýerde gögermeýär, ene! — O näme diýdigiň, oglum?! ...Ýagyş güýçlendi. Birden güpürt boldy, mazar hopdy. Аtаgеldi GАRАÝЕW. | |
|
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||